Ala süresi, 14-15 aýatlar

«Gowy tämizlenen we Rabbiniň adyny zikr edip, namaz okan kişi şübhesiz myradyna ýeter»

Ylmyhal>>Nejasetden taharet

Taharet – tämizlik

Yslam dini tämizlige uly ähmiýet berýär. Yslam Allah Tagalanyň huzurynda sežde eden mahalyň bedeniň, eşigiň, namaz okaljak ýeriň we kalbyň arassa bolmagyny emr edipdir. Kurany Kerimiň hem görkezmesi şeýledir. Onda tämizligi saklaýanlar öwülýär. Olaryň Allahyň söýgüsine mynasypdygy aýdylýar. Allah Tagala şeýle diýýär:
«Şübhesiz, Allah köp toba edenleri we tämizlenenleri söýer». (Bakara, 222).

Bedeniň daş tämizligindenem beter, kalbyň arassalygy, niýetiň düzüwligi möhümdir. Sebäbi, «daşy jäjek, iç möjegiň» iman gözelligine ýetmegi mümkin däldir. Allah Tagala ýalkananlaryň ilkinji sypatynyň tämizlikdigini şeýle düşündirýär:
«Gowy tämizlenen we Rabbiniň adyny zikr edip, namaz okan kişi şübhesiz myradyna ýeter» (A’la, 14-15).

Hezreti Muhammet (s.a.w) hem tämizlige köp ähmiýet beripdir:
«Tämizlik imanyň ýarydyr, (Müslim, Ahmet b. Hanbel, «Müsnet»).
«Allah tämizdir, tämizligi söýer», (Tirmizi).

Musulmanyň kalbydyr beden tämizligi bütewi bolmalydyr. Bularyň ikisi hem tämiz saklanan ýagdaýynda, ol kämilleşip biler. Taharetiň, ýagny, tämizligiň iki görnüşi bar:
1. Nejasetden taharet.
2. Hadesden taharet.

Nejasetden taharet

Maddy görnüşdäki kir we hapa, ynsan, haýwan we guşlaryň bedeninden bölünip çykýan iýmit galyndylaryna nejaset diýilýär. Nejaset ýokan ýere – bedene, eşige hem nejis diýilýär. Nejasetden tämizlenmek – beden hem egin-eşikdäki hapadan saplanmakdyr.

Hapa zatlaryň käbiriniň asly pisdir. Käbiriniň asly tämizdir-de, soňra hapa degenligi sebäpli näpäk saýylar. Mysal üçin: siýdigiň asly hapadyr. Egin-eşigiň bolsa asly tämizdir. Emma oňa sidik degse, ol öňki päkligini ýitirýär.

Nejasetiň görnüşleri

Şerigatyň nejis diýip kabul eden zatlary fykyh kitaplarynda ikä bölünýär.
1. Nejaseti galiza (agyr nejaset).
2. Nejaseti hafife (ýeňil nejaset).

Bu – hapanyň azlygyna ýa-da köplügine görä däl-de, namazyň syhhatyna (dürslügine) päsgel berip-bermeýänligine görä bölünýär.
Elbetde, hapanyň agyry-eňili bir zady hapalamakda deňdir. Meselem, bu ikisiniň haýsy hem bolsa biri gapdaky suwa gaçsa, şol suw hapalanýar. Ondan taharet kylmak jaýyz bolmaz.

Galiz nejasetiň namazyň syhhatyna päsgel berýän mukdary
Galiz nejasetiň namazyň syhhatyna päsgel berýän mukdary gatylygyna ýa-da suwuklygyna görä üýtgeýär. Eger gaty bolsa, bir dirhemden, ýagny, üç gramdan az bolsa, suwuklyk haldaka el aýasynyň giňliginden az ýere ýaýrasa – bular namazyň syhhatyna päsgel bermeýär. Ikisiniňem şundan artykmajy namazyň syhhatyna päsgel berýär. Namaz okamak üçin bulardan arassalanmak farzdyr. Her hal, namazyň syhhatyna päsgel bermeýän mukdardaky hapadan hem arassalanmak sünnetdir. Näçe arassa bolsaň, şonça gowudyr.

Galiz nejaset hasaplanýan zatlar:
1. Ynsan bedeninden çykan taharet ýa-da gusul almagy zerur eden hemme zat: peşew, ders, meni, mezi, wedi, gan, iriň, sary suw, agyz dolusy gusuk, haýz, nifas we istihaze ganlary;
2. Eti iýilmeýän haýwanlaryň nejaseti, siýdigi, sülekeýi...;
(Eti iýilmeýän haýwanlardan diňe pişigiň sülekeýi we agzyndan artany mekruh hasap edilýär).
3. Ähli haýwandan akan gan;
4. Towuk, gaz, ördek, hindiguşy ýaly eti iýilýän öý guşlarynyň pislikleri;
5. Maslyk we haram ölen malyň işlenmedik derisi galiz nejaset hasap edilýär.
Şerigatyň görkezmesine laýyklykda, damagy çalynmadyk mal maslyk bilen deňdir. Damak çalnanda bismillah bilkastlaýyn aýdylmasa, haýwan haram bolýar, eti iýilmeýär. Eger unudylsa, zyýany ýokdur.
6. Şerap (hamr) içilmegi we ulanylmagy haramdyr, ol egin-eşige ýa-da bedene dökülse, ýuwulýança tämiz däldir. Beýleki serhoş edýän spirtli içgiler hem şerap mysalydyr.

Ýeňil nejasetiň namaza päsgel berýän mükdary
Ýeňil nejasetde ölçeg: pislik degen eşigiň ýa-da beden agzasynyň dörtden birine ýetmelidir.Mükdar dörtden birinden az bolsa, namaza pesgäl bermez, eger köp bolsa, namaz okamakçy bolsaňyz, hapalanan ýeri ýuwmak farzdyr.
Ybadata päsgel bermese-de, agyr hem ýeňil, her hili nejasetden arassalanmak takwalyga mynasyp işdir.

Ýeňil nejaset saýylýan zatlar
1. Atyň, gatyryň, eşegiň we eti iýilýän goýun, keýik ýaly öý we ýabany haýwanlaryň siýdigi we tezegi ihtilaflydyr – jedellidir. Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, bular ýeňil nejasetdir. Fetwa esas bolan şu garaýyşdyr. Emma, Ymam Agzama görä, galiz nejasetdir.
2. Çaýçaňňalak, gyrgy, bürgüt, baýguş ýaly eti iýilmeýän guşlaryň pislikleri. Ýöne serçe, gögerçin, gumry ýaly nejasatyny howada taşlaýan guşlaryň nejasaty taharetli adamyň bir ýerine degse, hapa saýylmaýar.