Nisa süresi, 31-nji aýat

«Eger gadagan edilen uly günälerden saklansaňyz, kiçi günäleriňizi ýuwarys we sizi ýagşy derejelere ýetireris»

Ylmyhal>>Iman näme?

Iman

Iman Imanyň görnüşleri Imanyň ynsan üçin ähmiýeti Imanyň artmagy ýa-da kemelmegi Tassyk we inkär taýdan ynsanlar

Iman – bir zada ynanmak, bir zady tassyklamak, bir kişiniň aýdanlaryny kabul etmek diýmekdir. «Iman» sözi ygtykat bilen manydaş bolup, teslim bolmak – boýun egmek manysyny hem öz içine alýar.

Dinimizde imanyň alty şerti bardyr. Ýagny bir adam mümin hasaplanmasy üçin bu alty şertiň hemmesine ynanmaly we kalby bilen tassyk etmelidir:
1. Allaha iman.Allahyň barlygyna we onuň birligine, ýagny ondan başga hudaýyň ýokdygyna ynanmak.
2. Meleklere iman. Ýagny, Allanyň melekleri (perişdeleri) ýaradandygyna we olaryň barldygyna ynanmak.
3. Kitaplara iman. Ýagny, Allanyň şu wagta çenli dürli wagtlarda mukaddes kitaplary indirendigine ynanmak.
4. Pygamberlere iman. Ýagny, Allanyň pygamberleri iberendigine iman etmek.
5. Ahyret gününe iman. Ýagny ölümden soň täzeden direljegimize we eden etmişlerimiz üçin hasap berjegimize, munuň netijesinde-dem ýa Jennete ýa Jähenemme gitjegimize ynanmak.
6. Kadara iman. Ýagny haýryň we şeriň Alladan gelýändigine ynanmak.

Ystylah taýyndan iman – Allah Tagalanyň dinini kalp bilen kabul etmek, ýagny, Resulullahyň bildiren zatlaryny kalp bilen gümansyz tassyk etmekdir. Iman kalp bilen tassyk etmekden ybarat bolsa-da, tassyk edilen zatlary dil bilen ykrar etmek, muňa şaýat bolmak hem hökmandyr. Imanyny kalbynda gizleýän kişi Allah Tagalanyň ýanynda Mü'min saýylsa-da, imanyny söz, hereket we amallary bilen subut etmese, ýagdaýy beýleki musulmanlara näbelli bolup galýar we onuň musulmandygyna şaýat bolunmaýar. Şol sebäpli Ählisünnet ymamlary iman üçin kalbyň tassyklamagyny ýeterlik görse-de, Ymam Maturidi dünýewi hökümleriň dil bilen ykrar edilmegini şert hasaplaýar.

Ymam Şafygy, Ymam Mälik, Ahmet b. Hanbel, Ibni Hazm we Ibni Teýmiýe imany şeýle taryplapdyr:
«Iman – ynanylmagy zerur bolan zatlary kalpda tassyk, dil bilen ykrar we yslamyň esasy rükünlerini amal etmekdir». Bu taýda amalyň hem goşulmagy bilen imanyň mazmuny giňelýär. Ýöne olar munuň bilen kämil imany öňe sürüpdirler. Ýogsa: «Amal etmedik kişi käfirdir» diýen pikiri göz öňünde tutmaýarlar.

Allah Tagala imany görkezýän birnäçe alamat we şertleri bildiripdir. Bular yslamyň şertleri bolan: kelemeýi şahadat, bäş wagt namaz, zekat, oraza, haj we şuňa meňzeşlerden ybaratdyr. Bu amallar kimde görünse, ol kişiniň Mü'mindigine şaýat bolunýar. Beýle kişi namazda ymam bolmak, musulman aýala öýlenmek, jynaza namazynyň okalmagy we musulman gonamçylygyna jaýlanmak ýaly dünýewi hökümlerden peýdalanýar. Bu amallar imana güýç berýär. Imanyň kalpdaky nuruny artdyrýar. Ynsany azapdan halas edýär. Allahyň lutuf we yhsanyna ýetirýär. Ymam Eş’arynyň ýene bir düşünjesine görä, «Iman kalbyň tassyklamagy bilen birlikde diliň ykrary we amaldan ybaratdyr».

