Rahman süresi, 26-27 aýatlar

«Ähli zat fanydyr – ýok bolujydyr, diňe jelal we ikram sahyby Rabbiň barlygy ebedidir»

Ylmyhal>>Allaha iman

Allaha iman

Allanyň barlygyna nähili göz ýetirip bileris? Allahyň sypatlary

Allaha iman – Allah Tagalanyň barlygyna, ýeke-täkligine ynanmak hem-de Ony sypatlary we gözel atlary bilen doly tanamakdyr. Allaha iman ähli dinleriň esasydyr. Allaha ynanmak, Oňa daýanmak we ybadat etmek mätäçligi ynsanyň ýaradylyşynda bardyr. Allahyň barlygynyň delillerinden biri hem şudur. Çünki, fytrat – ýaradylyş ýalan sözlemeýär. Ynsanyň fytratynda beýik Ýaradyja ynanmak, Oňa daýanmak, ybadat, doga-dileg etmek mätäçligi bardyr. Allahyň barlygyna hiç bir delil bolmasa-da, fytrat we wyždan delili artykmajy bilen ýeterlikdir.

Aslynda, Allahy inkär etmek ýoluna düşenler hem başlaryna bela inen wagty Allahy ýatlap, Ondan pena isleýärler. Ýöne beladan halas bolanlaryndan soň, ýene öňki boluşlaryna ýaşaberýärler. Munuň mysallary sanardan köpdür. Bu ýagdaýy Kurany Kerim şeýle beýan edýär: «Ynsana bir zyýan ýetende ol ýatan, oturan ýa-da dik duran halynda bize ýalbarýar. Ýöne ony şol zyýandan halas edenimizde, hamala, ýeten zyýan sebäpli bize ýalbaran özi däl ýaly hereket edýär, öňki bolşuna galýar», (Ýunus, 12).

Allanyň barlygyna nähili göz ýetirip bileris?

Allanyň barlygyna aklymyzy ulanmak – töweregimize syn edip, ösümlikleriň, ähli haýwanlaryň, janly-jandarlaryň ýeriň-gögüň nähili ýaradylandygy barada oýlanmak arkaly; bu taýsyz sungaty – älem giňişligini we onuň içindäkileri döreden, älem giňişligindäki taýsyz düzgün-nyzamy goýan Biriniň bardygyna ynanmak we Kuran-y Kerimi okamak arkaly göz ýetirmek mümkin.

Okaýan her kitabymyzy ýazan biri – kitabyň ýazary, äpet we kaşaň her bir binanyň gurujysy - arhitektory bardyr. Ajaýyp sungat eseri bolan surat ony çeken suratkeşiň ýokary başarnygyna şaýatlyk edýär. Dostlarymyzdan biri ylym-bilim, edep-terbiýe öwrenýän mekdebimiziň öz-özünden dörändigini aýtsa, nähili gülkünç bolar, oňa kim ynanar, şeýle dälmi?..

Howlymyzdaky äpet agaç bir wagt kiçijek şänikdi.
Şänik topraga garyldy we ösüp, ýaşajyk pudak boldy. Ýene-de, ösdi-ulaldy we äpet agaja öwrüldi...
Diýmek, kiçijek şänik uly agajyň planyny – gögeriş we ösüş meýilnamasyny özünde saklaýardy.
Eýsem, şänige şeýle köstsüz meýilnamany ýerleşdiren kim?..
Yşygy, atomy, kompýuterleri ynsan oýlap tapdy we döretdi.
Eýsem, ony kim “oýlap tapdy” — kim ýaratdy?..

Allahyň sypatlary

Allaha iman getirmek imanyň esaslarynyň ilkinjisidir. Allah Tagala tutuş älemleri ýokdan bar eden, deňi-taýy bolmadyk, ähli kemal sypatlara eýe, ýeke-täk Ýaradyjydyr. Her musulmanyň Allahyň kemal sypatlaryň ählisine eýedigine, nogsanlaryň ählisinden daşdadygyna ynanmagy farzdyr.

Allah Tagala barasynda kabul edilmegi wajyp bolan kemal sypatlar iki görnüşdedir:
1. Selbi sypatlar,
2. Subuty sypatlar.

Selbi sypatlar

Wujud
Bu sypat Allah Tagalanyň bardygyny düşündirýär. Muňa «syfaty nefsiýe» hem diýilýär. Eger Allah bolmadyk bolsa, onda hiç bir zat bolmazdy. Älemleriň barlygy, Onuň barlygyna iň beýik şaýatdyr. Hiç bir zat ne öz-özünden döräp, ne-de ýok bolup biler. Allah Tagalanyň barlygy öz-özündendir. Onuň barlygynyň mutlak bolmagy, ýok bolmagynyň mümkin däldigi sebäpli, Oňa «Wajybül-Wujud» diýlipdir.

