Nisa süresi, 136-njy aýat

"Eý, iman edenler! Allaha, Pygamberine, oňa indiren Kitabyna we has öň indiren Kitabyna iman ediň..."

Ylmyhal>>Kitaplara iman

Kitaplara iman

Ylahy kitaplar Töwrat Zebur Injil Kurany Kerim

«Kitap» sözi ýazmak, ýazga geçirilen nusga manylaryny berýär. Dini taýdan bolsa, Allah Tagalanyň gullaryna ýol görkezmek we gitjek ugurlaryny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen pygamberlerine wahý eden sözlerine we olaryň ýazga geçirilen görnüşine diýilýär. Bu kitaplara Allahyň kitaplary manysynda «ilahi kitaplar», «semawi kitaplar», «mukaddes kitaplar» diýilýär. Hristian we ýahudilere ilahi kitap hökmünde Injil we Töwrat berlendigi üçin olara «Ähli Kitap» diýilýär.

Kitaplara iman – Allah tarapyndan käbir pygamberlere kitap inderilendigini ykrar edip, bu kitaplaryň mazmunynyň dogry we hakykatdygyna ynanmak diýmekdir. Allah Tagala Pygamberimize:

«Ynha, şonuň üçin sen towhyda çagyr, emr edilişi ýaly dos-dogry bol. Olaryň höweslerine uýma we şeýle aýt: «Men Allahyň inderen kitabyna ynandym. Araňyzda adalaty durmuşa geçirmek emrini aldym...», (Şura, 15), diýip ýüzlenipdir. Mü’minlere bolsa:

«Eý, iman edenler! Allaha, Pygamberine, oňa indiren Kitabyna we has öň indiren Kitabyna iman ediň. Kim Allahy, meleklerini, Kitaplaryny, pygamberlerini we kyýamat gününi inkär etse, onuň azaşandygy ikuçsuzdyr», (Nisa, 136) diýmek bilen, kitaplara ynanmagyň imanyň esasydygyny belleýär. Yslamda iman esaslary bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Birine ynanyp, beýlekisine ynanmazlyk mümkin däldir. Olar biri-birini subut edýärler we tassyklaýarlar.

Ilahi kitaplar pygamberleriň üsti bilen iberilendir. Olar gönüden-göni Allahyň Kelam sypatynyň eseridir. Kurany Kerimden başga beýleki kitaplaryň şu wagtky nusgalaryna däl-de, Allahdan gelen, üýtgedilmedik nusgalaryna ynanmalydyrys. Allah käbir pygamberlerine sahypa, käbirine bolsa kitap iberipdir. Sahypalar düýbünden ýitip gidipdir. Töwrat, Zebur we Injil ýaly kitaplar bolsa, wagtyň geçmegi bilen ynsanyň ýagşy ýa-da ýaman niýetleri bilen üýtgedilip ýoýlupdyr. Allahyň wahý eden görnüşinde goralyp saklanan, üýtgedilmän we ýoýulman şu günki günlere ýeten, kyýamata çenli hem asyl nusgasyny, güýjüni ýitirmejek ýeke-täk kitap Kurany Kerimdir.

«Kurany Kerimi Biziň inderenimiz anykdyr. Elbetde, ony ýene Biz gorap saklarys», (Hijr, 9), aýaty, Kuranyň Allah tarapyndan ýörite gorag astynda saklanylýanlygy, kyýamata çenli üýtgedilmän, ýoýulman, hökmüniň dowam etjekdigi habar berilýär.

Kurany Kerim özünden öňki kitaplary tassyk edip, şeýle hem, olaryň käbir hökümlerini ýatyryp, täze hökümler getirendir. Allah Tagala mü’min bolmak üçin, hezreti Muhammede we Oňa inen Kurana tabyn bolmaklygy buýurýar, (ser. Äli Imran, 31; Nisa, 47; Maide 15; Engam 153).

