Mümin süresi, 39-njy aýat

«Şübhesiz, şu dünýä durmuşy wagtlaýyn bir güýmenjedir. Emma ahyret hakykatdan ýaşaljak bir ýurtdur»

Ylmyhal>>Ahyret gününe iman

Ahyret gününe iman

Ahyretiň delilleri Ahyretiň menzilleri Berzah Gabyr azaby Kyýamat Haşr Täzeden dirilişiň görnüşi Magşar Amal depderi Hasap Mizan Syrat Kewser Şefagat Araf Jähennem Jennet Ru’ýetullah

«Ahyret» sözüniň – «soň», «soňra bolan», «soňky gün» diýen manylary bar. Allahyň emri bilen Israfiliň (a.s.) suruny çalmagy netijesinde kyýamat gopar we ahyret güni başlanar. Ahyret – ebedi durmuş bolan o dünýäni aňladýar.

Ahyrete iman – her bir zat ýaly şu dünýäniň hem ömrüniň gutarjakdygyna soňra başga bir hala geçjekdigine, ynsanyň täzeden direlip gabyryndan turjakdygyna, amal depderiniň eýelerine gowşuryljakdygyna, her kim dünýäde eden işleriniň hasabyny berjekdigine, syrat köprüsinden geçilmelidigine, ýagşylaryň jennete, ýamanlaryň jähenneme girjekdigine ynanmak diýmekdir.

Ahyrete iman – iman esaslaryndan bolup, Kuranda «el-ýowmil ahyr» görnüşinde Allaha iman bilen bilelikde zikr edilipdir. Bu ahyret ynanjynyň iman esaslarynyň arasynda möhüm orun tutýandygyny görkezýär.

«... kim Allahy, meleklerini, kitaplaryny, pygamberlerini we ahyret gününi inkär etse, ol doly manyda azaşandyr», (Nisa, 136), aýaty ahyrete ynanmaýan kişiniň käfir boljakdygyny belleýär.

Kurany Kerim ençeme aýatynda dünýä durmuşynyň geçegçi, ahyretiň bolsa ebedidigini, ynsanyň dünýäniň wagtlaýyn keýpi-sapasyna aldanmazlygyny has haýyrly we ebedi bolan ahyret bagtyny gazanmalydygyny nygtaýar. Şeýle hem Kurany Kerim dünýewi durmuşyň ahmal edilmezligini hem belleýär. Çünki ahyretde ýaşaljak bagtly durmuş şu dünýäde gazanylmalydyr. Şu aýatlar muňa mysaldyr:

«Ýöne siz (eý, ynsanlar!) ahyretiň has haýyrly we ebedi bolmagyna garamazdan, dünýä durmuşyny saýlaýarsyňyz», (A’la, 16-17).
«Şübhesiz, şu dünýä durmuşy wagtlaýyn bir güýmenjedir. Emma ahyret hakykatdan ýaşaljak bir ýurtdur», (Mü’min, 39).
«Allahyň saňa berenlerinden Onuň ýolunda harçlap, ahyret ýurduny gazanmaga çalyş, emma şu dünýäden hem nesibäňi unutma», (Kasas, 77).

Kurany Kerimde ahyretiň menzillerini görkezýän ençeme atlar bardyr. Olar: el-ýowmil ahyr (soňky gün, ahyret güni), ýowmül ba’s (diriliş güni), ýowmül kyýame (kyýamat güni), ýowmid-din (sylag – mukafat we jeza güni), ýowmül hisab (hasap güni), ýowmi-itlak (gowuşma güni), ýowmül hasre (hasrat we puşman güni).

Pygamberimiziň ahyret we onuň menzilleri – ýagny, gabyr durmuşy, magşar, hasap, mizan, syrat, şefagat, jennet we jähennem, aýratyn hem kyýamat alamatlary bilen baglanyşykly ençeme hadyslary bardyr.

Ahyretiň barlygynyň delilleri

Iň dogry habar «Ahyret bardyr» diýen habardyr. Ýagny, «ynsan ölenden soň, onuň ruhy durmuşynyň dowam edýändigi, belli wagtdan soň, täzeden beden bilen birlikde diriljekdigi, hasaba çagyryljakdygy, ýagdaýyna we amalyna göpä jennete ýa-da dowzaha salynjakdygy» baradaky habar ýalan saýylmagy asla mümkin bolmadyk iň dogry habardyr.
Munuň delilleri şulardyr:

1. Allah Tagala ahyretiň bardygyny wada edip, habar berýär. Onuň esmaýy-hüsnasynyň hemmesi, aýratyn hem, şu dünýäde tejelli eden Kerim, Rahym, Jelal, Jemal, Aziz, Hafyz, Adyl... atlary we rahmet, şefkat, yzzat, adalat, hikmet we ylym ýaly mukaddes sypatlary ahyretiň bolmalydygyny, hasap soralyp, jezanyň ýa-da sylagyň berilmelidigini zerur edýär. Meselem, biz Allahyň mutlak adalatlydygyna ynanýarys. Ýöne bilşimiz ýaly, şu dünýäde her kim eden günäsiniň jezasyny doly çekmeýär. Käbir adalatsyzlyklar bolup geçýär. Ahyretde bolsa, beýle ýagdaý bolmaz. Hökman hak bilen nähak aýyl-saýyl ediler. Allah mutlak adalaty bilen erbetleri jezalandyryp, ýagşylary sylaglar. Şu aýat ýagşy bilen ýamanyň deň bolup bilmejekdigini aňladýar:

«Ýogsa, erbetlik edenler ölenlerinde ýa-da dirikäler özlerini ynanyp ýagşy amal edenler bilen deň hasaplaýarmy? Nähili ýalňyş netijä gelýärler. Allah gökleri we Ýeri ýerbe-er ýaradandyr. Her kim gazananyny alar. Hiç kime adalatsyzlyk edilmez», (Jasiýe, 21-22). Allahyň beýleki atlaryny we sypatlaryny hem şunuň ýaly deňeşdirip bilersiňiz. Allah Tagala atlary we sypatlary bilen mutlak görnüşde ahyretde tejelli etjekdir. Diýmek, Allah bar, elbetde, ahyret bardyr.

2. Hezreti Muhammet (s.a.w.) ýaly, ähli pygamberler ymmatlaryna ahyreti düşündiripdir. Olar azaşyp inkär edenleri dowzah azaby bilen gorkuzyp, tagat kylyp iman edenlere jennetiň garaşýandygyny habar berip buşlapdyrlar. Pygamberimiz hadysynda: «Israfil (a.s.) sury çalmak üçin emre garaşyp, taýýar bolup durka, men neneň keýpi-sapada ýaşaýyn?!» diýipdir.

