Hasapdan öňki hasap

Kyssalar>>Hasapdan öňki hasap

Hijri-kamary senesiniň üçünji asyrynyň parlak ýyldyzlaryndan biri-de Ebu Bekr-i Şiblidir. Döwürdeşleri oňa Ymam Şibli diýip ýüzlenipdirler. Onuň yzygiderli gaýtalaýan sözi şu bolupdyr:
— Hasaba çekilmänkäňiz, özüňizi hasaba çekiň!
Her dersine, her wagzyna şu sözler bilen başlaýan Şibliden bir gün bir adam:
- Ymam Hezretleri, siz her pursatda “Hasaba çekilmänkäňiz, özüňizi hasaba çekiň” diýýärsiňiz. Biz bu dünýäde özümizi hasaba çeksek, ahyrýetde hasaba çekilmerismi? - diýip sorapdyr.
Ymam oňa:
- Hawa, bu ýerde özüni hasaba çeken o taýda hasaba çekilmez, bu ýerdäki hasaby ony halas eder, inşallah!.. - diýip jogap beripdir.
Şibliniň bu sözlerine ýürekden bil baglan ol adam şondan soň nebsini hasaba çekmäge başlaýar. Günälerden mazaly saplanýar, ybadatlaryny ahmal etmezlige çalyşýar. Her pursatda toba-istigfar edýär, ahyrýetde hasaba çekilmezden ozal, bu dünýäde nebsini berk hasaba çekýär. Hasabyny berip bilmejek zadyndan gaça durýar.
Bir gije ol kişi düýşünde ymamy görýär. Görse, ymam Şibli ak ata münüp, uçup barýarmyşyn. Ol adam hem düşýärmiş yzyna. Ýetip bilmänsoň, yzyndan gygyrýarmyşyn:
- Dur, bir salym duraý! Men hem ýeteýin yzyňdan...
Ymam oňa nagt jogap beripdir:
- Men bir zyndandan gutuldym, gaýdyp bu jelagaýlarda durar öýdýäňmi?! Boş ýere yzymdan ylgama, ýetip bilmersiň!
Ol adam bu düýşüň ýorgudyny soramak üçin daň bilen ymamyň öýüne tarp ýola düşýär. Haçan-da ymam Şibliniň gapysynda jynaza namazyna duran mähelläni görende, onuň dünýä zyndanyndan gutulyp, ahyret bagtyýarlygyna gowşandygyna düşünýär.
Şol gün agşam Rebbine yhlas bilen dileg-doga edip, ymamyny görkezmegi haýyş edýär. Uzak wagtlap ýalbarýar. Dilegi kabul bolup, gije düýşünde, ymamy gabat garşysynda durmuşyn.
Ilkinji sowaly şu bolýar:
- Ymam hezretleri, aýtsana, sen bu ýerde özüňi hasaba çekerdiň, bu seni o taýdaky hasapdan gutardymy?
Ymam ýylgyryp, şeýle jogap berýär:
- Perişdeler meni hasaba çekmek üçin äkitdiler. Edil şol pursat hem Rebbimden bir owaz geldi: “Ol guluma degmäň. Pany dünýäde wagty özüni hasaba çekene, amalyny ýygy-ýygydan gözden geçirene bu ýerde hasaba çekilmek ýokdur!”
Mundan soň perişdeler meni goýberdiler, gutuldym! Siz-de bu ýerde hasaba çekilmek islemeýän bolsaňyz, pany dünýäde wagtyňyz özüňizi hasaba çekiň!