Zümer süresi, 68-nji aýat

«Sur çalyndy. Göklerde we ýerde bolanlar (gorkudan) çaşyp ýykyldylar. Diňe Allahyň islänleri galdy. Soňra sur ikinji gezek çalyndy. Birden olar turdular, biri-birlerine bakyşdylar»

Ylmyhal>>Meleklere iman

Meleklere iman

Melekler Melekleriň aýratynlyklary Melekleriň ýaradylyş maksady Melekleriň görnüşleri

Bu mahluklaryň barlygy Kurany Kerimiň we Pygamberimiziň beýanlary bilen subut edilýär. Kurany Kerimiň Allahyň kelamydygyny subut edýän ähli deliller, hezreti Muhammediň (s.a.w.) pygamberligini tassyk edýän ähli deliller şol bir wagtda melegiň, ruhuň, jynyň we şeýtanyň bardygy hakynda hem anyk we kesgitli delillerdir. Olary inkär edip bilmedik, bulary hem inkär edip bilmez. Çünki, bu meseleler hem Kurany Kerimde hem Pygamberimiziň mübärek sözlerinde dürli wesileler bilen aýdylyp geçilýär we olaryň bardygy tassyk edilýär.

Ynsanyň görüş ukyby ähli barlyk bilen deňeşdireniňde, örän çäklidir. Şonuň üçin hem ynsan görmeýän her bir zadyna «ýokdur» diýip bilmez. Melek, ruh, jyn we şeýtan hem biziň mümkinçiliklerimiziň daşynda bolanlygy üçin olary görüp bilmeýäris.

Älemde häkimlik ediji madda däl-de, ruh we magnadyr. Ilki ýaradylan hem madda däl-de, antimaddadyr. Ilki nur bilen ruh we madda üçin galyp bolup biljek zatlar ýaradylypdyr. Barlyk has soň, belli bir wagtyň dowamynda şol galyplara görä şekillenipdir.

Barlyklarda kader, matematiki ölçeg, plan we programma häkimdir. Kanun we üýtgemeýän düzgün arkaly barlyk öz durmuşyny dowam etdirýär. Görünýän her bir zadyň aňyrsynda käbir görünmeýän kuwwat duýulýandyr. Meselem: Ýere taşlanan tohumlaryň gögerip ösmegi, şemalyň öwüsmegi, zerreden ýyldyzlara çenli ähli zatlary saklaýan dartyş kanunynyň bolmagy... Mysallary entegem köpeltmek mümkindir.

Bu kanunlaryň aňyrsynda olara gözegçilik edýän ruh we melekler bardyr. Olaryň güýç-kuwwaty, esasan, ruha we melege degişlidir. Ol güýç bolsa, Hak Tagaladandyr. Kiçi älem bolan ynsana ruh, uly äleme-de melekler gözegçilik edýär.

Melekler

Melek – arap sözi bolup «ilçi», «habarçy», «güýç-kuwwat», «ýokardan inýän», «edilenleri alkyşlaýan we olara gözegçilik edýän» manylary berýär. Melek – Allahyň emri bilen dürli wezipeleri ýerine ýetirýän, göz bilen görülmeýän nurdan we ruhdan döredilen barlykdyr. Başgaça aýdylsa, Allah Tagala bilen beýleki älemleriň arasynda gatnaşyk saklaýan, ilçilik edýän, habar getirýän, kalbymyzy gurşap tertibe salýan, Ondan gelýän habarlary alyp, bize kabul edip biler ýaly görnüşe getirýän örän mukaddes ilçiler toparyna melekler diýilýär. Halk arasynda melege perişde hem diýilýär.

Kuranda meleklere imanyň farzdygyny habar berýän ençeme aýat bardyr:

«Pygamber Rabbi tarapyndan özüne inderilene iman etdi. Mü’minler hem Allaha, meleklerine, Kitaplaryna, pygamberlerine iman etdiler...», (Bakara, 285).

«...Asyl ýagşylyk – Allaha, ahyret gününe, meleklere, pygamberlere iman edenleriň ýagşy amalydyr...» (Bakara, 177).