Barlygyň tersi bolan ýokluk Allah Tagala degişli däldir. Allah Tagalanyň barlygy başga bir barlyk sebäpli däldir. Allah Tagalanyň ýoklugyny ykrar etmek, älemleri we älem-jahandaky ähli zady inkär etmek diýmekdir. Çünki, her bir zady ýaradan we döreden Oldur.

Kydem
Kydem – Allah Tagalanyň barlygynyň başlangyjy ýok diýmekdir. Ol gadymdyr, ezelidir, ýagny, öň ýokka, soň bar edilen däldir. Geçmişe tarap näçe gidilse gidilsin, Allah Tagalanyň bar bolmadyk sähel wagtyny hem göz öňüne getirmek mümkin däldir. Zamany we mekany ýaradan hem Oldur. Zaman soňra dörän ýagdaýdyr. Şonuň üçin, Allah Tagala zamandan we mekandanam münezzehdir. Eger Allah Tagala ezeli bolmadyk bolsa, soňra döremeli bolardy. Soň dörän her bir zat bir ýaradyja mätäçdir. Mätäçler bolsa ýaradyjy bolup bilmez.

Kurany Kerimde Allah Tagalanyň ezelidigi şeýle beýan edilýär:
«Ol her zatdan Owaldyr. Özünden soň hiç zat galmajak Ahyr Oldur. Barlygy Zahirdir (aýandyr). Özi ýaradylanlar üçin Batyndyr (gizlindir). Ol ähli zady biler», (Hadid, 3).

Beka
Beka – Allah Tagalanyň barlygynyň soňunyň ýokdugyny, Onuň barlygynyň müdimidigini aňladýar. Allah ebedidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle diýilýär:

«Ähli zat fanydyr – ýok bolujydyr, diňe jelal we ikram sahyby Rabbiň barlygy ebedidir», (Rahman, 26-27).

Barlygyny dowam etdirip bilmezlik ejizlikdir, ejizlik bolsa, kemlikdir. Allah bolsa nogsandan sapdyr. Ol çäksiz gudrat eýesidir. Ony ýok etjek güýç hem ýokdur.

Wahdaniýet
Wahdaniýet – Allah ýeke-täk diýmekdir. Allah zatynda, sypatlarynda we amallarynda ýeke-täkdir. Ol böleklerden döremändir. Ol madda hem däldir. Ony meňzedere zat ýokdur – deňsiz-taýsyzdyr. Şonuň üçin soltanlygynda, älemi dolandyrmakda şärigi ýokdur. Eger birden köp ilah, taňry bolan bolsa, älemiň nyzamy bolmazdy. Bu mesele Kurany Kerimde şeýle nygtalýar:

«Ýerde we gökde Allahdan başga ilahlar, taňrylar bolan bolsa, ýer we gök harap bolardy», (Enbiýa, 22).

«Onuň bilen birlikde hiç bir ilah ýokdur. Eger bolan bolsa, her taňrynyň öz ýaradanlarynyň arkasyny alyp, olary gorajakdygy şübhesizdir. Biri beýlekisinden üstün çykardy», (Mü’minun, 91).

Yslam dininde, hatda ähli hak dinlerde towhyd, ýagny, Allahyň birligi akydasy iman esaslarynyň we tutuş dini ynançlaryň düýbüni tutýar. Kalpda towhyd akydasy bolmazdan Allahyň dergähinde hiç hili ynanç, amal kabul däldir. Şol sebäpli, yslam dini adamzat üçin towhyd ynanjyny ähli zatdan öňde goýýar. Ähli adamzady Allahy ýeke-täk bilmäge, Onuň şäriginiň ýokdugyny ykrar etmäge çagyrýar. Hak dinler bilen batyl dinleri bir-birinden tapawutlandyrýan iň möhüm esas hem şudur. Kurany Kerimde Allahyň birdigini we towhyd ynanjy meselesini beýan edýän ençeme aýatlar bardyr.

«Aýt, Allah ýeke-täkdir», (Yhlas, 1).

