Bakara süresi, 184-nji aýat

«Sizden her kim hassa bolup, ýa-da saparda bolan ýagdaýynda, tutmadyk günleriniň sanyça soň oraza tutsun»

Ylmyhal>>Orazanyň şertleri

Orazanyň şertleri

Orazanyň şertleri ikä bölünýär:

A) Orazanyň farz bolmagynyň şertleri:

1. Musulman bolmak.
Remezanda yslama giren biri orazasyny şol gün tutup başlamalydyr. Onuň öňki günäleri örtüler. Allah Tagala şeýle buýurýar: «Käfirlere aýt, eger küfür etmeklerini bes etseler, ýagny, musulman bolsalar, olaryň öňki günäleri örtüler», (Enfal, 38).

2. Akyly ýerinde we bulug ýaşyna ýeten bolmak.
Çaga, dälä, serhoşa, çaşýan adama oraza tutmak bolmaýar. Hanefi, şafygy we hanbelilere görä, ýedi ýaşyna ýeten, oraza tutup biljek ýagdaýdaky çagada hem oraza tutmaga höwes döredilmegi makul görülýär. Bularyň orazalary sahyhdyr. Munuň maksady çagany oraza öwrenişdirmekdir. Remezan aýynyň dowamynda akyly üýtgän kişi şol ýylyň orazasyny tutmaýar, soň kazasyny hem etmän bilýär. Ýöne çaşmak kişiniň egninden ybadat we kaza jogapkärçiligini aýyrmaýar. Çünki, çaşmak uzak wagta çekýän kesel däldir. Serhoşlyk hem çaşmak ýalydyr.

3. Oraza tutmaga güýç ýetmek we mukym bolmak
Hassa we ýolagça oraza tutmak farz däldir. Ýöne oraza tutsa, orazasy sahyhdyr. Eger oraza tutmasa, tutmadyk günlerini kaza etmelidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle höküm bar: «Belli günlerde oraza tutuň. Sizden biri hassa, ýa-da saparda bolsa, tutmadyk günleriniň sanyna deň oraza tutsun. Oraza tutmaga güýji ýetmedikler bir ýoksuly doýrup biljek fidýe bersin. Kim çyn ýürekden bir haýyr iş etse, ol özi üçin has haýyrlydyr. Eger bilseňiz, oraza tutmak siziň üçin has haýyrlydyr», (Bakara, 184). Garrylyk sebäpli güýji ýetmeýäne, özi ýa-da çagasy zyýan görjek göwreli hem emdirýän aýala oraza tutmak farz däldir. Garry oraza ýerine fidýe bermeli, beýlekiler bolsa kazasyny tutmalydyr.

B) Orazanyň syhhatynyň şertleri

1. Haýz we nifasdan arassalanmak
Haýz we nifas halyndaky aýalyň oraza tutmagy haramdyr, eger tutsa orazasy kabul däldir. Bu ýagdaýdaky aýal tutmadyk orazasyny arassa günleri kaza etmeli, namazyny bolsa, kaza etmeli däldir.
Ertir namazynyň wagtyndan öň arassalanan aýal ertir namazynyň wagty girenden soň ýuwunsa, şol günüň orazasyny tutmalydyr.
Jünüplik we ihtilam (ukuda iniň hapalanmagy) bolmak, orazanyň syhhatyna zyýan ýetirmez. Selällikden öň jynsy gatnaşykda bolup, gusul almaga ýetişip bilmedik kişi selälikden soň ýuwnup orazasyny tutmaly. Şeýle hem gündiz ukudaka ini hapalananyň orazasy bozulmaýar.

2. Niýet.
Islendik oraza üçin kalbyňda niýet etmek ýeterlikdir. Oraza üçin selällige turmak hem niýetdir. Niýetiň dil bilen aýdylmagy mendupdyr.
Orazalar niýet ediljek wagty taýyndan iki görnüşe bölünýär:

