Bakara süresi, 185-nji aýat

«Sizden her kim remezan aýyna ýetende oraza tutsun»

Ylmyhal>>Orazanyň wagty

Orazanyň wagty

Orazanyň wagty «imsak» diýilýän ikinji fejirden başlap, Gün ýaşýança dowam edýän aralykdyr. Agyz beklemäge haçan başlanmalydygy meselesinde yhtylaf bardyr. Käbir alymlara görä, ikinji fejriň dogýan wagty esasdyr. Ätiýaçlyk üçin dürs hasap edilýäni hem şudur. Käbir alymlara görä bolsa, ýagtylyk sähel uzap, soň ýaýrap başlan wagty esas alynýar. Bu oraza tutjaklar üçin has oňaýlydyr.

Kurany Kerim agyz beklemek we agyz açmak wagtyny şeýle suratlandyrýar:
«Fejrde ak ýüplük gara ýüplükden aýyl-saýyl edilýänçä iýip-içiň», ýagny, daň wagty gijäniň garaňkylygyndan aýyl-saýyl edilýänçä, iýip-içiň. Soň agşama çenli agzyňyzy bekläň», (Bakara, 187).

Häzirki döwürde bu meseleler kesgitli çözülendir. Ygtybarly kişileriň fetwalary esasynda taýýarlanan remezan kalendary (imsakiýe) oraza tutýanlaryň arkaýyn amal edip biljek wagt aralygyny kesgitleýär.

Remezan orazasy howa açykka Aýy görmek bilen, bulutly mahal meret aýyny 30 güne ýetirip tamamlamak farz bolýar. Çünki, Allah Tagala şeýle buýurýar: «Sizden her kim remezan aýyna ýetende oraza tutsun», (Bakara, 185).

Hilal (Aý) görmek

Pygamberimiz bir hadysynda: «Hilaly (Aýy) göreniňizde oraza tutuň, Hilaly göreniňizde agzyňyzy açyň! Eger howa bulutly bolsa, meret aýyny otuza ýetiriň» diýýär, (Buhary, Müslim, Nesaýy). Buharynyň başga bir rowaýatynda: «Aý 29 gündür. Aýy görmän agyz beklemäň. Eger howa bulutly bolsa, meret aýyny otuza ýetiriň» diýilýär. Müslimiň bir hadysynda bolsa: Resulullah remezandan söz açanda, iki elini biri-birine birikdirip eden üç hereketi bilen aýyň otuz günden ybaratdygyny görkezýär. Soňra başam barmagyny we süýem barmagyny Hilal şekilinde büküp: «Aýy gören wagtyňyz oraza tutuň, Aýy gören wagtyňyz agzyňyzy açyň. Eger üstüňize bulut gelse, meret aýyny otuza ýetiriň» diýip düşündirýär.

Kamary aýlar ýylyň dowamynda iki, üç ýa-da dört aý yzly-yzyna 29 gün bolup biler. Ýöne köplenç bir aý 29 gün, bir aý 30 gün bolýar.

Hadyslarda aýdylyşyna görä, remezan aýynyň başlangyjyny kesgitlemek üçin meret aýynyň 29-njy güni Gün ýaşandan soň, täze dogan Aýy – remezan Hilalyny görjek bolmaly. Hilal görünse, ertesi gün oraza niýet edilýär. Eger howa bulutly bolup, Hilal görünmese, meret aýy 30 güne ýetirilip, ertesi gün remezan orazasyna başlanýar. Ýene remezan aýynyň 29-njy güni Gün ýaşandan soň, şewwal aýynyň Hilalyny görjek bolmaly. Hilal görünse, ertesi gün agyz açylyp, baýram edilýär. Eger görünmese, remezan aýy otuz güne ýetirilýär.
Pygamberimiz Hilaly gören wagty remezanyň bereketli we asuda geçmegi üçin doga eder eken.

Hilalyň görünmeli wagty

Gün ýaşandan soň has aňsat görünýändigi şeýle hem hasabyň anyk kesgitlenjekdigi üçin, alymlaryň aglabasy Hilalyň gündiz däl-de, Gün ýaşandan soň görünýändigini aýdypdyrlar. Şonuň üçin Ebu Hanife we Ymam Muhammede görä, zewal wagtyndan öň ýa-da soň, görlen Hilal bilen oraza başlamagam, agyz açmagam bolmaýar. Beýleki üç mezhep hem şuny kabul edýär. Çünki, bu Hilal ertirki gijä degişlidir. Ymam Ebu Ýusufa görä bolsa, zewaldan soň görlen Hilal ertirki gijä, zewaldan öň görleni bolsa geçen gijä degişlidir. Şol sebäpli, munuň bilen remezan, ýa-da baýram belli bolýar. Çünki, Hilal iki gijelik bolmasa, adatça, zewaldan öň görünmeýär.

