Älemi Ylmyna Gark Eden Kureýşli Alym: Ymam Şafy

Kyssalar>>Ymam Şafy

Ymam Şafynyň asyl ady Muhammetdir. Muhammet öz atasynyň Şafy adyny lakam tutunyp, şol at bilen meşhurlyga eýe bolupdyr. Beýle ýagdaý araplaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Onuň kakasynyň ady bolsa Idrisdir.
Muhammet heniz sallançakda çaga mahaly kakasyndan jyda düşýär. Ybadatlaryna aýratyn ähmiýet berýän ejesi, ýanýoldaşy ýogalansoň, oglunam alyp, dogduk diýary Mekgä gaýdýar. Kiçijik Muhammet okap-ýazmagy tiz öwrenýär we ýedi ýaşyny doldurmanka, Kurany-Kerimi ýat tutýar. Ylym mejlislerine gatnaşyp, alymlaryň ylmyndan peýdalanýar.
Körpe Muhammediň zehini diýseň ýiti bolýar. Bir gün deň-duşlarynyň biriniň sebäp bolmagy bilen, eline bir kitap düşýär. Kitabyň ady «Muwatta» bolup, Ymam Mäligiň eseridir. On ýaşlyja Muhammet kitaby tanşyndan dokuz gün puryja bilen okamaga alýar. Ol bu gysga wagtyň içinde alan kitabyny setirme-setir ýat tutýar.
Döwrüň beýik alymlaryndan Süfýan bin Uýeýne bu çaganyňylma bolan höwesinigörüp haýran galýar. Oňa aýratyn sapak bermäge başlaýar. Şeýlelikde, ol gysga wagtyň içinde çözülmesi kyn ylmy meseleleri hem, çöp döwen ýaly etmegi başarjak derejä ýetýär.
Ylmyň yşgyna düşen ýaş okuwçy «Muwattadan» alýan lezzetinden ganyp bilmeýär. Ymam Mälik hezretleri bilen tanyşmak maksady bilen Medinä gidýär. Ymam Mälik onuň gözlerinden, özüni alyp barşyndan gelejekde ylym äleminde tanymal kişi boljakdygyny aňýar.
Onuň halypasynyň ýanyna gidişini geliň, öz agzyndan eşideliň: «Mälik bin Enesiň ýanyna baranymda on ýaşymdadym. «Muwattany» ýatdan bilýärdim. Ol maňa:
– Kitaby okap biljek birini tap-da, ýanynda oturyp, oka! – diýdi. Menem:
– Özüm okap bilýärin – diýip jogap berdim. Soňra oňa «Muwattany» başdan-aýak ýatdan aýdyp berdim. Ymam Mälik şeýle diýdi:
– Eger biri bu işleri başaryp, kyýamat-ahyrda salamat boljak bolsa, ol hökman şu çaga bolar.»
Kimdir biri Kurany-Kerim bilen baglanyşykly ýa-da Yslam hukugyna degişli meselelerde Süfýan bin Uýeýnäsorag berse, ol heniz çagadygyna garamazdan, Ymam Şafyny görkezip:
– Baryň, şu çagadan soraň! – diýerdi.
Ymam Şafynyň uçursyz zehinli bolandygyny görkezen ýene bir waka-da şudur:
Kazy ähedem-dessem edip ýöräp barýardy. Şol wagt gahardan ýaňa hum ýaly çişen sany adam bir biçäräni süýräp, kazynyň öňüne getirdiler. Bulara seredip duran kiçijik Muhammet ýoldaşlaryna ümläp, wakanyň bolýan ýerine ylgap bardy. Dawagärlerden biri tolgunyp, sesini sandyradyp gürlemäge başlady:
– Kazym, biz üç dostduk. Bileleşip, zähmet çekdik-de, biraz-owlak pul gazandyk. Emma bir-birimize kän bir ynamymyz ýokdy. Öz aramyzda maslahatlaşyp, pulumyzy hemmämiziň ynanýan adamymyza – şuňa tabşyrdyk – diýip, golundan saklap duran adamyny görkezdi-de, sözüni dowam etdi – Soňam muňa «Üçümiz jem bolup gelmesek, hiç haýsymyza ýekeje köpügem beräýme» diýip tabşyrdyk. Ýöne welin, ol bize hyýanat etdi.