a) Gijeden niýet edilmegi we bellenmegi şert bolan oraza
Bular: remezan orazasynyň kazasy, başlanan nafile orazasynyň kazasy, her hili keffaret orazalar we mutlak nezir, ýagny, güni anyk edilmedik nezir oraza.
Şeýle görnüşdäki orazalara gije ýa-da ikinji fejriň başlarynda niýet edilmegi şertdir. Şeýle hem bu orazalaryň haýsydygy niýetde anyk edilmelidir. Bularyň islendigi üçin fejirden soň niýet edilse ýa-da bulardan haýsysynyň tutuljagy anyk belli edilmese, bu oraza sahyh bolmaz. Çünki, bu orazalary tutmak üçin belli bir gün ýokdur. Bularyň haýsy gün tutuljakdygy diňe niýet bilen anyk edilýär.
Beýleki tarapdan, agşamdan şeýle orazadan birini niýet edinen kişiniň selällige turmagy niýet ýerine geçer. Ýöne ikinji fejirden soň, niýet edip, oraza tutmak jaýyz däldir. Eger tutulsa nafile bolar.

b) Gijeden niýetlenmek we bellemek şerti ýok orazalar
Bular: remezan orazasy, güni anyk edilen nezir oraza we nafile orazalarydyr. Şeýle orazalara niýetiň wagty, Gün ýaşandan ertesi gün zewal wagtyna çenlidir. Bu wagt aralygynda niýet etmek bolýar. Ýöne Gün ýaşmazyndan öň, ýa-da istiwa wagtynda (Gün dik depedekä), ýa-da öýle wagtyndan agşama çenli aralykda hiç bir oraza niýet edilmeýär.

Istiwa wagtyna çenli aralykda niýet etmek üçin, ikinji fejirden soň iýmek-içmek ýaly orazany bozýan hallardan saklanmak gerekdir. Eger bilgeşleýin, ýa-da säwlik bilen orazany bozýan bir amal edilse, niýet etmek dürs däldir.

Zewaldan öň nafile orazasyny niýet etmegiň dürsdügini görkezýän hadysy şerifler bardyr:

Pygamberimiz bir gün hz. Aişeden «Öýle nahary barmy?» diýip soraýar. Hezreti Aişeden naharyň ýokdugyny eşiden Pygamber Serwerimiz: «Onda, men oraza tutýaryn» diýip, oraza niýet edýär, (Darekutni).

Şafygylara görä, remezanda farz oraza üçin ýa-da beýleki wagtlarda kaza we nezir orazalary üçin gijeden niýetlenmek şertdir. Ýöne nafile orazasy üçin zewal wagtyna çenli niýetlenseň bolýar.

Oraza niýet etmegiň görnüşi
Remezan orazasy, güni bellenen nezir orazasy, islendik nafile orazasy üçin mutlak niýet ýeterlikdir. Ýagny, «ertirki günüň orazasyny tutmaga, ertir oraza tutmaga, ertir nafile orazasyny tutmaga» diýlip, niýet edilýär. Bu orazalar üçin gije niýet edip, şeýle diýilmegi has fazyletlidir: «ertirki remezan orazasyny tutmaga niýet etdim».
Remezanyň her güni üçin aýratyn niýet gerekdir. Çünki, ara gije düşýär. Şeýle hem her günüň orazasy özbaşyna bir ybadatdyr. Şonuň üçin bir günüň orazasy bozulsa, diňe şol günüňki bozular, beýleki günüň syhhatyna päsgel bermez.
Bir kişi remezan aýynda remezandygyny bilip, oraza tutmaga niýet etmedik bolsa, sahyh rowaýata görä, orazaly bolmaz.
Bir kaza orazasyna fejriň dogmagyndan soň niýet ediljek bolsa, munuň bilen kaza sahyh bolmajakdygy üçin, nafile orazasy tutuldygy bolýar. Eger bu oraza tutulmajak bolsa, soň kaza edilmelidir. Çünki, başlanan ybadat ýarpy edilip goýulmaly däldir.
«Inşallah, ertir oraza tutmaga niýet etdim» diýlip, edilen niýet dürsdür. Ýöne «Ertir zyýapata ýa-da sadaka çagyrylsam, iftar etmäge, çagyrylmasam oraza tutmaga» diýip, edilen niýet dürs däldir. Şeýle gümana niýet bilen oraza tutulmaýar.
Remezan gijesi, ýa-da gündizi çaşan, aklyndan azaşan istiwa wagtyndan öň özüne gelip, oraza niýet etse dürsdür. Ol oraza tutan hasaplanýar.
Bir kişi remezan aýynda başga bir wajyp oraza niýet etmedik bolsa, remezan orazasyna niýet eden saýylýar. Bu meselede imameýne görä, mukym bilen mysapyryň arasynda tapawut ýokdur.
Eger-de mysapyr nafile orazasyna niýet etjek bolsa, remezan orazasyna niýet edildigi bolar. Hassa hem edil mysapyr ýalydyr.
Bir oraza üçin hem keffaret, hem-de nafile diýlip niýet edilse, keffaret hökmünde jaýyz bolar. Ýöne hem kaza, hem ýemin keffareti üçin niýet edilse, ikisi-de dürs bolmaz. Çünki, bular biri-birine gapma-garşydyr. Şeýle oraza nafile bolar.
Bir aýal heniz adaty dowam edýän wagty gije oraza niýet edip, fejirden öň arassalanjak bolsa, orazasy sahyh bolar.
Bir ýa-da birnäçe remezandan kazasy bolan kişi bulary kaza eden mahaly: «Boýnumda kazasy bolan ilkinji oraza» diýip niýet etse, has fazyletlidir. Ýöne diňe kaza diýip niýet etse hem ýeterlikdir.