Ynsan daş-töweregine we beýleki barlyklara seredip, bir Ýaradyjynyň bardygyny bilmek ukybyna eýedir. Ýöne ynsanyň Ol Ýaradyjynyň öňündäki öz wezipeleriniň nämedigini bilmegi mümkin däldir. Şonuň üçin Allah Tagala fazly-kereminiň, rahmetiniň nusgasy hökmünde ynsana Kitap we Pygamber iberipdir. Ilahi kitaplaryň asyl maksady adamzady azaşmakdan halas edip, olary hidaýete, ýagşylyga, aýdyňlyga çykarmak we iki dünýäde hem bagtly etmekdir.

Ylahy kitaplar

Allahyň kelamy bolmak taýyndan ilahi kitaplaryň arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Olar «suhuf» we «kitap» diýen iki görnüşe bölünýär.

a) Suhuf.
Sahypa sözüniň köplük sany bolan suhuf – adamzat jemgyýetiniň ilkinji döwürlerinde ýaşan halklara inderilendir. Kurany Kerimde hezreti Ibrahim we hezreti Musa inderilen sahypalardan söz açylýar, (Nejm, 36-37; A’la, 14-19). Onda inen sahypalaryň jemi ýüz töweregi bolup, hezreti Adam ata on, hezreti Şite (a.s.) elli, hezreti Idrise (a.s.) otuz, hezreti Ibrahime (a.s.) on sahypa inderilendigi habar berilýär.

b) Kitap
Suhuflardan has göwrümli bolup, kämilleşip, giň ýaýran, san taýdan köpelen adamzat jemgyýetine inderilendir. Kurany Kerimde dört sany kitap barada aýdylýar. Olar
Töwrat,
Zebur,
Injil we
Kurandyr.

Töwrat

«Töwrat» sözi ibrani dilinde bolup, «kanun», «şerigat», «emr», «ündew», «ýol görkeziji» manylaryny berýär. Ol hezreti Musanyň (a.s.) üsti bilen Israil ogullaryna inderilipdir. Kurany Kerimde Töwrat on sekiz ýerde agzalýar. Onuň Allahyň mukaddes kitaplaryndan biridigi şeýle beýan edilýär: «Içinde hidaýet we nur bolan Töwraty Biz inderdik...», (Maide 44). Ýöne olar, ýagny, Israil ogullary taryhda başdan geçiren sürgün we ýesirlikleri sebäpli, Töwratyň asyl nusgasyny gorap bilmändir. Töwratyň asyl nusgasy ýitende, ýahudy din alymlary ony täzeden ýazypdyr. Häzirki döwre gelip ýeten Töwrata, doly manydaky ilahi kitap diýmek kyndyr. Çünki, ol tutuşlygyna wahý bolman, ynsanyň sözleri bilen garyşdyrylandyr.

Häzirki döwürde ýahudylaryň mukaddes kitaplaryny iki esasda jemlemek bolar:
1. Tanah
2. Talmut
Hristianlaryň ahdi-atik (köne äht) diýip atlandyrylýan Tanah üç bölümden ybaratdyr:
a) Tora; b) Newiim; w) Ketuwim.
«Tanah» sözi bu üçüsiniň gysgaldylan adydyr.

Ýahudylar köplenç bu üçüsini «Tora» diýip atlandyrýarlar. «Tora» ibraniçe bolup, arapçasy «Töwratdyr». Töwraty düzýän kitaplaryň sany ýahudylara görä 24, hristianlara görä 39-dyr. Töwrat müň ýylyň dowamynda emele gelipdir. Biziň eramyzyň togsanynjy ýylynda geçirilen Ýýemnia maslahatynda kitap görnüşine geçirilipdir.

Talmut bolsa, Töwratyň hahamlar (ewreý din alymlary we ýolbaşçylary) tarapyndan nesilden nesile dil üsti bilen geçirilen tefsiridir. Biziň eramyzyň 150-nji ýyllarynda Ýudas atly haham tarapyndan «Mişna» ady bilen ýazga geçirilipdir. Mişna – gaýtalanan şerigat manysyny berýär.

Hezreti Musanyň (a.s.) biziň eramyzdan öň XIII asyrlarda ýaşandygy habar berilýär. Ýöne Töwratyň iň gadymy ybranyça nusgasynyň biziň eramyzdan öň VII ýa-da X asyra degişlidigi habar berilýär. Bu maglumatlar: Töwratyň hezreti Musa inen asyl nusgasynyň ýitendigini görkezýär.

