"Allahym! Eden işimi şüküre mynasyp, günähimi bagyşlanan, amalymy makbul, söwdamy hem zyýansyz kyl!"

Ylmyhal>>Taharet kylynanda okalýan dogalar

Taharet kylynanda okalýan dogalar

Bu dogalary okamak taharetiň fazyletini artdyrar, has köp sogap gazanylmagyna wesile bolar. Bu dogalar selefden, ýagny, sahaba we tabi’in alymlardan şu günümize çenli gelip ýetipdir. Bular okalmadyk ýagdaýynda hem taharetde kemçilik bolmaz, ýöne okamak iň laýygydyr.

1. Taharet kyljak kişi başlamazdan öň «e’uzü-besmele» aýdar we:
“Elhamdulillähillezi jealel-mäe tahuuran wel-isläme nu:ran”
(Suwy tämizleýji we yslamy nur kylan Allaha şükür edýärin!)

2. Agzyna suw alanda:
“Allahummeskynii min hawzy nebiýýike ka’sen lä edme’u be’dehu ebeden”
(Allahym! Maňa suwsuzlygymy ebedi gandyrjak pygamberiň kewser howzundan bir käse suwy nesip etdir!)

3. Burnuna suw alanda:
“Allahumme lä tehrimnii raaýihate ne’yýmike we jinäbike”
(Allahym! Meni nygmatlaryň we jennetleriň ajaýyp ýakymly ysyndan mahrum etme!)

4. Ýüzüni ýuwanda:
“Allahumme beýýiz wejhii bi nuurike ýewme tebýezzu wujuuhen we tesweddu wujuuhen”
(Allahym! Ýüzleriň käbiriniň ak, käbiriniň gara boljak gününde, meniň ýüzümi ak eýle!)

5. Sag goluny ýuwanda:
“Allahumme e’tynii kitäbii biýemiýnii wehaasibniý hysäben ýesiýran”
(Allahym! Meniň amal depderimi sag egnimden ber we hasabymy ýeňil eýle!)

6. Sol goluny ýuwanda:
“Allahumme lä tu’tyniý kitäbii bişimälii we lä min weraai zahrii we lä tuhaasibniý hysäben şediiden”
(Allahym! Meniň kitabymy sol egnimden ýa-da arka tarapymdan berme we agyr hasap bilen soragda goýma!)

7. Başyny mesh edende:
“Allahumme gaşşinii birahmetike we enzil ‘aleýýe min berakätike”
(Allahym! Meni rahmetiň bilen ýalka we üstüme bereketiňi ýagdyr!)

8. Gulaklaryny mesh edende:
“Allahummej’alnii minelleziine ýesteme’uunel-kawle feýettebi’uune ehsenehuu”
(Allahym! Meni Hak sözi eşidip, iň ýagşy amal eden gullaryňdan eýle!)

9. Boýnuny mesh edende:
“Allahumme e’tyk rakabetiý minennär”
(Allahym! Meniň bedenimi jähennem naryndan gora!)

10. Sag aýagyny ýuwanda:
“Allahumme sebbit kadameýýe ‘ales-syraaty ýewme tezillu fiihil-ekdämu”
(Allahym! Syrat köprüsinde birgiden aýaklaryň taýjak gününde, meniň aýaklarymy taýdyrma!)

11. Sol aýagyny ýuwanda:
“Allahummej’al se’ýii meşkuuran we zenbiý megfuuran we ‘ameliý makbuulen we tijäratii len tebuuran”
(Allahym! Eden işimi şüküre mynasyp, günähimi bagyşlanan, amalymy makbul, söwdamy hem zyýansyz kyl!)