Pygamberler şeýle adamdyr, olaryň esasy sypatlaryndan biri sydkdyr. Ýagny, ähli pygamberler syddyk, sadakatly we dogruçyldyrlar. Olaryň ähli eden işleri we aýdanlary hemişe dogry çykypdyr. Diýmek pygamberleriň habar beren ahyret älemi hökman bardyr.

3. Kurany Kerim we beýleki Hak Kitaplar her pursatda ynsanyň nazaryny ahyret durmuşyna öwrüp, ilahi adalat we azaby ýatlatmak bilen ynsanyň asylykdan, azaşmakdan, küfürden, pitneden daş durmagyny, ilahi mükafaty ýatlatmak bilen ony imana we ybadata çagyrypdyr.
Kurany Kerim ahyret ynanjy barada şeýle bir köp söz açypdyr, ki, Kuranyň üçden biri ahyrete degişli meseleler bilen baglanyşyklydyr. Hatda Kuranda ahyret gününden söz açmaýan süre ýok diýen ýalydyr.

4. Meläikeýi Kiram ahyretiň bardygyna şaýatlyk edýär. Magşar güni boljak hadysalary häzirden tomaşa edýän, jennet bilen dowzahy göpüp pygamberlere gelip habar berýän melekleriň getiren habarlary ahyret durmuşynyň hökman boljakdygyny görkezýär. Şeýle hem, dünýäden öten käbir ruhlar bilen gatnaşygyň bardygy, Allahyň rugsady bilen bizden olara doga we sogaplaryň ýetmegi, olardan bize feýz we ýardam gelmegi ahyret durmuşynyň bardygyna we dowamlydygyna aýdyň şaýatdyr.

5. Bulardan başga sagdyn oýlanýan kişi adalatlylyk, jogapkärçilik, ebedilik duýgusy, akyly, şeýle hem, ynsan maksatsyz geldi-geçer ýaradylmaz diýen düşünjesi bilen ahyret durmuşynyň bardygyna göz ýetirip biler.
Diýmek, ynsandaky ebedilik arzuwy diňe ahyret bilen kanagatlandyrylyp bilner.
Tomusdan soň güýzüň, güýzden soň gyşyň, ondan soň, diriliş möwsümi – baharyň geljekdigi nähili anyk bolsa, gündizden soň agşamyň, agşamdan soň gijäniň, gijeden soňra-da oýanmak we dirilmek wagty bolan ertiriň gelmegi nähili derejede jedelsiz bolsa, edil şonuň ýaly, ýaşlykdan soň garrylygyň, soňra ölümiň, aýratyn hem dünýäniň ölüminden soň kyýamatyň gopmagy bilen täzeden dirilmek anyk, kesgitli, üýtgewsiz, jedelsiz hakykatdyr.

Ahyret durmuşynyň menzilleri

Ynsan durmuşyny dört menzile bölmek mümkindir.
1. Ruhlar älemi.
Allah Tagala ruhlaryň hemmesini ýaradan gününden başlap, ene göwresindäki çaga ruh üflenýänçä bolan aralykdyr.
2. Dünýä durmuşy.
Ene göwresinden tä şu dünýäden ötýänçä dowam edýän synag döwri.
3. Berzah älemi.
Dünýäden ötenden soň haşr gününe çenli bolan aralykdyr. Bu ahyret durmuşynyň ilkinji menzilidir.
4. Ahyret älemi.
Haşr gününden soňky ýaşaljak döwürdir. Ynsan ahyret äleminde şu menzilleri ýaşap geçer: gabyr (berzah) durmuşy, kyýamat, haşr we magşar, amal depderiniň berilmegi, hasap, mizan, syrat, şefagat, jennet ýa-da jähennem.

Berzah älemi

Ölüm bilen başlanyp, täzeden dirilinýänçä aralyga berzah älemi, ýa-da gabyr durmuşy diýilýär. Bu ahyret äleminiň ilkinji menzilidir. Bir hadysy şerifde şeýle diýilýär:
«Gabyr – ahyret menzilleriniň ilkinjisidir. Bir kişi şol menzilde azapdan halas bolsa, ondan soňky menzilleri hem aňsatlyk bilen geçer. Eger azapdan halas bolup bilmese, beýleki menzilleri geçmek has kyndyr», (Tirmizi, Ibni Maje).

Ynsan nähili ýagdaýda ölse-ölsün ruh bedenden çykandan soň, berzah älemine gider. Onuň ýanyna Münker we Nekir atly iki melek gelip:
– Rabbiň kim?
– Pygamberiň kim?
– Diniň näme?– diýip sorarlar.

Eger-de sorag edilýän iman edip, takwa ýaşan kişi bolsa, oňa jennete degişli penjireler açylar we ol jenneti synlap duran halynda ýaşar. Eger-de ol günäkär ýa-da inkär edenlerden bolsa, oňa dowzahdan penjireler açylyp, dowzahy synlap ýaşar. Biri kyýamatyň tiz gopmagyny arzuw eder, beýlekisiniň ýagdaýy bolsa tersinedir.

Gabyr azaby

Hezreti Aişäniň gürrüň beren hadysynda Pygamberimiz: «Gabyr azaby hakdyr» diýýär, (Buhary). Başga hadysynda bolsa: «Eý, Rabbim, gabyr azabyndan Saňa sygynýaryn» diýip doga edipdir, (Buhary). Gabyr dünýäde saplanyp bilinmedik käbir günäleriň hasabynyň soralyp, ýuwulýan ýeridir. Hasap gününe goýlan uly günäleriň ýanynda möhüm saýylmadyk, «lemem» diýlen kiçi günäleriň käbiri gabyr azaby bilen ýuwulýar.

Ähli tahkyk Kuran we sünnete daýanyp şeýle aýdýar: «Günäli kişiniň uly-kiçi günäleriniň belli bir bölegi dünýäde çekýän ejirleri we musybatlary bilen ýuwulýar. Käbirleri bolsa ölüm wagtynda aýrylýar. Galanlary «ýowmid-din» bolan Beýik Hasap gününe galmasyn diýlip, gabyrda arassalanýar. Gabyrda arassalanyp bilinmejek günäler bolsa, soň Haşyr meýdanynda, Tereziniň başynda we iň soňunda jähennemde arassalanjakdyr.

Käbir hadyslarda beýan edilişine görä, hezreti Abbas (r.a.) hezreti Omary dünýeden ötenden alty aý soň görýär. Ondan: «Niredediň, eý, Omar?» diýip soraýar. Hezreti Omar: «Sen sorama, hasabymy ýaňy berip bildim» diýip jogap berýär. Belki, o taýda sähelçe-de günä ýokundysy galmasyn diýp, Allah Tagala ondan şeýle berk hasap sorandyr. Hawa, günä we zelleleriň kiçilerini arassalamakda gabryň gysmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu ajy derman bolsa-da, jennet şypasyna ýetirýär.

