(Ibni Maje, Ebu Dawud)

«Göz otyreriň bagydyr. Şonuň üçin uklan adam oýanansoň taharet kylsyn»

Ylmyhal>>Taharedi bozýan we bozmaýan zatlar

Tahareti bozýan zatlar

1. Öň we yzdan çykýan (peşew, täret, meni, mezi, wedi we gan) ähli zat.

2. Art bujakdan ýel çykmagy.

3. Endamdan gan, iriň, sary suw ýaly suwuklyklaryň çykmagy.

Şeýle suwuklyklar tahareti bozmagy üçin tene ýaýramalydyr. Eger-de iňňäň ujy ýaly çykyp, ýaýramasa tahareti bozmaýar. Hatda muny süpürmek hem zyýan ýetirmez.

4. Agyz dolusy gusmak. Gusuk az-azdan gelse-de, jemi agyz doldurjak mukdara ýetýän bolsa, taharet bozulýar.

5. Agyzdan tüýkülik bilen deň ýa-da ondan köp mukdarda gan gelse.

Alma, aýwa ýaly miweleri dişläniňde gan görünse-de taharet bozulmaýar.

6. Ynsanyň akylyny üýtgedýän we erkini alýan zatlar (uklamak, çaşmak, däliremek, serhoşlyk, tutgaý) tahareti bozýar.

Haýsy görnüşde uklanyna garamazdan, direnen zady aýrylan wagty ýykylsa, taharet bozulýar. Ýöne ýanynda gürleşýänleri eşidip, manysyna düşünjek derejede ýeňil irkilmek tahareti bozmaýar. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar: «Göz otyreriň bagydyr. Şonuň üçin uklan adam oýanansoň taharet kylsyn» (Ibn Maje, Ebu Dawud). «Göz otyreriň bagydyr. Göz uklanda bag çözüler», (Darimi).

7. Namazda gülmek. Namazda ýanyndaky eşitjek derejede gülmek hem namazy, hem tahareti bozar. Özüň eşitjek derejede gülmek, diňe namazy bozar.

8. Fahyş mübaşeret, ýagny, erkek bilen jynsy gatnaşyk etmän ýakynlaşmagy tahareti bozar. Ymam Muhammede görä bolsa, bu ýagdaýda mezi görünmese, taharet bozulmaýar.

Aýala ýöne degmegiň tahareti bozmaýandygyna şu delil esasdyr: Kurany Kerimde «Ýa-da aýallara degen bolsaňyz...» (Maide, 5-6) diýilýär. Aýatdaky «degmek» (lems) Ibn Abbasa görä, jynsy gatnaşykda bolmak diýmekdir. Bu mejaz – göçme manydadyr. Şafygylar muňa göni manysynda düşünip, «lems» sözüni «umuman aýal bilen galtaşmak manysynda» kabul edipdirler. Şol sebäpden, Şafygylara görä, erkegiň mähremi bolan aýallardan başga aýallaryň islendik ýerine eliň degmegi ikisiniň hem taharetini bozýar. Mälikiler we Hanbeliler bolsa, «lems» sözüni lezzet we şehwet manysynda kabul edipdirler.

Hanefileriň bu meselede esaslanýan hadyslarynyň biri hem şüdür: Hazreti Aişe şeýle aýdýar:

«Pygamber aýallaryndan birini öpende taharet kylmazdan namazyny okardy»,. (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Hanbel).

9. Aýalyň jyns organyna goýan biziniň ýa-da pagtasynyň öl bolmagy ýa-da ýerinden aýrylmagy tahareti bozýar.

10. Namaz wagty gutarandan soň, uzurly kişiniň tahareti bozulýar.

11. Teýemmüm kylan kişiniň suw tapmagy bilen tahareti bozulýar.

Taharetiň bozulmagy bilen baglanyşykly dürli garaýyşlar bolan meselelerde seresap hereket etmek iň laýygydyr. Meselem: Hanefi mezhebindäki bir kişi başga mezheblere görä tahareti bozulan ýagdaýynda taharet almagy mendupdyr. Aýratyn hem ymamlyk edýänler muňa ünsli bolmalydyr.

Tahareti bozmaýan zatlar

1. Agyz we burundan gelen gatan gan.
2. Biten ýaranyň gan akmazdan ýüzüniň soýulmagy.
3. Gakylyk gopmagy.
4. Aglamak ýa-da gülmek sebäpli gözden ýaş çykmagy.
5. Büre, sakyrtga, çybyn ýaly mör-möjegiň soran gany .
6. Murty, saçy timarlamak, dyrnak almak.
7. Jyns organlaryna tötänlikde degmek.