«Men-ä, Walla, Beýle Çaga Gören Däldirin!..» Ymam Mälik

Kyssalar>>Ymam Mälik

Mälik bin Enes, Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem): «Medineden bir alym çykar. Adamlar dürli ýerlerden ylym öwrenmek üçin onuň ýanyna gelerler» diýip, ylmynyň tarypyny ýetiren we şol sebäpli hem, Yslam alymlarynyň arasynda «Hijret diýarynyň Ymamy» diýlip hormatlanan beýik alymlaryň biridir.
Mälik bin Enes heniz çagaka, ejesi ony ylma ugrukdyrmak üçin tagalla baryny edipdir. Ogly ýaňy dört ýaşyna gadam basanda, hamala uly adama ýüzlenýän ýaly:
– Diňle, balam! Meni söýýäniň çyn bolsa, okamalysyň, adamlara ýol görkezýän alym bolmalysyň – diýipdi.
Soňam perzendiniň elinden tutup, medresä äkidipdi. Ogluny ol ýerdäki sopudyr, halypalara tabşyryp gaýdypdy. Ýaşytdaşlary heniz arap elipbiýini öwrenip ýörkä, Mälik okap-ýazmaga başlapdy. Şeýlelikde, ol özüniň tapawutlydygyny görkezipdi. Ýene-de bir zat, deň-duşlary heniz namaz sürelerini bogna bölüp okaýan mahaly, ol Kurany-Kerimi ýat tutmak bagtyna eýe bolupdy. Bu menikli çaganyň ýiti zehinine we ajaýyp ýatkeşligine haýran galan halypasy ejesiniň ýanyna baryp:
– Eger çynym, men beýle ýiti hem-de edepli çaga görmändim – diýdi-de, maslahat berdi – Ony hökman ylym mejlislerine äkidiň!
Halypasynyň aýdanlaryndan ugur alan ejesi, körpe Mäligi Medinäniň abraýly alymlaryndan Abdurrahman bin Hürmüziň ýanyna iberdi. Mälik bu ýerde on üç ýyllap ürç edip, sabyr bilen ylym öwrendi, müňlerçe tomluk kitaplary okady. Ol munuň bilenem çäklenmän, Abdullah bin Omaryň azat eden ýesiri Nafini özüne halypa edinip, ylymda çuňlaşmaga başlady. Hezreti Nafi haçan gapysyny açsa, işiginde bu ýigidi gördi. Ýigit çykan Mäligiň doýmaz-dolmaz ylma teşneligi, ony hadys alymlarynyň arasynda belent mertebäni eýelän Ibni-Şihabyň dergähine eltdi. Bu amatly pursatdan ýerlikli peýdanlanmagy başaran Mälik onuň aýdanlaryna gulak asdy we hadys ylmynda hem ýetilmesi kyn derejelere ýetdi.