Oraza tutmak mubah we haram bolan uzurlar

Şu aşakdaky sebäpler netijesinde oraza tutmazlyk ýa-da tutulan orazany açmak mubahdyr. Ýagny, kişiniň özygtyýarydyr:

1. Sapar – ýolagçylyk
Remezanda fykyh taýdan mysapyr bolan, ýagny, 90 kilometrden uzak aralyga ýolagçylyga çykan kişi gijeden oraza niýet etmän biler. Ýöne bir kişi oraza tutup başlandan soň, gündiz sapara çyksa, şol ilkinji gün orazasyny tutmagy dowam etmelidir. Muňa garamazdan, orazasyny bozsa, soň diňe kazasyny tutmalydyr. Çünki, orazany ýolagçylyk uzury sebäpli bozmaga rugsat edilýär. Bu mesele bilen baglanyşykly Kurany Kerimde şeýle aýdylýar:
«Sizden her kim hassa bolup, ýa-da saparda bolan ýagdaýynda, tutmadyk günleriniň sanyça soň oraza tutsun», (Bakara, 184).
Mysapyr kişi kynçylyk ýok mahaly oraza tutsa, has fazyletlidir. Çünki, ýokarda agzan aýatymyzyň soňunda:
«Eger bilseňiz, oraza tutmak siziň üçin has haýyrlydyr» diýilýär.
Şafygy we hanbelilere görä, mysapyr gijeden niýetlenen orazasyny bozup biler. Munuň delili Ibni Abbasdan rowaýat edilen şu hadysdyr: «Resulullah remezan aýynda Mekge ýörişine çykdy. Kedid diýlen ýere barýança, agzy beklidi. Ol ýerde orazasyny bozdy, beýleki sahabalar hem bozdy», (Buhar, Müslim, Nesaýy).

2. Hassalyk
Bir kişi oraza tutan ýagdaýynda ölmek, ýa-da derdiniň beterlemegi, ýa-da akylyndan azaşmak howpy bar bolsa, oraza tutman biler. Agzybekli bolsa orazasyny açyp biler. Soň ýagşy bolanda tutmadyk günleriniň diňe kazasyny tutsa bolar.
Orazanyň hassanyň saglygy üçin howp döretjegi-döretmejegi barada ynanylýan, musulman lukmana ýüz tutulmalydyr we onuň maslahatyna tabyn bolmalydyr.
Oraza tutsa hassa boljakdygyna gözi ýetýän ýa-da ynamdar lukmanyň maslahatyna daýanýan kişi hassa hökmündedir.

3. Göwreli bolmak we çaga emdirmek
Remezanda göwreli, ýa-da çaga emdirýän aýal özüne ýa-da çagasyna zyýan gelmeginden gorksa, oraza tutman biler. Ýöne soň kazasy edilmelidir. Göwreli we çaga emdirýän aýalyň oraza tutmazlygynyň jaýyzdygynyň delili hassa we mysapyra kyýas edilendir. Başga bir delil bolsa, Pygamberimiziň şu hadysydyr: «Allah Tagala ýolagçydan orazany we namazyň ýarysyny aýrandyr. Göwreli we çaga emdirýän aýallardan bolsa orazany aýrandyr», (Nesaýy, Ibni Maje, Ahmet b. Hanbel).