Meleklere ynanmadyk kişi, bu aýatlaryň hökümini inkär edeni üçin käfir saýylýar. Şeýle hem Allah Tagala Kuranda meleklere duşman bolanlary «käfir» diýip belläpdir we şeýle kişileriň Allahyň duşmanydygyny nygtapdyr. (Bakara, 98). Şonuň üçinem meleklere iman – iman esaslarynyň içinde iň möhüm orna eýedir we Allaha imandan soň zikr edilendir. Çünki, melekler Allahdan alan ilahi wahýy pygamberlere ýetirýän ilçilerdir. Wahýe we pygambere ynanan melege hem ynanmalydyr. Meleklere ynanmaýan pygamberlere-de ynanyp bilmez.

Melekleriň barlygy barada ähli dinler habar berýär. Ähli hak dinleriň pygamberligi kabul etmegi, pygamberleriň melekler bilen görüşýänligi, olardan wahý almagy, Kuran we beýleki mukaddes Kitaplaryň meleklerden söz açmagy melekleriň barlygyna dahylly anyk delillerdir.

Melekleriň aýratynlyklary

Melekler «emr äleminden» bolup, nurdan ýaradylandyr.
Pygamberimiz bu barada bir hadysynda şeýle aýdýar: «Melekler nurdan, jynlar tüssesiz otdan, ynsanlar bolsa Kuranyň size düşündirýän zadyndan, ýagny, palçykdan ýaradyldy», (Müslim, Ahmet b. Hanbel).

Melekler iýip-içmeýär, ýadamaýar, olarda ynsan we jyn ýaly, ysýan we garşy gitmek ýokdur. Kurany Kerimde:
«Göklerde we Ýerde näme bar bolsa Onuň mülküdir. Onuň huzuryndaky melekler tekepbirlik etmän, ýadaman Oňa ybadat ederler. Olar irmän-arman, gije-gündiz Allahy tesbih ederler», (Enbiýa, 19-20) diýilýär.

Başga bir aýatda melekler barada: «Allahyň özlerine emr eden zatlaryna ysýan etmeýärler. Näme emr edilen bolsa, şony ýerine ýetirýärler», (Tahrym, 6) diýlip aýdylýar.

Olara öýke-kine, gahar-gazap, gysgançlyk, görüplik ýaly erbet duýgular ýatdyr. Olarda beýgelmek, pese düşmek ýokdur. Ýöne Allaha eden ybadatlaryndan derejelerine görä feýz we lezzet alýarlar. Nurdan bolandyklary üçin, iýmit ýerine nur ýeterlikdir. Ynsan howadan, suwdan, yşykdan, dürli iýmitden nähili lezzet alýan bolsa, melekler hem zikrden, tesbihden, hamddan, ybadatdan we Allahyň magrifet we muhabbet nurundan iýmitlenip, olardan çäksiz lezzet duýýarlar. Hatda atyrlaryň ýakymly ysy hem olar üçin iýmit saýylýar. Allahyň Resuly hem şonuň üçin ýakymly ysly atyrlary ulanmagy halar eken.

Meleklerde haş’et, Allah gorkusy bardyr. Kuran olaryň bu ýagdaýy barada şeýle aýdýar: «Üstlerindäki Rablerinden gorkarlar, emr edilenleri doly ýerine ýetirerler», (Nahl, 50). Melekleriň Allahdan gorkmaklaryna «ijlal» diýilýär. Ijlal Allahyň azamatyny görmekden dörän gorkudyr. Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle diýýär: «Asmanda Allah Tagala bir emr-höküm etjek wagty, asmanlar titrär we gümmürdär. Melekler näme bolandygyny duýup, sežde ederler. Seždeden başyny ilki galdyran hezreti Jibril bolar. Başyny galdyrar we Rabbinden emre garaşar, soňra beýleki melekler başyny galdyrar. «Rabbimiz näme diýdi, eý, Jibril» diýerler. Jibril şeýle jogap berer: «Rabbimiz hak aýdýar. Aliý we Kebir bolan Oldur», (Ali el-Muttaki, «Kenzül Ummal»).

Meleklerde aýal-erkek, jyns tapawudy ýokdur.

«Olar (müşrikler) Rahmanyň gullary bolan melekleri aýal jynsyndan diýip suratlandyrdylar. Olar melekleriň ýaradylyşyny gördülermikä? Olaryň şaýatlyklary ýazylyp, olardan hasap soraljakdyr», (Zuhruf, 19; Saffat, 149, Nejm, 27-28).

