Iki Omar we jogapkärlik duýgusy

Kyssalar>>Iki Omar we jogapkärlik duýgusy

Kuran-y Kerim ýer ýüzünde gezmegimizi we bizden öň ýaşanlaryň durmuşyndan many çykarmagymyzy, sapak almagymyzy buýurýar.
Bu hakykatdan hem ýer ýüzüni aýlanyp, bizden öň ötenleriň ýaşan harabalyklaryny gözlerimiz bilen görmek arkaly mümkin bolşy ýaly, hyýaly syýahata çykmak, öňküleriň ýaşan asyrlaryny, eden işlerini aňymyzda janlandyrmak arkaly hem mümkindir. Köpümiziň alys ýerlere syýahat etmek üçin serişdämiziň we mümkinçiligimiziň ýokdugyny nazarda tutup, geliň, bu gün siziň bilen hijretiň birinji asyrynyň ahyry bilen, ikinji asyrynyň başyna hyýaly syýahat edeliň:
Ynha, özüniň adalaty bilen meşhurlyk gazanan, jennet bilen buşlanan sahabalardan Omar bin Hattab işiniň başynda. Wagt gijäniň ýary. Ine-de ýanyna kimdir biri salam berip girýär. Ol bolsa özüne berlen salamy alman, edip oturan işini gutarýança sesini çykarmaýar. Ahyry işini gutaryp, ýagtysyna işläp oturan şemini söndürip, başga bir şem ýakýar. Şondan soňra hälki gelen adamyň salamyny alyp, “we aleýkümüsselam!” diýýär.
Gelen myhman Hezreti Omaryň bu hereketiniň sebäbini soranda, ol şu jogaby berýär:
- Sen salam beren wagtyň döwlet işi bilen meşgullanyp otyrdym. Döwletiň işini edýärkäm, döwletiň hasabyndan alnan şemi ýakyp, şonuň ýagtysynda işleýärdim. Döwletiň şeminiň ýagtysynda öz şahsy işlerimi etmegim, şahsyma ýüzlenilip berlen salamy almagym dogry bolmazdy. Ynha, indi döwlet işini gutardym, döwletiň şemini-de söndürdim. Özüme degişli şemi ýakdym, indi şahsyma degişli salamy-da alyp bilerin!
Has soňraky ýyllarda halyf bolan Omar bin Abdülaziz hem şol sahaba Omary nusga alýar. Ynha-da onuň durmuşyndan bir mysal:
Bir gün hyzmatkäri Muzahymy ýanyna çagyryp:
- Kuran okanymda ulanar ýaly maňa bazardan bir rahle satyn alyp gel! – diýip tabşyrýar.
Muzahym gidip, döwletiň ammarynda duran tagtalardan bir rahle ýasap, halyfa getirip berýär:
- Alyň, ynha size rahle getirdim – diýýär.
- Bu rahläni näçä aldyň?
- Pul-a bermedim. Ammardaky tagtalardan özüm ýasadym.
- Ýeri, ammar döwletiň hazynasyna degişli dälmi? Bu döwlete degişli zady aldygyň bolmazmy?
- Hawa, ol-a şeýle. Emma, siz döwletiň halyf-a, ýat adam däl-ä. Onsoňam, rahläni haýyrly iş üçin - üstünde Kuran okamak niýeti bilen getirtdiňiz-ä?!
Halyf hyzmatkäriň bu jogabyna gaty gynanýar we şeýle buýruk berýär:
- Derrew baryp, bazardan şeýle tagtalaryň bahasyny öwrenip gel. Munuň puluny derrew beýtul-mala (ýagny, döwlet hazynasyna) töläliň. Döwletiň malyny öz haýryna, şahsy bähbidine ulanýan adam bolmakdan Allaha sygynýan!
Muzahym ylgap gidip bazardan tagtalaryň bahasyny bilip gelýär:
- Tagtalaryň bahasy ýarym dinar eken...
Halyf derrew jübüsinden bir dinar (käbir çeşmelere görä bolsa, iki dinar) çykaryp, beýtul-mala iberýär. Egninden agyr ýük aýrylan ýaly rahatlan halyf şeýle diýýär:
- Meniň şejerämden bolan birinji Omar döwlete degişli şemi ulanýarka özüne berlen salamy alman, şahsy şemini ýakandan soňra alypdy. Men ondan aýry hereket etsem bolarmy? Beýtsem, bizden soňra geljeklere erbet görelde galdyrmarynmy?..