Jüleýbib (r.a.) Medinäniň Ahlakly Ýigitlerinden Biri

Kyssalar>>Jüleýbib (r.a.)

Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) eden her bir hereketi özünden soňky döwürleriň ählisine nusga bolandyr. Her musulmanyň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanýan Serwerimiz (sallallahu aleýhi we sellem) häzir bir ýigidiň derdine derman bolmaga çalyşýardy.
Il arasynda on bäş-on alty ýaşly Jüleýbibiň zenan maşgaladiýilse, ejizläberýändigi aýdylýardy. Beýleki sahabalar onuň bu ýagdaýyna her näçe gynansalaram, Jüleýbibiňýanynda dil ýarmagyň ebetiýini tapyp bilenokdylar. Bir gün bu ýagdaýdan Allah Resulyny (sallallahu aleýhi we sellem) habardar etdiler. Serwerimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ony mübärek huzuryna çagyrdy. Soňra ikisiniň arasynda şeýleräk gürrüň boldy, Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) sowal berdi, Jüleýbibem jogap berdi:
– Jüleýbib! Eşidişime görä, zenan maşgalalaraazar berýärmişiň. Hany, aýt, bakaly, öz ejeňe şeýdilse halarmydyň?
– Ýok, ýa, Resullah, halamazdym!
– Ýadyňdan çykarma, seniň azar berýänleriň hem kimdir biriniň ejesidir! Uýaňa şeýle zatedilen bolsa halarmydyň?
– Ýok, eý, Allahyň Resuly!
– Ýadyňdan çykarma, seniň azar berýänleriň hem kimdir biriniň uýasydyr!..
Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) Jüleýbibiň başga-da birnäçe garyndaşyny sanap: “Pylan ejeňe, daýzaňa şunuň ýaly zatlar edilen bolsa halarmydyň?” diýip sorady. Jüleýbibem ählisine: “Ýok” diýip jogap berdi. Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) hem ýene-de şeýle diýdi:
– Seniň azar berýäniň hem kimdir biriniň pylan ejesidir, daýzasydyr...
Bu jogap Jüleýbibiň (radyýallahu anh) ýüregine jüňk boldy. Ol aýdylanlar bilen ylalaşdy. Mundan soň Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) ellerini açyp, Jüleýbib üçin dileg etdi. Sahabalar hem, şondan soň, Jüleýbibiň Medinäniň iň ahlakly ýaşlarynyň hataryna goşulandygynygördüler. Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) dileginden soňra, Jüleýbib Medinäniň iň bir ahlakly adamlarynyň birine öwrüldi.
Bir gün Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) Jüleýbibi gyzy ýetişen bir maşgala sawçylyga iberdi. Ol maşgala at-abraýlymaşgalady. Gyzlary üçin geljek sawçylara garaşýardylar.
Jüleýbib gapyny kakyp, içeri girdi-de, olara Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) salam iberendigini aýtdy. Gyz tarapy muny eşidip, begenip, iki bolup bilmediler. Mundan soň, Jüleýbib sözüni dowam edip, Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) aýdanlaryny birin-birin olara gürrüň berdi. Iki Jahan Serweri (sallallahu aleýhi we sellem): «Olara meniň salamymy aýt, goý, gyzlaryny saňa bersinler» diýipdi. Gyzyň enesi-atasy bir-biriniň ýüzüne seredişip: «Jüleýbibemi» diýşip ikirjiňlenip durdular. Ýöne olar Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) raýyny ýykyp biljek däldiler. Perdäniň aňyrsyndan ähli zady eşidip oturan gyzlary:
– Allah Resulynyň buýrugyny ýerine ýetirýän adamyňöňüňde näme üçin ikirjiňlenip dursuňyz? – diýip seslendi.
Netijede, Jüleýbib öýli-işikli boldy. Aradan kän wagt geçmänkä, söweşe gatnaşyp, şehit boldy. Her kim öz şehitlerini gözleýärdi. Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem):
– Ýitgiňiz barmy? – diýip sorady. Sahabalar hem:
– Ýok – diýip jogap berdiler. Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem):
– Emma, meniň ýitgim bar – diýdi-de, jigerbendini ýitiren ýüregi ýaraly ata mysaly Jüleýbibi gözlemäge başlady we ahyry ony bir ýerden tapdy. Eli gylyçly Jüleýbib ýedi sany müşrigiň ýanynda, üsti-başy gara gan, ençeme ýerindenem ýaraly halda ýatyrdy... Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem):
– Ýedisini öldürdi, gazy boldy, soň bolsa şehit boldy – diýip, Jüleýbibiň kellesini dyzynyň üstünde goýdy-da, şeýle diýdi:
– Allahym, Jüleýbib mendendir, menem ondan.
Ýüregine jüňk bolan sözler hem-de Serwerimiziň eden dogasy Jüleýbibi şeýle «ganatlandyrypdy» welin, şol iki «ganat» bilen ahyrete sary guş bolup uçupdy.
Hawa, Allaha tüýs ýerekden ynanan mümin öň näme edenem bolsa, dogry ýoly tapanyndan soň,şeýle ajaýyp ömür sürmelidir. Şeýle eden halatynda,geljek nesiller ony diňe ýagşylykda ýatlar.