Melekler emr äleminden we nurdan ýaradylandygy üçin, örän çalasyn, güýç-kuwwatly barlyklardyr. Olaryň hulul we nufuz ukyplary örän çalt we kämildir. Olar ynsanyň gözüniň görejinde ýer alýar, ynsany gözel zatlara bakdyrýarlar we olary görkezýärler. Pygamberiň we weliniň kalbyna aýratyn bir many bilen, ösümlik we haýwanlar dünýäsine bolsa başga many bilen nufuz edýärler.

Melekleriň ganatynyň bardygy habar berilýär. Ýöne ol ganatlaryň nähilidigi barada anyk maglumat aýtmak kyn. Olary diňe Allah we melekleri görýän pygamberler biler. Melekleriň ganatlary olaryň şekilini, ganatlarynyň köplügi bolsa, güýç we çaltlyk taýyndan derejesini, Allahyň ýanyndaky mertebesini görkezýär. Kurany Kerimde:

«Gökleri we Ýeri ýaradan, melekleri iki, üç, dört ganatly ilçiler edýän Allaha hamd bolsun. Ol ýaratmakda isleýşiçe köpelder. Şübhesiz, Allah her bir zada kadyrdyr», (Fatyr, 1) diýilýär.

Melekler Allahyň emri we rugsady bilen dürli sypata we şekile girip biler. Jebrail (a.s.) Pygamberimize Dyhýe atly sahabanyň şekilinde görnüpdir, kä wagt bolsa, nätanyş adamyň şekilinde gelipdir. Hezreti Merýeme bolsa, ynsan şekilinde görnüpdir, (Merýem, 16-17). Hezreti Ibrahime ogly Ishaky buşlamak üçin, onuň ýanyna birtopar melek ynsan şekilinde gelipdir. Ol bolsa myhmandyr öýdüp, bular üçin nahar taýýarlaýar. Ýöne olaryň iýmeýändigini görende gorkýar. Soňra olaryň melekdigini aňýar, (Hud, 69-70).

Melekler nurdan bolany üçin, adaty göze görünmeýär. Olar diňe pygamberlere asyl şekilinde görnüpdir. Melekler asyl şekilini üýtgedip, başga şekile giren ýagdaýynda ynsan tarapyndan hem görlüp bilinýär. Imany, islamy we yhsany düşündirýän Jibril hadysy muňa mysaldyr. Bu hadysyň beýanyna görä, sahabalar Jebraili (a.s.) adam sypatynda görüpdirler. (Buhary, Müslim, Ebu Dawud).

Melekler gaýyby bilmeýär. Gaýyby diňe Allah bilýär. Eger Allah tarapyndan meleklere gaýyba degişli bir maglumat berlen bolsa, diňe şony bilýärler. Kurany Kerimde Allah (j.j.) hezreti Adam ata (a.s.) barlyklaryň adyny öwredip, soň bu barlyklary meleklere görkezip, atlaryny soraýar. Melekler:

«Seni tenzih ederis (päkläris). Seniň öwredenleriňden başga biziň bilýän zadymyz ýok. Çünki, her bir zady doly bilýän, höküm we hikmet sahyby bolan Sensiň» diýipdirler. Mundan soň Allah Tagala hezreti Adama barlyklaryň atlaryny aýtmagy emr edýär. Ol hemmesini ýeke-eke aýdyp berýär. Allah Tagala meleklere ýüzlenip: «Size aýtmadymmy, Gökleriň we Ýeriň gaýybyny, şübhesiz, diňe men bilerin. Nämäni açyk aýtsaňyz hem, gizleseňiz hem men bilerin», (Bakara, 32-33).

Melekleriň ýaradylyş maksady

Allah Tagala hiç kime, hiç zada, hiç bir ýardama mätäç däldir. Çünki, Ol her hili kemçilikden, nogsandan münezzeh we mukaddesdir. Ol Sameddir, ýagny, her bir zat Oňa mätäçdir, ýöne Ol hiç zada mätäç däldir. Melekler bolsa Allah Tagalanyň tasarrufyna (emrlerine, dolandyryşyna) gözegçilik edýärler. Tekwini kanunlarda Allah Tagalanyň emrlerine wekilçilik edýärler we olary alkyşlaýarlar.

