Halyfy dyza çökeren nämedi?

Kyssalar>>Halyfy dyza çökeren nämedi?

Aradan müň dört ýüz ýyl geçdi. Bu möwritiň dowamynda adamzat taryhynda nijema hadysalar bolup geçdi, nijema wakalara şaýat bolundy. Emma, ýene-de olaryň atlary hakydalardan öçmedi, durmuş kyssalary unudylmady.
Her daýym hormat bilen ýatlandylar we ýatlanýarlar.
Çünki olar ömürlerini hak we hakykata bagyş etdiler, dogrulyk we adyllyk ýolundan ýörediler. Şahsy meýillerine, arzuwdyr isleglerine görä däl, hak we hukuk nähili talap edýän bolsa, şoňa görä hereket etdiler. Halyf hem bolsalar kada we kanunyň, hukuk düzgünleriniň öňünde garamaýak halkdan tapawutsyzdylar. Çünki, bu ýerde hakyny almakdan ejizleriň ahyretde, magşar gününde iň güýçli, iň sözi ötgür kişiler boljakdygyny, haklaryny birin-birin aljakdyklaryny bilýärdiler.
Häzir size gürrüň berjek taryhy wakam hem muňa şaýatlyk edýär.
Musulmanlaryň dört uly halyfynyň üçünjisi bolan Hezreti Osman (Alla ondan razy bolsun!) bir gezeginde guluna gaharlanýar, gaharyny-da onuň gulagyndan çekmek arkaly gidermek isleýär. Guluny ýanyna çagyryp:
- Bu äwmezligiň üçin seni jezalandyrjak. Hany ýakynragyma gel, gulagyňdan çekeýin! – diýýär.
Ýanyna baran guluň gulagyndan tutan halyf, ony mazalyja çekýär.
Bu jeza halyfyň guluna ýeterlik sapak bolupdy. Gulagynyň yzasyna çydamadyk guluň agzyndan şu sözler çykýar:
- Çekiber bakaly, eý, Resulullanyň halyfy, çekiber! Bir gün kasas bolup, bu ýerde gulagy çekilenler magşarda gulak çekerler, haklaryny alarlar!
Bu jümläni eşiden halyf, ýyldyrym urana dönýär. Ýüregini tutan eli, şol ýerde göýä doňup galýar. Şol iki agyz söz halyfyň gulagynda ýaňlanyp durýar:
- Çekiber bakaly, eý, Resulullanyň halyfy, çekiber! Bir gün kasas bolup, bu ýerde gulagy çekilenler magşarda gulak çekerler, haklaryny alarlar!
Beýik halyf gulunyň öňünde dyzyna çökýär we:
- Eger kasas niýetinde bolsaň, muny şu wagt şu ýerde et, asla ahyrete goýma. Ynha, gulagym. Gel, senem edil meň edişim ýaly gulagymy çek. Ýöne, bu dünýäde menden razy bol! – diýip teklip edýär.
Gul yza tesýär. Gözlerini petredip, halyfa seredýär. Halyfyň bolsa gara çynydy:
- Gel, kasasyňy şu taýda al, ahyrete galdyrma!
Hezreti Osmany gowy tanaýan töweregindäkiler onuň gulagyndan çekilýänçä ynjalyk tapmajakdygyna göz ýetirip, guly razy edýärler. Gul halyfyň gulagyndan tutýar, şeýdip, bir-biri bilen razylaşýarlar. Şondan soňra, Resulullanyň halyfy aram tapýar, rahatlaýar.
Ahyret ynanjynyň ynsany nähili adalatly, dogruçyl, hakparaz edýändigini görüň! Bu dünýädäki etmişiň üçin ahyretde hasap bermelidigine bolan ynanç Resulullanyň hut öz dilinden jennet buşlugyny alan halyfy bir guluň öňünde dyz çökdürip, gulagyny çekdirýär.
Ynha dinimiziň hak-hukuk we adalata bolan garaýşy: gol güýjüne, pul güýjüne, mal güýjüne, wezipesine, şöhratyna, at-abraýyna garamazdan, adalatyň öňünde hemmeler deňdir.