Hadysy Şerif:

"Şübhesiz, meniň ymmatym kyýamat gününde täret yzlary sebäpli ýüzleri nurly, elleri we aýaklary ýalpyldaýan bolup çagyryljakdyrlar. Ýüzüniň nuruny köpeltmäge güýji ýeten köpeltsin."

Ylmyhal>>Taharetiň kylnyşy we mekruhlary

Taharetiň kylnyşy

Niýet
"Niýet etdim Allahyň razylygy üçin täret almaga" diýip niýet edilýär. Soň, "Euzü billähi mineş-şeýtanir-rajiým bismillähir-rahmanir-rahiym" okalýar.


Elleri ýuwmak

Eller bileklere çenli üç gezek ýuwulýar. Barmak aralarynyň hem ýuwulmagyna dykgat etmeli. Barmakda ýüzük bar bolsa arasyna suw geçirmeli.


Agza suw almak

Sag aýanyň içi bilen agyza üç gezek suw almaly. Her gezeginde agzyň içini suw bilen çaýkamaly.


Burna suw çekmek

Sag aýanyň içi bilen burna üç gezek suw çekmeli. Her gezeginde çep eliň bilen burnuňy sümkürip arassalamaly.


Yüzi ýuwmak

Maňlaýyňdaky saçlaryň gutarýan ýerinden başlap gulaklaryň ýumşagyna we eňek aşagyna çenli ýüzü üç gezek ýuwmaly.


Sag eli ýuwmak

Sag eli tirsekler bilen bilelikde üç gezek ýuwmaly. Gury ýer galmaz ýaly hemme ýerini okalamaly.


Çep eli ýuwmak

Sag eli ýuwuşymyz ýaly çep eli hem tirsekler bilen bile üç gezek ýuwmaly.


Başy mesilemek

Eller täzeden suw bilen öllener. Sag eliň içi we barmaklar başymyzyň üstüne goýup bir gezek mesilemeli (meshetmeli).


Gulaklary mesilemek

Elleri ölläp sag eliň süýem barmagy bilen sag gulagyň içini, başam barmagy bilenem daşyny; çep eliň süýem barmagy bilen çep gulagyň içini, başam barmagy bilenem daşyny mesilemeli.


Boýny mesilemek

Elleri täzeden öllemän galan her eliň üç barmagy bilen boýny mesilemeli (meshetmeli).


Sag aýagy ýuwmak

Sag aýagy üç gezek topuklar bilen bile ýuwmaly. Ýuwmaga barmak uçlaryndan başlamaly we barmak aralarynam ýuwmaly.


Çep aýagy ýuwmak

Sag aýagy ýuwuşymyz ýaly çep aýagy ýuwmaly.

Taharetiň mekruhlary

Taharet kylmagyň sünnet we adabyna ters gelýän her bir zat mekruh saýylar.
1. Suwy isrip etmek.
2. Suwy gereginden az ulanmak.
3. Suw syçratmak.
4. Taharet kylyp durkaň zerur bolmasa-da gürlemek.
5. Zerurlyk ýok wagty başga birinden kömek soramak.
6. Oraza tutýan adamyň mazmazada we istinşakda mubalaga (aşa geçmek) etmegi.