Gabryň gysmagyny Sa’d b. Muaz ýaly ýokary derejeli sahaba-da görýär. Sahyh hadys çeşmeleriniň beýanyna görä, Sa’d b. Muaz (r.a.) gabra salnanda Pygamber Serwerimiz (s.a.w.): «Fesubhanallah! Gabyr Sa’d b. Muazy hem gysýar» diýipdir. Diýmek, gabryň gysmajak adamy bolmaz. Sa’d b. Muaz şeýle sahabady – ol dünýeden ötende Jibril (a.s.) ýere inip: «Sa’dyň ölmegi bilen arş titredi, eý, Resulallah» diýýär. Pygamberimiz bolsa, aýaklarynyň ujuna basyp ýöreýär. Munuň sebäbi soralanda Serwerimiz: «Jynazasyna şeýle köp melek indi, aýak basara ýer tapmaýaryn» diýip düşündirýär.

Gabyr azabyna sebäp bolýan günäler
Pygamberimiz gabyr azabyna üç zat sebäp bolar diýipdir. Olar: gybat, gep gezdirmek we synja kylanyňda kiçi täretiňden arassalanmaga üns bermezlik (Beýhaki). Hadyslarda aýdylyşyna görä, gabyr azabyny çekýänleriň sesini haýwanlar eşidýär.
Hadyslarda aýdylyşyna görä, ynsany şu amallary gabyr azabyndan halas edýär: bäş wagt namaz, oraza, haj, zekat, sadaka, sylaýy-rahym (ýakynyň halyny soramak), ene-ata ýagşylyk etmek, adamlary magrufa çagyryp, münkerden daş saklamaga çalyşmak, namazda kyýamy we seždäni uzaltmak, her gije Mülk (Tebäreke) suresini okamak. Şeýle hem, juma güni, juma gijesinde, remezan aýynda dünýeden ötenler, şehitler gabyr azabyny görmezler.

Kyýamat

Kyýamatyň haçan gopjakdygyny diňe Allah biler. Ony ne hezreti Muhammet (s.a.w.), ne Oňa wahý getiren Jebrail (a.s.), ne-de wagty gelende kyýamatyň gopmagy üçin sura üflemek wezipesi berlen Israfil (a.s.) biler. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:
«Kyýamatyň wagty barada anyk maglumaty diňe Allah biler...» (Lukman, 34). Başga bir aýatda:
«Senden kyýamatyň haçan gopjagyny soraýarlar. Olara aýt, ol baradaky maglumaty bilmek diňe Rabbime degişlidir. Onuň wagtyny Ondan başga biri aýdyp bilmez. Ol Göklere-de, Ýerlere-de agyr düşer. Ol size duýdansyz geler. Hamala sen ony bilýän ýaly, senden soraýarlar. Aýt: Onuň wagtyny diňe Allah biler. Ýöne muny ynsanyň köpüsi bilmeýär», (A’raf, 187).

Älemiň ölümi diýmek bolan kyýamat Allah Tagalanyň gudraty bilen bolup geçer. Onuň gudratynyň öňünde iň beýik zat bilen iň kiçi zat deňdir. Ýagny bahary ýaratmak, bir güli ýaradan ýaly ýeňildir.
Şu älemdäki atomdan ýyldyzlara, Günlere çenli ählisi özboluşly dilleri bilen Onuň azamat we gudratyna şaýatlyk edýär. Çäksiz älemi gudraty bilen ýaradyp, ony hemişe täzeläp duran gudraty güýçli Ýaradana: «Kyýamaty nähili getirjek, bu älemi nädip ahyret älemine öwürjek?» diýip bolarmy?! Çünki Ol ýaratmagyň her dürli görnüşini bilşi ýaly, bir ynsany ýaratmagyň tutuş adamzady ýaratmak bilen deňdigini Kurany Kerimde şeýle habar berýär:
«Siziň ýaradylmagyňyz, öleniňizden soň täzeden dirildilmegiňiz ýeke-täk ynsanyň ýaradylmagy we täzeden dirildilmegi bilen deňdir», (Lukman, 28).

Eger bir zatda kämilleşmek kanuny bar bolsa, onda ösüş bardyr. Bir zatda ösüş we ulalmak bar bolsa, hökman onuň belli bir ömri bardyr. Belli bir ömri bolanyň hökman ajaly bardyr. Ynsan nähili kiçi älem bolsa, älem hem uly bir ynsandyr – ölümden we harap bolmakdan halas däldir. Ynsan dirilmek üçin ölşi ýaly, älem hem täzeden dirilmek üçin öljekdir.

Kyýamatyň gopjakdygy barada maglumat ähli dinlerde bardyr. Bu akyl we ylym taýyndan hem mümkin hadysadyr. Meselem: fizika we astronomiýa alymlarynyň aýtmagyna görä, älemiň traýektoriýasynyň artýandygyny habar berýärler. Hereket bolan ýerde töweregiň traýektoriýasy hem artar. Bu artyş maksimumdan geçenden soň,belli nokatda nol” bolar. Şol wagt hem ähli hereket togtar. Bu bolsa älemiň soňy diýmekdir.

Kurany Kerim kyýamatyň gopuşyny şeýle suratlandyrýar:
«Günüň düýrülip yşygynyň sönen wagty, ýyldyzlar ýerinden dökülip pytran wagty, daglar ýerinden göçürilen wagty, botlajak bolup duran düýeler, gyýylmaz mallar taşlanan wagty, wagşy jandarlar dirildilip ýygnalan wagty, deňizler tutaşdyrylyp gaýnadylan wagty, nebisler jübütleşdirlip ruhlar bedene giren wagty, diriligine gömlen gyz çagadan nä sebäbe öldürilendigi soralan wagty, hasap depderleriniň açylan wagty, gök jisimleriniň ýerinden gaýdyrylan wagty, jähennem alaw-alaw tutaşdyrylan wagty, jennetiň ýakynlaşdyrylan wagty, ynha, şol wagt her ynsan taýýarlanynyň näme hasyl berendigine düşüner...» (Tekwir, 1-14).

Başga surede bolsa kyýamat şeýle suratlandyrylýar:
«Gök ýarylan wagty, ýyldyzlar bölünip, töwerege seçilen wagty, deňizler biri-birine goşulyp ýeke deňze öwrülen wagty, gabyrlaryň içiniň daşyna çöwrülen wagty, ynha, şol wagt her kim näme edip, nämäni etmändigine doly düşüner...» (Infitar, 1-5). Kyýamaty suratlandyrýan ýene-de ençeme sure we aýat bardyr.

