Jennete Sary Ganat Açan Batyr we Gahryman Çaga: Umeýr bin Ebi Wakkas

Kyssalar>>Umeýr bin Ebi Wakkas

Jennet bilen buşlanan sahabalardan Sad bin Ebi Wakkas (radyýallahu anh) gürrüň berýär:
– Jihada taýýarlyk görülýärdi. Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) hatar-hatar bolup duran goşuna göz aýlap, kiçi ýaşly çagalary jihatdanalyp galýardy. Şol wagtlar inim Umeýriň Serwerimizden gizlenýändigini gördüm. Ol hatarlaryň soňuna geçip, görünmezlige çalyşýardy. Onuň ýanyna bardym-da:
– Eý, Umeýr, bu nä boluş, näme boldy saňa? – diýip soradym. Ol tolgunyp jogap berdi:
– Resulullahyň meni kiçi görüp, yzyma iberäýmesin diýýän. Men bolsa, söweşegatnaşyp, şehit bolmagyarzuw edýärin.
– Eý, Umeýr! Sen Allah Resulyna arzyňy aýtdyňmy?
– Ýok.
– Beýle bolsa, git-de, Älemleriň Serwerine arzyňy aýt. Saňa rugsat berer diýen tamam bar.
Kiçijik Umeýr begenjinden guş bolup uçup, Allah Resulynyň huzuryna bardy-da, şeýle diýdi:
– Eý, Allahyň Resuly! Enem-atam saňa gurban bolsun! Meniňem gaza gatnaşmagyma rugsat beräýiň! Şehit bolup, Jennete uçmagy arzuw edýärin.
Umeýr hakykatdanam kiçijikdi. Onuň boýy şeýle bir kiçidi welin, gylyjy özündenem uludy. Hatda gylyjynam özi guşanyp bilenokdy.
Rahmet Pygamberi ony synlady-da:
– Eý, Umeýr, sen yzyňa dolan! – diýdi.
Birden Umeýriň gözlerinden paýrap, ýaş dökülip başlady. Özi kiçijik bolsa-da, ýüregi ägirtdi. Nebiler Soltanynyň goşunyndan galasy gelenokdy.
Älemleriň Serweri Umeýriň beýle höwesekdigini görüp, ýylgyrdy-da:
– Eý, Umeýr, saňa rugsat berýärin. Isleýsiň ýaly söweş! – diýdi. Muny eşiden Umeýr begenjinden iki bolup bilmedi.
Ol daraklygyna galyp, ýöräp başlady. Onuň kiçijik boýy ulularyň arasynda derrew göze ilýärdi.
Ahyry diýilýän wagtam gelipýetdi. Iman goşuny bilen müşrik goşuny çaknyşdy.
Kiçijik Umeýr özünden uzyn gylyjyny syrdy-da, arslan kimin arlap, hataryň içi bilen öňe okduryldy.
Ol erjel hereket edýän bir müşrigi göz astyna alypdy. Amatyny peýläp, birden herekete geçdi. Müşrigiň perýady asmana galdy:
– Waý, öldümleý!
Hakykatdanam, dembermez gylyçlardan gan syçraýardy. Kiçijik Umeýrem henize çenli görlüp-eşidilmedik gahrymançylyklary görkezýärdi.
Allahyň Eziz Pygamberi agaçdan edilen düşelgeden çykdy-da, esgerleriniň ýanyna gelip şeýle diýdi:
– Muhammediň jany elinde bolan gudraty güýçli Allaha kasam edýärin, bu gün Allahyň razylygyny maksat edinip, sabyr we gaýduwsyzlyk bilen söweşenleri, yzlaryna dönmezden, öňe barýarka öldürilenleri, Allah hökman Jennetine saljakdyr!
Şany Arşybaglan Nebiniň bu sözlerini eşiden kiçijik Umeýr hasam joşdy we ganynyňsoňky damjasyna çenli söweşdi.Hatda gylyçlar endam janyny pers-ala etdi. Şeýlelikde, ojagaz täsin çaganyň jansyz bedeni ýere ýykyldy.
Umeýr maksadyna ýetipdi, Jennete sary uçupdy...
Hawa, Serwerimizi (sallallahu aleýhi we sellem) ýürekden söýmegiň, Onuň (sallallahu aleýhi we sellem) getiren hakykatlary ugruna ähli zada kaýyl bolmagyň nä derejede ähmiýetlidigini kiçijik sahabadan öwrenýäris. Mümin kişi ýeri gelende Allah ýolunda jany-teni bilen hyzmat etmegi başarmalydyr. Düýnki gün «Enem-atam Saňa gurban bolsun, Ýa Resulullah!» diýip, Onuň (sallallahu aleýhi we sellem) ýolunda hiç zatdan gypynç etmän, janyny gurban edenlerden öwrenjek zadymyz kändir. Häzirki döwrüň iň uly jihady– adamlara ýagşylygy buýrup, olary erbetliklerden daşlaşdyrmak. Dünýäniň çar künjünde mähre mätäç adamlar ynsany ynsan edýän Yslamy gymmatlyklaryň we hakykatlaryň ýaşap görkezmekarkaly özlerine ýetirilmegine garaşýarlar.