Zebur

Bu kitap hezreti Dawut pygambere inen kitapdyr. «Zebur» sözi arapça «kitap», ibraniçe «hat» diýen manylary berýär. Kurany Kerimde Zebur barada Töwrat we Injil ýaly giň maglumat berilmändir. «Zebur» sözi Kuranda üç ýerde agzalýar. «Şübhesiz, Töwratdan soňra Zeburda hem şeýle ýazypdyk: «Ýer ýüzüne salyh gullarym mirasdar bolar», (Enbiýa, 105).
«Dawuda Zebury beripdik», (Nisa, 163; Isra 55).

Hezreti Dawuda inderilen Zebur bu gün ahdi-atikiň içinde «mezmurlar» ady bilen ýer alýar. Zeburyň özbaşdak kitaby ýokdur. Şonuň üçin Zebur barada giň maglumata duş gelinmeýär. Häzirki döwürde ýewreý we hristian ybadathanalarynda aýdylýan kasydalaryň arasynda mezmurlara köp duş gelinýär.

Injil

Injil hezreti Isanyň üsti bilen Israil ogullaryna inderilen hak kitaplaryň üçünjisidir. Kurany Kerimde Injil we hezreti Isa barada giň maglumat berilýär. Injiliň üýtgedilip, ýoýulandygy bellenýär.
«Geçen pygamberlerden soň, özünden öň gelen Töwraty tassyklaýjy hökmünde Merýem ogly Isany iberdik. Oňa özünden öňki Töwratyň tassyklaýjysy, muttakylara hidaýet we öwüt, içi hidaýet we nurdan doly Injili berdik», (Maide,46).

«Injil» sözi – «buşluk», «hoş habar» diýen manylary berýär. Grekçe bu kitaba «Bibliýa» diýilýär. Manysy: «kitapça» diýmekdir. Hristianlar Injile «ahdi jedid» (täze äht) diýýärler. Täze äht dört injil («Matta», «Markos», «Luka», «Ýuhanna») bilen ýigrimi üç babyň jemlenmesinden ybaratdyr. Bu kitaplaryň ählisi I-II asyrdan soň ýazylýar we ýaýraýar. Injiliň asyl nusgasy grekçedir.

Hristiançylygyň ilkinji asyrlarynda ýazylan bu Injilleriň sany diňe agzalan dördüsi bilen çäklenmeýär. Olardan başga-da, şol döwürde, üç ýüz töweregi Injil ýazylypdyr. Biziň eramyzyň 325-nji ýylynda geçirilen Iznik maslahatynda bularyň diňe dördüsi hakyky Injil diýlip kabul edilýär.

Häzir: «Injil hezreti Isa inderilen Injiliň asyl nusgasymy ýa-da dälmi?» diýen meselede şu aýratynlyklara üns berilmelidir:
1. Hezreti Isa dirikä, Onuň aýdanlarynyň ýa-da eden işleriniň hiç biri ýazga geçirilmändir.
2. Hezreti Isanyň dünýeden ötmeginiň yz ýany, Onuň ýazga geçirilen sözleri we durmuşy barada maglumat berýän çeşmeler ýitipdir.
3. Gürrüňi edilýän bu Injilleri ýazan awtorlaryň hiç biri hem hezreti Isany görmändir.
4. Hezreti Isanyň ene dili – arami (gadymy ýewreý dili) dilidir. Emma bu Injiller grek dilinde ýazylypdyr.
5. Bize gelip ýeten golýazma görnüşindäki Injiller baryp-ha IV-V asyrlara degişlidir. Olaryň bolsa şol wagta çenli nähili we nä derejede ýoýulandygy anyk belli däldir.
Bu gün hristianlar Töwraty, Zebury, we Injili «Mukaddes Kitap» ady bilen bir ýere jemläpdir. Ýöne bu kitapda Allahdan inişi ýaly mukaddeslik saklandymyka? Bu meselede Pygamberimiziň şu maslahatyna görä özüňi alyp barsaň dürs bolar: «Ähli kitaby» tassyk hem etmäň, ýalan hem diýmäň. Ýöne şeýle diýiň: «Biz Allaha, bize inderilen Kurana, Ibrahime, Ismaile, Ishaka, Ýakuba we nesillerine inderilenlere, Musa, Isa berlenlere we ähli pygamberlere Rableri tarapyndan inderilenlere iman etdik. Olaryň hiç birini beýlekisinden tapawutlandyrmarys. Biz Allaha teslim bolan musulmanlardyrys», (Bakara, 136; Äli Imran 84).

