Örän gorkdum

Kyssalar>>Örän gorkdum

Pygamberimiz gürrüň berýär: Öten zamanlarda bir adam ölüminiň ýakynlaşandygyny duýup, ogullaryny ýygnaýar. Olara şeýle diýýär:
- Ogullarym, men Rebbimiň huzuryna bu günäkär halym bilen gitmek islemen. Amanadymy tabşyranymdan soň meni ýakyň. Külümi beýik bir ýere çykyp, sowrup goýberiň. Goý çar tarapa pytrsyn... Onuň huzuryna çykarylanymda, men hem diýjegimi bilýän.
Bir salym soňra ol adam aradan çykýar. Ogullary atalarynyň wesýetini berjaý edýärler. Ony ýakyp, külüni göge sowurýarlar.
Magşar güni ol kişiniň ruhy we jesedi Allahyň emri bilen ýene-de birleşdirilýär. Allah (j.j.):
- Gulum, seniň beýtmegiňe näme sebäp boldy? – diýip soraýar.
- Allahym, örän gorkdum. Gorkym şeýle etmegime sebäp boldy.
- Men menden bu derejede gorkýana azap çekdirmen – diýýär Allahutagala.
Mümin umyt bilen gorky arasynda bolmaly, Allahyň beýikligi, özüniň kiçiligi ýaly; Onuň azabynyň güýçlüligi, özüniň ejizligi ýaly Allahdan gorkmaly, Oňa hormatsyzlyk etmeli däldir. Ynsanyň Allahdan gorkmaýan kalby götermegi onuň üçin azap we ýükdür.