Dört Ýüz Alymyň Arasynda Iň Manyly Geplän Çaga: Jüneýdi-Bagdady

Kyssalar>>Jüneýdi-Bagdady

Seriýý es-Sakatynyň ýegenibolan Jüneýd her kim tarapyndan söýülýän çagady. Ol meniklije oglanjykdy.Onuň häsiýeti hiç kimiň dilinden düşenokdy. Seriýý es-Sakaty hezretleri hem bu ýegenini diýseň gowy görerdi. Ony hiç wagt ýanyndan aýyrmazdy, hatda bileje haja-da gidip gelerdi. Sebäbi bujagaz oglanjyk iň kyn meseleleri aňsatlyk bilen çözüp bilýärdi. Bir gezek daýy-ýegen ikisi hijazly alymlaryň mejlisine gatnaşýarlar. Mejlisde şükür etmegiň ähmiýeti barada gürrüň edilýär. Ol ýerde oturan dört ýüz alymyň her biri manyly sözler bilen şüküriň ähmiýeti düşündirýär. Olar gürrüňlerini bes edip, gaýtmakçy bolanlarynda, Jüneýdiň daýysy Seriýý es-Sakaty:
– Garaşyň hany, heniz bu körpejeden soramadyk ahyry! – diýýär-de, ýegenine ýüzlenip – Hany, oglum, aýt bakaly, «şükür etmek» näme diýmek? – diýip soraýar. Jüneýd:
– Allahyň peşgeş berennygmatbilen Allaha garşy çykmazlykdyr – diýip jogap berýär. Onuň bu aýdanlary şol wagta çenli aýdylanlaryň arasynda iň manylysy bolup çykýar.

«Kaka jan, näme üçin aglaýarsyň?»

Jüneýdi-Bagdady az, ýöne uz geplärdi. Onuň aýdýan her sözünde umman ýaly giň many bardy.
Jüneýd ýedi-sekiz ýaşlaryndady. Bir gün kakasynyň aglap oturanyny görüp:
– Näme boldy, kaka? – diýip sorady. Kakasy:
– Zekat bermek maksady bilen, daýyň Seriýý es-Sekaty hezretlerine birnäçe kümüş ýolladym, emma kabul etmedi. Eýsem, menömrümi Allah dostlarynyň halamajak zatlaryny gazanmak bilen geçirýärmikäm? – diýdi.
– Kaka, rugsat berseň, menem bir synanşyp göreýin.
– Kän bir umydym-a ýok welin, özüň bilýäň.
Düşbije çaga daýysynyň ýanyna baryp, kümüşleri oňa uzatdy. Beýik weli ýylgyrdy-da, elini çekdi.
– Ýok, Jüneýd, alyp biljek däl.
– Adyllyk edip, kakama zekaty emreden we lutfedip, seni azat eden Allah (jelle jellaluh) üçin al!
Seriýý es-Sekaty hezretleri näme diýjegini bilmän, doňup galdy. Şygyra kybapdaş bu jümlede müňlerçe many ýatyr. Beýik weli gujagyny giňden açyp:
– Kümüşlerem, senem kabul etdim – diýýär.