Hadysy Şerif:

«Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun»

Ylmyhal>>Orazanyň hikmetleri we peýdalary

Orazanyň hikmetleri we peýdalary

Orazanyň dünýewi we uhrewi, şahsy we ijtimagy bir giden peýdasy bardyr. Bularyň has möhümlerini agzap geçeliň.

Oraza ilahi nygmatlara şükürdir


Allah Tagalanyň Ýer ýüzünde ýaradan san-sajaksyz nygmatlarynyň ählisi ynsan bähbidi üçindir. Ol yhsan eden müň dürli nygmatlaryna derek, biziň diňe şükür etmegimizi isleýär. Şükür bolsa, ähli nygmatlaryň Allah tarapyndygyna düşünmegimiz, şol nygmatlara mätäçligimizi duýup, gadyryny doly bilmegimiz üçindir.

Oraza – çyn ýürekden diňe Allah üçin edilýän beýik amalyň hem şükranalygyň açarydyr. Çünki, köp kişi başga wagtlar açlygy bilmeýändigi üçin, ençeme nygmatyň gadyryny bilmeýär. Şol nygmatlara nähili derejede mätäçdigini hem doly duýmaýar. Emma agzaçar wagty, agzybeklilik sebäpli dörän işdä, gury çöregiň hem nähili gymmatly nygmatdygyny anyk duýdurýar. Netijede, baýu-garyp, her bir mü’min Allahyň berýän nygmatlaryna mätäçligini duýup, olaryň gadyryny bilip şükür edýär.

Ömrüni gaflat we nisýanda geçirýän, ülfet we ünsiýet perdesine bürenen her bir musulman remezan aýy gelende Rabbiň: «Oraza tutuň!» diýen emri bilen iýmekden, içmekden özüni saklamaga mejbur bolýar. Agşam agzaçar saçagynyň başynda Rabbiň: «Iýiň!» diýen emrine garaşýan wagty nygmatlaryň hakyky eýesini we mäligini tanaýar. Nygmaty nygmat bilip, şol nygmaty beren barada oýlanýar. Şeýlelikde, şükür wezipesine amal edýär.

«Eger şükür etseňiz, elbetde, nygmatymy artdyraryn. Ýok, eger gadyr bilmezlik etseňiz, azabymyň agyrdygy şübhesizdir», (Ibrahim, 7), aýaty nygmatlara şüküriň nähili zerurdygyny nygtaýar.

Orazanyň ijtimagy durmuşa bolan täsiri


Ynsan Allahyň ilahi takdyry sebäpli, ijtimagy durmuşda ýaşaýan bir barlykdyr. Şeýle hem, jemgyýetde gul-hojaýyn, baý-garyp, sagat-hassa, ýaş-garry... garym-gatymdyr. Şeýle dürli gatlakda ýaşaýan ynsan durmuşda biri-birine, elbetde, mätäçdir. Adamlaryň biri-birine goldaw berip ýaşamagy gutulgysyzdyr. Mysal üçin, maddy taýdan hiç hili müşgili bolmadyk, näz-nygmatdan doly suprada iýip-içip, bol-elin ýaşaýan, gurply baýyň açlyk, garyplyk, ýoksullyk gysajynda ýaşaýanlaryň hal-ýagdaýyna düşünmegi kyndyr. Oraza – baý kişiniň garyp adamyň halyna düşünmegine sebäp bolýan külli ybadatdyr. Bu nukdaýnazardan orazanyň ýerini tutup biljek başga ybadat ýokdur. Eger-de, baýyň rehim-şepagaty, adamkärçiligi ýitmedik bolsa, özi ýaly ynsan bolan garybyň derdine höwes bilen ýardam eder. Jemgyýetdäki synplar arasyndaky bähbitli gatnaşyk, birek-birege doganlyk goluny uzatmak düşünjesi saklanmadyk ýagdaýynda: garyplarda baýlara kine we görüplik, baýlarda bolsa garyplary äsgermezçilik, hakyny iýmek duýgulary ösýär. Bu bolsa jemgyýetiň asuda, parahat ösüşine howp salýar.