Şeýle hem iman – güýç-kuwwatdyr. Ol ynsany hakyky kämillige ýetirýär. Hatda ony äleme soltan we halyf derejesine göterýär. Imanyň berýän giňligi netijesinde ynsanyň akyly, ruhy we kalby sagdyn bolýar. Şonuň üçin, älemde iň belent we iň parlak hakykat imandyr. Imandan soň bolsa, namazdyr. Namazdan hem öňde goýlan imana uly ähmiýet bermelidiris.

Imanyň görnüşleri

Imanyň ijmaly we tafsili derejeleri bardyr.

Ijmaly iman – Allaha we Pygamberimiziň Allah tarapyndan getiren zatlarynyň ählisine şübhesiz ynanmakdyr. Kelimeýi towhyd – «Lä ilähe illallah Muhammedur-resulullah» ijmaly imany doly düşündirýän bir jümledir. Ýöne ynsan üçin ijmaly iman azdyr. Ijmaly iman muazzam bir köşgüň gapysyndan içerik ätlän ýalydyr. Diňe gapydan ätlemek köşgi tutuşlygyna tanamaga ýeterlik däldir.

Tafsili iman – bu dini kitaplarymyzda «ämentü» ady bilen meşhurdyr, ýagny, Allaha, meleklerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe, kaza we kadere, öleniňden soň, haşr gününde gaýtadan dirilmäge, mukafata (sylaga) we jeza ynanmakdyr. Şeýle hem, iman – tutuşlygyna bolşy ýaly aýry-aýrylygyna-da hezreti Muhammediň (s.a.w.) kitap we sünnet arkaly teblig eden anyk, kesgitli habarlaryna, hökümlerine esaslanýandyr. Allahyň we Resulullahyň myradyna, razylygyna daýanýandyr. Başgaça aýdylanda, tafsili iman – imanyň alty şertini esas edinip, diniň farz, wajyp, halal we haram saýylýan zatlary barada ähli buýruklaryny giňişleýin öwrenip ynanmakdyr.

Imanyň ynsan üçin ähmiýeti

Iman – ynsanyň ýaradylmagynyň sebäbidir. Ýagny, ynsan Allahy imany bilen tanamak we Oňa ybadat etmek üçin ýaradylypdyr. Ynsan ýaradylyş maksadyna laýyklykda ýaşasa, ahyretde ebedi sagadata ýeter, jennete girer. Tersine ýaşan ýagdaýynda, jähenneme atylar, ebedi şowsuzlyga, betbagtlyga uçrar. Bu nukdaýnazardan iman – ynsan üçin ebedi sagadaty gazanmak wesilesi we jennetiň açarydyr. Jennete imansyz girilmeýär. Bu jähtden ynsanyň iman getirmegi we şol imanyny soňky demine çenli ýitirmän, pese gaçyrman goramagy gerekdir. Ol, ýagny, iman älem-jahandan we onuň içindäki ähli zatdan has wajyp we gymmatly nygmatdyr.

Iman şeýle uly ähmiýete eýe bolany üçin, Pygamberimiz bir hadysy şerifinde:

«Imanyňyzy «lä ilähe illallah» diýip täzeläň» diýipdir. Imanyň pese gaçmak, ýitmek ähtimallygy hemişe bar bolany üçin şeýle aýdyldymyka? Imany täzelemek meselesini Bediuzzaman şeýle düşündirýär:

«Ynsanyň hem bedeniniň, hem äleminiň täzelenip durany üçin ol hemişe tejdidi imana – imanyny täzelemäge mätäçdir. Çünki, adamzadyň her bir şahsynyň ruhy taýdan ençeme şahsyýetleri bardyr. Ynsan öz ömrüniň dowamynda ýyllaryň, belki günleriň, belki-de sagatlaryň sanyça üýtgäp, başga şahsa öwrülip durýar. Çünki, ynsan – zaman bilen gurşalany üçin, özboluşly bir modeldir. Ol her gün täze, başga bir şahsa öwrülip durýar.

Ynsanyň üýtgäp, täzelenip durşy ýaly, ýaşaýan älemi hem hemişe üýtgäp durandyr. Her gün başga bir älem sahypasy açylýar. Iman bolsa, ynsandaky sansyz üýtgemeleriň durmuş nurudyr, giren äleminiň ýagtylandyryjy yşygydyr. «Lä ilähe illalah» bolsa, ol nuruň perdesini syrýan açardyr.