Muhalefetün lil-hawadys
Muhalefetün lil-hawadys – Allah Tagalanyň soňra dörän hiç bir zada meňzemezligi diýmekdir. Allah Tagala ne zatynda, ne sypatynda öz ýaradan zatlaryna meňzemeýär. Biz Allah Tagalany nähilidir diýip oýlansak oýlanaly, Ol ýadymyza düşjek we hyýalymyza gelip biljek ähli zatdan başgadyr. Çünki, ynsan gören-eşiden we bilýän zatlaryny göz öňüne getirip biler. Ýadyňa düşjek ähli zat soňra ýaradylandyr. Allah bolsa olaryň hiç birine meňzemeýär. Kurany Kerimde:

«Oňa hiç zat meňzeýän däldir. Ol her bir zady eşidýändir we görýändir», (Şura, 11), diýlip, anyk düşündirilýär. Pygamberimiz bolsa, bu barada: «Allah seniň akylyňa gelen her bir zatdan başgadyr» diýýär.

Allah Tagalanyň ýaradylanlara meňzemezlik sypaty: beýleki barlyklara mahsus sypatlardan sapdygyny aýan edýär. Mysal üçin, Ol maddy görnüş, böleklerden emele gelmek, iýmek, içmek, ýadamak, uklamak... ýaly sypatlardan daşdadyr. Käbir aýatlarda zikir edilen «Allahyň eli, Allahyň ýüzi, Allahyň arşa istiwa etmegi ýaly sözler Allahyň başga barlyklara meňzeýänliginiň delili däldir. Bular mejaz (göçme) manyda aýdylan zatlardyr. Allahyň eli – Allahyň gudraty; Allahyň ýüzi – Onuň zaty; arşyň üstünde oturmagy bolsa, arşa häkim bolmak, hökmüni ýöretmek manylaryndadyr.

Kyýam bi nefsihi
Kyýam bi nefsihi – Allah Tagalanyň zatynyň barlygynyň özünden bolmagy diýmekdir. Ähli barlyk döremegi üçin bir ýaradyja mätäçdir. Emma Allah Tagalanyň barlygy özündendir, hiç zada mätäç däldir. Barlyklaryň «mümkin» we «wajyp» diýilýän iki görnüşi bardyr. Wažybül wujud bolan Allah Tagaladan başga görünýän-görünmeýän ähli barlyklar mümkin barlyklardyr. Olaryň barlygy-ýoklugy deňdir. Allahyň isläni üçin olar bardyr. Ýok bolmaklaryny islese, şol bada ýok bolarlar. Barlyklaryň bu aýratynlygy Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:

«Gökleri we Ýýeri ýaradan Allah olaryň meňzeşini ýaratmaga kadyr dälmidir? Elbetde, kadyrdyr. Her zady ýaradan we her zady doly bilýän Oldur. Ol bir zadyň bolmagyny islän wagty Onuň emri diňe «Bol!» diýmekdir. Ol hem derrew bolar», (Ýasyn, 81,82).

Allahyň barlygy öz zaty bilendir. Ol özüni Kurany Kerimde nähili tanadýan bolsa, şonuň ýaly tanamak we bilmek hökmandyr. Allah Tagalanyň özüni iň gözel şekilde tanadýan aýatlaryndan biri Aýatel-Kursidir. Onda şeýle diýilýär: «Allah şeýle bir ilahdyr ki, özünden başga ilah ýokdur. Ol Haýýdyr, Kaýýumdyr. Ol ne ymyzganar ne-de uklar. Göklerde we Ýýerde barça zat Onuňkydyr. Onuň rugsady bolmasa, huzurynda şefagat etmäge kim het edip biler. Mahluklaryň öňünde, yzynda näme bar bolsa, ählisi Ýaradana äşgärdir. Mahluklar bolsa, Onuň ylmyndan Onuň isläninden artyk hiç zat düşünip bilmez. Onuň kürsüsi Gökleri we Ýýeri gaplandyr. Gökleri we Ýýeri gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol şeýle uludyr, şeýle beýikdir we azymdyr», (Bakara, 255).

Subuty sypatlar

Subuty sypatlar zaty bolman, ýöne zaty bilen birlikde bolan sypatlardyr. Allah Tagala bularyň gapma-garşy manylary bilen atlandyrylyp bilinmez. Bu sypatlar Allahyň zatynyň özem däldir, özünden daş hem däldir. Subuty sypatlar şulardyr: Haýat, Ylym, Semig, Basar, Irade, Gudrat, Kelam, Tekwin.