Orazanyň nebse täsiri

Ynsanyň nebsi hemişe erkinligi isleýär. Edenini etmek islegi onuň asyl durkunda bardyr. Ol ýaradylyşyndaky bu ejizligini, hatadyr günälerini görmek we kabul etmek islemeýär. San-sajaksyz nygmatlar içinde ýaşaýandygy barada asla oýlanmaýar. Üstesine, güýç-gurby bar mahaly gaflat içinde ilahi nygmatlary açgözlük bilen gysymynda saklap, hamala demirden bedeni, baky ömri bar ýaly, tutuş durky bilen dünýä yşkyna düşýär. Ençeme erbetlikleriň we günäleriň ýesiri bolup ýaşaýar.

Oraza: depseň deprenmez baýa-da, ýarlykly garyba-da, ýörär ýoluny aňlamaz gafyla-da, dünýeden nägile kejire-de, umuman her kese nebsiň hakyky ýüzüni görkezýär. Hiç kimiň nebsine buýrup bilmeýändigini, mälik däldigini, Allahyň emri we rugsady bolmasa, hiç bir zady başarmajakdygyny ýatladýar. Ynsan oraza arkaly nebsiň nä derejede ežizdigini, demirdendir öýdülen bedeniň nä derejede çydamsyzdygyny aç-açan görýär we akyl ýetirýär. Nebsiň tebigatyna doly düşünen ynsan akmaklygyny, tekepbirligini, nebsine tabynlygyny taşlap, hakyky wezipesi bolan şüküre we gulluk borjuna tabyn bolar. Erbet ahlakdan, günä we pis pişelerden saklanýar.

Nebis ruhuň garşysyna işleýän duýgudyr. Şeýtanyň dost bolmaýşy ýaly, nebse hem ynsana dost däldir. Ynsanyň ruhy kämillige ýetmegi üçin nebsiň jylawlanmagy zerurdyr. Şol sebäpli Pygamberimiz «Seniň iň uly duşmanyň iki gaşyň arasyndaky nebsiňdir» diýipdir. Serwerimiz bir söweşden dolanyp gelýärkä, «Indi kiçi jihatdan, uly jihada dolanyp barýarys» diýmek bilen nebsiň öňünde hemişe oýa bolmagymyzy sargyt edipdir.

Berhizli, çäkli naharlanmak arkaly ýogalaryň ruhy taýdan güýç-kuwwat gazanýandygy hemmämize mälim. Käbir mistikleriň nebse yza we jepa çekdirmek arkaly belli bir derejede ruhy kämillige ýetýändigi gadymdan bäri bilinýän zatdyr. Emma ne ýogalaryň ne-de mistikleriň ahyret üçin gazanýan zatlary ýokdur. Çünki, aç-suwsuz galmak we riýazat etmek diňe ybadat niýeti bilen amal edilende sogapdyr. Bu niýet musulmançylykda oraza görnüşinde ýüze çykýar.

Ynsandaky nefsi emmare – Allahy tanamak, Onuň emrine boýun egmek islemeýär, Fyragun ýaly özüni taňry derejesine galdyrmak isleýär. Nebsiň bu damaryny kesmek üçin diňe oraza tutmalydyr. Rowaýata görä, Allah Tagala nebisden:
–Men kim? Sen kimsiň? – diýip sorapdyr. Nebis:
– Men mendirin, sen sensiň – diýip jogap beripdir. Netijede, Allah ony dowzaha atýar. Soň ýene öňki sowalyny berýär. Nebsiň jogaby üýtgemeýär. Haýsy azaby berse-de, nebis tekepbirligini taşlamaýar. Ahyr soňy Allah nebsi uzak wagtlap aç-suwsuz goýýar. Soň täzeden soraýar:
–Men kim? Sen kim?
Nebis bu gezek şeýle jogap berýär:
– Sen meniň Rabbi Rahymymsyň, men bolsam, Seniň ejiz bir guluň.

Orazanyň beden saglygyna täsiri

Orazanyň beden saglygyna edýän peýdasyny şeýle sanap bileris:
Oraza sagdynlygyň açarydyr. Bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdirji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döreýär.

Oraza bedeniň açlyga-suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Bu ynsanyň gytçylyk, açlyk, uruş ýaly zerury kynçylyklara çydamlylygyny ösdürýär.

