"...Diniň esasy meselelerine gezek gelende, mezhepleriň arasynda hiç bir tapawut ýokdur..."

Ylmyhal>>Mezhepler

Mezhepler

«Mezhep» sözüniň manysy ýörelge, ugur, kabul edilen usul, pikir, garaýyş diýmekdir. Dinde aňladýan manysy – müjtehid (aýat we hadyslara esaslanyp höküm çykarýan beýik yslam alymy) alymyň pikirlerini we garaýyşlaryny ýörelge edinen köpçüligiň döreden dini akymydyr.

Diniň esasy meselelerine gezek gelende, mezhepleriň arasynda hiç bir tapawut ýokdur. Tapawut diňe diniň esasy özeni hasaplanylmaýan (feri) meselelerdedir.

Mezhepleriň döreýşi
Pygamberimiziň Asry Sagadatynda sahabalarynyň bir bölegi hemişe Allahyň Resulynyň ýanynda bolup, Kurany we hadyslary ýat tutýardylar,olaryň manysyna çuň düşünmäge çalyşýardylar. Pygamberimiziň Kuranyň hökümlerine nähili amal edýändigini gözleri bilen görüp, aýatlaryň nuzul (iniş) sebäplerine çenli bilýärdiler.

Pygamberimiz dünýeden ötenden soň, bu sahabalar dini ýaýratmak maksady bilen Mekgäniň we Medinäniň daşyndaky ýurtlara gidýärler. Olar giden ýerlerinde Hijazdakydan (Mekge-Medinedäkiden) üýtgeşik düzgünde, däp-dessurda ýaşaýan milletler bilen duşuşýarlar. Halk dini meseleleri olardan soraýar. Olar hem her bir mesele barada Kuranyň we Sünnetiň hökümlerini aýdýarlar. Kurandan we hadysdan höküm tapmadyk ýagdaýlarynda bolsa, ijtihad (Kurandan we hadysdan şerigatyň feri meselesine degişli höküm çykarmak) edip, ol meseläni çözýärler. Sahabalar baran ýerlerinde hem häkim, hem müfti, hem kazy, hem mugallym wezipelerini alyp barýarlar. Olaryň dürli ýerde, dürli däp-dessurda ýaşaýan adamlaryň arasyndalygy, şeýle hem bilim, ukyp, zehin taýdan tapawutly bolandyklary üçin soralýan meseleler baradaky ijtihadlary hem, elbetde, biri-birine meňzemeýärdi.

Olaryň yzyny dowam etdiren şägirtleri hem ijtihad etmekde halypasy bolan sahabanyň tärlerini ulanyp, döwrebap meseleleri çözüpdirler. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen fykhy mezhepler emele gelip başlaýar. Emma hiç bir müžtehid öz adyna mezhep döretmek niýeti bilen öňe çykmandyr. Kurandan we hadyslardan çykarýan hökümleriniň başgalar tarapyndan makul görlüp kabul edilmegi netijesinde şol müjtehidiň adyna öz-özünden bir mezhep döräpdir. Käbir mezhepler tarapdary köp bolmandygy sebäpli ýitip gidipdir. Häzirki günlerimize çenli gelip ýeten dört mezhep bolsa, halk köpçüligi tarapyndan ykrar edilip giňden ýaýraýar.

Mezhepleriň arasyndaky tapawutlaryň sebäbi
Mezhepleriň arasyndaky tapawudyň döremegine dürli ýagdaýlar sebäp bolupdyr. Olaryň birinjisi, Kurandaky höküm aýatlaryna (bulara nas diýilýär) her kim özüçe düşünipdir. Çünki naslaryň usuly fykyhda beýan edilişine görä: hafi, müjmel, sarih, kinaýe, mejaz, hakykat, mutlak,mukaýýet, has, a:mm ýaly birnäçe görnüşleri bardyr. Müjtehidler hem şol bir nasdan özleriçe dürli-dürli many çykarypdyr.