Kurany Kerim

Kurany Kerim Allah Tagalanyň adamzada iberen iň soňky mukaddes kitabydyr. Ol hezreti Muhammede (s.a.w.) Jebrailiň (a.s.) üsti bilen ýigrimi üç ýylyň dowamynda bölekleýin inderilip, şu günlere tewatür ýoly bilen gelip ýeten, okalmagy ybadat bolan kitapdyr. Tewatür – haýsydyr bir jemagat tarapyndan wagyz edilýän, ýalan ähtimallygy bolmadyk, anyk, dogry, güýçli habardyr.

«Kuran» sözi – jemlemek, okamak, ýygnamak manylaryny berýär. Bu at Kurana hut Kurany Kerimiň özi tarapyndan berlendir, (Bakara, 185).

Kurany Kerimiň başga-da ençeme atlary bardyr. Olardan käbiri şular: «Kitap», «Furkan», «Höküm», «Hikmet», «Şyfa», «Hüda», «Rahmet», «Ruh», «Beýan», «Nygmat», «Burhan», «Nur», «Hak» ...

Kuranyň mazmuny
Kurany Kerim muttakylara zikir we hidaýet, mü’minlere rahmet we buşluk, maddy we ruhy kesellere doga we şypa, käfirlere oýaryjy we hasrat, tutuş adamzada ýeterlik beýan, öwüt we nesihatdyr.
Kurany Kerim ynsany syraty mustakime äkidýän hidaýet çeşmesidir. Syraty mustakim pygamberleriň, syddyklaryň, şehitleriň we salyhlaryň ýörän giň we göni ýoludyr. Ol ýol – yslam dinidir. Yslamyň esasy özeni bolsa Kurandyr.

Adamzady hem şu dünýäde, hem ahyretde bagta ýetirjek Kurany Kerim ynsana ygtykat, ybadat, ahlak, ižtimagyýat, ykdysadyýet, syýasat, taryh, hukuk, ynsan, älem we metafizika ýaly ençeme hakykatlardan söz açýar. Kuranyň söz açýan bu hakykatlarynyň iň ähmiýetlileri şulardyr:
1. Towhyd (Allahyň birligi we ýeke-täkligi),
2. Nübüwwet (pygamberlik),
3. Haşr (ölümden soň dirilmek),
4. Ybadat (Allaha we ahyret gününe ynanan ynsanyň amal etmeli ybadatlary), ahlak we muamelat (ynsanyň şahsy we ijtimagy durmuşda özüni alyp barmagyň düzgünleri).

Älemi we ynsany düşündiren Kuranda hiç zat egsik däldir. (En’am, 59). Ýöne Kuran her bir zadyň ähmiýetine görä söz açýar. Gulluk we Allahy tanamak, Oňa gulluk etmek üçin ýaradylan ynsany dünýä we ahyret bagtyna ýetirjek iň möhüm zatlar, elbetde, towhyd, nübüwwet, haşr we gullukdyr. Şonuň üçin Kuran bulardan köp söz açýar.