Haýat
Haýat – Allah Tagalanyň diriligi diýmekdir. Onuň şanyna mahsus haýat sypaty bardyr. Haýaty bolmadyk zat bilmekden, islemekden we başarnyk güýjünden mahrumdyr. Haýat sypaty ylym, irade, gudrat ýaly kemal sypatlar bilen göni baglanyşyklydyr. Bu sypatlardan mahrum bolan barlyk öz-özüne hiç zady ýaradyp bilmez. Aýratyn hem bilim, düşünje, isleg, güýç eýesi bolan barlyklary ýaratmaga asla ukyply däldir. Çünki, hiç bir eser – barlyk – ýaradyjysynda bolmadyk sypatlary özünde jemläp bilmez. Şonuň üçin ylym, irade we gudrat sypatlary bolmadyk aňsyz tebigat akyla, iradä we gudrata eýe bolan ençeme barlyklaryň ýaradyjysy bolup bilmez.

Jemläp aýtsak, älemleriň ýaradyjysy bolan Allah haýat sypatyna eýedir. Ol Haýý we Kaýýumdyr. Ýagny, Ol özüniň diri bolşy ýaly, ähli zady dirilden we olaryň durmuşyny dowam etdirijidir.

Ylym
Ylym – Allah Tagala her bir zady biliji diýmekdir. Allah Alimdir – alymdyr. Ol bolan we boljak zatlaryň ählisini doly biler. Onuň ylmy ähli zady gurşandyr. Onuň ylmy artmaz hem, kemelmez hem. Çünki, Onuň ylmy ezeli we ebedidir, ynsanlaryň ylmy ýaly, çäkli düşünjä, oý-pikire esaslanýan däldir. Şeýle hem gural we esbaplara mätäç däldir.

Bu älemi iň gözel görnüşde kämil nyzam bilen ýaradan we ony dolandyrýan gudraty güýçliniň ýaradýan barlygyny çuňňur we inçe syrlaryna çenli bilmegi zerurdyr. Çünki, hakykaty, peýdasy, zerurlygy we hikmeti bilinmeýän zat näme üçin ýaradylsyn?! Şol sebäpli ýaradyjynyň bir zady ýaradyp bilmegi üçin ilki bilen ylym eýesi bolmagy, soň şol ylmyň esaslaryna görä ýaratmagy şertdir. Şeýle hem, iman we salyh amal işleýän gullary mukafatlandyrmak, isýan eden, azaşan gullary bolsa, jezalandyrmak diňe bu kişileriň eden zatlarynyň ählisini iň inçe aýratynlyklaryna çenli bilýän ýagdaýyňda mümkindir.

Allahyň her bir zady bilýändigine gowy düşünýän ynsan, elbetde, hemişe ägä bolar. Her sözüni we hereketini edep bilen berjaý eder. Erbet söz sözlemez, ýaramaz işi niýet edinmez, başga birine ýamanlyk etmez, hiç kimiň görmejek ýerinde hem Allahyň buýruklaryna garşy gitmez. Çünki, edýän her bir işini bilýän beýik Allahyň bardygyna imany bardyr.

Irade
Irade – Allah Tagalanyň islegi diýmekdir. Allahyň her bir zadyň şeýle bolmagyny ýa-da bolmazlygyny islemegi Onuň her bir zady isleýşi ýaly bellemegi we kesgitlemegidir. Onuň iradesi ezelidir. Ol edýän işlerinde erkindir. Ony haýsy-da bolsa bir işi etmäge mejbur etjek güýç ýokdur. Ol älemleri we olardaky barça zady ezeli iradesi bilen ýaradypdyr. Onuň her bir isläni bolar, islemedigi bolmaz. Bu ýagdaý Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:

«Merýem bir erkek kişi bilen gatnaşygy bolman neneň çaga dogurjakdygyny soranda, Allah Tagala: «Bu şeýledir. Allah isleýänini ýaradar. Bir işe höküm etse, ýagny, onuň bolmagyny islese, diňe «Bol!» diýer, ol hem bolar», (Ali Imran, 47).
Irade ýerine Kurany Kerimde «Meşi’et» sözi hem ulanylýar.

Gudrat
Gudrat – Allah Tagalanyň her bir zada güýjüniň ýetmegi diýmekdir. Allah ezeli ylmy we iradesi bilen her bir zady etmäge we ýaratmaga kadyrdyr. Allah Tagalanyň soňsuz gudrat eýesidigine we her zada kadyrdygyna, görnüp duran şu älemler we olardaky berk düzgün-nyzam iň beýik delildir.

Allah Tagala islese, sähel salymda müňlerçe älemi ýokdan bar eder we islese, olary sähel salymda ýok eder. Çünki, islänini bir pursatda ýerine ýetirip bilmeýän barlyk, älemleriň ilahy bolup bilmez. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:

«Gökleriň we Ýýeriň gaýybyny – syrlaryny diňe Allah biler. Kyýamatyň gopmagy diňe göz açyp-ýumasy ýa-da ondanam gysga wagtda bolup geçer. Allahyň her zada kadyrdygy şübhesizdir», (Nahl, 77).

