Hezreti Aly

Kyssalar>>Hezreti Aly

Ajaýyp we mukaddes Mekge şäherini şatlykly habar gurşap alypdy. Ol habaryň sebäpkäri bolsa, Kureýş taýpasynyň kethudasy Ebu Talybyň öýünde dünýä inen torsuk ýalyjak çagajykdy.
Ýaňy doglan bäbejigiň jägildisiniň dünýä ýaň salýan wagty onuň kakasy Ebu Talybyň şatlygyny paýlaşmak üçin barýanlaryň arasynda Iki Jahan Serweri (sallalahu aleýhi we sellem) hem bardy.
Allah Resuly (sallalahu aleýhi we sellem) kiçijik bäbejigi eline alyp, oňa mähir bilen seretdi.
Milady hasaby boýunça 600-nji ýyldy. Älemleriň Serweri (sallalahu aleýhi we sellem) otuz ýaşlaryndady. Ýene on ýyldan Haktagala Oňa pygamberlik wezipesini berjekdi. Ol agasynyň begenjini paýlaşmaga baranynda:
– Bäbege näme at dakdyňyz? – diýip sorady.
Ebu Talyp begençden ýaňa ýylgyrdy-da:
– Aýalym-a kakasynyň ady Esedi (Arslan) makul gördi, menem Aly adyny saýladym – diýip jogap berdi.
– Gaty gowy, onuň ikinji ady-da Haýdar bolsun!
– Bolýar, goý, seniň diýeniň bolsun Muhammedim!
Şeýlelikde, bäbejige adam dakyldy. Nebiler Soltanynyň (sallalahu aleýhi we sellem) Aýa uzadanynda, ony deň ikä böljek mübärek barmagyny Alynyň dodajyklarynda gezdirip durşuna, pyşyrdap, dileg etdi:
– Ylma, oňat gylyk-häsiýete we güýç-gaýrata eýe bolsun!
Kureýş taýpasynyň kijiçik Alysy günsaýy ulalýardy. Günler hepdeleriň, hepdeler aýlaryň, aýlar ýyllaryň yzyndan at salýardy. Iki Jahan Serweri (sallalahu aleýhi we sellem) wagtal-wagtal kiçijik Alyny gujagyna alyp, onuň bilen oýun oýnaýardy. Ol kiçijik Alyny diýseň gowy görýärdi.
Aradan birnäçe wagt geçipdi. Mekgede gahatlyk höküm sürýärdi. Her günüň dert-aladasy özüne ýetekdi. Şol günleriň birinde Ebu Talybyň gapysy kakyldy.
Ebu Talyp oýa batyp otyrdy. Ol tisginip gitdi-de:
– Kim ol? – diýip gygyrdy.
Daşardan:
– Myhmançylyga geldik, mümkinmidir? – diýen ses eşidildi.
Ebu Talyp ylgap bardy-da, gapyny açdy. Seretse, gelenleriň biri inisi Abbas, beýlekisi hem inisiniň ogly, ýagşylygyň nusgasy Muhammet. Olaryňgözünde mähir uçganaklary bardy.
Ebu Talyp myhmanlaryna mürähet etdi:
– Hoş geldiňiz, geliň, geçiň!..
Hemmesi içeri girdi. Myhmanlar bir burçda oturan­laryndan soň, Ebu Talybyň gaýgyly ýüzüne seredip, howlukman gürrüňe başladylar:
– Biz-ä maslahat bilen gelendiris!
Ebu Talyp sesini çykarman diňläp otyrdy, hiç hili jogabam berenokdy.
Olar gürrüňe dowam etdiler:
– Halky öz girdabyna alan gytlyk sowulýança seniň maşgala agzalaryňdan iki sanysyny öz ýanymyza alyp, birazajygam bolsa ýüküňi ýeňletmekçi. Neneň görýäň?
Ebu Talyp jogap berdi:
– Maňa Akili goýuň-da, isläniňizi alyň!
– Köp sag bol!..
Nebiler Soltanynyň (sallalahu aleýhi we sellem) mübärek gözleri Alydady. Kiçijik Alynyň tolgunmakdan ýaňa ýüregi gürs-gürs edýärdi.Iki Jahan Serweri (sallalahu aleýhi we sellem) seslendi:
– Eý, Aly, gel, hany maňa tarap!
Aly Rahmet Pygamberine tarap ylgady. Abbasam Jaferi aldy. Şeýlelikde, geljekde “Jaferi-Taýýar” diýen at bilen şöhratlanjak Jaferi ekläp-saklamak Abbasyň paýyna düşdi.
Ebu Talybyň ogly körpeje Aly häzir başga älemlere tarap ilkinji ädimini ädýärdi.