Kurany Kerim mugjyzasy
Kurany Kerim söz we many taýyndan iň beýik we ebedi mugjyzadyr. Beýleki pygamberleriň mugjyzalary öz döwürleri geçenden soň gutarypdyr. Emma Kuran mugjyzasy kyýamata çenli dowam eder. Ol bakydyr. Kurany Kerim arap edebiýatynyň iň ösen döwründe inendigine garamazdan, şol döwrüň adamlarynyň özüne taý bolup biljek bir eseri döredip bilmejekdigini belläp, olaryň ejizligini açyk aýdypdy:

«Aýt, kasam bolsun, bu Kuranyň meňzeşini döretmek üçin, ynsan we jyn bir ýere jemlenseler, biri-birlerine kömek etseler, şonda-da başaryp bilmezler», (Isra, 88) Başga bir aýatda:

«Eger gulumyz (Muhammede) inderenlerimizden şübhe edýän bolsaňyz, geliň, sizem şoňa meňzeş bir sure dörediň. Eger aýdanlaryňyz dogry bolsa, Allahdan başga ýardamçylary çagyryň, ýöne şonda-da eliňizden gelen zat bolmaz. Onda ýangyjy ynsan we daşlar bolan dowzah odundan saklanyň», (Bakara, 23-24; Hud, 13; Tur, 33-34), diýilýär. Kuranyň garşysyna gidýän ençeme duşmany şu günlere deňiç Kuranyň bu çagyrşyna jogap berip bilmändir. Hakykatdan hem Kuranyň uslubynda şeýle çeper we manyly eser şu wagta çenli döredilmändir. Diýmek, okamagy we ýazmagy bilmeýän, ümmi bolan hezreti Muhammet (s.a.w.) hiç kimden zat öwrenmändir. Ol bu hakykatlary göni Alim we Habir bolan Allah Tagaladan wahý görnüşinde alyp adamlara ýetiripdir. Bu bolsa, Kuranyň Allahdan gelen hak kitapdygyny, hezreti Muhammediň (s.a.w.) bolsa pygamberdigini subut edýän iň görnükli mugjyzadyr.

Kurany tapawutlandyrýan aýratynlyklar

Üýtgedilmeden goralandyr
Kurany gorap saklamagy Allah Tagala hut Öz üstüne alýar. Bu barada Kurany Kerimde şeýle aýdylýar: «Elbetde, bu Kurany Biz inderdik we ony gorap saklajak ýene Bizdiris», (Hijr, 9).
Kurany Kerim 23 ýylyň dowamynda aýat-aýat, sure-sure inderilipdir. Pygamberimiz özüne inen bu aýat we sureleri töweregindäki sahabalaryna aýdyp beripdir. Sahabalar bolsa, ony ýat tutupdyrlar. Olaryň arasynda Pygamberimize gelen wahýi ýazyp alýan ýörite kätipleri bolupdyr. Olar inen aýat we sureleri ýazypdyrlar. Aýatdyr sureleriň Kuranyň niresinde goýulmalydygyny Pygamberimiz Jebrailiň öwretmegi bilen görkezipdir. Şeýlelikde, Pygamberimiz dünýeden ötmänkä, Kuran doly ýazylypdyr.

Kuran Ebu Bekiriň halifligi döwründe Zeýd b. Sabitiň ýolbaşçylygyndaky hafyzlardan we wahý kätiplerinden döredilen geňeş tarapyndan «Mushaf» ady bilen ýeke-täk kitap görnüşine getirilýär. Hezreti Osman döwründe bolsa köpeldilýär. Şeýlelikde Kuran üýtgedilip ýoýulmakdan goralyp saklanýar.

Kurany Kerim iň soňky Kitapdyr
Kuran – beýleki kitaplary tassyklaýjy hökmünde hezreti Muhammede (s.a.w.) inen iň soňky Kitapdyr. Şonuň üçin onuň hökmi kyýamata çenli dowam eder. Kim dünýä we ahyret sagadatyna ýetjek bolsa, hökman Kurana görä amal etmelidir.
«Bu Kuran beýik Kitapdyr. Ony biz inderdik. Örän mübärekdir. Indi oňa tabyn boluň, emrlerini ýerine ýetiriň we Allahdan gorkuň. Şeýtseňiz, merhemete gowşarsyňyz», (Engam, 155).

Kuranyň hökümleri ylma ters däldir
Kuran ynsany ylma, irfana, tefekküre çagyrýar. Ylym we tehnika näçe össe-de, Kurana çapraz gelmez. Gaýta tersine, tebigy, takyk we ižtimagy ylymlaryň ösmegi Kuranyň tefsirini we düşünilmegini ýeňilleşdirer.