Haşr

Kyýamat gopandan soň ähli zat ýok bolar. Hiç bir janly-jandar galmaz. Diňe Allah baky galar. Bu ýokluk belli wagt aralygy dowam edenden soň, Allah Tagala Israfile sura ikinji gezek üflemegini emr eder. Suranyň çalynmagy bilen birlikde ynsanlaryň bedenleri täzeden ýaradylyp, ruhlar şol bedenlere täzeden dolanarlar. Şeýlelikde, Allah ölüleri täzeden dirilder.
Ähli hak dinlerde bu ynanç bardyr. Kurany Kerim öleniňden soň täzeden dirilişiň mümkindigini, hökman boljakdygyny şeýle subut edýär:

1. Bir zady bar eden üçin ony ikinji gezek bar etmek mümkin we has ýeňildir:
«Öz ýaradylyşyny unudyp: «Bu çüýrän süňkleri kim diriltjek?» diýip, Bize mysal getirene aýt: Ony ilkinji gezek kim ýokdan bar eden bolsa, şol hem dirilder. Çünki, Allah ýaratmagyň her görnüşini bilýär», (Ýasin, 78-79).
«Biz ilkinji ýaradylyşda ejizmidik, ikinji ýaradylyşda ejizlär ýaly? Ýok, olar täzeden ýaradylyş hakynda şübhe edýärler»
«Üstesine şeýle diýdiler: «Biz guran süňk we tozan halyna gelenimizden soň, täzeden ýaradylyp, dirildilerismi? (Bu bolup bilmez)». Eý, Resulym, olara aýt: Isle daş boluň, isle demir, isle-de täzeden dirilmegi mümkin däldir öýden bir barlyk boluň, näme bolsaňyz hem hökman dirildilersiňiz...», (Isra, 49-51).

2. Ýaradylmagy kyn bolan bir zady ýaradan, aňsadyny-da ýaradar. Gökleriň we Ýeriň ýaradylmagy ynsany ýaradandan has kyndyr. Gökleri we Ýeri ýaradyp, olary diregsiz saklaýan Allah ynsany ölenden soň täzeden diriltmäge, şübhesiz, kadyrdyr.
«Şol käfirler gökleri, ýeri ýaradan we bulary ýaradanda ýadamaýan Allahyň ölüleri diriltmäge-de güýjüniň ýetjekdigine akyl ýetirmeýärlermi?!», (Ahkäf, 33).
«Mahlukaty ilki ýaradyp, soňra-da täzeden diriltjek Oldur. Bu oňa ilki ýaradandan has ýeňildir...», (Rum, 27).

3. Öli Ýere jan beren Allah ynsany-da dirildip biler.
«...Sen Ýer ýüzüni öli we gup-gury görersiň, ýöne onuň üstüne ýagmyr ýagdyranymyzda oňa jan geler, güberler. Her dürli göwnüňi açýan ösümlikler gögerer. Çünki Allah hak-hakykatyň özüdir. Ol ölüleri dirilder. Ol kadyrdyr. Onuň her bir zada güýji ýeter. Kyýamat wagty hökman geler. Muňa şübhe ýokdur. Allah gabyrlardakylary dirildip turzar», (Haj, 5-7).
Pygamberimiz hem öleniňden soň täzeden dirilmek bilen baglanyşykly maglumatlary hadyslarynda aýdypdyr.
«Ynsan ölenden soň «ajbüz-zeneb» atly süňkünden başga hemme zady çüýräp ýok bolar. Kyýamat güni täzeden dirilmek hem bu çüýremeýän bölegiň üsti bilen bolup geçer» (Buhary, Müslim).
Bu mesele bilen baglanyşykly ýene ynsanyň hemmesiniň dirildiljekdigi we gabryndan ilkinji turanyň hezreti Muhammet (s.a.w.) boljakdygy barada habar berilýär, (Buhary, Ibni Maje). Pygamberimiz başga bir hadysynda ynsanlar dirildilende ilki ýaradylyşlaryndaky ýaly boljakdyklary aýdylýar (Buhary, Müslim).

Täzeden dirilişiň görnüşi

Kuranda haşrdan söz açýan aýatlarda, esasan, haşryň nähili boljakdygy däl-de, haşryň boljakdygy aýdylýar. Aýatlarda haşryň nähili boljakdygynyň anyk aýdylmazlygy akaýyd we kelam alymlarynda dürli garaýyşlaryň döremegine sebäp bolupdyr. Täzeden diriliş diňe ruhy taýdanmy, ýa-da ruh bilen birlikde bolup geçjekmi? Bu barada ähli sünnet alymlarynyň ynanjyna görä, haşr jismany boljakdyr.

Kurany Kerimde jennet we jähennem ýüz ýigrimiden gowrak ýerde agzalýar. Aýatlar jenneti we jähennemi düşündirenlerinde ruh we jesediň bilelikde bolşuna ünsi çekýär. Meselem: jennete giren ynsanyň ýüzi begençden doludyr. Bu ruhy şatlygyň alamatydyr. Şeýle hem jennetde göwnüniň islän her bir zady taýyndyr. Dünýädäki aýallary bilen birlikde hüýr-periler bilen aýlanyp durandyr. Bular bolsa bedene degişli nygmatlardyr.

Jähennemdäkileriň puşmany, wyždanlaryny ezýän elemi ruha degişlidir. Ýöne alowlap ýanýan oduň içine girmekleri, ýanan hamlarynyň ýerine azabyň täzelenmegi üçin derrew täze ham döremegi, agzalarynyň zyýanyna şaýatlyk etmegi ýaly ýagdaýlar bolsa beden bilen baglanyşyklydyr.
Görnüşi ýaly, ruh bilen beden dünýäde bolşy ýaly, ahyretde-de, azapda hem lezzetde birlikde boljakdyr. Ýöne bedeniň ruh bilen gatnaşygy älemlere görä dürli-dürlüdir. Bu dünýäde başga, gabyrda başga, ahyretde hasam başgadyr. Allah Tagala ynsan bedenini Pygamberimiziň «ajbüz-zenep» diýip atlandyran asly zerreleriniň esasynda ýaradypdyr. Ahyretde hem şol zerreleriň esasynda täzeden diriltjekdir. Bu zerreler häzirki ylmyň aýtmagyna görä, genler bolup biler. Haşr güni ynsanyň ähli zerreleri däl-de, özüne degişli bu asly zerreler ruh bilen gatnaşyk saklap, toz-topraga öwrülen çar tarapdaky beýleki zerreleri bilen birlikde bedeni täzeden ýaratjakdyr. Bu edil bagyň her ýyl bir meňzeş miwe getirişi ýalydyr.
Haşr barada esasy üç mesele

1. Ruhlaryň bedene gelmegi.
Meselem, bir serkerde goşun düzse, olary nyzama girizip, soň dynç alşa goýberse, soňra «Bu serkerde dynç alýan bu goşuny bir tüýdügiň sesi bilen ýene-de ýygnap bilmez» diýip bolarmy?
Bu mysaldaky ýaly Allah Tagala ynsan bilen ähli barlygy ýokdan bar edendir. Her bir janly-jandaryň bedenini her biri bir esger ýaly işleýän milliardlarça öýjükden döredendir. Her bir janly-jandaryň bedenini düzgün-nyzamly ýaradan, hatda her asyrda, her baharda milliardlarça janly-jandary täzeden döreden, Hak Tagala olary ölenden soň Israfiliň sury bilen näme üçin ýygnap bilmesin? Ol öýjükler we ruhlar ilahi emre şol goşunyň esgerlerinden has ýeňil we çalt boýun egip tagat ederler.