Allah Tagalanyň şeýle uly gudratyna doly düşünen mü’min Onuň beýikliginiň öňünde tagzym eder, Onuň gudratyndan gorkar. Onuň mukaddes emrlerini ýerine ýetirip, gadagan eden zatlaryndan saklanar.

Semig
Semig – Allah Tagalanyň eşitgirligi diýmekdir. Allahyň eşitgirligi mahluklaryň eşidişi ýaly çäkli we kemter däldir. Allah Tagala ähli zady eşidýär, iň gizlin we äşgär sesler, hereketler Oňa eşidilmän galmaýar. Ol eşitmek üçin hiç bir gural ulanmaýar. Allah Tagala gullarynyň dogalaryny, zikirlerini gizlin-äşgär dileglerini eşidip kabul edýär we olary mükafatlandyrýar. Allah Tagalanyň her zady eşidýändigine iman eden ägä ynsan hemişe ýagşy gürlär, elmydam Allahy ýatlar, Ony beýgelder. Her sözüni we işini Allahyň ryzasyna laýyk berjaý eder.

Basar
Basar – Allahyň her bir zady görýänligini aňladýar. Allahyň eşitgirligi ýaly, görgürligi üçin hem uzaklyk-ýakynlyk, gizlinlik-äşgärlik, garaňkylyk-ýagtylyk ýaly zatlar päsgel bermeýär. Ol içimizdäki pyşyrdylary, ýüregimizden we köňlümizden aýdýan dogalarymyza çenli eşidýär. Olara hikmetine laýyk jogap berýär. Körlük we kerlik uly nogsandyr. Şeýle nogsanlary bolan kör kuwwatlar ilah we ýaradyjy bolup bilmez. Allah Tagala bolsa beýle nogsanlardan daşdadyr. Ol diňe kemal sypatlara eýedir.

Kurany Kerimde Allah Tagalanyň eşitgirligi we görgürligi barada bilelikde aýdylýar: «Allah Semig we Basyrdyr, ýagny, eşitgirdir we görgürdir», (Bakara, 127,137,181,224).

Kalby imandan doly ynsan Allah Tagalanyň özüni görüp durandygyny duýar, özüni hemişe tertip-düzgünli, edep-ekramly alyp barar. Melekler kimin arassa ýaşamaga çalşar. Kurany Kerim şeýle aýdýar:
«Allahdan gorkuň! Şuny hem berk biliň! Allah ähli edenleriňizi görüp dur», (Bakara, 233).

Kelam
Kelam – Allah Tagalanyň gürleýänligini aňladýar. Ol gürlemek üçin sese, harpa, söze ýa-da sözleme mätäç däldir. Allah Tagala özüniň gadym kelamyny islän wagty, şanyna laýyk şekilde, meleklerine eşitdirýär, bildirýär we düşündirýär. Allah Tagalanyň käbir pygamberlere iberen kitaplary, Kurany Kerimdäki:

«Allah Tagala Musa bilen hut özi gürleşdi» (Nisa, 164) aýaty kelam sypatynyň delilleridir.

Allah Tagala pygamberlerine islän zatlaryny wahý we ylham üsti bilen bildiripdir. Gadymy Kelamy bolan Kurany Kerim hem Allah Tagalanyň kelam sypatynyň tejellisidir we Allahyň kelamydyr. Allahyň kelamy kadymdyr, ezelidir we ebedidir. Ýöne biziň elimizdäki Kurany Kerimiň harp, söz-sözlem bilen ýazylyşy pygambere wahý edilenden soň, Pygamberiň beýan ediş şeklindedir.

Tekwin
Tekwin – Allah Tagalanyň döretmegi we ýaratmagy diýmekdir. Käbir alymlar Allahyň Tekwin sypatyny Gudrat sypaty bilen birmeňzeş hasaplapdyr. Tekwin sypaty Gudrat sypatynyň ýaradylmagy takdyr edilen zatlary ýaradýan wagty bilen baglanyşyklydyr, ýagny, Tekwin sypaty Gudrat sypatynyň içinde şertli görnüşdedir. Allah Tagalanyň bu älemleri ýaratmagy, ýok etmegi, gullaryna dirilik berip ýaşatmagy olary ryzklandyrmagy, soňra öldürip başga äleme ibermegi Tekwin sypatynyň tejellisidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Allah bir zadyň bolmagyny islese, oňa «Bol!» diýer, ol hem bolar», (Ýasyn, 82).