Şeýle hem ynsana nebis, hewa, wehm we şeýtan hemişe täsir edýär. Olar ynsanyň imanyna zelel ýetirmek üçin, onuň gaflatyndan peýdalanyp, ençeme hileler gurýar. Şübhe we was-waslar bilen iman nurunyň öňüne perde tutmaga çalyşýarlar. Mundan başga-da ynsanda şerigata ters, hatda käbir alymlaryň pikiriçe, küfür derejesinde täsir edýän sözler we hereketler az bolmaýar. Şonuň üçin her wagt, her sagat, her gün tejdidi imana mätäçlik bardyr», (Mektubat)

Imanyň artmagy ýa-da kemelmegi

Ygtykatdaky mezhebimize görä, iman artmaz hem kemelmez hem, ýagny mizemezdir. Çünki amal imandan bir bölek däldir.Ýagny iman ynanylmagy hökmany zatlar (iman esaslary) taýyndan artmaz we kemelmez.Iman esaslarynyň hemmesini kabul edip, olaryň käbirine ynanmasa, mysal üçin ahyretiň, haşryň hakykatdygyny, serhoş ediji içginiň we zynanyň haramdygynay inkär eden kişi iman eden saýylmaz. Iman meselesinde sowatly bilen sowatsyzyň, aýal bilen erkegiň we ş.m. arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Kalbynda imany bolan her kes jennete girmelidir. Ýöne jennete girmegiň görnüşi dürli-dürlüdir. Soragsyz-sowalsyz jennete girmek bilen, gabyr, syrat, haşr berzahyndan geçip, olaryň kynçylyklaryny çekeniňden soň girmegiň arasynda, elbetde, juda köp tapawut bar.

Bu nukdaýnazardan, iman güýçli ýa-da ejiz bolmak taýyndan tapawutlanar. Çünki amal bilen imanyň arasynda göni gatnaşyk bardyr. Amal edildigiçe, iman güýçlener. Kurany Kerimde hem munuň bilen baglanyşykly «Mü'minler şeýle kişilerdir, ýanlarynda Allah ýatlanylanda olaryň ýüregi titrär. Allahyň aýatlary okalanda bolsa, olaryň imany zyýadalaşar, ýagny güýçlener» (Enfal, 2) diýilýär.

Imanyň artmagy ýa-da kemelmegi meselesini «ijmaly iman», «tafsili iman» kesgitlemeleri doly düşündirýär. Ýagny, «ijmaly iman» – iman edilmeli meseleleri diňe ykrar etmekdir. «Tafsili iman» bolsa, ykrar bilen birlikde imany meseleleri giňişleýin düşünip amal etmekdir.

Tassyk we inkär taýdan ynsanlar

1. Mü'min – yslamyň ygtykat esaslaryna we hökümlerine doly ynanyp, olary görkezilişi ýaly amal etmäge çalyşýan kişidir. Oňa müslim – musulman hem diýilýär. Başgaça aýdanymyzda, «ämentüde» jemlenýän iman esaslaryna ynanýan kişä Mü'min diýilýär.

2. Käfir – Allaha we pygamberlere ynanmaýan, diniň anyk hökümlerini inkär edýän kişidir. Allahy inkär etmezlik bilen birlikde, başga birini ýa-da bir zady Allaha şärik goşan kişä bolsa müşrik diýilýär. Müşrik şol bir wagtda käfir saýylýar. Mysal üçin, hezreti Isany Allah, Allahyň ogly diýip kabul edýän hristianlar bilen, Üzeýir Allahyň ogludyr diýen ýahudiler Kurany Kerimde hem müşrik, hem-de inkär edijiler diýip atlandyrylypdyr.

3. Munafyk (Mynapyk) – yslamyň ynanylmagy zerur bolan esaslaryna kalp bilen ynanmaýan we tassyk etmeýän, ýöne diňe Mü'minleri aldamak üçin dil bilen ykrar edýänlerdir. Munafyk – ikiýüzli kişi diýmekdir.

Munafyk dünýewi hökümler taýyndan musulman ýaly kabul edilýär. Damagyny çalan maly iýilýär, mirasdar bolýar, oňa öýlenilýär, durmuş gurulýar, ýöne bu kişiler ahyretde käfirler hatarynda hasaba çagyrylar. Çünki, Kurany Kerim ençeme aýatlarda münafyklaryň käfirdigini nygtap, hatda dowzahyň iň aşaky gatlagynda boljakdyklaryny habar berýär.

«Käbir ynsanlar bardyr, olar: «Biz Allaha we ahyret gününe iman etdik» diýerler. Ýöne olar Mü'min däldirler», (Bakara, 8; Nahl, 106; Hujurat, 14).

