Älemleriň Serweriniň Näzik Gülleri: Hezreti Hasan we Hüseýin

Kyssalar>>Hezreti Hasan we Hüseýin

Ýerýüzüniň iň bagtly iki çagasy – hezreti Hasan we hezreti Hüseýin Mesjidi-Nebewiniň töwereginde oýnaşyp ýördüler. Ömürlere ömür goşýan Pygamber daragtynyň mübärek, datly bu iki miwesi Älemleriň Serweriniň (sallallahu aleýhi we sellem) näzik gülleridi.
Ýerýüzünde gaty seýrek duş gelinýän gül ýalyjak bu iki çaga Hezreti Bilalyň kalbyňa aram berýän sesi bilen okaýan azanyny eşidip, oýunlaryny goýbolsun etdiler. Indiki nobat täret alyp, beýleki ähli müminler ýaly mesjitde namaza durmakdady.
Gülşüp-degşip çeşmäniň boýuna bardylar. Joşup akýan çasly çeşme, hamala olara salam berýän ýalydy.Täret almaga başlan wagtlary bir goja geldi.
Hezreti Bilalyň Jennede çagyrýan hoş owazynyň goja-da öz täsirini ýetirendigi bellidi. Kim bilýär, bu goja belki-de ýaňy-ýakyn Yslamyýete girendir, ýa-da üç-dört aýda bir çölden Medinä gelip-gidýän sähraýy adamdyr. Mahlasy, olam öz bildigiçe täret almaga başlady.
Bu ýagdaý näzik pygamber gülleriniň ünsüni özüne çekdi. Olar köpçülikde we ýekelikde hiç kimiň göwnüne degmeýän, hiç kimi ynjytmaýan, ýazgarmaýan pygamberiň agtyklarydy. Şol sebäpli hem, olar kalbynamaz söýgüsi bilen doly bu sähraýy gojanyň göwnüne degmän, ony ynjytman nähili dürs täret almalydygyny görkezmelidiler.
Olar goja ýüzlenip: «Eý, daýy, tärek alyşyň dagy nähili, hiý, şeýle-de bir täret alnarmy?» diýmediler. Eýsem, ýerýüziniň iň mähriban Ynsanyndan edep sapagyny alan bu iki pygamber agtygy nädip adamyň göwnüne degsinler?
Hezreti Hasan gözüniň gytagy bilen inisine seretdi-de, goja eşider ýaly:
– Eý, kalbymyň nury, jigimjan! Näçe wagt bäri bir-birimiziň täret alşymyzam synlamyzok. Täret alýan wagtymyz säwlige ýol berýän bolaýmaly?! Sen meniň hereketlerime ünslije seret, eger ýalňyş ýa-da kem ýeri bolsa duýduraweri! – diýdi.
Janyndan eý görýän agasynyň matlabyny şol bada aňan körpe pygamber agtygynyň ýüzi Aý kimin ýagtylyp gitdi. Ol nur ýüzli agasyna ýüzlenip:
– Bolýa, mähriban agam! Sen täretiňi al, men seniň täret alşyňy göreýin. Soňam, men täret alaryn, senem meniň täret alşymy gör! – diýdi.
Düýrmegi bilen gulaga öwrülip, edilýän gürrüňi diňleýän sähraýy goja bir tarapdan täret alýardy, beýleki tarapdanam, bu iki oglanjygy synlaýardy. Hezreti Hasan edep bilen täret almaga durdy. Sähraýy goja bar ünsüni oňa gönükdirdi. Hezreti Hüseýin iň soňunda çep aýagyny ýuwup duran agasyna ýüzlenip:
– Tüweleme, dogry täret aldyn, hiç hili kemi ýok. Indi nobat meniňki, senem maňa seret! – diýdi-de, agasy ýaly täret almaga durdy. Onuň hereketlerinem üns bilen synlan goja özüniň täret almagy bilmeýändigine göz ýetirdi. Ajaýyp pygamber agtyklary gojanyň göwnüne degmän, oňa nähili täret almalydygyny öwretdiler.
Sähraýy goja gözüne ýaş aýlap durşuna şeýle diýdi:
– Eý, mähriban Pygamber guzulary!Gör, siz nähili ahlakly we edepli ynsanlar ekeniňiz?! Allah sizden razy bolsun! Maňa nädip täret almalydygyny öwretdiňiz. Asyl täret almagy bilmeýän men ekenim. Siz bu ajaýyp hereketiňiz bilen maňa uly sapak berdiňiz.
Hawa, sähraýy adama dürs hereketleri bilen ýol görkezmegi başaran pygamber bagynyň uçmahy ysly näzik gülleri Serwerimizden (sallallahu aleýhi we sellem)alan edep-terbiýelerini edil kakalary ýaly ylym, hikmet, ussatlyk we jomartlyk bilen bezäp, häzirki döwre çenli gelip ýetmegine sebäp boldular.
Häzirki döwürde-de şol beýik şahsyýetleriň yzynaeýerip, şolaryň ýolundan gitmäge çalyşýan ýaşlaram edil bu iki pygamber güli ýaly, ynsanlara ýol görkezýän mahaly, olary ynjytmakdan, göwnüne degmekden gaça durmalydyrlar. Diňe şeýle edilen halatynda, ajaýyp hakykatlar has köp göwünde öz ýerini tapar.