2. Bedenleriň täzeden dirilmegi.
Meselem, uly bir şäherde gije bir merkezden ýüz müňlerçe elektrik lampasy bir pursatda ýanar. Ähli ýurtlardaky lampalar ýeke-täk merkeze baglanan bolsa, bir düwmä basmak bilen tutuş Ýer togalagy yşyklandyrylyp bilner. Ine, Allah Tagalanyň ýaradan elektrik togy şeýle iş bitirýän bolsa, elbetde, milliardlarça ruh elektrik ýaly has ýeňil we rahatlyk bilen bedenlere girip, ynsanlaryň hemmesi birden dirilip biler.

3. Bedenleriň bir pursat jemlenip birikdirilmegi.
Meselem, bahar paslynda birnäçe günüň dowamynda adamzatdan müňlerçe gezek köp bolan ähli agaçlaryň ýapraklary, gülleri we miweleri öňki bahardaky ýaly kämil görnüşde döremegi, şeýle hem tohumlaryň, şänikleriň, kökleriň birden bilelikde oýanmagy, gögermegi, dirilmegi gyş paslynda ýalaňaç galan agaçlaryň bir emr bilen birden janlanmagy, milliardlarça haýwan görnüşleriniň bezegli we nagyşly görnüşde peýda bolmagy kyýamat gününde haşrda ynsan bedeniniň bir ýere jemlenip birikdirilmegine mysaldyr.
Bu dünýäde sebäpler we hikmetler häkimdir. Her bir zat belli bir wagtyň dowamynda, belli bir sebäbe görä emele gelýär. Ýöne gudrat we rahmetiň tejelli etjek ýeri bolan ahyretde her bir zat madda, wagt, kanunlar bilen baglanyşyksyz bir demde ýaradylar.
Nahl suresiniň 77-nji aýatynda bu şeýle suratlandyrylýar: «Kyýamatyň bolup geçişi göz açyp ýumasy salym ýa-da ondan hem çaltdyr».

Magşar

Magşar – adamlaryň gabyryndan turup ýygnanjak ýeridir. Ynsan şol ýerde hasaba çagyrylyp, amal depderleri berlip, mizan terezide amallary çekilenden soň, syratdan geçip jennete ýa-da dowzaha gider. Magşar güni Allah Tagalanyň azamat, haşmet, jelal we kibriýasy bilen tejelli etjekdigi, gökleri sag eline, Ýeri sol eline alyp:
«Şu gün ýeke-täk Mälik Mendirin. Jepbarlyk satyp we tekepbirlik edenler nirede? Şu gün mülküň hakyky eýesi kimdir? diýip sorar. Soňra ýene-de Özi: «Kahhar we ýeke-täk bolan Allahdyr» diýen jogaby berer».

Kurany Kerim magşar gününi şeýle suratlandyrýar.
«Ynha, şol gün kişi doganyndan, enesinden, atasyndan, ýan ýoldaşyndan, çagalaryndan gaçar. Şol gün olaryň her biriniň özüne ýetik derdi bardyr», (Abese, 34-37).
Ýagny, «Dost-dostuň halyny soramaz. Biri-birine duşarlar, ýöne her kim öz derdi bilen başagaýdyr. Günäkär şol günüň azabyndan gutulmak üçin ogullaryny, ýanýoldaşyny, doganyny, ähli içerisini we Ýer ýüzündäkileriň ählisini fidýe hökmünde berip, ýeke özüni halas etmäge çalşar», (Magariç, 10-14).
Bu aýatlar hasap gününde her kesiň öz derdi bilen başagaý boljakdygyny, hiç kimiň başganyň derdini soramaga ýagdaýynyň bolmajakdygyny, iň ýakynlaryna ýardam etmek beýlede dursun, öz garabaşyny halas etmek üçin olary hem gaýgyrmajakdygyny beýan edýär.

Amal depderiniň paýlanmagy

Her ynsanyň dünýäde eden ýagşy-ýaman işleriniň ýazylan depderine amal depderi diýilýär. Kiramen Kätibin atly iki melek bu işi ýerine ýetirýändir. Magşar güni hasaba çekilende, melekleriň ýazan bu depderi ynsanyň eline berlip, «Al, kitabyňy oka» diýiljekdir. Eger depderde erbet amallar köp bolsa, çep eline, ýagşy amallar köp bolsa, sag eline berler. Depderi sagdan berlenlere «Ashaby ýemin», çepden berlenlere «Ashaby şimal» ady berlendir. Depderi çepden berlen uly perýady-pygan bilen düýpsüz puşmana gark bolar. Sag eline berlenler bolsa, begençden we şatlykdan ýaňa bagtyýarlyklarynyň çägi bolmaz. Bu ýagdaýy Kurany Kerim şeýle suratlandyrýar:

«Kitap ortada goýlar. Günäkärleriň onda ýazylanlardan gorkyşlaryny görsediň. Olar: «Waý, halymyza, bu nähili kitap, kiçi-uly hiç zady galdyrman bary ýazylypdyr» diýerler. Şeýlelikde, olar edenleri bilen garşylanar. Seniň Rabbiň hiç kime zulum etmez», (Kehf, 49).
«Ynha, şol gün her kim näme edip ileri gidenini, näme edip gaýra tesenini biler», (Infitar, 5).
«Şol gün ynsana näme edip ileri gideni, näme edip gaýra teseni habar berler» (Kyýame, 13).

Hasap-sowal

Adamlar amal depderlerini ellerine alanlaryndan soň, Allah Tagala tarapyndan hasaba çagyrylar. Hasap soralanda amal depderlerinden başga, ynsanyň beden agzalary we Ýer ýüzündäki barça barlyk onuň edenlerine şaýatlyk eder. Şol gün Pygamberimiziň hadyslarynda aýdylyşyna görä, bäş zatdan hasap soralar: Ömrüňi nirede geçirdiň? Ýaşlygyňy nämä bagyşladyň? Malyňy nireden gazanyp, nirä harçladyň? Öwrenen ylmyň bilen nähili amal etdiň? Bedeniňi, saglygyňy nämä sarp etdiň? (Tirmizi).