Wajybul Wujud bolan Allah Tagala bir iş etmekçi bolsa, şol işi meleklere perman edýär. Olar hem bu işiň başynda gaýym durýarlar. Her bir melegiň näme iş etmelidigi – borjy, wezipesi bellidir. Her bir melek tabşyrylan işi alkyşlaýar. Olar bu alkyşlamagy tesbih, tahmid we tekbirler bilen ýerine ýetirýärler. Melekler üçin beýle etmek borçdur. Aslynda Allah Tagala olary bu hikmete laýyk ýaradypdyr.

Melekler diňe Allahyň gullukçylarydyr. Olara hakyky manyda tasarruf hukugy berlen däldir. Muňa göz ýetirmek üçin, Kurana ser salalyň:

«Kasam bolsun, hakykatdan hem ynsany biz ýaratdyk we nebsiniň oňa nämeler pyşyrdaýanyny hem bilýäris. Çünki, Biz oňa boýun damaryndan hem ýakyndyrys. Onuň sagynda we çepinde oturan iki melek bardyr. Onuň her aýdýanlaryny we amallaryny ýazýandyrlar,» (Kaf, 16-17).

Bu aýatda «Kasam bolsun, hakykatdan hem ynsany biz ýaratdyk» diýilmegi Ýaradanyň gönüden-göni Özüdigini, bu meselede Oňa şärigiň ýokdugyny düşündirýär. Ýagny, melekler Allah Tagalanyň kömekçileri däldir. Ýaradylyşda şirke ýer ýokdur. Olar diňe ýaratmak hadysasynyň şaýatlary we synçylarydyr.

«Biz oňa boýun damaryndan hem ýakyndyrys» diýilmegi, ynsan entek özünden habarsyzka, bedeninde bolup geçjek özgerişler hem heniz başlamanka, Allahyň oňa has ýakyndygyny aňladýar. Ol ylmy bilen her bir zady bilýändir, habardardyr. Şonuň üçin ynsandaky tasarruflarynda Ol hiç bir araça we kömekçä mätäç däldir. Bu ýerde melekler ýokarda hem belleýşimiz ýaly, diňe Allahyň ýaradanlarynyň alkyşçysy we synçysydyr.

Melekleriň görnüşleri

Melekleri derejelerine görä, şeýle sanamak bolar:

Jibril ýa-da Jebrail (a.s.)
Pygamberlere wahý getirendigi üçin oňa wahý melegi diýilýär. Jebraile «ynamdar ruh» manysynda Ruhul Emin hem diýilýär.
«Oýaryjylardan bol diýip, Ruhul Emin Kurany seniň kalbyňa indirendir», (Şu‘ara, 193-194).
Başga bir aýatda oňa Ruhul Kudus (Päk Ruh) ady berlipdir.
«...Hak bolan Kurany seniň Rabbiňden size Ruhul Kudus indirendir» (Nahl, 102).
Melekleriň iň beýigi, belent mertebelisi we Allaha iň ýakyny bolany üçin Jebraile (a.s.) Seýýidül Melaike hem diýilýär.

Pygamberimiz: «Gul Allahyň ryzasyna ýetjek ýola düşende, Allah Tagala Jibrile ýüzlenip: «Meniň pylan gulum Meni razy etjek bolup jan edýär. Biliň, Meniň rahmetim oňadyr» diýer. Jebrail muny eşidende, asman ähline: «Allahyň rahmeti pylanadyr. Men hem onuň ýanyndadyryn» diýer. Onuň bu sesi tutuş asmanda ýaňlanar. Asmandakylaryň ählisi tarapyndan gaýtalanar», (Ahmet b. Hanbel, «Müsnet») diýýär. Başga bir hadysda: «Allah bir guluny söýende, Jibrile: «Men pylanyny söýýärin, senem söý» diýer. Jibril hem ony söýer, soň asman ähline: «Allah pylanyny söýýär, sizem söýüň» diýer. Asmandakylar hem ony söýer. Mundan soňra ol guly ýeriň ýüzündäkiler hem söýer.