Hilalyň görünmegi meselesi gadymdan bäri jedelli meseleleriň biri bolupdyr. Şeýle hem remezan Hilalynyň görünmeginde adaty göz bilen görmek, ýa-da astronomik hasaplara esaslanmak dürsmi?
Hilalyň Gün ýaşandan soň görünmegi kamary aýyň biriniň gutaryp, beýlekisiniň başlanandygyny görkezýär. Hilal ilki doganda, örän inçe we juda gysga wagtda ýaşýandygy üçin, bu Hilaly görmek üçin uly üns we tejribe gerekdir. Şol wagt sähelçe bulut hem Hilalyň öňüni tutup biler. Şonuň üçin Pygamberimiz şeýle ýagdaýda aýy otuz güne ýetirmegi emr edipdir.

Ýer şarynyň togalakdygy sebäpli, Hilalyň bir ýerde görnüp, başga bir ýerde görünmezligi mümkindir. Muňa «yhtylafy metali», ýagny, Aýyň dogýan ýeriniň we wagtynyň üýtgemegi diýilýär.
Aýyň dogýan wagtynyň we ýeriniň üýtgemegi sebäpli, gündogardaky we günbatardaky musulmanlaryň şol bir wagtda oraza başlamaklarynyň farzmy ýa-da däldigi meselesinde fykyh alymlary yhtylaf edipdirler.

Şafygylara görä, bir ýurtda Hilal görünse, munuň hökümi diňe şol ýere ýakyn bolan töwerege degişlidir. Bu Aýyň dogýan ýerine görä tapawut görkezýär. Ýöne bu höküm 24 fersah (134 km.) aralykdaky ýerleri öz içine alýar. Eger Aýyň dogýan wagtyna we ýerine esaslanyljak bolsa, iň azyndan bir, kä halatda iki gün tapawut döreýär. Astronomik maglumatlara görä, Aýyň ilkinji görlen ýeri bilen şol ýerden iň uzakda ýerleşýän ýeriň arasyndaky wagt tapawudy dokuz sagatdyr.

Ulag we habar beriş serişdeleriniň yzagalak döwründe yhtylafy metaliniň hasaba alynmagy makuldyr. Ýöne häzirki döwürde muňa esaslanmak ýalňyşdyr. Şeýle hem yslam fakihleriniň aglabasynyň pikirine görä, Aýyň dogýan ýeriniň tapawutlylygyna ygtybar etmän, ähli musulmanlaryň şol bir wagtda oraza tutmagy has laýykdyr. Hanefilerde hem fetwa şeýledir. Şunlukda, günbatardaky musulmanlar remezan Hilalyny görse, bu habary alan gündogar halkyna hem oraza tutmak hökmandyr.

Bu nukdaýnazar musulmanlaryň agzyny birikdirmek taýyndan has makuldyr. Bir yslam ýurdunda Hilaly gözleýän jogapkär kişileriň Hilaly gören wagty: telefon, telegraf ýa-da faks arkaly iberen habaryna daýanyp, orazany başlamak mümkindir. (ser. Ibni Abidin, «Reddül Muhtar» t.2, Ibn Rüşt «Bidaýetil müjdehid» t.2, Tefsiril Kurtubi, t.2, Fethul Bari t.4).

Esasy mesele astronomiýa ylmynyň hasaplaryna görä amal edilip-edilmejeginde durýar. Bu meselede astronomiýa ylmynyň hasaplaryna görä amal etmek bolmaýar diýýänleriň delilleri ynandyryjy däldir. Pygamberimiziň: «Hilaly görüp oraza tutuň...» hadysyna görä, esasy zat Hilalyň görünmegidir. Onuň nähili ýol bilen görlenligi däldir. Hadysda geçýän «ru’et» sözüniň adaty göz bilen görmek manysyny berýändigini öňe sürmek ýalňyşdyr. Çünki, şol sözüň gadymy arap dilinde «aňlamak», «bilmek» ýaly manylary hem bardyr. Beýleki tarapdan, astronomiýa ylmynyň maglumatlarynyň ygtybarly däldigi Pygamberimiziň: «Biz ümmi bir halkdyrys, hasaby, okap-ýazmagy bilmeýäris. Diňe şuny bilýäris, aý ýa-ha ýigrimi dokuz, ýa-da otuz gündür», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud) diýen hadysyna daýanylýan bolsa, Pygamberimiziň bu sözi şol döwrüň bilim we tejribesiniň şeýle çylşyrymly hasaplamalary etmäge ýeterlik bolmandygyny, şeýle hem bu işiň özboluşly hasap işidigini nygtaýar.