Käbir hadyslarda beýan edilişine görä, Allah Tagalanyň hut özi ynsandan hasap sorar. Mü’minler soraglara ýeňillik bilen jogap berer, käfirlerden hasabat soralanda, olar berere jogap tapmaz. (Buhary, Müslim).

«Rabbiňe kasam bolsun, Biz olaryň hemmesiniň eden zatlaryndan hökman hasap sorarys», (Hijr, 92-93).

Pygamberimiz bir hadysynda Allah Tagalanyň beren nygmatlaryna şükür etmeýäniň, Onuň öňündäki borçlaryny berjaý etmeýäniň düşjek gününi şeýle suratlandyrýar:
«Kyýamat güni gul hasap bermek üçin Allahyň huzuryna getiriler. Allah Tagala oňa: «Men saňa gulak, göz, mal we perzent bermedimmi? Ösümlikleri, mallary seniň hyzmatyňa bermedimmi? Seni bulara eýe edip, olardan peýdalanmagy öz ygtyýaryňa bermedimmi? Sen Meniň bilen ahyry duşuşjakdygyň barada oýlanmadyňmy?» diýip ýüzlener. Gul bolsa: «Ýok» diýip jogap berer. Allah Tagala şonda «Dünýäde meni unudyşyň ýaly, Men hem şu gün seni unutdym» diýer (Tirmizi).

Mizan

Mizan – Magşar güni her kesiň amalyny çekmek üçin ýaradylan adalat terezisidir. Şonuň bilen ynsanyň ýagşylyk we ýamanlyklary ölçener. Allah Tagala mizanda amallary çekende, sogabynyň günäden agdyklygyna görä höküm berer. Sogaby günäsinden agyr gelenler jennete, ýeňil gelenler jähenneme äkidiler. Jähenneme äkidilen günäkär mü’minler jezalaryny çekenlerinden soň, jennete dolanar. Mizan hakynda Kuranda şeýle buýrulýar.
«Kyýamat güni adalat terezilerini gurarys. Hiç kime hiç hili görnüşde adalatsyzlyk edilmez. Her kim hardal dänesi ýaly bolsa-da eden işi terezide çekiler. Hasap soraýan hökmünde Biz ýeterlikdiris», (Enbiýa, 47).

Başga bir aýatda:
«Indi kim zerre agyrlygyça haýyr iş eden bolsa, ony görer, kim zerre agyrlygyça günä iş eden bolsa, ony-da görer», (Zilzal, 7-8).

Syrat

Syrat – jähennemiň üstünden gurlan, geçilmegi kyn bolan köprüdir. Her kim bu köprüden geçmelidir. Mü’minler eden amallaryna, iman kuwwatyna we nuruna görä, bu taýdan dürli tizlikde geçerler. Käfirler we günäkärler bolsa, aýaklary taýyp dowzaha gaçarlar. Syratyň nähilidigi hakynda anyk maglumat ýokdur. Pygamberimiz bir hadysynda jähennemiň üstünde gurlan syratdan ilki geçeniň özi we ymmaty boljakdygyny, her kimiň geçiş tiz liginiň iman nuruna görä üýtgejekdigini, käbiriniň göz açyp ýumasy pursat, käbiriniň ýyldyrym, käbiriniň bulut, käbiriniň süýnen ýyldyz, käbiriniň bedew at ýaly geçip gitjekdigini belleýär, (Buhary, Müslim, Ibni Maje).

Kewser

Kyýamat magşar gününde Pygamberlere yhsan ediljek howuzlar boljakdyr. Mü’minler olaryň datly we dury suwundan içip suwsuzlygyny gandyrar. Kurany Kerimde:
«Şübhesiz, biz saňa Kewseri berdik», (Kewser 1). Aýatda agzalýan Kewser umuman howuz görnüşinde diýlip düşünilipdir. Şol sebäpli Pygamberimiziň kyýamatdaky howzuna «Hawzy Kewser» diýlipdir.
Hadyslaryň beýanyna görä, Pygamberimiziň kewser howzy giň, suwy süýtden ak, ysy müşkden has ýakymly, käseleriniň sany gökdäki ýyldyzlardan has köpdür. Ondan bir gezek içen ebedi suwsamaz. (Buhary, Müslim, Tirmizi).

Şefagat

Şefagat – günäkär mü’minleriň günäleriniň bagyşlanmagy, günäsizleriň has belent mertebelere ýetmegi üçin pygamberleriň, öwlüýä, asfiýa we şehitleriň Allaha ýalbaryp doga etmekleri diýmekdir. Şefagat hakdyr. Ençeme aýat we hadyslar şefagat barada söz açýar. Ahyretde ähli pygamberler Allahyň rugsady bilen öz ymmatyna şefagat etjekdir. Pygamberlerden başga öwlüýä, asfiýa we şehitler hem derejelerine görä, Allahyň olara beren rugsadynyň çäginde şefagat ederler.

Şefagat meselesinde iň ýokary mertebe Pygamberimize lutuf edilendir. Şonuň üçin Oňa şefagaty uzmanyň (ahyretde beýik şefagatyň) eýesi diýilýär. Onuň «hammadun» diýilýän ymmaty «liwaul hamdyň» (hamd tugy) aşagynda ýygnanar. «Seýýidin-nas» (ynsanlaryň Serweri), «Rahmeten lil älemin» bolan Resuly Ekrem (s.a.w.) howzunyň başynda durup, ymmatyna suw berer. Syratyň başynda durup, ymmatynyň dowzaha düşmeginden gorar. Sežde edip, günäkärleriň bagyşlanyp, ýalkanmagyny dilär. Iň beýik we makbul şefagat hakyny şol wagt ulanar. «Makamy mahmudyň» eýesi bolan Pygamberimiziň şefagatyndan her kes öz paýyna düşeni bilen şereflener we halas bolar.

Pygamberimiz ymmatyndan uly günä edenlere-de şefagat etjekdigi barada hadyslarda aýdylýar. (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje). Ýöne ahyret güni Rahmanyň rugsady bolmasa, hiç kimiň hiç bir meselede hiç kime peýdasynyň degmejekdigi, hiç kimiň gürläp bilmejekdigi, ähli sesleriň kesilip, diňe bir hyşyrdynyň eşidiljekdigi, hatda şeýle bir wagt geler, pygamberleriň hem: «Rabbim, salamatlyk ber, Rabbim, salamatlyk ber» diýjekdigi aýdylýar. Bu ýagdaýy Kuran şeýle suratlandyrýar:
«Allahyň rugsady bolmasa Onuň huzurynda şefagat etmäge kim het edip biler?!», (Bakara, 255).
«Indi şefagatçylaryň şefagaty olara peýda bermez», (Müddesir, 48).
«Şol gün ruh we melekler hatar-hatar durar. Rahmanyň rugsat bereninden başga hiç kim gürläp bilmez. Rugsat edilen hem, diňe dogrusyny aýdar», (Nebe, 38).
«Şol gün Rahmanyň rugsat edip, razy bolanyndan başganyň şefagaty degmez», (Taha, 109).