Kazy ezeneginden tutulyp, süýrelip getirilen adama göz aýlady-da:
– Sen näme aýtmakçy? Bularyň aýdýany dogrumy? – diýip sorady. Ol adam boýnuny hasam bükübräk, jogap berdi.
– Dogry, ýöne biraz kemter.
– O nähili?
– Bu üç dost maňa düýn agşam bir haltajykda altyn tabşyrdylar-da: «Jemlenişip gelmesek, hiç birimize beräýme» diýdiler. Olar ýaňy bir ýöräp ugransoňlar, bulardan biri yzyna öwrülip geldi-de, altynlary sorady. Men: «Serediň, berýändirin!» diýip gygyrdym, ol ikisem kellelerini yralap «Bolýar» diýdiler. Aýdyň hany, onsoň men dagy näme edeýin?
Kazy beýlekilere öwrülip:
– Ýeri, muňa näme aýtmaçy? – diýip sorady.
– Onam aýdyp bereli. Altynly haltajygy tabşyryp, ýaňy bir ýöräp ugradyk welin, şol wagt bärde bolmaýan üçünji ýoldaşymyz sakga durdy-da: «Ähli pulumyzy oňa amanat berdik. Indi, agşam näme iýeris?» diýip sorady. Bizem sowalga bolar diýip, puluň ujundan azajyk almagyna rugsat berdik. Wah, onuň beýdip, bar puly alyp gaçjagyny biz nirden bileli?! – diýip, iki ýoldaş ýerli-ýerden jogap berdiler.
– Hmm, düşnükli. Dostuňyz pullary alyp, gaçyp gitdi diýseňizläň...
– Hawa, ýöne biz diňe puly kime amanat goýan bolsak, şol adamymyzy bilýäris. Oňa: «Üçümiz jem bolup gelmesek, puly beräýme!» diýip, berk tabşyrdykmy? Tabşyrdyk. Olam muňa razy boldumy? Boldy. Agzyny açyp, aldanmaly däl ekeni. Türkanalyk edip, elindäkini aldyranam bolsa, goý, öwezini dolsun, jerimesini jübüsinden tölesin.
«Tölesin» diýäýmek dilde aňsat. Müýnli ýigit onça puly nireden tapsyn? Onsuzam gynanmakdan ýaňa onuň haly perişan. Aglamazlyk üçin aşaky dodaklaryny berk dişläp, ähli zada kaýyl bolup, boýnuny burup dur. Çalaja eşidilýän, sandyrawuk sesi bilen: «Men ýazykly, kazym, jezamy çekmäge-de razy!» diýýär. Merhemetli kazy gözlerini süzüp, sakgalyny daraklap durşuna, bir çykalga gözleýär. Emma tapanok.
Ine, şol pursatda, dawany keseden ünsli diňläp duran körpe Muhammet ýaňky ýigidiň donunyň synyndan çekip:
– Agam, gam çekme – diýýär. – Biderek ýere özüňi horlama.
– Neneň gam çekmäýin. Başyma inen towkyny senem eşitdiň ahyryn.
– Gel, sen meniň aýdanlaryma gulak as! Olara «Pully haltajyj mende» diý.
– Ýeri, seniň aýdyşyň ýaly bolsun, akyllyja oglanjyk. Aýdaly, kise mendemişin.
– Beren amanatlaryny almaklary üçin, bularyň üç adam bolmagy hökman dälmi?
– Hökman.
– Onda, olara: «Üçünji dostuňyzy getiriň-de, puluňyzy alaýyň!» diýip aýt.
Ine, heniz oglanjyk mahaly, paýhasy bilen gelejege ýagty saçan bu kiçijik ägirt ynsan«Ymam Şafy»bolmaly.
Hawa, Ymam Şafy Allah tarapyndan berilen zehinini Allahyň ýolunda sarp etmelidigini, ylym ýolunda sabyrly bolup, irginsiz zähmet çekmelidigini ündeýär. Ol bu ugurda belent derejelere ýetmekde nusga alarlyk şahsyýetdir. Adamyň durmuş ýolunda käbir bahanalary özüne tutaryk edinip, ylymda yzagalaklyk etmegi düýbünden ýalňyşdyr. Beýik Ymamyň heniz çagaka kakasyndan jyda düşendigine garamazdan, ejesiniň goltgy bermegi bilen, ylym we din ýolunda ýokary derejelere ýetmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.