Allah bir guluny ýigrense, Jibrile: «Men pylanyny ýigrenýärin, senem ýigren» diýer. Jibril hem ony ýigrener, soň asman ähline: «Allah pylanyny ýigrenýär, sizem ýigreniň» diýer. Asmandakylar hem ony ýigrener. Mundan soňra ol guly ýeriň ýüzündäkiler hem ýigrenip başlar» diýilýär, (Buhary, Müslim).

Allahyň Resuly Jebraili juda gowy görýärdi. Oňa hemişe minnetdardy. Onuň bilen şeýle bir ýakynlaşypdy, Onsuz oňup bilmeýärdi. Jebrail hem Pygamberimizi gowy görýärdi, (Buhary, Müslim).

Mikail
Älemdäki tebigat hadysalaryna ýolbaşçylyk edýär, ýaradylanlaryň ryzklaryny eýelerine ýetirýär. Jibril ýaly Pygamberimize iň ýakyn meleklerden biridir. Hadysy şerifde Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar: «Meniň ýer ählinden iki wezirim, gök ählinden hem iki wezirim bardyr. Ýerdäki wezirlerim Ebu Bekir bilen Omar. Gökdäki wezirlerim bolsa, Jebrail bilen Mikaildir», (Tirmizi). Bu hadys hezreti Jibriliň we Mikailiň melekleriň arasynda tapawutlydygyny görkezýär. Aýaty kerimede: «Allah ynsanlardan we meleklerden ilçiler saýlar», (Haj, 75) diýilýär.

Israfil
Israfiliň wezipesi sur çalmakdyr. Ol sury iki gezek çaljakdyr. Birinjisinde kyýamat gopar, ikinjisinde täzeden diriliş bolar. Israfil (a.s.) ýaradylan gününden bäri, Allah Tagaladan: «Sury çal!» diýen emre intizardyr.

Israfil (a.s.) hem Allaha iň ýakyn dört melekden biridir. Israfil hem Jibril ýaly Pygamberimiziň sadyk dostudy. Pygamberimiz hadysynda şeýle bir wakany gürrüň berýär:

«Jibril bilen Safa depesinde otyrdyk. Men ýagdaýym barada söz açyp: «Muhammediň içersine bir gysym un girmeýän günler hem bar» diýdim. Men sözümi gutaran badyma gökde kyýamat gopýan ýaly bir gümmürdi eşidildi.
– Kyýamat üçin emr berildimi? – diýip soradym.
– Ýok, seniň aýdan sözleriň asmanda eşidilende, Israfile bu ýere gelmek emr edildi.
Derrew Israfil ýanymyzda häzir boldy. Ol maňa ýüzlenip:
– Eý, Resulallah, Allah Tagala seniň aýdanlaryňy eşitdi. Ýeriň ähli hazynalarynyň açarlary bilen meni seniň ýanyňa iberdi. Isleseň, (hezreti Süleýman ýaly) Mälik bir pygamber bol, isleseň, mütewazyg (pespäl, kiçigöwünli), gul pygamber halynda gal – diýdi. Şol wagt Jibriliň ýüzüne seretdim. Ol maňa:
– Rabbiň öňünde mütewazyg bol – diýip, yşarat edýärdi. Men hem Jibriliň aýdanyny saýlap:
– Bir gün dok bolup şükür edýän, bir gün aç bolup ýalbarýan gul pygamber bolmak isleýärin – diýip, Israfile jogap berdim,» (Ahmet b. Hanbel). Kurany Kerimde hem Pygamberimiziň wepadar dosty barada söz açylýar:

«Sur çalyndy. Göklerde we ýerde bolanlar (gorkudan) çaşyp ýykyldylar. Diňe Allahyň islänleri galdy. Soňra sur ikinji gezek çalyndy. Birden olar turdular, biri-birlerine bakyşdylar», (Zümer, 68).

Başga bir aýatda Israfiliň dagwatçydygy (çakylykçy) aýdylýar:
«Diňle, şol gün münadi (Israfil) ýakyn bir ýerden çagyrar», (Kaf, 41).

Azrail
Ölüm müddeti ýetende, dirileriň janyny alýandygy üçin «Melekül mewt» – ölüm melegi diýip tanalýar:
«Aýt, size wekil bellenen ölüm melegi janyňyzy alar, soňra Rabbiňize dolanarsyňyz», (Sežde 11).