4. Garrylyk
Ýylyň islendik paslynda oraza tutmakdan ejiz garrynyň oraza tutmazlygy ijmag bilen jaýyzdyr. Ol orazasyny kaza etmece-de bolýar. Çünki, oraza tutup biljek ýagdaýda däldir. Ýöne tutmadyk her güni üçin bir ýoksuly ertirine-agşamyna doýurjak mukdarda fidýe bermelidir. Çünki, Kurany Kerimde:
«Oraza tutmaga güýji ýetmeýänler bir ýoksuly doýurjak mukdarda fidýe bermelidir», (Bakara, 184), diýilýär. Ibni Abbas bu aýatda oraza tutmaga güýji ýetmeýän garrylaryň-da göz öňünde tutulýandygyny belleýär.
Gowulaşmak umydy bolmadyk hassa hem garry ýalydyr. Çünki, Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Allah siziň üçin dinde kynçylyk döretmändir», (Haj, 78). Ýöne remezanda oraza tutmaga güýji ýetmedik, soňra kaza etmäge mümkinçilik dörän kişi fidýe bermän kazasyny tutmalydyr.
Oraza fidýesi remezanyň başynda ýa-da soňunda berlip bilner. Otuz günüň fidýesi garyplara paýlansa-da, diňe bir garyba bir gezekde berilse-de bolar.
Hemişe ýarawsyz bir adam hassalygy sebäpli oraza fidýesini berýän bolsa,soňra hem sagalyp oraza tutmaga güýji ýetse, fidýäniň hökümi galmaz. Ol oraza tutup, öňkilerini hem kaza etmelidir.

5. Duşman bilen söweş
Remezan aýynda söweş edýän yslam goşuny aç-suwsuzlykdan kynçylyk çekmez ýaly oraza tutman biler. Bular uruşdan soň, kazasyny tutmalydyr.

6. Zora düşmek
Oraza tutýana zor salnan ýagdaýynda orazasyny bozup biler. Ýöne orazasyny bozmany üçin zulum edilip öldürilse günäkär bolmaz. Belki, uly sogap gazanyp, dinine wepalydygyny görkezer. Eger zor salnan kişi hassa ýa-da ýolagçy bolup, orazasyny açmany üçin öldürilse günäkär bolar. Çünki, olara yslamda oraza tutmazlyga rugsat edilýär.

7. Güýçli açlyk we suwsuzlyk
Güýçli açlyk we suwsuzlykdan heläk boljagyndan, ýa-da akylyna zeper ýetjeginden howp eden kişi orazasyny açyp biler. Soňra kazasyny tutmalydyr. Ölüm howpy bar ýagdaýynda oraza tutmak haramdyr. Çünki, Allah Tagala: «Öz elleriňiz bilen özüňizi howply ýagdaýa salmaň» (Bakara, 195), «Özüňize kast etmäň, Allahyň size örän merhemetlidigi şübhesizdir», (Nisa, 29) diýip buýurýar.

8. Zyýapat
Zyýapat beren ýa-da zyýapata çagyrylan ýagdaýyňda diňe nafile orazasyny açmak bolýar. Soňra onuň kazasyny tutmalydyr. Çünki, oraza dowam edilse, bir musulman doganyny öýkeletmegi ahmaldyr. Farz we wajyp orazany zyýapat we sadaka sebäpli açmak bolmaýar.

9. Agyr işde işlemek
Agyr işde işleýän kişi oraza tutan ýagdaýynda janyna zeper ýetmeginden howp etse, işini taşlan ýagdaýynda-da eklenjini gazanyp bilmejek bolsa, orazasyny bozsa bolar, ýöne soň kazasyny tutmalydyr. Eger kaza etmäge mümkinçiligi bolmasa, fidýe bermelidir.
Agyr işde işleýän kişi işi sebäpli hassa boljagyny bilse hem, hassa bolmanka orazasyny bozsa ýa-da asla oraza tutmasa dürs däldir.