Munuň ýaly, hadyslaryň-da dürli görnüşleri bardyr. Mysal üçin: mütewatir, meşhur, haberi-wahyd, mürsel, muttasyl, munkaty...
Bu hadyslary delil hökmünde ulanmakda müjtehidler özara yhtylaf edipdirler. Netijede dürli garaýyşlar ýüze çykypdyr. Meselem: Hanefiler hadyslara gezek gelende juda seresapdyr. Bu mezhepde haberi-wahyd (eke sahabanyň rowaýat eden hadysy) delil hökmünde kabul edilmeýär. Şafygylar bolsa, kyýasyň deregine haberi-wahydy delil hökmünde kabul edipdirler. Hanefiler mürsel hadysy kabul edýär, şafygylar bolsa, ony delil hökmünde ulanmaýar.

Görşümiz ýaly, müjtehidleriň şol bir meselä dürli höküm bermegine delillerdäki yhtylaf hem-de kabul edilen delillere dürli garaýyş sebäp bolupdyr.
Fetwa berlen ýurduň däp-dessurlary hem müjtehidleriň ijtihadlaryna täsir edipdir.
Bu yhtylaflar ymmat üçin rahmet bolupdyr.

Haýsy-da bolsa bir meselede alaçsyz galan biri zerurlyk sebäpli başga mezhebe görä amal edip biler. Bu jaýyzdyr. Şeýle hem yslamda bir meseläniň ýeke-täk çözgüdi ýokdur. Yslam ýer ýüzüniň ähli halkyna gelen din bolany üçin hakykat toplumydyr.
Musulman hak mezheplerden birine tabyn bolýar, ybadat we amallaryny şol mezhebiň höküm we ijtihadlaryna görä dowam etdirýär. Emma munda hökmanylyk ýokdur. Islendik musulman islän wagty beýleki bir hak mezhebe geçip biler. Ýöne bir mezhepden beýleki mezhebe geçen kişiniň kabul eden mezhebiniň ybadat bilen baglanyşykly meselelerini kämil bilmegi zerurdyr. Emma, bir musulmanyň her mezhepden özüne ýeňilini saýlap, şoňa görä amal etmegi ýalňyşdyr. Muňa diňe zerurlyk ýüze çykanda rugsat berilýär.

«Kuran we hadys barka mezhepler nämä gerek?» diýip soraýanlar hem bar.
Her bir musulmanyň dini meseleleri we hökümleri gönüden-göni Kurandan ýa-da hadysdan öwrenmegi mümkin däldir. Muny diňe müjtehidlik mertebesine ýeten yslam alymy başaryp biler. Musulmanlar köpçüligine bolsa, şol beýik din alymynyň düşündirişini we garaýşyny kabul edip, onuň yzyna düşmek galýar. Meselem: dermanlar ösümliklerden, himikatlardan ýasalýar. Emma her kes derman ýasap bilmeýär. Derman ýasamak üçin hökman şol ugurdan bilimiň bolmagy zerurdyr. Dini meselede hem esasy çeşme Kuran we Sünnet bolsa-da, olardan höküm çykarmak işini islendik musulman başarmaz. Bu iş diňe müjtehid derejesine ýeten alymyň golundan geler.

Mezhepler öz arasynda iki topara bölünýär.
1. Fykhy (amaly) mezhepler
2. Ygtykady mezhepler

Fykhy-amaly mezhepler

«Fykyh» bir zady kämil derejede bilmek we düşünmek diýmekdir. Bu sözüň dinde aňladýan manysy – bir kişiniň özüne bähbitli we zyýanly bolan amaly hökümleri bilmegi diýmekdir. Başgaça aýdanymyzda, fykyh – kişiniň ybadatlara, muamelelere (adamlar arasyndaky gatnaşyklara) we jezalara degişli şeri (dini) hökümleri düýpli delilleri bilen bilmegidir.

Pygamberimiz «Allah kime haýyr myrat etse, ony dinde fakyh, ýagny, diniň hökümlerine doly düşünýän kişi kylar», (Buhary) buýrupdyr.

Dört çaryýarlar we tabiin döwründe fykyh sözüne «ylym» diýip düşünilýärdi. Şol döwürde kelam, iman, ahlak we tasawwuf ýaly ylymlar heniz özbaşdak däldi. Şonuň üçin Ymam Agzamyň «el-Fykhul Ekber» atly eseri ygtykady meseleleri öz içine alýardy. Emma wagtyň geçmegi bilen fykyh ylmy diňe ybadatlar, muameleler we jezalary öz içine alýan görnüşe eýe boldy.

Häzirki döwürde «fykyh» sözüniň deregine ulanylýan «Yslam hukugy» bolsa, ybadatlara däl-de, diňe muamelelere, jeza we mirasa degişli hökümleri öz içine alýar. Ybadatlar, muameleler we jezalar bilen baglanyşykly dini hökümlere şerigat diýilýär.
Fykyh ylmyny bilýän alyma «fakyh» diýilýär. Bu söz fykyh usuly ylmynda müjtehid manysynda ulanylýar. Müjtehid – aýat we hadyslara esaslanyp şeri höküm çykarmagy başarýan beýik yslam alymydyr. Müfti bolsa, fetwa berýän kişidir. Ol müjtehid ymamlaryň delil we hökümlerini beýan edýän alymdyr. Fetwa – fakyh alymyň bir mesele ýa-da bir muamele barada beren jogabydyr. Fetwa ijtihad bilen deňeşdireniňde has dar manylydyr. Her bir müjtehid şol bir wagtyň özünde müftidir, emma her müfti müjtehid bolup bilmez. Hezreti Aişe, Abdullah b. Omar, Abdullah b. Mesud ýaly sahabalar sahabalaryň müjtehid fakyhlaryndandy. Tabiiniň meşhur fakyhlary bolsa Medinede Nafi, Kufede Alkame b. Kaýs, Ibrahim en-Nehaýy, Hammad b. Ebi Suleýman, Basrada Hasanul Basrydyr.

Abbasylaryň ilkinji iki ýüz ýyllyk döwri fykhyň tedwin edilen (toplanan, tertipleşdirilen), ösen, beýik ymamlaryň we müjtehidleriň ýetişen döwrüdir. Şol döwürde Mekgede Sufýan b. Uýeýne, Medinede Malik b. Enes, Basrada Hasanül Basry, Kufede Ymamy Agzam Ebu Hanife we Sufýan es-Sewri, Şamda el-Ewzaýy, Müsürde Şafygy we Leýs b. Sad, Nyşapurda Ishak b. Rahuýe, Bagdatda Ahmet b. Hanbel, Dawudy Zahyry we Ibni Jerir et-Taberi (r.anhum) ýetişen uly fakyhlardyr. Olaryň her biriniň özüne mahsus düzgünleri we usullary bolupdyr. Bularyň bir bölegi wagtyň geçmegi bilen öz güýjüni ýitiripdir. Emma Ymam Ebu Hanife, Ymam Şafygy, Ymam Mälik, Ymam Ahmet b. Hanbeliň adyny göterýän mezhepler häzirki günlerimizde-de dowam edýär. Beýleki tarapdan käbir şyga akymlary, haryjy mezhepler hem saklanyp galypdyr.

Mezhep ymamlary

Ymamy Agzam Ebu Hanife
Ymamy Agzam –iň beýik ymam diýmekdir. Onuň çyn ady Numan b. Sabit, künýesi bolsa Ebu Hanifedir. Ol hijriniň 80-nji ýylynda Kufede dünýä inýär. Kakasy Sabit hz. Alynyň hyzmatynda bolup, nesli üçin onuň ýagşy dileglerini alypdyr. Sabit aradan çykansoň, Ymamy Agzamyň ejesi Ymam Jaferi Sadyga durmuşa çykýar. Ymamy Agzam onuň terbiýesini alyp ulalýar. Ymamy Agzam hijriniň 150-nji ýylynda Bagdatda aradan çykýar. Oňa Seljukly Soltany Mälikşanyň weziri Şerefül Mülk tarapyndan kümmet salynýar. Osmanlylar bolsa ony täzeden bejerip bezeýärler.

