(Muslim)

«Ymmatym Kyýamat gününde magşar ýerine el-Gurrul-Muhajjelun bolup, ýagny, ýüzleri, taharet agzalary nurdan lowurdap duran şekilde gelerler. Şonuň üçin taharet agzalaryňyzy ýuwanyňyzda çägini giňeldiň»

Ylmyhal>>Taharediň parzlary, sünnetleri, adaby

Taharetiň farzlary

Taharetiň farzy dörtdür:
1. Ýüzi ýuwmak
Ýüzüň bir gezek ýuwulmagy farzdyr. Ýüzüň çägi-maňlaýda saçyň biten ýerinden alkymyň aşagy we iki gulaklaryň arasyndaky ýerdir.

2. Gollary ýuwmak
Elleri tirsekleriň bilen birlikde bir gezek ýuwmak farzdyr. Barmaklarda ýüzük bar bolsa, aşagyna suw geçirmelidir.

3. Başa mesh etmek
Başyň dörtden bir bölegine öl el bilen mesh etmek farzdyr. Başyň nasiýe diýlen alyn saç tarapyna mesh etmek has fazyletlidir.

4. Aýaklary ýuwmak
Aýaklary topuklar bilen birlikde bir gezek ýuwmak farzdyr.

Taharete zelel bermeýän ýagdaýlar

Taharet agzalaryndan biri ýa-da birnäçesi kem bolan, olary ýuwup bilmez, ýöne agzalardan sähelçe bölegi bar bolsa, şony ýuwmalydyr.

Taharet alandygyny anyk bilip, taharetiniň bozulandygyna şübhe eden biri taharetli saýylýar. Eger tersine, taharet bozandygyny anyk bilip, kylanyna şübheli bolsa taharetsiz hasaplanýar.

Taharet kylýan wagty ýa-da kylyp bolandan soň, käbir agzalaryny ýuwup-ýuwmandygyna şübhe edýän kişi, eger-de, was-was biri däl bolsa, ýuwan däldirin öýdýän agzasyny ýuwmaly. Eger was-was bolsa, şübhesine ygtybar edilmez we taharetli hasaplanar.

Boýagçynyň dyrnagynda galan boýag zeruryýet sebäpli taharetiniň dürslügine zyýan bermeýär. Ýöne barmagyny ýörite boýaýanlaryň tahareti dürs bolmaz.

Dyrnak hapasy, beden kiri, büre, siňek nejasatlary taharete zelel bermeýär.

Taharetiň sünnetleri

1. Taharet kylmaga başlanyňda, ilki eliň tämiz bolsa-da ony ýuwmalydyr.

2. Taharet kylmaga «e’uzü-besmele» bilen başlamak. «Bismillah» taharet kylmaga başlanyňda, elleriňi ýuwýarkaň aýdylmalydyr. Unudylyp, soň aýdylsa, sünnet ýerine geçmeýär. Çünki taharet kylmak amaly iýmek-içmek ýaly däldir. Taharet bütewi bir amaldyr. Iýmek-içmekde her lukma aýratyn bir amaldyr. Pygamberimiz bir hadysy şerifinde bu barada şeýle aýdýar: «Kim «e’uzü-besmele» bilen başlap taharet kylsa, onuň ähli bedeni päklener, emma «besmeläni» ýatdan çykarsa, diňe taharet agzalary päklener», (Darekutni, Beýhaki).

Hanbeli mezhebine görä, taharet kylmagyň başlangyjynda «e’uzü-besmele» aýtmak wajypdyr. Bilkastlaýyn terk edilse, taharet bozulýar. Eger unudylsa, taharet bozulmaz, emma sogaby nogsanlaşar.

Aslynda, «bismillah» her haýryň başydyr. Pygamberimiz hem bir hadysy şerifinde Allahyň ady bilen başlanmadyk ähli işleriň haýyr we bereketden daş, nogsanly we önümsiz galjakdygyny nygtaýar, (Abdulkadyr er-Rewahi «el-Erba’yn»).

3. Niýet etmek.
Niýet elleri ýa-da ýüzi ýuwan wagtyň edilmelidir. Niýetden maksat taharet kylandygyňy kalbyň bilen duýmak we bilmekdir. Dil bilen aýdylmasa hem ýürekde taharet kylmak arzuwynyň bolmagy ýeterlikdir. Dil bilen «Allahyň razylygy üçin taharet kylmaga niýet etdim» diýmek mustahapdyr.

Mälikilere we Şafygylara görä, taharetiň başlangyjynda niýet etmek farzdyr. Hanbelilere görä niýet taharetiň syhhatynyň şertidir, ýagny, niýetsiz taharet dürs däldir.