10. Haýz we nifas haly
Bir aýal remezanda gündiz adat görse ýa-da çaga dogursa orazasy bozulýar. Adat günlerinde we çile möhletiniň dowamynda oraza tutmak haramdyr.
Bir aýal adat gününi hasaplap, orazasyny bozan ýagdaýynda şol gün adat görmese, keffaret tutmagy gerekdir. Şonuň üçin oraza diňe adat görlenden soň bozulmalydyr.
Remezanda adat gören aýal adaty kesilip arassalansa, eger adat güni doly on gün bolsa, ertesi remezan orazasyna başlamaly. Ýöne on günden az bolsa, adaty kesilenden soň imsak wagtyna çenli ýuwunmaga wagty bar bolsa, oraza başlamalydyr. Eger ýeterlik wagt ýok bolsa, şol gün agzyny beklemeli däl. Çünki, on günden az adat gören babatda, ýuwunmak wagty hem adat güni saýylýar.
Hassa, mysapyr, haýzly ýa-da çileli aýallaryň özlerini oraza tutýan ýaly görkezmekleri hökman däldir. Ýöne bularyň ýagdaýyny bilmeýän kişileriň töhmetinden goranmak we oraza tutýanlara hormat üçin gizlin iýip-içmekleri has gowudyr.

Orazaly üçin mustahap zatlar

1. Selällige turmak we selälligi gijäniň ahyryna çenli gijikdirmek.
Pygamberimiz selällige turmagy ençeme hadysynda ündäpdir. Bir hadysynda: «Selällige turuň! Çünki, selällik naharynda bereket bardyr», (Buhary, Müslim, Tirmizi), diýýär. Başga bir hadysynda: «Selällik nahary bereketdir. Bir ýuwdum suw bilen hem bolsa, ony taşlamaň. Çünki, Allah we Onuň melekleri selällik iýýänlere rahmet we istigfar eder», (Ahmet b. Hanbel) diýipdir.
Selällik naharyny gijikdirmegiň mustahapdygy barada bolsa, Pygamberimiz şeýle buýrupdyr: «Ymmatym agzaçarda howlugyp, selälligi gijikdirdigiçe haýyr işdedir», (Buhary, Müslim, Tirmizi).

2. Agşam namazyndan öň howlugyp agyz açmak.
Agyz açman namaza durmagyň kalby bimaza etjekdigi üçin, namazdan öň agyz açmak mustahapdyr. Hadys çeşmelerine görä, Pygamberimiz agzyny açman agşam namazyny okamaz eken, ilki bir-iki sany hurmany iýer ýa-da bir ýuwdum suw içer eken. Soňra namazyny okap, asyl naharyny bolsa namazdan soň iýer eken.

3. Hurma ýaly süýji miwe bilen ýa-da suw bilen agzaçmak.

4. Agzyňy açaňda şu dogany okamak.
Manysy: «Allahym Seniň üçin oraza tutdum, Saňa iman edip, ýene Saňa daýandym we Seniň beren ryzkyň bilen hem orazamy açdym», (Ebu Dawud, Ibni Maje).

5. Orazaly kişilere, garyplara haýyr-yhsan we hödür-kerem etmek.
Munda iň gowusy agyz açdyrmakdyr. Çünki, Pygamberimiz «Orazaly bir kişä iftar etdiren, orazalynyň aljak sogabyça sogap gazanar we orazalynyň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibni Maje, Ahmet b. Hanbel), diýipdir. Pygamberimiz remezanda sadaka paýlamagyny artdyrar eken.

6. Ertir namazynyň wagty girmezden jünüplik, haýz we nifasdan arassalanmak.
Agzyň beklikä, suwa düşmek jaýyzdyr. Ýöne ýuwnanyňda, suw ýuwutmazlyga üns bermelidir.

7. Orazalynyň dilini hapa sözden, gybatdan we boş sözlerden saklamak.
Orazaly kişi aşgazanyndan başga, göz, gulak, kalp ýaly, ähli agzalaryny, hyýal, pikir ýaly duýgularyny hem haram işlerden saklamalydyr. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle aýdýar: «Ýalan sözlemäni, ýalan sözler bilen amal etmäni terk etmeýän kişiniň iýmegini-içmegini terk etmegine Allahyň mätäçligi ýokdur», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje). Başga bir hadysynda bolsa: «Nije oraza tutanlar bardyr, olara orazadan aç-suwsuz gezmekden başga peýda bolmaz. Nije gije turup nafile ybadat edenler bardyr olara hem ukudan galmakdan başga peýda ýokdur», (Ibni Maje), diýilýär.

