Maide süresi, 6-njy aýat

«...eger-de hassa ýa-da saparda bolsaňyz, ýa-da hajathanadan gelen bolsaňyz, ýa-da aýallaryňyz bilen jynsy gatnaşyk eden bolsaňyz, suw tapmasaňyz, arassa topraga teýemmüm ediň...»

Ylmyhal>>Teýemmüm

Teýemmüm

Teýemmüm arassa toprak bilen ýüzi we gollary mesh etmek diýmekdir.
Teýemmüm hijretiň bäşinji ýylynda Beni Mustalyk ýörişi wagtynda, Pygamberimiz bilen müňe golaý yslam goşunynyň ertir namazy üçin suw tapyp bilmedik wagty inen şu aýat arkaly meşrug kylynypdyr:
«...eger-de hassa ýa-da saparda bolsaňyz, ýa-da hajathanadan gelen bolsaňyz, ýa-da aýallaryňyz bilen jynsy gatnaşyk eden bolsaňyz, suw tapmasaňyz, arassa topraga teýemmüm ediň...» (Maide süresi, 6-njy aýat). Teýemmüm diňe Muhammet ymmatyna berlen ýeňillikdir. Bir musulman suw ýok ýagdaýynda, ýa-da hassalyk sebäpli suwy ulanmak mümkin bolmasa, hades (jünüplik ýa-da taharetsizlik) halyndan teýemmüm arkaly arassalanmalydyr. Şeýlelikde, Allaha ybadat we gulluk borjuny ýerine ýetirip biler.

Pygamberimiz teýemmümiň ymmatyna Allahyň lutuf we yhsanydygyny hadysynda şeýle beýan edýär:
«Menden öňki pygamberlere berilmedik bäş zat maňa berildi. Bulardan biri-de, topragyň mesjit we arassalaýjy kylynmagydyr. Kim nirede namaz wagty girse, şol ýerde namazyny okasyn», (Buhary, Müslim, Tirmizi).

Teýemmümiň hökümini bildirýän aýatyň ahyrynda şeýle diýilýär: «Allah size kynçylyk islemez, şükür edersiňiz diýip, sizi arassalamak we size beren nygmatynyň üstüni ýetirmek isleýär».

Teýemmüm kylmagyň şertleri

Teýemmüm esasy iki sebäp netijesinde kylynýar:
1. Suwuň ýoklugy.
Namaz okajak adam suw ýok ýagdaýynda ýa-da ýeterlik mukdarda suw bolmasa, teýemmüm kylyp bilmegi üçin ilki bilen hökman suw gözlegine çykmalydyr. Saparda bolnan ýagdaýda töwerekde ilatly ýer bolmasa, ýa-da ilatly ýer bir mil (1850 m.) uzaklykda bolsa, suw gözlemek malyna, ýa janyna howply bolsa, suw gözlemäge mejbur däldir.

2. Suwy peýdalanmak mümkin däl ýagdaýynda. Ygtybarly tebibiň maslahaty boýunça suw ulanmak zyýanly bolan hassa adama taharet ýa-da gusulda suw ulanmak wajyp däldir.
Tämizlikden ötri, içmek, ýa-da naharda ulanmak ýaly has zerur zatlar üçin gerek bolup, başga-da suw bolmasa, teýemmüm kylmaga rugsat edilýär.
Suwuň ýa-da howanyň juda sowuklygy sebäpli, hassalyk ýa-da ölüm howpy bolan ýagdaýynda teýemmüm kylynýar.

Teýemmümiň sahyh bolmagynyň şertleri

1. Teýemmüm alýan wagtyň taharet bozujy halyň bolmazlygy.
2. Ýüz, el we gollarda mum, boýag we dyrnak reňkleri ýaly, suw geçirmeýän zatlaryň bolmazlygy.
3. Topragyň arassa bolmagy.
Çäge, mermer, kerpiç ýaly zatlar bilen hem teýemmüm etmek bolar.

Teýemmümiň farzlary

1. Niýet.
Niýet teýemmümiň şertidir. Namaz okajak namaza, gusul aljak gusul almaga, Kuran okajak Kuran okamaga aýratynlykda niýet edip, teýemmüm kylmalydyr.

2. Ýüzi mesh etmek.
Elleri topraga urup taharetde ýüzüň ýuwulmagy hökman bolan ýerleri mesh edilýär.

3. Gollary mesh etmek.
Ýüzi mesh edeniňden soň gollar tirsekler bilen birlikde mesh edilýär.

Teýemmümiň sünnetleri

1. «Besmele» bilen başlamak.
2. Topraga ýa-da toprak jynsyndan bolan bir zada barmaklaryň arasy açyk ýagdaýda elleri goýup, ilki öňe, soň yza çekmek.
3. Elleri toprakdan galdyranyňda gum köp ýapyşan bolsa, bir-birine urup kakmak.
4. Tertibe görä, arasyny üzmän berjaý etmek.

Teýemmümiň kylnyşy

Ilki niýet edilýär. «Besmele» aýdylýar. Iki el, barmaklar açyk ýagdaýda topraga degrilip ilki öňe, soňra yza sürtülýär. Ýüz mesh edilenden soň bolsa, eller täzeden topraga sürtülip, gollar mesh edilýär.

Teýemmümi bozýan zatlar

1. Tahareti bozýan we gusul almagy zerur edýän her bir zat teýemmümi hem bozar.
2. Teýemmümi meşrug kylan uzur halynyň geçmegi.

Teýemmüm bilen baglanyşykly käbir meseleler

1. Namaz okalyp durka suw tapylsa, taharet hem namaz hem bozular.
2. Namaz okalandan soň, ýa-da uzur haly geçenden soň, suw tapylsa, teýemmüm bozulýar, emma namaz täzeden okalmaýar.
3. Bir teýemmüm bilen farz, nafile... islendik namaz okalyp bilner.
Ymam Şafyga görä, bir teýemmüm bilen diňe bir farz namazyny okamak bolar. Şonuň üçin her farz namazy üçin täzeden teýemmüm kylmak iň laýygydyr.
5. Jünüplik sebäpli teýemmüm eden kişi taharet bozjak bir hal ýüze çyksa, onuň diňe tahareti bozulýar. Eger diňe taharet kylmaga ýetjek suw tapsa, taharet kylmalydyr, ýogsa ýene teýemmüm almaly.
4. Namaz wagty geçmänkä suw taparyn umydy bilen suw gözläp eglenseň, teýemmümi wagtyň soňunda almak mendupdyr. Suw tapyp bilmejegine doly göz ýetiren adam – wagt girmezden öň teýemmüm edip biler.
6. Taharet kylmaga-da, teýemmüm almaga-da güýji ýetmeýän biri – ýanynda kömek etjek adam bolmasa, namaz okamaly däldir.
7. Zyndandaky adam taharet kylar ýaly suw ýa-da teýemmüm edere toprak tapyp bilmese, Ymam Agzam we Ymam Muhammede görä, namazyny soňa goýmaly. Ýagdaýy bolanda kaza etmeli.
8. Tämiz ýerde köp adam teýemmüm edip biler.