4. Taharetiň başlangyjynda miswak ulanmak, ýagny dişleri arassalamak

5. Mazmaza we istinşak.
Mazmaza – üç gezek agza suw alyp çaýkamak.
Istinşak – üç gezek burna suw alyp çaýkamak.
Gusulda mazmaza we istinşak farzdyr.

6. Mazmaza we istinşakda mübalaga etmek, ýagny, mazmazada suwy bogazyňa çenli, istinşakda burnuň düýplerine çenli eltmek zerurdyr. Orazaly adamlar muny etmeli däldir.

7. Tahareti tertibe laýyk kylmak.
Aýatda bellenilişi ýaly, ilki ýüz we gollaryňy ýuwmaly, soň başyňa mesh edip, aýaklaryňy ýuwmaly. Bu tertip saklanylmasa-da taharet jaýyzdyr.
Şafygy we Hanbelilere görä, tertibe laýyk taharet kylmak farzdyr.

8. Agzalaryňy ýuwmaga sagdan başlamak.

9. Her agzany üç gezek ýuwmak.
Pygamberimiz bir gezek taharet kylýarka, agzalaryny bir gezek ýuwup taharet kylanda: «Bu Allahyň özi üçin amaly kabul eden taharetidir», agzalaryny iki gezek ýuwup taharet kylanda: «Bu Allahyň sogaby iki esse artdyrdygydyr», soňra agzalaryny üç gezek ýuwup taharet kylanda: «Bu meniň we menden öňki pygamberleriň taharet kylşydyr» diýýär. (Buhari, Ebu Dawud, Tirmizi).
Namaz wagty azalanda ýa-da suw gyt ýagdaýynda taharetiň diňe farzyny berjaý etmek bolar.

10. El-aýaklary ýuwmaga barmaklardan başlamak.

11. Barmaklaryň arasyny hilallamak (aralamak).
El barmaklarynyň hilallanmasy – ýuwulýan eliň barmaklarynyň arasyna beýleki eliň barmaklaryny geçirip ýuwmak. Aýak barmaklaryny hilallamak bolsa, el barmaklaryňy aýaklaryň barmaklarynyň arasyndan ýeke-eke geçirip ýuwmakdyr. Muny sag aýagyň külbikesinden başlap, çep aýagyň külbikesinde gutarmak iň laýygydyr. Aýaklaryňy akar suwa sokup-çykarsaň hem hilallanan hasap edilýär.

Pygamberimiz: «Barmaklaryňyzyň arasyny hilallaň ki, dowzah ody olaryň arasyna girmesin we hilallamasyn» diýipdir. (Ebu Dawud, Tirmizi, Nesaýy).

12. Sakgaly hilallamak.
Ýüzi üç gezek ýuwanyňdan soň, gür sakgallylar bir owuç suw bilen sakgalynyň arasyny alkymyň aşagyndan barmaklaryny geçirip öňe daraklamalydyr.

13. Başy doly mesh etmek.
Muňa «gaplama mesh» diýilýär. Bu şeýle berjaý edilýär: iki el suw bilen gowy öllenýär, soňra iki eliň külbike, ogulhajat we orta barmaklary birleşdirilen ýagdaýda, uçlary bir-birine degirilip, başyň öň tarapyndan ýeňsä çenli çekilýär. Soňra iki eliň aýalary başyň iki taraplaryna degirilip, ýeňseden maňlaýa çenli çekilýär.

14. Gulaklary mesh etmek.
Gulaklary mesh etmek üçin aýratyn suw almaga zerurlyk ýokdur. Başyň mesh edilendäki öl eller bilen gulaklary hem mesh edibermelidir. Gulaklaryň arkasy başam barmak, içi şahadat (süýem) barmak bilen mesh edilýär, deşigi bolsa külbike barmak bilen arassalanýar.

15. Boýny mesh etmek.
Boýnuň meshi üçin el täzeden öllenmeýär. Başy mesh edeniňdäki eliň arkasyndaky öl bilen berjaý edilýär. Bokurdak mesh edilmeýär.

16. Taharet agzalarynyň üstüne suw akydyp owkalap ýuwmak.

17. Taharet agzalaryny ýuwmagyň arasyny kesmezlik, ýagny, agzalaryň biri guramanka, beýlekisi ýuwulmalydyr. Ýöne howanyň yssylygy sebäpli, ýuwlan agza derrew gurasa, zeleli bolmaz.

Taharetiň adaby (mustahaplary)

Adap – edep sözüniň köplük formasy bolup, mendup we mustahap manylary hem bardyr. Bulary berjaý eden sogap gazanar, etmedik hem ýazgarylmaz we günäsi ýokdur.