8. Ylym we Kurany Kerim okamak, zikir we salawaty şerife aýtmak.
Buhary we Müslimden rowaýat edilen bir hadysda şeýle aýdylýar: «Hezreti Muhammet (s.a.w.) remezan aýynda her gije Jebrail bilen duşuşyp, Kurany Kerimi müzakere we mukabele ederdi», ýagny Pygamberimiz özüne wahý edilen Kurany Jebraile okap bererdi, Ol hem diňlärdi.

9. Remezanyň soňky on gününde itikafa girmek.
Itikafa girmek nebsi haramdan, gadagan edilen zatlardan gorap saklaýar. Şeýle hem Gadyr gijesine duş gelmek umydy we mümkinçiligi artýar. Pygamberimiz orazanyň soňky on gününde has köp ybadat we tagat edýärdi. Hezreti Aişe (r.anha) şeýle gürrüň berýär: «Resulullah remezanyň soňky on güni girende, tutuş gijäni ybadatda geçirerdi, içersini oýarardy we aýallaryndan daş durardy», (Müslim, Tirmizi, Darimi, Ahmet b. Hanbel).

Orazaly üçin mekruh we mekruh däl zatlar

1. Sebäpsiz bir zady datmak we çeýnemek mekruhdyr. Ýöne äri erbet häsiýetli bolan bir aýal bişiren naharyny ýuwutman duzuny dadyp biler, ýa-da aldanmak howpy bar bolsa, satyn alýan iýmitiniň tagamyny ýuwutman barlap biler.

2. Orazaly kişiniň öň çeýnelen, şekeri galmadyk sakgyjy çeýnemegi mekruhdyr. Täze sakgyç çeýnemek bolsa jaýyz däldir, orazany bozýar.

3. Jynsy gatnaşyga eltmek ähtimallygy bolan ýagdaýynda aýalyň bilen öpüşmek, gujaklaşmak mekruhdyr. Bu herekete – fahyş mubaşeret – aşa ýakynlaşmak diýilýär.
Jynsy gatnaşyk islegi bolman, ýöne öpüşmek we gujaklaşmak oraza zelel bermez. Çünki, hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiziň orazalyka aýallaryny öpendigi, olar bilen degşendigi barada habar berilýär, (Ibni Maje, Mälik «Muwatta»).

4. Eger kişiniň ysgynyny alyp, agyz bekläp bilmejek derejä getirjek bolsa, gan aldyrmak mekruhdyr. Ýogsa bu mekruh däldir. Şeýle hem mümkin bolsa, Gün ýaşandan soň gan aldyrmak has laýygydyr.

5. Orazalynyň suw bilen öllenen miswagy ulanmagy Ymamy Ebu Ýusufa görä mekruhdyr. Ýöne beýleki alymlara görä, ertir, ýa-da zewaldan soň, öl ýa-da gury miswak ulanmakda kerahet ýokdur. Orazalynyň diş pastasyny ulanmagy mekruhdyr.

6. Orazaly kişiniň jünüp ýagdaýda ertire ýetmegi oraza zelel bermez. Ýöne mümkin bolsa, gije ýuwunmak has fazyletlidir. Çünki, şeýle edilse, oraza ybadatyna arassa başlanýar. Gündiz ukusynda ihtilam bolmak hem orazany bozmaz.

7. Salkynlamak üçin agza burna suw almak, sowuk suw bilen ýuwunmak Ymam Agzama görä mekruhdyr. Çünki, şeýle hereket ybadatda darykmakdyr. Ýöne Ymam Ebu Ýusufa görä, munda kerahet ýokdur. Çünki, şeýle etmek bilen ybadata kömek edilip, kyn ýagdaý ýeňlip geçilýär. Fetwa hem şoňa görädir.
Orazaly kişiniň istinja we taharet kylanda agzyna, burnuna köp suw alyp aşa geçmegi mekruhdyr.

8. Orazalynyň gül, gül suwy, müşki anbar ýaly yslary ysgamagy mekruh däldir. Emma hanefilerden başga beýleki üç mezhebe görä, ysly atyr sepinmek we ýörite ysgamak mekruhdyr.

9. Tüýküligiňi agzyňda jemläp ýuwutmak mekruhdyr.