Bu aýatlar Pygamberimiziň we beýleki şefagat edijileriň şefagatynyň belli çäginiň boljakdygyny görkezýär. Şeýle hem şefagatçy islän adamyna şefagat edip bilmez. Käfir we münafyklar dünýädekäler şefagatdan mahrum edilendir. Musulman bolsa şefagata bil baglap diniň farzlaryny terk etmeli däldir. Halaly, haramy saýgaryp, şefagata laýyk bolmaga çalyşmalydyr.

Araf

A’raf jennet bilen jähennemiň arasyndaky belent diwar diýmekdir. A’raf Ähli hakynda iki garaýyş bar.
1. Mizanda günä we sogaby deň gelýän mü’minlerdir. Bular jennet bilen jähennemiň arasynda belli bir wagt galar. Soňra Allahyň lutfy bilen jennete girerler.
2. Pygamberler, şehitler, alymlar ýaly belent derejelilerdir.
Kuran A’rafda boljaklaryň ýagdaýyny şeýle düşündirýär.
«Iki tarapyň aralygynda bir perde, A’rafyň üstünde-de jenneti we jähennemileriň her birini keşbinden tanaýan adamlar bardyr. Olar heniz jennete girmän, ýöne girmegi güýçli arzuw edip, jennetilere selamun aleýküm» diýip seslenerler.
Olar jähennemiler tarapa seredenlerinde «Eý, biziň Rabbimiz bizi şol zalymlar bilen bolmakdan goraweri» diýerler.
A’raf ähli daş keşbinden tanaýanlaryndan käbirine ýüzlenip: «Görşüňiz ýaly, ne ýygnan malyňyzyň, ne tarapdarlaryňyzyň, ne tekepbirligiňiziň we gopbamlygyňyzyň size hiç hili nepi degmedi». Olara jennetileri görkezip: «Han-ha şolar: «Allah bulary asla lutfy keremine ýetirmez» diýip kasam edip göwnüýetmezçilik eden kişileriňiz dälmi? Olaryň nähili belent mertebededigine indi göz ýetirdiňizmi?» diýerler we soňra jennetilere bakyp: «Baş, üstüne, giriň jennete. Siziň üçin howp, endişe edere zat ýokdur. Siz asla gaýgy-gam hem görmersiňiz» diýerler. (A’raf 46-49).

Jähennem

Jähennem – çuň, gurruk guýy manysyny berýär. Jähennem ahyretde käfirleriň hemişelik, günäkär mü’minleriň bolsa günälerine görä, jeza çekip ýaşajak azap ýeridir.
Jähennemiň ýaradylmagy hakdyr. Allahyň adalatynyň nusgasydyr. Meselem: Bir ülkede zyndan bolmasa, ýöne bir jenaýatkär ençeme jenaýat edip halka, adamlara zor salsa, şol ülkäniň ýolbaşçysy diňe şol bir adam üçin zyndan saldyrmaly bolar. Bu mysalda bolşy ýaly, käfiriň jenaýatynyň magnewi taýdan çäksizligi jähenneme zerurlyk döredýär. Şeýle hem, eger-de käfir dünýäde ebedi ýaşan bolsa hemişe küfür içinde ömür sürerdi. Şol sebäpli ol jähennemde-de ebedi galmaly bolýar.
Jähennemde akyla-hyýala gelip bilmejek jebri-sütemleriň görnüşi bardyr. Kurany Kerimde jähennem barada şular aýdylýar:
Günäkärler jähenneme baranlarynda jähennem olaryň üstüne ýalyn seçer. Uzakdan görnende onuň gaýnaýan sesi eşidiler. Inkärçiler üçin ebedi zyndan bolan jähennem otdan düşekçeleri bilen jähennemileri hemme tarapdan gurşaýan, ýüzleri ýakyp-gowurýan, derileri soýup-sowurýan, ýüreklere ornaýan gyzgyn otdan doly çukurdyr. Ýangyjy ynsan bilen daş bolan jähennem özüne atylanlardan doýup-dolmaz. Ynsanyň içini ýakyp-ýandyrýan howur we gaýnag suwuň içinde ýakymsyz gara dumanyň kölegesinde galjak jähennemileriň hamlary her gezek ýananda, azaby gutarmazlygy üçin täzeden ham dörär. Olaryň iýjegi zakgum, içjegi gaýnag suw we iriňdir. Şol ýerde salkyn ýeriň bolmaýşy ýaly, içer ýaly zat hem ýokdur.

Käbir aýatlarda jähennem şeýle suratlandyrylýar:
«Ýok, ol tutaşan ýalynly otdur. Hamlary gowrar we sypyrar. Imana dodak çöwrüp, Hakdan ýüz öwreni, şeýle hem baýlyk ýygnap haýyr işe harçlamaýany ol özüne çagyrar», (Magaryç, 15-18).
«Bu ot olary has daşdan görende aýylganç şatyrdar. Olar oduň gahar-gazabyny eşider. Elleri, aýaklary zynjyrlanan halda jähennemiň darajyk bir ýerine zyňylanlarynda şol wagt ölümi çagyryp dat ederler. «Ýetiş, eý, ölüm niredesiň? Gel, bizi öldür-de, bu azapdan gutar» diýerler», (Furkan, 12-13).
«Şol ýere atylan wagty olar gaýnap duran jähennemiň aýylganç gümmürdisini eşiderler. Jähennem gazapdan ýaňa ýarylara geler», (Mülk, 7-8).
«Jähennem duzak gurup, hemişe eline düşjek awy gözleýär. Azgynlaryň aýlanyp, dolanyp girjek ýeri şol ýerdir. Olar uzak döwüpleriň dowamynda o taýda galar. Ol ýerde ne salkynlyk, ne-de içere zat bardyr. Olaryň içjegi diňe gaýnag suw bilen iriňdir», (Nebe, 21-25).
Kuranda jähenneme degişli ýedi at ulanylýar. Jähennem (düýpsüz çukur), nar (ot), jahim (örän uly, ýalynly ot), hawiýe (gaçanlaryň aglabasynyň yzyna çykarmaýan uçut, sa’ir (çyrpynýan ot), leza (tüssesiz ýalyn), sakar (ot), hutame (doýmaz-dolmaz ot). Käbir alymlar bu atlara esaslanyp jähennemiň ýedi gatlakdygyny aýdypdyrlar.

