"...Aýaga geýlen mesiniň mütdeti mukym – saparda däl üçin 24 sagat, sapardakylar üçin bolsa 72 sagatdyr..."

Ylmyhal>>Uzurlylar we mesi

Uzurlylar bilen baglanyşykly hökümler

Hemişe dowam edýän taharet bozýan hallara «uzur» diýilýär. Meselem: buşugyny saklap bilmezlik, hemişe içi ýellilik, ýygy-ýygydan burun ganamak hem-de aýallarda aýbaşynyň möhletinden soň hem gan kesilmezlik ýaly hallar uzur halydyr. Özünde şeýle taharet bozýan uzur bolan kişä «sahibi uzur» ýa-da «uzurly» diýilýär.

Uzurly kişi her farz namazy üçin täzeden taharet kylmaly. Indiki namaza çenli uzury dowam etse-de, tahareti bozulmaýar. Uzurly bu tahareti bilen farz namazyndan başga isledigiçe nafile we kaza namazlaryny okap biler. Emma uzuryndan başga tahareti bozýan ýagdaýlar bolmaly däldir.

Uzury gutulan uzurly adam taharet bozýan başga bir sebäp bilen taharet kylsa, soň ýene uzury gaýtalasa, onuň tahareti bozulýar.

Uzurly kişiniň uzury sebäpli, eşigine degen gan, iriň ýaly hapalar (hatda hapa tahareti bozjak mukdarda bolsa-da) uzury gutulýança, namazynyň syhhatyna zelel bermez.

Mesiniň üstünden mesh etmek

Bu – taharet kylnanda aýaklary ýuwmagyň deregine, geýlen mesini usulyna laýyklykda öllemekdir. Mesi aýala-erkege dinimiziň beren ýeňilligi we rugsadydyr.

Mesiniň üstünden mesh etmek bilen baglanyşykly tewatur derejesine ýeten hadyslar bardyr. Pygamberimiz käbir ýagdaýlarda mesi geýip, üstünden mesh edipdir.

Mesiniň üstünden mesh etmegiň şertleri

1. Mesiler içine suw geçmeýän zatdan tikilen bolmaly. Ädik, gonçly botinka, keçe ädikler mesi hökmündedir.
2. Mesi bilen azyndan bir fersah, ýagny, 5 km.töweregi ýa-da bir sagatlyk sapar aralygy ýol ýörelende, ol ýyrtylmajak berklikde bolmalydyr.
3. Mesi taharetde aýagyň ýuwulmagy farz bolan ýerleri örtmelidir.
4. Mesiniň topukdan aşakda üç barmak girjek ululylykda ýyrtylan ýa-da deşilen ýeri bolmaly däldir. Mesidäki deşik we ýyrtyklar aýry-aýry ýerlerde bolup, jemlenende ýene üç barmak sygjak ululykda bolsa jaýyz däldir. Her aýakdaky mesi özbaşyna hasaplanýar.
5. Mesi geýmek üçin her aýagyň daraklygynyň azyndan üç barmak ýasylykda sagat bolmagy şertdir. Bir aýagy ýok adamlaram beýleki aýagyna mesi geýip biler.
6. Mesini aýagyňa taharetlikäň geýmelidir.

Mesiniň üstünden mesh etmegiň düzgüni

1. Mesh iň azyndan üç barmak bilen edilmeli. Mesh edilende, barmaklar açyk bolmaly we mesh etmäge aýagyň burnundan başlamaly.
2. Mesiniň üst hem öň tarapy mesh edilmelidir.
3. Sag el bilen sag aýak, sol el bilen sol aýak mesh edilýär. Mesini ýuwmak ýada esgi bilen öllemek, üstüne suw dökmek mekruhdyr.

Meshiň mütdeti

Aýaga geýlen mesiniň mütdeti mukym – saparda däl üçin 24 sagat, sapardakylar üçin bolsa 72 sagatdyr. Bu mütdet mesiniň aýaga geýlen wagtyndan däl-de, taharet bozulan wagtyndan başlaýar.

Meshi bozýan zatlar

1. Meshiň mütdetiniň gutarmagy.
Taharetli wagtyň meshiň mütdeti gutarsa, mesini çykaryp, diňe aýaklaryňy ýuwmak taharet üçin ýeterlikdir.

2. Mesi tötänlikden çyksa, ýa-da çykarylsa – ondan öň taharetli bolsaň, diňe aýaklaryňy ýuwmak bilen çäklenmeli.

3. Jünüplik, haýz, nifas ýaly gusul almagy zerur eden bir ýagdaýyň bolup geçmegi.

Sargylaryň üstünden mesh etmek

Döwlen ýa-da ýaralanan bir agza öl degirmek zyýanly bolan ýagdaýynda, taharet we gusul alynjak wagty bularyň üstündäki sargylara mesh etmek ýeterlikdir. Ýüzüne derman çalnan ýaralar üçin hem şol bir hökümdir.

Sargyny doly mesh etmek hökman däldir. Ýara bitýänçä, sargy her taharetde mesh edilmelidir. Sargynyň taharetli wagtyň saralmagy hökman däldir. Heniz bitmedik ýaradaky sargy öz-özünden gaçsa ýa-da üýtgedilse, taharet bozulmaz. Sargynyň üstünden mesh etmek möhleti ýara gutulýança dowam edýär.