Kurany ýat tutmak ýeňildir
Kuranyň mugjyzalarynyň ýene bir tarapy ony ýat tutmagyň ýeňilligidir. Ony kiçi ýaşly çaga hem aňsatlyk bilen ýat tutýar. Kuran iň köp ýat tutulýan kitapdyr. Kurany Kerimi tutuşlygyna ýat tutmak farzy kifaýedir.

Kuran arap dilinde inipdir
Allah Tagala kitap ýa-da sahypa iberen her bir pygamberine şol halkyň dili bilen ýüzlenipdir. Pygamberimiziň arap bolmagy, Kuranyň arap dilinde inderilmegine esasy şertdir.
Hezreti Muhammet (s.a.w.) iň soňky pygamber, Kurany Kerim hem iň soňky Kitap bolandygy üçin, diňe oňa laýyklykda amal edilmelidir. Şeýle hem bir dilden başga bir dile doly terjime etmek mümkin däldigi üçin, hem-de tertip we hormat üçin namazda Kurany Kerimiň arapçasynyň okalmagy hökmandyr.

Kuranyň öňündäki wezipelerimiz
Her bir musulmanyň Kuranyň öňündäki iň esasy wezipesi – onuň Allah Tagalanyň inderen hak Kitaby – ezeli kelamydygyny tassyk etmegidir. Şeýle hem ony okamagy öwrenip, manysyna düşünmek emr we gadaganlyklaryna boýun bolmak, şahsy we jemgyýet durmuşymyzy onuň getiren dessurlaryna görä ýaşamak borjumyzdyr. Şonuň üçin Pygamberimiz bu barada käbir hadyslarynda şeýle diýýär:

«Siziň iň haýyrlyňyz Kurany öwrenen we öwredendir», (Buhary).
«Kalbynda Kurandan hiç bir zat bolmadyk kişi harap bolan öý kimindir», (Tirmizi).
«Kuran okaň. Çünki bu Kuran özüni okanlara kyýamat güni şefagat eder», (Müslim).

Kuranyň özi hem şeýle buýurýar:
«Biz bu kitaby saňa, Rabbiniň rugsady bilen, ynsanlary zulmatdan nura çykarmagyň, güýç gudratyň eýesi we her işi öwgä mynasyp Allahyň ýoluna ugrukdyrmagyň üçin inderdik», (Ibrahim, 1).
«Kuran okalan wagty ony sesiňizi çykarman diňläň-de, merhemet edilenlerden boluň», (A’raf, 204).

Kuran okamagyň düzgüni
Kurany kitapdan okamak üçin taharetli bolmak farzdyr. Okamaga başlamazdan E’uzü-besmele aýtmak müstehapdyr.
Kurany aýda bir gezek hatim etmek gowy görlüpdir. Ýylda bir, kyrk günden bir, hepdede bir hatim edilmelidigini aýdanlar hem bardyr. Üç günden az wagt aralygynda hatim etmek dürs görülmeýär. Çünki Kuran çalt okalsa, onuň manysyna düşünmek kyn bolýar we ýalňyşlyk goýberilmegi hem mümkindir. Arapça okamagy bilse-de, arapça düşünmeýän dini ylmy bolmadyk kişiler Kuranyň tefsirini okamaly, ýa-da bolmanda terjimesini bir gezek okasa, has laýykdyr.
Kurany labyzly we tejwid bilen okamak müstehapdyr. Pygamberimiz hadysynda «Kurany sesiňiz bilen bezäň» diýip buýurýar.
Kurany okamak nafile ybadat etmekden, Kurany sesli okamak bolsa, sessiz okamakdan has fazyletlidir. Bir kişi ýöräp barýarka ýa-da bir işe meşgulka, Kurany ýatdan okap biler.
Namaz okamak mekruh bolan wagtlarda doga, tesbih, Pygamberimize salawat aýtmak, Kuran okamakdan has fazyletlidir.
Kurany diňlemek farzy kifaýedir. Şonuň üçin başga bir iş bilen meşgullanýan adamlaryň ýanynda gaty ses bilen Kuran okamak gowy görülmändir.