Pygamberimiz tarapyndan Hilalyň adaty göz bilen görünmegi ýaly bir şertiň goýulmagy bu usulyň kamary aýynyň başlanýan we gutarýan wagtyny kesgitlemekde ýeke-täk usuldygyny aýtmak däl-de, belki, gadymdan bäri ulanylýan adatdygy we islendik şertde amal edilip bilinjek usuldygy sebäplidir. Ybadatlaryň berjaý edilmeginde ýeňillik esasy zatdyr. Yslam dininde ähli ybadatlaryň esasy aýratynlygy sada, ýönekeý, ýeňil amal edilip bilinýänligidir. Bu nukdaýnazardan yslamdaky farz ybadatlary ylmyň ösmedik döwründe hem her bir adam aňsatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Taryh muňa şaýatdyr. Ertir namazyny okamak islän biri ir bilen gündogara seredip, namaz wagtyny aňsatlyk bilen kesgitläp bilýär. Ýöne bu ylmy ösüşlerden, tehniki mümkinçiliklerden doly peýdalanmaly däl diýen manyny bermeýär. Gaýta her bir babatda ylmy we tehniki ösüşlerden peýdalanylmalydyr.

Häzirki döwür astronomiýa ylmy Aýyň we Günüň hereketlerini takyk görnüşde kesgitläp bilýär. Hat-da astronomik hasaplamalar netijesinde, namaz wagtyny görkezýän birnäçe ýyllyk kalendarlar hem taýýarlanýar. Aýyň adaty göz bilen görünmegine esaslanylýandygy üçin astronomiýa ylmy şoňa laýyklykda kalendar taýýarlaýar. Şol kalendara görä amal etmek hem dürsdür. Ýöne astoronomik hasaplamalara görä remezan kalendary kesgitlenilse-de, adaty ýagdaýda Aý gözlenilse has gowy bolar. Şeýlelikde sünnet sogaby hem gazanylar. Müň aýdan haýyrly gije – gadyr gijesini hasap etmek we onuň gözleginde bolmak bilen hem gadyr gijesini doly ýaşamak pursaty hem tapylar. Netijede, döwlet derejesinde agyzbirikdirip, her ýyl bereketli, ruhy göteriji remezan aýyna taýýarlyk görünýän pursatda şübhe we jedel döredýän, ybadat hyjuwlaryny gowşadýan Aý görmek meselesiniň gutarnykly çözülmegi, ähli musulmanlaryň arzuw-islegidir. Muňa garamazdan, astronomik hasap bilen kanagat etmän, Hilalyň adaty göz bilen görünmegini hökman diýip kabul edýänler, pitne we agzalalyk döretmezlik şerti bilen, öz düşünişine görä amal edibermelidir. Her bir musulman Hilaly özi gözläp, remezanyň we baýramyň başlangyjyny anyklap biler. Ýöne musulmanlaryň arasynda pitne, agzalalyk döretmegiň ýa-da oňa sebäp bolmagyň uly günädigi unudylmaly däldir. Kurany Kerimiň dili bilen aýdylanda: «Pitne döretmek – katldan (adam öldürmekden) hem erbetdir».

Remezan ýa-da baýram gününi kesgitlemek üçin açyk howada Ymamy Agzama görä, iki adyl şaýadyň: «Men Hilaly gördüm» diýmegi ýeterlikdir. Howa bulutly bolan ýagdaýynda adyl, kämillik ýaşyna ýeten bir musulmanyň şaýatlygy ýeterlik bolup biler. Şaýatlaryň erkek ýa-da aýal bolmagynyň tapawudy ýokdur.

Hilal bilen baglanyşykly meseleler

1. Bir ýurduň halky Hilaly görmän 28 gün oraza tutup, soň şewwal Hilalyny görse, onda meret aýynyň Hilalyny görüp, ony otuza ýetiren bolsalar, olara diňe bir gün kaza buýrulýar. Netijede, remezan aýy ýigrimi dokuz gün bolýar. Ýöne meret aýynyň Hilalyny görmän, ony otuza ýetiren bolsalar, iki gün kaza etmelidirler. Çünki, meret aýynyň ýigrimi dokuz bolaýmagy mümkindir. Eger ýaňky ýurduň halky ýigrimi dokuz gün oraza tutandan soň, şewwal Hilalyny gören bolsa, kaza tutmak gerek bolmaz. Çünki, remezan aýy ýigrimi dokuz gün hem bolup biler.

2. Bir ýurtda remezan orazasy Hilalyň görünmegi bilen ýigrimi dokuz gün tutulan bolsa, şol ýurtdaky hassalar hem kaza etjek wagtlary ýigrimi dokuz gün kaza etmelidir. Ýöne hassa halkyň nähili hereket edendigini bilmeýän bolsa, borjundan doly gutulmagy üçin otuz gün kaza tutmalydyr.

3. Hilalyň dogýan ýeriniň üýtgemegine ygtybar edilmeýän ýagdaýda bir ýurduň halky remezan Hilalyny görüp ýigrimi dokuz gün oraza tutandan soň baýram etse, beýleki bir ýurduň halkynyň Hilaly görüp otuz gün oraza tutandygy mälim bolsa, öňki ýurduň halkynyň baýramdan soň bir gün kaza orazasyny tutmagy gerekdir. Çünki, Hilaly ilki gören ygtybarlydyr. Bu ýurduň halkynyň Hilaly bir gün soň görmek ähtimallygy bardyr.