1. Kybla bakyp taharet kylmak.

2. Wagt girmezden taharet kylyp, namaza taýýar bolmak.

Uzury bolmadyk (sagdyn) biriniň wagt girmezden öň taharet kylmagy örän fazyletlidir. Çünki, bu ýagdaý ony ruhy we kalby taýdan ybadat howasynda ýaşadar. Hemişe taharetli bolmak, salyh amallary islän wagtyň etmäge, uly sogap we magnewi bähbitler gazanmaga wesiledir. Hemişe taharetli gezip we ýatanda-da taharetli ýatýanlar üçin melekleriň hemişe istigfar edýändikleri hadysy-şerifde zikr edilýär.

Hemişe taharetli bolmaga çalyşýan kişä ýedi hasletiň (aýratynlygyň) yhsan ediljekdigi aýdylýar.
– melekler onuň söhbetine ragbet eder – isleg bildirer, gatnaşar;
– galam oňa hemişe sogap ýazar;
– onuň ähli agzalary tesbih eder;
– mesjitde jemagat bilen namaz okamakdan yza galmazlar;
– Allahyň izni bilen melekler ony gije gelip biljek howplardan gorar;
– janhowlunda amanadyny ýeňil tabşyrar;
– Allahyň amanynda bolar.

3. Taharet kylanyňda beýigräk ýerde oturmak. Bu taharet suwunyň üstüňe akmazlygy üçindir.

4. Zerurlyk ýok wagtynda başga birinden kömek islemezlik. Ýöne başga biri öz islegi bilen kömek etmek islese, bu edebe ters däldir. Sahabalardan käbiri Allahyň Resuly kömek soraman taharet kylyp durka, Oňa taharet suwuny akydyp berendigi we dogasyny alandygy hadys kitaplarynda ýazylýar.

5. Zerurlyk bolmasa, taharet kylnanda gürlemezlik. Şol wagt gürlemek taharet dogalaryny okamaga päsgel berýär.

6. Barmakdaky ýüzükleriňi ýerinden gozgamak.

7. Her agzaňy ýuwanyňda «bismillah» diýmek we selefi salyhyndan bize gelip ýeten taharet dogalaryny okamak. Eger bu dogalary bilmeýän bolsaň, Pygamberimize salawat aýtmak.

8. Agzyňa we burnuňa sag eliň bilen suw almak we çep el bilen sümgürinmek.

9. Taharet kylanyňda suwy isrip etmezlik ýa-da gereginden az dökmezlik.
Allahyň Resuly bir gün sahabalardan biri Sa’d b. Ebi Wakgasy bol suw döküp taharet kylýarka görýär-de oňa: «Beýle isrip etmäň näme?» diýýär. Sa’d geň galyp: «Taharet kylanyňda-da isrip bolýarmy, eý, Resulallah?» diýip soraýar. Pygamberimiz: «Hawa. Akyp ýatan derýanyň kenarynda taharet kylýan bolsaň hem suwy gereginden artyk ulansaň, isrip bolar», (Ibni Maje) diýip jogap berýär.

10. Ýüzüňi ýuwanyňda suwy alkymyň aşagyna, tirsek we topuklaryň ýokarylaryna çenli ýetirmek.
Pygamberimiz bu barada: «Ymmatym Kyýamat gününde magşar ýerine el-Gurrul-Muhajjelun bolup, ýagny, ýüzleri, taharet agzalary nurdan lowurdap duran şekilde gelerler. Şonuň üçin taharet agzalaryňyzy ýuwanyňyzda çägini giňeldiň», (Müslim) diýipdir.

11. Taharetlikäň ýene taharet kylmak. Bu nur üstüne nurdur.

12. Taharet kylyp bolanyňdan soň, bir-iki owurt suw içmek we kelemeýi şahadat getirip, şu dogany okamak:
«Allahummej’alniý minettewwabiýne wej’alniý minel mütetahhiriýn» (Tirmizi, Ebu Dawud). (Allahym meni toba eden we tämizlenen gullaryňdan eýle).

13. Taharetiň soňunda kelemeýi şahadat aýdanyňdan soň, «Gadyr» suresini okamak.

14. Günüň gyzgynyna gyzan suwa taharet kylmazlyk. Bu Günüň şöhlesindäki suwa geçen radiasiýanyň adama zyýanlydygy üçindir.

15. Kündük bilen taharet kylýanlaryň kündügi boş goýmazlygy gerek. Şeýle etmek alňasap geleniň namazynyň gijikdirilmegi babatda şeýtanyň tamasynyň we umydynyň üzülmegine sebäp bolar diýlipdir.

16. Taharet kylanyňdan soň, kerahat wagty däl bolsa, iki rekagat nafile namazyny okamak.