Ahmed ibn Hanbel:

«Arafa güni tutulan oraza ondan öň we soň bir ýyllyk günäleri örter diýlip Allahdan umyt ediler»

Ylmyhal>>Orazanyň görnüşleri

Orazanyň görnüşleri

Farz oraza

Remezan aýynyň edasy-da, kazasy-da – farzdyr. Ebu Hanifä görä, remezan orazasyny kaza goýan kişi, ony islendik mubah günlerde tutup biler. Ymam Şafyga görä, diňe şol ýylyň dowamynda tutmalydyr.

Wajyp oraza

Munuň iki görnüşi bar:
1. Nezir oraza, ýagny, «Şu işim başa barsa, şunça gün oraza tutaryn» diýip, söz beren kişiniň dilegi ýerine düşenden soň, oraza tutmagy wajypdyr.
2. Nafile oraza tutýan kişi bir sebäp bilen orazasyny bozsa, bu orazany kaza etmegi wajypdyr.

Nafile (nepil) oraza

Bu oraza sünnet, mustahap, mendub ýa-da tatawwu’ diýlip atlandyrylýar. Nafile orazasy ýylyň dowamynda her gün tutulyp bilinýär. Ýöne käbir günlerde oraza tutmak has fazyletlidir. Pygamberimiz hem şol günlerde agzyny bekläpdir we başgalara-da muny ündäpdir. Nafile orazasyny şu günlerde tutmak has sogaplydyr:

1. Şewwal orazasy
Remezandan soňky aý şewwal aýydyr. Şewwal aýynda alty gün oraza tutmak mustahapdyr. Bulary baýramyň ertesi yzly-yzyna tutmak has fazyletlidir. Ýöne aýry-aýry günlerde-de tutmak bolýar. Şeýle hem kaza, nezir ýaly orazalar hem şu günlerde tutulsa has sogapdyr. Ebu Eýýubyň habar beren bir hadysynda şeýle diýilýär: «Kim Remezany orazaly geçirse, soň munuň üstüne şewwal aýyndan hem alty gün goşsa, tutuş bir ýyly orazaly geçiren ýaly bolar», (Ibni Maje, Tirmizi).

2. Sawmy Dawud–Dawudyň orazasy
Bu oraza günaşa tutulýar we nafile orazalaryň iň faziletlisidir. Pygamberimiz bu barada şeýle ündew eden: «Iň fazyletli oraza Dawudyň tutan orazasydyr. Dawud (a.s.) bir gün oraza tutsa, ertesi agzy açyk gezerdi». Abdullah b. Omar: «Men ondan has artygyny tutaryn» diýen-de, Pygamberimiz: «Mundan fazyletlisi ýokdur» diýipdir, (Müslim, Ibni Maje, Nesaýy).

3. Her aýda üç gün oraza tutmak
Her aýyň 13-14-15-nji günleri oraza tutmak mustahapdyr. Bu günlere «Eýýamy byýz» diýilýär. Ebu Zeriň (r.a.) aýtmagyna görä, Resulullah (s.a.w.) şeýle ündäpdir: «Her aýda üç gün oraza tutjak bolsaň, aýyň 13-14-15-nji günlerinde tut», (Buhary, Müslim).

4. Duşenbe we penşenbe günleri oraza tutmak
Usame b. Zeýd (r.a.) şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz duşenbe we penşenbe günleri oraza tutardy. Munuň sebäbi soralanda: «Ynsanlaryň amallary Allah Tagala duşenbe we penşenbe günlerinde arz edilýär» diýipdir. Başga bir rowaýatda: «Men amalymyň Beýik Rabbime orazalykam arz edilmegini halaýaryn» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir, (Ebu Dawud, Ibni Maje).

5. Arafa gününde oraza tutmak
Hajda bolmadyklara zilhijjäniň dokuzynjy güni oraza tutmak mustahapdyr. Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Arafa güni tutulan oraza ondan öň we soň bir ýyllyk günäleri örter diýlip Allahdan umyt ediler», (Ahmet b. Hanbel). Başga bir hadysynda: «Allah Tagalanyň ynsanlary jähennem odundan has köp halas eden güni – Arafa günüdir» diýýär, (Müslim).

6. Zilhijje aýynyň ilkinji sekiz gününde oraza tutmak
Bu barada hezreti Hafsa enemiz (r.anha) şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz dört zady hiç terk etmezdi – aşyr aýynyň orazasyny, zilhijjäniň ilkinji on güni we her aýda üç gün oraza tutmagy hem-de ertir namazynyň farzyndan öň iki rekagat namaz okamagy», (Nesaýy, Ahmet b. Hanbel).

7. Muharrem, ýagny, aşyr aýynda oraza tutmak
Muharrem aýynyň onunjy gününe «aşura» diýilýär. Pygamberimiziň şol günde hemişe oraza tutandygy aýdylýar.
Ibni Abbasyň rowaýat etmegine görä, Resulullah (s.a.w.) Medinä göçüp gelende, ýahudylaryň aşyr aýy agyz bekleýändigini görýär. «Bu agyz beklemek näme?» diýip soraýar. Olar: «Bu beýik bir gündür. Allah bu günlerde Musany we Israilogullaryny duşmandan halas edipdir. Şol sebäpli Musa bu günlerde oraza tutupdyr» diýdiler. Pygamberimiz:
– Men Musa sizden has ýakyndyryn – diýip, şol günlerde oraza tutulmagyny emr etdi, (Buhary, Ibni Maje, Mälik, «Muwatta»).
Ýöne diňe şol gün oraza tutmak mekruh saýylypdyr. Şonuň üçin onunjy güne öňünden ýa-da soňundan bir gün goşup tutmak maslahat berlipdir.

8. Haram aýlarda oraza tutmak
Haram aýlar diýilýän zilkade, zilhijje, muharrem (aşyr) we rejep aýlarynyň penşenbe, anna we şenbe günleri oraza tutmak mendupdyr.

9. Şaban – meret aýynda oraza tutmak
Hezreti Aişe enemiz şeýle gürrüň berýär: «Resulullah (s.a.w.) beýleki aýlara garanyňda, meret aýynda köp oraza tutardy. Ol meret aýyny tutuşlygyna orazaly geçirerdi», (Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi).