Hristian Ene-Atadan Doglan We Güýçli Weli Bolan Çaga: Maruf-u-Kerhi

Kyssalar>>Maruf-u-Kerhi

Asyl ady Maruf bin Firuz bolan Maruf-u-Kerhi eýranly bir maşgalada önüp-ösýär. Ejesi we kakasy hristiandyr. Olar çagalarynyň hem özleri ýaly dindar hristian bolmagyny isleýärler. Ony ylym almagy üçin jigileri bilen bilelikde ybadathana iberýärler. Maruf jigilerinden we beýleki çagalardan diýseň tapawutly çaga bolýar. Aýdylana gulak asýar, emma her aýdylany-da edibermeýär, göwnüne jaý bolmadyk zady kabul etmeýär. Hristian ynanjyndaky käbir zatlary onuň kabul edesi gelmeýär.
Mugallymlary bilen jedelleşýär, olara ençem kyn soraglary berýär. Maruf arman-ýadaman, irginsiz okaýar, öwrenýär. Käwagt sorag berip, mugallymlaryny däliremäniň bäri ýanyna eltýär. Kanagatlanarly jogap alyp bilmänsoň, soraglarynyň sanyny has-da artdyrýar. Ruhany bu çaganyň soraglarynaoňly jogap berip bilmänsoň:
– Gaýdyp, gepleme! – diýip tabşyrýar. Maruf gaty ýiti çaga bolansoň, aýtmak isleýän zadyny göni aýtman, öwrümli sözler bilen aýdýar.
Ruhany bu ýagdaýdan dynmak üçin özüçe gutarnykly netijä gelýär.Ýekeje çykalga galýar: olam – kötek. Ruhany beýleki mugallymlar hem-de Marufyň ene-atasy bilen maslahatlaşdan soň, synpdaky okuwçylara ýüzlenip:
– Ýere ýykyň şony – diýip buýurýar. Olaram Marufy ýere ýatyrýarlar. Taýaklaryň biri inse, beýlekisi galýar. Marufy beýlekilere-de sapak bolsun diýip, ýadaýançalar ýençýärler.
Muny ýokuş gören Maruf hem soraglaryna jogap tapmak, hem-de düşen ýagdaýyndan halas bolmak üçin ýurduny terk edýär.
Şeýlelikde, Maruf Kufa şäherinetarap ýola düşýär. Şol ýyllarda ýolagçylar mesjidlerde düşlär ekenler.Mesjidlerde namaz okaýar, dynç alýar ekenler. Musulmanlarýolagçynyň eden dileginiň kabul bolýandygyüçin myhmanlara çörekdir şerbet, miwe ýaly dürli-dümen zatlary hödür-kerem edýärler. Saçak başynda oturyp, duz-emek bolýanlaryň mezhebini soramaýarlar. Her geleni güler ýüz bilen garşylaýarlar. Bu hezzet-hormat körpeje Marufa diýseň ýaraýar. Ol mesjidlere gidip-gelýär, boýra düşeklerde ýatýar, ýere ýazylan saçaklardan nahar edinýär.
Kiçijik oglanjyk ençeme ýol ýöräp, ahyry Kufa şäherine barýar. Mesjidleriň birine girip, tärethanada elini-ýüzüni ýuwýar. Gaty ýadaw bolansoň, mesjidiň bir burçunda çalaja ymyzgananyny kem görmeýär. Şu niýet bilen mesjidiň bir burçunajaýlaşýar. Seretse, nurana bir alym mollalaryna ders öwredip otyr. Alymyň aýdýan sözleri edil özüne aýdylýan ýalydy:
– Kimde-kim Allahdan ýüz öwürse, Allah-da ondan ýüz öwürer. Emma kimde-kim Allahy (jelle jelaluh) arzuwlap, Oňa tarap ylgasa, Rabby-da ony merhemeti bilen garşy alar.
Bu sözler Marufyň göwnünden turýar. Neneň turmasyn, bu sözleri aýdan alym welileriň öňdebaryjylaryndan Ibn Semmak hezretleridi. Maruf oturan ýerinden, gözünde boýur-boýur ýaş döküp şeýle diýýär:
– Eý, Allahym! Sen meni özümden has gowy tanaýansyň. Saňa haýsy ýol barýan bolsa, şony maňa nesip et!

Ehli-Beýtiň arasynda

Ine, edil şol wagt Ibn Semmak hezretleri sözüni kesýär-de, uzak wagtlap, pikirlenip oturýar. Hiç kimden ses-seda ýok, ümsümlik. Bu ümsümligiň yzynyň bir çöp-ä bardyr.
Ibn Semmak hezretleri töweregine garanjaklap:
– Eýrandan gelen ýetginjek kim? – diýip soraýar. Jemagatyň ýüzi Marufa tarap öwrülýär. Maruf ör turup, Ibn Semmaga tarap ýönelýär. Ibn Semmak hezretleri gollaryny giňden açyp, «Salam!» diýýär-de sözüniň yzyny ýetirýär:
– Salam, eý, Rabbyny agtarýan ynsan, salam, eý, Allahyň söýgüsine mynasyp bolan kişi!
Olar şeýle gadyrly, ýürekden görüşýärler. Maruf hem beýik weli ýaly aglamaga başlaýar.
Ibn Semmak oglanjygy bagryny basyp:
– Sen ruhana we kakaňa üns berme! Dilegde bol, goý, olaram dogry ýoly tapsynlar! – diýýär. Maruf bolýan zatlara haýran galýar. Sebäbi başyndan geçen wakalar hakynda hiç kimiň ýanynda dil ýarmandy. Ibn Semmak onuň elinden tutup, Ehli-Beýtiň ýaşulylaryndan Ymam Aly Ryzanyň ýanyna äkidýär. Marufyň kalbynda çigit ýalyjagam şübhe galmaýar. Ähli erki hem durky bilen aýdylanlary kabul edýär, uly hujuw bilen kelemesini öwürýär.
Maruf Kufa şäherinde oňat derejede sowadyny çykýar. Ol Ymam Aly Ryzanyň çagalary bilen bilelikde önüp-ösensoň, şol maşgalanyň bir agzasy hökmünde kabul edilýär. Bu hakynda Ymam Aly Ryza şeýle diýýär:
– Maruf nesil taýdan bolmasa-da, hüý-häsiýet we söýgi taýyndan Ehli-Beýtdendir. Ata-babalarymyz nähili Selmany-Farisini öz aralaryna kabul edip, Ehli-Beýtden hasaplan bolsalar, Maruf hem şeýledir.
Ine, ene-atasy hristian bolan çaganyň Allah dosty bolmak ugrundaky hekaýaty... Öýsüz-öwzarsyz, gidere ýeri bolman, ýalňyz galan biçärelere Allah ýardam edýär, olaryň ebedi durmuşyny halas edýär. Şu nukdaýnazardan, «Müellefeýi-kulub» diýilýän, Yslamyň gymmatlyklaryny ýürekden kabul etmäge has ýakyn bolan adamlara aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Mundan başga-da, mesjidleriň Allahyň öýüdigini hem belläp geçmegimiz gerek. Bu mukaddes ýerler Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) zamanasynda bolşy ýaly, öz wezipesiniň ählisini doly ýerine ýetirse, ýagny haýyr-sahawat işleriniň sanyny köpeltse, onda jemgyýetiň ruhy dünýäsini abat etmekde ullakan goşant goşdugy bolar.