Ynsanyň bir melegiň ýoldaş bolmagy arkaly durmuşa ilkinji ädimini ädişi ýaly, ahyret älemine tarap hem ýene bir melegiň ýoldaş bolmagy arkaly ätlär. Hemralyk wezipesini hem Azrail (a.s.) ýerine ýetirýär. Bu meselede akylyňa iň köp gelýän sowallardan biri: Azrail ýekeligine garamazdan, nädip şonça adamyň janyny alyp ýetişýärkä? Bu sowaldaky iň esasy ýalňyşlyk melegi ynsana meňzetmekdir. Şeýle hem ruhy bedeniň kanunlaryna boýun egdirjek bolmak ýalňyşdyr. Melegi özi bilen deň hasaplan ynsan çäklendirilen iradesi bilen melegiň tasarrufyna düşünip bilmez. Melekler ruhany barlyk bolandygy üçin, zaman we mekan bilen çäklendirilen däldir. Olar şol bir wagtda müňlerçe ýerde görnüp biler. Bu birnäçe aýnaly otaga giren ynsanyň şol bir wagtda aýnalaryň hemmesinde görnüşi ýalydyr.

Hakykatda ynsanyň janyny alýan Allah Tagalanyň özüdir. Ýöne ölümiň ýakymsyz ýüzi göni Allah bilen baglanyşdyrylmazlygy, Oňa garşy erbet pikirler döremezligi üçin, Azrail bu işde perdedir.

Ölüm wagty gelende, hassalyk, musybat ýaly sebäpler arkaly ynsan bilen Azrailiň arasynda baglanyşyk döreýär. Meselem: müňlerçe esgeriň bir buýruk bilen hereket edişi, Günüň şol bir wagtda müňlerçe aýna we suw ýüzünde şöhlelenişi we edil elektrik düwmesi basylanda, müňlerçe yşyk lampalarynyň birbada sönüşi ýaly, sanalgysy dolan her bir ynsanyň jany Azrailiň degmegi bilen alynýar.

Kurany Kerimiň we hadyslaryň beýanyna görä, Azrail bu işe diňe wekilçilik edýär. Bu işi ýerine ýetirmekde onuň kömekçileri hem bardyr. Olar topar-topardyr. Olaryň bir bölegi ynjytman, gyssaman, usullyk bilen demi sogurýar. Bir bölegi alan ruhuny bulut kimin asmanda ýüzdürip, Allahyň huzuryna eltýär. Kurany Kerimde bu toparlar barada şeýle yşarat edilýär:

«Ol käfirleriň janyny ýerinden goparyp, çuňdan dartyp alanlara, mü’min-musulmanlaryň janyny usullyk bilen sogranlara, ýüzüp-ýüzüp gidenlere kasam bolsun», (Naziat, 1-3).

Muňa görä, jany alynjak her bir kişä aýratyn bir melek iberilýändir. Olaryň ählisi Azrailiň ýolbaşçylygyndadyr. Ol Allahyň emri bilen ruhuň ýagşy we erbetligine görä, dürli melekler iberip, jan aldyrar. Bu Allahyň her bir işi ýeňillik bilen, müşgilsiz amal edýändiginiň nyşany, gudratynyň alamatydyr.

Kiramen Kätibin
Ynsanyň sagynda we çepinde bolan iki melegiň adydyr. Sagdaky melek ýagşylyklary, çepdäki melek erbetlikleri ýazar. Bu melekler kyýamat güni hasap wagtynda edilen işlere şaýatlyk etjekdir. Kurany Kerimde bu melekler barada şeýle aýdylýar:
«Iki melek sagyňyzda we çepiňizde oturyp, ähli edenleriňizi ýazýarlar. Ynsan bir söz aýtsa, oňa gözegçilik edýän melek ýazmak üçin ýanynda häzir bolar» (Kaf, 17-18).

Hadyslaryň beýanyna görä, gul bir günä iş edende, çepdäki melek derhal ony ýazjak bolar. Sagdaky melek bolsa oňa: «Biraz garaş, belki gul toba eder, puşman eder ýa-da bir ýagşylyk edip, günäsini ýuwar» diýer.

Münker we Nekir
Ölümden soň gabyrda sowal sorajak iki melekdir. Münker we Nekir jaýlanan kişä hiç görülmedik şekilde görnüp, şu sowallary sorar: «Rabbiň kim?», «Pygamberiň kim?», «Diniň haýsy din?».
Merhumdan aljak žogaplaryna görä, oňa ýagşy ýa-da erbet dararlar.

Hamaleýi Arş
Arşy göterýän meleklerdir. Bular dört uly melekden soň, Allaha iň ýakyn meleklerdir. Kurany Kerimde olar barada şeýle aýdylýar:
«Arşy göterýän we töwereginde bolan melekler Rabbini hamd we tesbih ederler, Oňa iman ederler...», (Mü’min, 7).

Başga bir aýatda: «Melekler-de onuň gyrasyndadyr. Şol gün Rabbiň tagtyny sekiz melek göterer», (Hakka, 17).

Bu aýatlara salgylanan alymlar arşy göterýän melekleriň dörtdügini, kyýamat güni olaryň sanynyň sekize ýetjekdigini habar berýärler.

Mele-i agla we Muheýýemun melekleri
Aýat we hadyslaryň berýän maglumatlaryna görä, Mele-i agla biziň düşünmegimiz kyndyr.
Müheýýemun melekleri bolsa, özünden geçip, diňe Allah Tagalany zikr ederler. Ýer ýüzündäki aşk we şöwkleri «Wedud» adynyň bir tejellisi hökmünde bu melekler temsil eder.
Hak Tagalanyň arşynyň töwereginde emre taýyn, Onuň jemalyny görmek yşk we arzuwy bilen ýanyp tutaşan we belki, ýaradylaly bäri özlerini hem bilmeýän, ähli düşünjelerini Magrifeti ilahiýe bagyşlan bu mükerrem melekler hakynda hem hadyslarda aýdylanlardan başga maglumat ýokdur.

Hazin we Ryzwan
Allaha ýakyn meleklerden biri-de Hazindir. Hazin jennete gözegçilik edýän melegiň adydyr. Pygamberimiz bir hadysynda Hazin barada şeýle söz açýar:
«Jennetiň gapysyna bararyn we açylmagyny islärin. Hazin sorar:
– Sen kimsiň?
– Men Muhammetdirin – diýip, jogap bererin.
Hazin sözüni şeýle dowam eder:
– Men bu gapyny senden öň hiç kime açmazlyk emrini aldym», (Müslim, Ahmet b. Hanbel, Müsnet).
Haziniň köplük sanda aýdylyşy Hazenedir. Kurany Kerim jennetiň bu sakçylary barada şeýle söz açýar:
«Rabbiniň azabyndan gorananlar hem topar-topar jennete ugradylar. Gapylary has öň açylan jennete baranlarynda, onuň hazeneleri olara: «Salam size, siz ne ýagşysyňyz, ebedi galmak üçin bu ýere giriň» diýerler», (Zümer, 73).

Käbir hadyslarda jennet gözegçilerine ýolbaşçylyk edýän melege Hazin, käbir hadyslarda bolsa Ryzwan diýilýär. Ryzwan Allah Tagalanyň ynsanlara bagyş eden nygmatlarynyň iň aňrybaşydyr. Kurany Kerimde bu hakykata şeýle yşarat edilýär:
«Mü’min erkek we aýallara: içlerinden derýalar akýan ol ýerde ebedi galjaklary jennetler we Adn jennetlerinde gözel mesgenler wada edilendir. Allahyň razy bolmagy bolsa, hemmesinden ýokardadyr. Ine, iň uly üstünlik budur», (Toba, 72).

Jennete girjek ynsanlara ýüzlenilende, «ryza» manysyna aýratyn üns çekilýär. Mutmainne (karar tapan) mertebesine ýeten nebse: «Ol senden, sen hem Ondan razy bolup, Rabbiňe dolan», (Fejir, 27-28), diýilýär. Bu aýatdan görnüşi ýaly, jennet – tutuşlygyna ryza otagydyr. Allah Tagala ryzasy bilen ol ýere tejelli edýär. Ol ýere girjekler hem Rablerinden razy bolup girerler. Şonuň üçin jennete «Ryza» manysynda «Ryzwan» gözegçilik eder. Diýmek, jennete we jennetiň hazanelerine ýolbaşçylyk edýän Ryzwandyr. Jennetiler Ryzwan tarapyndan garşy alnar.

