Hadysy Şerif:

"Iki salkynlyk namazyny, ýagny ertir we ikindi namazyny kylanlar Jennete girjekdirler"

Ylmyhal>>Taharetiň görnüşleri

Taharetiň görnüşleri

1. Farz bolan taharet.
Tahareti bolmadyk kişiniň namaz okamak, tilawet sejdesini etmek, Kurana el degirmek we Kurany ýüzünden okamak üçin taharet kylmagy farzdyr.

2. Wajyp bolan taharet.
Käbäni togap etmek üçin taharetsiz adamyň taharet kylmagy wajypdyr. Eger-de Käbe taharetsiz togap ediljek bolsa, togabyň görnüşine görä gurban kesmek ýa-da sadaka bermek gerekdir.
Tefsir kitaplaryny eliňe almak, okamak üçin taharet kylmak Kuranyň hormatyna wajypdyr.

3. Mendup bolan taharet.
Ýokarda agzalan ýagdaýlardan başga taharet kylmak mendup (mustahap) bolar. Bular:
fykyh, akaýyt, hadys ýaly dini kitaplary eliňe almak we okamak üçin taharet kylmak,
uklamazdan öň we turanyňdan soň taharet almak;
hemişe taharetli bolmak üçin taharet almak;
ýatdan Kuran okamak üçin taharet kylmak;
dini ylymlardan sapak almak ýa-da sapak bermek üçin taharet kylmak;
Arafatda wakfe, Safa bilen Merwe-aralygynda ylgamak üçin taharet kylmak;
ýogalan adamy ýuwmak we gölegçilik üçin taharet kylmak;
ýalňyşlyk bilen edilen gybat, sözlenen ýalan we sögünmek ýaly günälerden soň taharet kylmak;
ha-ha-haýlap güleniňden soň taharet kylmak,
gaharyňy ýatyrmak üçin taharet kylmak; Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar:
«Gahar şeýtandandyr. Şeýtan bolsa otdan ýaradyldy. Ody-da diňe suw söndürer. Gahary gelen derrew taharet kylsyn».
Aýala degmek ýaly, mezhepler arasynda tahareti bozup-bozmajagy barada jedelli meselelerden gaça durmak üçin taharet kylmak.

Bellik: Bu maksatlar üçin taharet kylanyňda, munuň bilen islendik ybadat edilip bilner, ýagny, farz ýa-da wajyp bir amaly ýerine ýetirmek üçin täzeden taharet kylmak gerekmez.