«Meni Nädip Tanadyň?»

Kyssalar>>«Meni Nädip Tanadyň?»

Yslam ägirtlerinden Mälik bin Dinar bir gün gezim edip ýörkä,bir çaganyň gum oýnap oturandygyny gördi. Çaga kä aglap, kä gülüp, oýnap otyrdy. Mälik hezretleri öz ýanyndan «Gel, şuňa salam bereýin-le» diýdi. Oňa çenli içinden bir owaz ýaňlandy:
– Bu çaganyň nämesine salam berjek, öz ýoluň bilen boluber-dä!
Mälik bin Dinar şol pursat nebsiň diňe erbetligiň gapysyny açýan açardygyny ýatlady. Nebsiniň özüne badak atmak isleýändigine düşünip:
– Eý, nebis! Allahyň hormatly Resuly ululara-da salam berýärdi, kiçilere-de. Ýeri, bu çagany kiçi saýar ýaly sen kim bolýaň? – diýip, nebsini kötekledi. Soňam dessine gum oýnap oturan çaga salam berdi:
– Essalamü Aleýküm!
Çaga çygjaryp duran gözlerini Mälige dikdi-de:
– We aleýkesselam we rahmetullahi we berakätüh, eý, Mälik bin Dinar! – diýip, salam aldy.
Mälik bin Dinar haýran galyp:
– Eý, çaga, henize-bu güne çenli görmedigem bolsaň, meni nädip tanadyň? – diýip sorady.
Çaga birenaýy ýylgyryp, jogap berdi:
– Ruhum seniň ruhuň bilen melekut äleminde duşuşanda, Allah sizi meniň bilen tanyşdyrdy.
Mälik hezretleri bu çagada adatdan daşary nämedir bir zadyň bardygyna göz ýetirdi.
– Eý, balam! Akyl bilen nebsiň arasyndaky tapawut näme?
– Seniň maňa salam bermegiňi islemedik nebsiňdir, saňa salam berdirenem – akylyň.
– Rast aýdýaň. Sen näme üçin gum oýnap otyrsyň?
– Biz toprakdan ýaradyldyk, ýene-de şoňa dolanyp bararys we onuň goýnunda ýitip gideris.
– Balam, sen oýnap otyrkaň kä gülýäň, kä aglaýaň. Munuň sebäbi näme?
Bu çaga hakykatdanam, gaty täsin çagady. Beýik Allah oňa derýa ýaly giň ýürek beripdir. Ol bu sowala şeýle jogap berdi:
– Rabbymyň gazaby göz öňüme gelse – aglaýaryn, rahmetini ýada salybam – gülýärin!
Mälik bin Dinar hezretleri sandyrap:
– Eý, oglum! – diýdi. – Heniz seniň ýaşyň näçe, näme günäň bar, beýle aglar ýaly? Asyl aglamaly adam – bu goja. Haýp, ol-a aglamagam başaranok!
Täsin çaga ýalpyldap duran gözlerini Mälige dikip:
– Ýok, sen beý diýme, eý, Mälik! Men hemişe ejem ot ýakan mahaly, uly odunlary uşajyk odunlar bilen tutaşdyrýandygyny görýärin. Kiçijik bolanyň bilen otdan aman galmaýaň – diýdi.
Mälik bin Dinaryň gepläre mejaly galmady. Ol hiç zat diýmän, ýola rowana boldy. Çagajygyň sözleri onuň kalbyna ot bolup düşüpdi.
Bu kiçijik çaganyň kalby ylahy söýgüden püre-pürdi. Elbetde, Allah islänine ylmy-da, hikmeti-de, yşgy-da berer.
Ynsan Hakyň zikrinden neneň daş durup biler? Eýsem, Allah oňa bar zat ýakyn dälmi?
Hawa, kiçilerden hem sapak alsa bolar.Eger adamyň görüm-görelde alara niýeti bar bolup, ol daş-töweregine synçy nazary bilen seretse, onda çagadan hem köp zat öwrense bolar. Onsoňam, çagalarummasyz giň gözýetime eýedir.