Mälik
Ynsan bilen gatnaşygy bolan mukarreb meleklerden biri hem Mälikdir. Mälik jähenneme gözegçilik edýän melekdir. Ýagny, jähennemiň sakçysy bolan melekleriň ýolbaşçysydyr. Kurany Kerim jähennemde wezipeli bolan bu melekleri şeýle tanadýar:

«Her bir topar onuň içine (dowzaha) atylanda sakçylary olardan: «Size bir oýaryjy gelmedimi?» diýip sorarlar. Olar: «Hawa, bize oýaryjy geldi, emma biz olara ýalançy diýip ynanmadyk. «Size Allah hiç bir zat inderen däldir. Siz diňe azaşansyňyz diýdik» diýip jogap gaýtaranlaryndan soň, «Eger biz olaryň diýenlerine gulak asan bolsak ýa-da oýlanyp, akyl ýetiren bolsak, şu gowrujy oda düşen jemendäniň arasynda bolmazdyk» diýip, öz günälerini boýun alarlar. Aslynda ol gowrup barýan oda düşen jemende jebir-süteme laýykdyr», (Mülk, 8-11).

Jennetdäki melekler ynsanyň göwnüni göterer emma, jähennem zebanileri (sakçylary) bolsa, hadysyň beýanyna görä, has erbet şekilde görnüp, ynsanyň ýüregine gorky salar.

Hafaza (goraýjy) melekleri
Bu melekler ynsany her dürli bela we musybatlardan goraýar. Bu ýagdaý aýatda şeýle düşündirilýär:
«Goraýjysy, gözegçisi (melegi) bolmadyk kişi ýokdur», (Taryk, 4). Başga bir aýatda: «Her bir ynsanyň öňünden we arkasyndan gözegçilik edýän melekler bardyr. Ony Allahyň emri bilen goraýarlar» (Ra’d, 11). Taberaniniň rowaýat eden bir hadysynda bolsa ynsana 360 melegiň gözegçilik edip, ony goraýandygy aýdylýar, (Suýuti, «Dürrül Mensur»).

Seýýar melekler
Bu melekler ynsanyň ybadat we zikr mejlislerine aýlanýar: «Nirede Allahy ýatlaýarlar. Nirede Allah barada söhbet edilýär. Köňüller Onuň yşky, muhapbeti bilen ýanyp, diller sena edinýär...». Olaryň käbiri gezek-gezegine mü’min gullaryň eden ybadatlaryny Allah Tagala habar edýärler. Hadysyň beýan etmegine görä: «Allah Tagala huzuryna gelen bu meleklerden sorar: «Nireden gelýärsiňiz?» Olar: «Gullaryň ýanyndan» diýip jogap bererler.
– Olar nähili ýagdaýdady?
– Baramyzda namaz okaýardylar. Yzymyza gaýdanymyzda-da namaz okaýardylar, (Buhary). Bu melekler ertir we ikindi namazynda nobatlaryny çalyşýarlar.

Bu melekler ynsanyň ybadatyna goşulyp, hemişe olar bilen hamd we tesbih edýärler. Olaryň şeýdip ybadata goşulmaklary ynsanyň käbir günäleriniň ýuwulmagyna sebäp bolar. Bir hadysy şerifde: «Ymam: Gaýril magzubi aleýhim welezzalliýn» diýende, siz «ämin» diýiň. Çünki, her kimiň «ämin» diýmegi melegiňki bilen deň gelse, Allah onuň eden günälerini magfiret eder, (Buhary, Müslim) diýilýär.

Başga bir hadysda: «Ymam: «Semi Allahu limen hamideh» diýende, siz hem «Rabbenä lekel hamd» diýiň, kimiň sözi melekleriňki bilen deň gelse, onuň günäleri bagyşlanar» diýilýär.
Bu melekleriň käbiri bolsa, Pygamberimize aýdylan salawatlary oňa ýetirýär. Hadysy şerifde Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Juma günleri maňa köp salawat aýdyň, çünki, şol gün melekleriň häzir bolýan günüdir...», (Ibni Maje).