Kiçijik Aly musulman bolýar...

Wagt suw ýaly akyp geçdi. Serwerimize gökden wahyý gelipdi. Pygamber ýanýoldaşy we haýa nusgasy Hatyja enemiz körpeje Ala enelik etdi. Kiçijik Aly bir gün täsin bir waka şaýat boldy.
Hezreti Hatyja enemiz bilen Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) namaz okaýardy. Şol wagt giň jahanda diňe iki mübärek ynsan Hakyň huzurynda seždeedýärdi. Pygamberimiziň aýdyşy ýaly “Guluň Allaha iň ýakyn wagty bolan” seždediler. Birden içerik täsin çaga – kiçijik Aly girdi. Bä, bu näme boldugyka? Ol geňgalyjylyk bilen siňe-siňe seretdi. Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) edýän hereketlerini geň gördi. Onuň sagyna we çepine salam bererine mähetdel, ýanyna bardy-da:
– Ýaňy siz näme etdiňiz? – diýip sorady.
Allahyň eziz Pygamberi mübärek dodaklarynda emele gelen uçmahyýylgyryş bilenjogap berdi:
– Eý, Aly! Bu gören zadyň älemleriň Rabby bolan Allaha edilýän ybadatyň hakyky görnüşi bolan namazdyr. Ýagny, mundan öňki iberilen pygamberleriň getiren towhyd dininde ybadatyň esasy bolan namaz!..
Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) biraz sägindi-de, körpe Alyny şäriksiz, deňsiz-taýsyzbolan Allaha ybadat etmäge we butlaryinkär etmäge çagyrdy.
Bu sözler Ala biçak täsir etdi. Ol birhili aljyraňly äheňde:
– Men şu güne çenli beýle zady ne-hä eşitdim, ne-de gördüm. Näme diýjegimi bilemok. Kakam Ebu Talyba geňeşmän, ondan maslahat alman jogap berip bilmerin! – diýdi.
Ähli barlygyň ýaradylmagynyň sebäbi bolan Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) özüne berlen pygamberlik wezipesini heniz aç-açan yglan edenokdy. Onuň pygamberdigini häzirlikçe agalaryhem bilmeli däldi. Ol (sallallahu aleýhi we sellem):
– Eý, Aly,özüň bilýäň, ýöne şu wagt jogap bermeseňem, bärde görenleriňi hiç kime aýtma; sebäbi, häzirlikçehiç kim hiç zat bilmeli däl – diýdi.
Körpe Aly şolbada jogap berdi:
– Söz berýärin. Hiç kimiň ýanynda dil ýarmaryn.
Päk ýürekli, nurana keşpli, on-on bir ýaşlyjakörpe Aly öz otagyna geçdi. Kellesini iki eliniň arasyna salyp, oýlanmaga başlady.
Kakam bilen maslahatlaşjak diýip gaýdanam bolsa, onuň kellesine başga bir pikir gelipdi. Ol ertire sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ertesi irden Nebiler Soltanynyň (sallallahu aleýhi we sellem) huzuryny ylgap bardy. Gözlerinde nähilidir bir şatlyk alamatlary uçganaklaýardy. Ol:
– Eý, Allahyň Resuly, maňa Yslamyýeti düşündir! Seniň Hak Pygamberidigiňe hem-de getiren diniň hakdygyna ynandym we iman getirdim – diýdi.
Rahmet Pygamberi (sallallahu aleýhi we sellem)körpe Alydan:
– Eý, Aly, kakaň bilen maslahatlaşdyňmy? – diýip sorady. Täsin çaga jogabynygijikdirmedi:
– Allah meni ýaradan wagty kakamdan soramadyr. Ondanäme üçin men Allaha iman getirmeli bolanynda, kakamdan soramalymyşym?!
Şeýlelikde, Aly kelemesini öwrüp, musulman boldy.