«Münafyklaryň dowzah odunyň iň aşaky gatlagyndadyklary şübhesizdir. Olara hiç hili kömek goly uzamaz», (Nisa, 145).

4. Mürted – ilki musulman bolup, soň dininden dönen kişidir. Mürtedlik yslamyň anyk hökümlerinden birini ýa-da käbirlerini inkär etmek bilen ýüze çykýar. Kuranda dinden dönýänler barada ençeme aýatlar bar.

«Inkär edýänleriň güýji ýetse, diniňizden dönderýänçä, siziň bilen söweşer. Sizden kim dininden dönüp, käfir bolup, aradan çyksa, olaryň dünýä we ahyretdäki amallary puç bolar. Ynha, jähennemiler olardyr. Olar ol ýerde ebedi galarlar», (Bakara, 217; Ali Imran, 86, 91).

5. Fasyk – Allahyň emirlerine ters hereket edýän, günäkär, pes ahlakly, erbetlik etmäge endik bolan kişidir. Fykyh taýyndan Allaha ytagaty terk edip, ysýana ýüz uran, başgaça aýdanymyzda, uly günäleri edýän ýa-da kiçi günäleri endik edinip, dogry ýoldan çykan kişä fasyk diýilýär.

Fysk – fasygyň amaly umuman üç topara bölünýär.
1. Günäni erbet görse-de, käwagt günä etmek.
2. Günä işi aç-açan etmek. Şeýle kişä fajir hem diýilýär.
3. Günäniň haramdygyny we erbet zatdygyny inkär etmek. Bu ýagdaý kişini dinden çykarýar. Haramdygyny inkär edip, ýagny, halal saýyp içgi içmek, zyna etmek muňa mysaldyr.

6. Asy – Allahyň emrlerini berjaý etmeýän, oňa ysýan edýän günäkär kişi diýmekdir. Kurany Kerimde bu söz Allahyň we Onuň Resulynyň emrlerine garşy gidýän günäkär kişi manysynda ulanylypdyr.

«Kim Allaha we Resulyna ysýan edip, Allahyň goýan çäklerinden geçse, Allah ony ebedi galjak ýeri bolan jähennem oduna taşlar we onuň üçin o taýda ryswa ediji azap bardyr», (Nisa, 14; Ahzab, 36; Mer”ýem, 44).

Asynyň edýän günäsi kiçi ýa-da uly bolup biler. Ähli sünnet akydasyna görä, uly günä etse-de, edýäniniň haramdygyny inkär etmeýän kişi günäkär Mü'min saýylýar, ýagny, uly günä kişini dinden çykarmaýar, kişi toba etse, Allah Tagala ony bagyşlap biler. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:

«Eger gadagan edilen uly günälerden saklansaňyz, kiçi günäleriňizi ýuwarys we sizi ýagşy derejelere ýetireris», (Nisa, 31; Nejim, 32).

Bir hadysda uly günäler ýedi sany diýlip bellenýär. Bular: şirk, sihir (jadygöýlik), nähak ýere adam öldürmek, ýetimiň malyny iýmek, riba – süýthorlyk, uruşdan gaçmak, namysly we imanly aýala zyna töhmetini atmak, (Buhary, Müslim). Başga hadyslarda bu ýedi günä şular hem goşulýar: ene-ata garşy gitmek, zyna etmek, ýalan şaýatlyk, mesjidi haramda günä etmek we ýalan ýere kasam etmek, (Buhary, Müslim, Ebu Dawud,Tirmizi).

Ebu Talyb el-Mekkä görä, uly günäleriň sany on ýedi bolup, olary alty toparda jemlemek mümkin.
1. Kalp bilen edilýänler: şirk, kejirlik bilen günä etmek, Allahyň rahmetinden umydyňy üzmek we özüňi Onuň azabyndan aman duýmak.
2. Dil bilen edilýänler: zyna töhmeti, ýalan şaýatlyk, sihir we ýalan ýere kasam etmek.
3. El bilen edilýänler: nähak ýere adam öldürmek, ogurlyk etmek.
4. Iýip-içmek bilen baglanyşyklylar: nähak ýere ýetim malyny iýmek, süýthorlyk, serhoş ediji içgi içmek.
5. Jynsy günäler: zyna, liwata (gomoseksuallyk)
6. Ähli bedeniň bilen edilýänler: ene-ata garşy gitmek.