(Buhari, Muslim)

«Eger ymmatyma kyn düşmejek bolsady, her taharet kylnanda miswak ulanmagy emr ederdim»

Ylmyhal>>Sünnet hasaplanýan beden tämizligi

Sünnet hasaplanýan beden tämizligi

Farz edilen taharet kylmak we gusul almak ýaly şer’i tämizlikden başga, musulmanyň hepdede azyndan bir gezek doly ýuwunmagy mustahapdyr. Hadysda «Her musulmanyň ýedi günden bir gezek ýuwunmagy Allahyň hakydyr» diýilýär.

Bu tämizligiň juma güni edilmegi ündelipdir. Ynsan bedenini kir we hapadan tämizlemekden başga-da, käbir agzalarynyň tämizligine üns bermelidir.

a) Saç
Tämizligine ilkinji üns bermeli zat saçdyr. Resulullah (s.a.w.) saçynyň arassalygyna uly üns berip daranardy. Käwagt bolsa olary ýaglardy. Bulaşyk, kirli saçlyny halamazdy. Bir gün huzuryna saç-sakgaly bulaşyk biri gelende: «Bu adamyň saçyny ýuwara suwy, ýaglara ýagy ýokmuka? Bu ne harsallyk?» diýip

b) Murt
Resulullah (s.a.w.) ashabyna murtuň dodagyň üstünden sallanan gyllaryny gysgaltmagy ündäpdir. Murty düýbi görünýän şekilde gysgaltmak sünnete laýygydyr.

ç) Goltugyňy we gasygyňy tämizlemek
Goltugyň aşagyndaky we gasygyňdaky gyllary azyndan 10-15 günden bir gezek, mümkin bolmadyk ýagdaýda-da 40 güni geçirmän arassalamak mustahapdyr. Bu tämizlik ähli pygamberleriň şerigatynda bardyr. Bu tämizligi iniň hapa wagty etmek mekruhdyr. Sebäbi bedenden herki zat tämizkä aýrylmalydyr.

d) Dyrnak tämizligi
Dyrnagy mümkin bolsa, hepdede bir gezek aýyrmalydyr. Dyrnagy hem iniň hapa wagty kesmeli däldir. Alnan dyrnagy çem gelen ýere atman, ýa gömmeli, ýa-da bir zada dolap hapa atylýan ýere zyňmaly.

Dyrnak aýyrmagyň düzgüni barada Ymam Gazaly şeýle aýdýar:
«El bilen aýagyň dyrnagy bir gezekde alynjak bolsa, ilki eliň dyrnagyndan başlamak gowudyr. Olaryň arasynda bolsa, towhyda yşarat edýändigi üçin, sag eliň süýem barmagyndan başlanmalydyr. Soňra dyrnak almak çep eliň baş barmagyna çenli yzygyderli dowam etmelidir. Iň soňunda sag eliň başam barmagynyň dyrnagy aýrylmalydyr. Aýagyň dyrnaklaryny aýyranyňda bolsa, sag külbikeden başlap, yzygyderli dowam etdirilip, çep külbikede gutarmalydyr», («Yhýa-u-Ulumiddin», t-1)

e) Agyz tämizligi
Agyz arassalygynda diş tämizligi saglyk taýyndan uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin dişleri arassa saklap, sowukdan-gyzgyndan, gaty zatlardan goramalydyr. Diş arassalygyna Resulullah (s.a.w.) uly ähmiýet beripdir. Ol:
«Eger ymmatyma kyn düşmejek bolsady, her taharet kylnanda miswak ulanmagy emr ederdim», (Buhary, Müslim).
«Dişleriňizi arassalaň. Çünki bu tämizligiň hut özüdir. Tämizlik bolsa imandandyr. Imanly kişi bolsa jennetidir».
«Saralan dişleriňiz bilen huzuryma gelmäň. Miswak ulanyň» diýipdir (Tirmizi).


Resulullah (s.a.w.) dişini miswak bilen arassalar eken. Miswak Arabystan ýaly ekwatoryň boýunda ösýän erak agajynyň şahasydyr. Häzirki döwürde geçirilen medisina barlaglary miswak agajynyň düzümindäki maddalaryň diş arassalamak üçin örän ýaramlydygyny subut edýär.

ä) Burun tämizligi
Agyz tämizligi ýaly, saglyk we jemgyýetde göze gelüwli bolmagyň üçin burun tämizligine hem dinimiz uly üns beripdir. Şol sebäpli Resulullah (s.a.w.): «Taharet alanyňyzda burnuňyza suw alyp, sümgüriniň». «Ukudan turanyňyzdan soň, üç gezek burnuňyzy suw bilen arassalaň» (Buhary) diýipdir.