«Saňa men ýardam ederin»

Şol wagtlar Allahdan Resulyna: “Ilki (iň) ýakyň garyndaşlaryňyYslama çagyr.” («Şuara», 26/214) diýen täze bir perman gelipdi.
Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) pygamberdigini onuň ýakyn garyndaşlary hem bilenokdy.
Bir gün Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) Abdulmuttalyp ogullarynyň barysyny bir ýere çagyrdy. Olaryň arasynda küpüriň başyny başlajak Ebu Lehep hem bardy. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) olara ýüzlenip:
– Eý, Abdulmuttalyp ogullary, eý, Fihr ogullary! «Şu dagyň aňyrsynda duşmanyň agyr leşgeri goş ýazdyrypdyr» diýsem, maňa ynanarmydyňyz? – diýdi. Olar bir agyzdan jogap berdiler:
– Hawa, ynanardyk!
Älemleriň we ynsanlaryň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) şol wagt her kimiň kalbyna gozgalaň saljak sözüni sözledi: «Beýle bolsa, şu aýdýanlaryma-da ynanyň: men size ýowuz-kyýamat gününiňhakdygyny aýtmaga borçly. Men Allahyň Resuly, geliň, iman ediň!»
Her kim haýran galdy. Ebu Lehep sesiniň ýetdiginden gygyrdy:
– Bizi şonuň üçin çagyrdyňmy? Haý, sene-mä! Men-ä şu dünýäde senden başga şeýdip, garyndaşlarynyň öňünde samahyllap duran adam bardyr öýdemok.
Rahmet Pygamberi (sallallahu aleýhi we sellem) hiç hili gaýtargy bermedi. Garyndaşlaryndan hiç kim Oňa gulak asmady.
Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) adamlary Yslamyýete çagyrmagyň ýollaryny agtarýardy. Aradan birnäçe gün geçensoň, Ol (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Ala ýüzlenip, şeýle diýdi:
– Eý, Aly! Hödür-kerem eder ýaly saçagymyzy giňden ýazaly, özem diňe Abdulmuttalybyň neberesini çagyraly.
Her bir hereketini usullyk bilen ýerine ýetirýän kiçijik Aly:
– Baş üstüne, eý, Allahyň Resuly! – diýdi.
Saçak ýazylyp, nahar çekildi. Abdulmuttalyp ogullary saçagyň başyna jem boldy. Olaryň sany kyrktöweregidi.
Nahardan soň Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) oturan ýerinden dikeldi-de:
– Eý, Abdulmuttalyp ogullary! – diýip ýüzlendi. Oturanlar üns bilen Oňa seretdiler. Ol (sallallahu aleýhi we sellem) bolsa sözüni dowam etdi:
Men ähli ynsanlara, esasanam sizepygamber hökmündeiberildim. Sizi sözde aýtmasy ýeňil bolan iki zada ynanmaga çagyrýaryn. Olar: Allahdan başga ylahyň ýokdugyna we meniň hem Allahyň Resulydygyma ynanmakdyr. Ine, şu iki zada ynansaňyz, bagtyýarlygynaeýe bolarsyňyz. Heý, içiňizde şol nygmaty meniň bilen paýlaşmak isleýän ýokmy?
Olaryň hemmesi doňňara daşa öwrülipdiler. Hamana, dillerini ýuwdan ýaly,hiç kimden ses çykanokdy. Olaryň iň körpesi Alydy. Ol ara düşen sowuklygy aýyrmak üçin mertlik bilen gobsundy-da, ýerinden turdy. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem):
– Otur! – diýdi. Ol hem oturdy.
Emma ýagdaý ýene şol önküligidi. Her kim ýerinden gozganman, lam-jim bolup otyrdy. Aly ýene-de ýerinden böküp turdy, emma ýene Pygamber buýrugy bilen hyrçyny dişläp, oturmaly boldy. Ol ýene synanyşdy, ýene oturdyldy. Pygamberimiziň agalaryndan ýene ses-seda ýokdy.
Bu gezek Nebiýýi-Zişanyň (sallallahu aleýhi we sellem) özi mübärek barmagyny on ýaşlaryndaky oglanjyga tarap uzatdy. Gelejekde Yslamyň iň beýik müjahidi boljak Aly oturanlara garap, dogumly seslendi:
– Eý, Allanyň Resuly! Saňa men ýardam ederin!
Ýene hiç kimden ses-seda çykmady. Alynyň agalary oňa alarlyp, gözleri bilen iýäýjek bolýardylar.
Körpe Aly sözüni dowam etdi:
– Men bu mejlisde ýaşy iň kiçiňiz. Belki, göwräm kiçidir, ellerim, aýaklarym ejizdir... Emma şu ýagdaýym bilenem men size kömek etmäge taýyn! Hany, herekete geçiň!
Mejlisdäki kyrk adam äm-säm bolşup otyrdylar. On ýaşlaryndaky Aly bolsa, soňsuz älemlerinazarlaýan ýaly, bir nokada seredip otyrdy.

