Süýt Satýan Gyzjagaz

Kyssalar>>Süýt Satýan Gyzjagaz

Adalatyňnusgasy hezreti Omaryň halyfalyk edýän döwrüdi.
Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) mukaddes topragy Medinede kiçijik bir gyzjagaz bardy. Ol ejesiniň özüne beren süýtli gaplaryny alardy-da, bazara baryp, süýt satardy.Olar şeýdip, gün-güzeranlaryny dolardylar.
Gara günüň keşigini çekäýmek aňsat däldi... Durmuşyň her tüýsli oýuny, ajysy, hupbaty bardy. Garry aýalyň bilini bükenem güzeran derdidi... Gol gowşuryp oturanyň bilen asmandan ryzk ýagyberenokdy.
Kiçijik gyzyň ejesi güzeran üçin urunýardy. Nälet siňen Iblisem onuň ýaraly ýüregini çişirip, günä iteriji çawuşlar çakýardy: «Sen akmak,satýanyň-a süýt, näme üçin onuň içine suw goşaňok?»Şeýtanyň pirimi başa barypdy, biçäre aýaly aldawyna salypdy. Ol aýal öz ýanyndan:
– Howwa-la, näme bolman?! – diýýärdi. Ýüzi şatlykdan ýaňa dylym-dylym edýärdi. Begenjinden guş bolup uçaýjak bolýardy.
Ine, gije aýaklap, daň saz berip ugrapdy. Muňa garamazdan, gije gara örtügini henizem dünýäniň üstünden sypyrmandy. Ejesi ýerinden atylyp turdy-da, gyzjagyna ýüzlenip:
– Balam, oýandyňmy? – diýdi. Gyzjagaz jogap berdi:
– Oýandym, ejejan! Aýdyber, seni diňleýän!
– Satlyk süýde birazajyk suw goş.
– Suw goşaýynmy?
– Hawa.
– Bu näme diýdigiň boldy, ejejan! Näme, sen, hezreti Omaryň süýde suw goşmagy gadagan edendigini bileňokmy?!
Ejesi gyzyna görelde bolmakdan geçen, gaýtam:
– Haý, goýsana, gyzym, senem... Omar nirden bilsin muny? – diýdi.
Eneli-gyzyň arasynda şeýle gürrüňbolup duran mahaly, musulmanlaryň halyfasy hezreti Omar olaryň öýüniň deňinden geçip barýardy. Halyfanyň gijelerine halkyň asudalygy üçin köçe-köçe aýlanmak ýaly ýagşy däbi bardy.
Ol öýden eşidilýän gürrüňlere diň saldy. Gyzjagaz garry ejesine gaty ýerlikli jogap berýärdi:
– Ejejen, Omaryň buýrugy bar ahyryn. Men süýde suw goşup biljek däl...
Garry aýal öz eňegine tutdy:
– Omar nireden bilsiň? Ol bu wagtlar, gör, näçinji düýşüni görýändir.
Kiçijik gyzjagaz ýaraly jeren kimin janagyryly gepledi:
– Wah, eje, nä Omar bilmäni bilen Allah bilmez öýdýäňmi? Men Allahdan gorkýan, sen bu betpyglyňa meni şärik etjek bolma!
Gyzyndan beýle jogaba garamaşmadyk ejesi doňup galdy. Ýüregine hanjar sokulyp, çykarylýan ýaly dodaklary büzülip, ýazyldy. Ýüzüni ak tam edip, çök düşdi-de, oturyberdi.
Hezreti Omar bolsa, begenjine guş bolup, öýüne gaýtdy.
Öýüne gele-gelmäne ogluny çagyryp, şeýle diýdi:
– Oglum! Pylan ýerde bir gyz bar. Ýagdaýyny tapyp bilseň, ony özüňe nikala. Sebäbi ol Allahdan gorkýan maşgala eken.
Aradan wagt geçip, şol gyz biriniň duluny bezäbermeli ýaşa ýetdi. Hezreti Omaryň ogly-da ony özüne nikalap aldy...
Bu iki ýaş çatynjadan Ümmi Asym dünýä indi. Olam uly gyz çykansoň, Abdülaziz bilen goş birikdirdi. Bulardanam Omar bin Abdülaziz dünýä indi. Omar bin Abdülaziz edil atasy hezreti Omar ýaly adalaty bilen äleme nur çaýdy...
Ine, şeýlelikde, şool ajap gyzyň neslinden ajaýyp adam dünýä indi.
Hezreti Omar keramat görkezen bolmaly, ol şeýle diýipdir:
– Meniň neberämden ýüzünde ýara yzy bolan biri geler we ýerýüzüni adalaty bilen doldurar!
Hakykatdanam şeýle boldy. Omar bin Abdülaziz oglanjyk mahaly atdan ýykylyp, ýüzünden ýaraaldy we ýüzünde şol ýaranyň yzy galdy. Onuň döwriikinji Omar döwri boldy, ýagny adalatyň nurly güni ynsanlaryň depesinden ikinji gezek parlap dogdy...