Jennet

«Jennet» sözi – bag-bakja, köşk diýen manyny berýär.
Jennet – akyla, hyýala sygmajak maddy we ruhy nygmatlar bilen bezelen, mü’minleriň ebedi ýaşajak ahyret ýurdudyr. Allah Tagala jennetde her mü’mini iman derejesine, amalyna görä belli-belli mertebelere göterer.

Kurany Kerim jenneti we jennetileri şeýle suratlandyrýar:
Jennet – gowrujy yssynyň we doňduryjy sowugyň bolmaýan, gökler bilen ýer aralygy ýaly giň ýerdir. Arassa suw, tagamy üýtgemedik süýt we bal derýalarynyň akyp duran ýeridir. Jennetde suwy zenjefil bilen yslandyrylan datly suw gözbaşlary, müşki anbar ysyny saçýan içgiler bardyr, jennet içgisi kelle agyrtmaýan, serhoş etmeýän, içenlere keýp berýän ak gözbaşdan çykýan içgidir. Ol içenleri günä işe iteklemez, samratmaz. Jennetde dürli miweler, hurma we nar baglary, tikensiz sedir agaçlary, hoşalary sallanyp duran banan agaçlary, dürli guş etleri boldur.
Jennetileriň eşikleri ýuka we berk, arassa ýüpekdendir, köşkleri bezeglidir, olara hyzmat etmek üçin ýaşlar aýlanyp durar. Olar saýlanan hünji ýaly gözeldir. Ol hyzmatçylar elleri altyn käseli, mejimeli aýlanarlar. Jennetileriň göwünleriniň islän zady ol ýerde taýyndyr. Jennetde olar üçin akdyrylan derýalar, salnan köşkler bardyr. Owadan, arassa ýanýoldaşlar bardyr. Jennetiler ýanýoldaşlary bilen jennetiň saýalarynda gurlan tagtlarynda ýaplanyp oturarlar. Olaryň ýüreklerinden öýke-kine ýuwlup aýrylar, dogan bolup ýaşarlar. Ol ýerde ýadawlyk, zähmet ýokdur. Boş we ýalan söz hem eşidilmez.

Käbir aýatlarda jennet şeýle suratlandyrylýar:
«Ol gün nygmatlar içinde şadyýan ýüzler bardyr. Dünýäde görkezen gaýratyndan hoşaldyr. Olar jennetiň belent ýerindedir. O ýerde boş gürrüň eşidilmez. Akyp ýatan dury gözbaşlar, beýik tagtlar, taýýar doly käseler, düşelen halylar, per ýassyklar, diwanlar, kürsüler bardyr», (Gaşiýe, 8-16).
«Jennetde zenjefil garylan içgiler hödürlener. Bu içgiler selsebil atly gözbaşdandyr. Töwereginde ebedi jennet çagalary aýlanar. Olary göreniňde ýalkymyndan ýaňa töwerege hünjüler seçilýändir öýdersiň. Haýsy tarapa seretseň nygmat, baýlyk, görkanalyk, beýik soltanat görersiň. Eşikleri ýuka, berk, ýaşyl reňkli ýüpekden, atlasdandyr. Kümüşden bilezikler dakynarlar. Rableri olara arassa içgi hödürläp: «Ynha, bularyň ählisi siziň sylag-serpaýyňyzdyr» diýer», (Ynsan, 17-22).
Pygamberimiz bolsa bir kudsy hadysynda ynsanyň akylyna-hyýalyna gelmejek jennet nygmatlaryny şeýle düşündirýär:
«Allah Tagala şeýle buýurýar: «Salyh gullarym üçin jennetde gözleriň görmedigi, gulaklaryň eşitmedigi we ynsanyň kalbyna hem gelmejek san-sajaksyz nygmatlar taýýarladym», (Buhary, Müslim, Tirmizi).
Kuranda jennete degişli dürli atlar ulanylypdyr. Jennetiň gatlary bolup biljek bu atlar şulardyr: jennetül-me’wa (şehit we mü’minleriň otagy), jenneti-adn (nygmatlar otagy), firdöws (ähli zady öz içine alýan jennet bagy), darul-huld (ebedilik ýurdy), darus-selam (aman-esenlik ýurdy), darul-mukame (ebedi ýaşaljak ýer), jennatün-na’ym (nygmatlardan doly jennet), makamül-emin (asuda ýer).

Ru’ýetullah – ahyretde Allahyň jemalyny görmek

Jennet nygmatlarynyň iň beýigi, şübhesiz, Allahyň razylygyny gazanmak we Onuň jemalyny görmekdir. Mü’minler ahyretde jennete gireninden soň, Allahyň jemalyny görerler. Ýöne onuň nähili boljakdygy barada anyk maglumat ýok. Kurany Kerimde şeýle aýdylýar:
«Allahyň ryzasy jennet nygmatlarynyň ählisinden has ýokarydyr. Ynha, beýik bagtyýarlyk hem budur». (Tewbe, 72).
«Ýüzler bardyr, şol gün şatlykdan ýaňa ýalkym saçar. Olar Rabblerine bakyp galarlar», (Kyýame 22-23).
Pygamberimiz hem hadyslarynyň birinde şeýle diýýär:
«Elbetde, siz şu Aýy görşüňiz ýaly, Rabbiňizi görersiňiz. Şol wagt Ony görjek bolup, bir-biriňize hem päsgel bermersiňiz», (Buhary, Müslim, Tirmizi).
Jennet we jähennem şejereýi hilkatyň ebede tarap uzap gidýän iki şahasyndan dörän iki miwedir, iki möhüm netijedir. Älemiň yzly-yzyna ebede tarap akyp gidýän iki howzudyr. Allah Tagala çäksiz hikmet we syrlary bilen bu älemi synag meýdany kyldy. Ýene çäksiz hikmetleri bilen bu dünýäni üýtgäp duran, özgerýän halda ýaratdy. Haýyr we şeri, nep bilen zyýany, gözel bilen bigörki – jemläp aýtsak, ýagşy bilen ýamany biri-birine garyp, jennet bilen jähennemiň tohumy hökmünde älem meýdanyna serpdi.
Synag meýdany bolan bu dünýäde ynsanyň iň möhüm meselesi jähennem zyndanlaryndan gutulmak we jennet köşklerine girmekdir. Şonuň üçin hem ynsan imanly ölmegi ömrüniň maksady edinmelidir. Çünki ahyret älemi owal başda Pygamberimiz bilen birlikde ähli pygamberlerden, sahabadan, asfyýadan we öwlüýäden düzülen nurana jemagatyň bir ýere jemlenip söhbetdeş bolan älemidir. Hakyky bir mü’min şeýle äleme gitmek üçin jan eder. Şonuň üçin farz amallary berjaý edip, haramdan daş durar. Imanly ýaşap, ölende-de iman äkidenlerden bolup, mahlukatyň iň bagtyýar derejesine ýeter.