«Eý, Aly, arkama mün!»

Şol döwürlerde Allahyň öýi bolan Käbäniň içi butlardan doludy. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Alyny ýanyna aldy-da, Käbä bardy. Käbäde hiç kim ýokdy. Kiçijik Alynyň Käbäniň diwaryna boýy ýetmejegi bolmajagy belli, oňsoň, Allahyň Söýgüli Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) aşak egildi-de:
– Eý, Aly, üstüme mün!.. – diýdi.
Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) arkasyna münmek gelşiksizräk bolsa-da, buýruk buýruk bolýardy. Her bir hereketi salykatlylygaýugrulan oglanjyk şol demde Älemleriň Serweriniň mübärek arkasyna mündi. Boýy butlaryň boýy bilen deňleşdi.
Ol sagynda, solunda gözüne ilen butlary urup, ýykmaga başlady. Kiçijik Alynyň zarbyna çydamadyk butlar ýere gaçyp, dyr-pytrak boldular.
Şol wagtlar kiçijik Aly şeýle derejä baryp ýetipdi welin, öz aýdyşyna görä, elini uzatsa giden uç-gyraksyz gözýetime eli ýetäýjek ýalydy.
Wagty gelende dünýädäki ähli butlaryň ykbaly birmeňzeş boljakdy. Hezreti Aly Pygamberiň mübärek omzuna münüp, butlary ýer bilen ýegsan eden ilkinji çagady. Uly-uly adamlaryň özlerine-de nepi degmeýän butlara çokunýan wagty, on ýaşlaryndaky bir çagajyk şol butlary ýykan-ýumran edýärdi.
Wagty gelende Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) oňa şeýle diýjekdi:
– Eý, Aly! Allah bilen Onuň Resuly we Jebraýyl senden hoşaldyr.
Hezreti Aly puly eline alardy-da, şeýle diýerdi:
– Eý, pul, seniň ýüzüňe köz degsin! Sen şeýle bir närse welin, ynsanyň elinden çykmasaň, peýda bereňok!..
Hezreti Aly ylymda, hikmetde hem gahrymançylykda, şeýle-de, adalatlylykda ýetip bolmajak derejä ýetdi.
Ömürlere ömür goşan Nebiler Soltanynyň (sallallahu aleýhi we sellem) çakylyklaryny eşidenleriň dilleriniň tutulyp, doňňara-daşa öwrülen mahaly on ýaşlarynda bir çaga:
– Eý, Allahyň Resuly, Seniň kömekçiň men bolaryn! – diýýärdi.
Şeýlelikde, gelejekde «ylym gapysy»diýen mertebä ýetjek beýik Aly çagalygyndanjemgyýetiň ruhuna azy kimin kök uran küpüri düýp-teýkary bilen ýok etmegiň ugurlaryny görkezýärdi. Ulularyň ýeke ädim ätmäge bogny ysmaýan wagty, goý, hezreti Aly ýaly ýigitleriň sany köp bolsun!
Allah ondan razy bolsun!