Oraza ynsanyň ömrüni uzaldýar. Uzak ýaşan bir hassa, medisina nukdaýnazaryndan uzak ömür süren hasaplanmaýar. Uzak ömür – bedeniň dynç we sagdyn ýaşamagy diýmekdir.

Orazanyň beden saglygy üçin ähmiýetini Pygamberimiz hadysy şeriflerinde şeýle beýan edýär: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun», («et-Tergib wet-Terhib»).

«Her bir zadyň bir zekaty bardyr. Bedeniň zekaty orazadyr», (Ibni Maje). Ýagny, zekat bermek maly nähili haramdan arassalaýan bolsa, oraza-da bedendäki zäherleri, artykmaçlyklary aýryp, adamy keselden goraýar.

Orazanyň ruhy saglyga täsiri

Oraza maddy taýdan berhiz bolşy ýaly, magnewi taýdan hem berhizdir.
Oraza günälere garşy galkandyr. Ol ynsanyň bedeni arzuwlaryny çäklendirip bilmek ukybyny ösdürýär. Şeýlelik bilen, ynsan agzybekli däl wagty hem her hili ýaramaz arzuw we meýilleriň öňüni almagy, halal we arassa ýaşamagy öwrenýär. Pygamberimiz şu hadysy bilen bu meseläni şeýle nygtaýar: «Kim maňa iki eňek we satan arasyny gorajaklygyna kepil geçse, men onuň jennete girjegine kepil geçerin», (Buhary).

Orazanyň tygşytly ýaşamaga täsiri

Oraza tygşytly ýaşamagy öwredýän iň möhüm düzgündir. Islän wagty, islän zadyny almaga endik eden kişi oraza wagty özüni saklamaga mejbur bolýar. Bu bolsa oňa tygşytlylyk getirýär.

Orazanyň ahyret bähbidi

Oraza diňe iýmek-içmek we jynsy gatnaşykdan saklanmak diýmek däldir. Hakyky oraza ynsanyň maddy we ruhy agzalarynyň ählisiniň oraza tutmagydyr. Diliň gybat etmezligi, hapa söz aýtmazlygy, gözüň harama bakmazlygy, gulagyň haram sözi eşitmezligi, kalbyň erbet oý-pikir etmezligi muňa mysaldyr. Aslynda, musulman ömürboýy şeýle ýaşamalydyr. Başgaça aýdanymyzda, bu mübärek aýda Kurany Kerimiň Pygamberimize inderilip başlanmagynyň hatyrasyna Kuran okamak, Allahy zikr etmek, maddy mätäçlik çekýänlere jomartlyk bilen sadaka bermek, yslamyň hakykatlaryny mätäç köňüllere ýetirmek üçin ýol sökmekdir. Eger şeýle bolmadyk bolsa, Nebiler Serweri: (s.a.w.) «Ýalan sözlemegi, ýalan sözler bilen amal etmegi taşlamadyk agzybekli kişiniň iýmek-içmekden saklanmagyna Allahyň mätäçligi ýokdur» (Ibni Maje) diýermidi?!

Bu dünýä ynsanyň ahyretini gazanmagy üçin ekin meýdany, söwda bazarydyr. Oraza aýy bolan Remezany şerif ynsanyň ahyret söwdasyny etmegi üçin bähbitli pursatdyr. Çünki, Remezany şerifde bir amala müň sogap bardyr. Kurany Kerimiň her bir harpynyň sogaby hadyslarda beýan edilişine görä, on hasanekä, Remezany şerifde her bir harpyň sogaby on däl, müň esse, Aýatel kürsi ýaly käbir aýatlaryň her bir harpy üçin beriljek sogap müňlerçe essedir. Remezany şerifiň jumgalarynda has hem köp, Gadyr gijesinde bolsa munuň sogaby otuz müňe çenli ýetýär.

Ynsan pany dünýäde, pany bolan gysga ömürde baky durmuşy gazandyrýan, eden günäleriniň bagyşlanýan, dowzah gapylarynyň ýapylyp, jennet gapylarynyň açylýan, her agzaçar wagtynda dowzahdan azat edilýän, içinde müň aýdan haýyrly Gadyr gijesi bolan Remezany şerifi pursat bilip, hakyky manyda oraza tutmak bilen hem dünýä, hem ahyret sagadatyna ýetmelidir.