Ymamy Agzam gözi, köňli dok, amanada uly ähmiýet berýän, hoşniýetli, örän takwa adam bolupdyr. Köp kişi ony söwdada hezreti Ebu Bekire meňzedýär. Çünki Ebu Hanife hezreti Ebu Bekir ýaly, alyjynyň aldanmazlygy üçin, malyň erbedini öňde, gowusyny yzda goýýar eken. Ol satanda-da, alanda-da söwdasyna hile goşmandyr. Müşderisi dosty ýa-da garyp bolsa harydynyň peýdasyndan geçer eken. Söwdasyna sähelçe-de haram gatyşdyrmandyr. Ol esasan ata-baba ýörelgesi bolan dokma harytlarynyň söwdasyny edipdir.

Ol bir gün söwda şärigi – Hafs b. Abdurrahmany bazara iberýär. Satýan köýneklik matalarynyň bir topunda kem ýeriniň bardygyny görkezýär. Satan wagty muny alyja görkezmegini tabşyrýar. Hafs onuň tabşyrygyny unudyp, matany kime satanyny-da bilmeýär. Ebu Hanife bu ýagdaýy eşidende, şol günki gazanan girdejisiniň ählisini garyp-gasara sadaka berýär.

Ymamy Agzamyň kyrk ýyllap ýassynyň täreti bilen ertir namazyny okandygy, iki rekagat namazynda Kurany Kerimi hatm edendigi gürrüň berilýär. Ol 55 gezek haj zyýaratyny berjaý edipdir.

Ymamy Agzam Hanefi mezhebini esaslandyryjydyr. Hanefi mezhebi ilki Yrakda döpäp, soňra gündogara-günbatara ýaýraýar. Munuň esasy sebäbi Abbasylar döwründe kazylaryň köpüsiniň Hanefi mezhebinden bolmagydyr. Türki halkaryň hem aglabasy Hanefi mezhebindendir. Seljuklar, Horezmşalar, Osmanlylar döwründe döwletiň resmi mezhebi hem Hanefi mezhebi bolupdyr. Häzirki günlerde iň giň ýaýran mezhep Hanefi mezhebidir.

Ymam Agzam ýaşlygynda söwda bilen meşgullanýar. Şol ýyllar beýik fakyhlardan biri Şabiniň höweslendirmegi bilen ol ylym öwrenmäge başlaýar. Ilki Towhyd ylmyny okaýar. Ol öz döwrüniň belli alymlarynyň köpüsinden hadys we fykyh ylmyny alýar. Ussady Hammad b. Süleýmandan 18 ýyl ýörite sapak öwrenip, fykyhda ussatlyk derejesine ýetýär. Ol halypasy Hammad arkaly Ibrahim en-Nehaýynyň, Alkame b. Kaýsyň we Eswed b. Ýýezidiň ylmyny öwrenýär. Olaryň üsti bilen Ymamy Agzamyň ylmy Abdullah b. Mesud, hezreti Aly we hezreti Omar ýaly müjtehid sahabalara daýanýar. Ymamy Şafygy Ymamy Agzam barada: «Biz fykyhda Ebu Hanifäniň çagalarydyrys» diýipdir.

Ymamy Agzam dürs hereketi, güler ýüzlüligi, süýji söhbeti, ýardamsöýerligi, şeýle hem ýalany, hiläni we rekabeti (basdaşlygy) ýigrenýänligi bilen tanalypdyr. Az gürleýän bu beýik alym fykyhdan bir zat soralsa, sil ýaly joşar eken. Ýiti zehinli, ýatkeş, logiki pikirlenişi ösen Ymamy Agzamyň söwda bilen ylmy birlikde alyp gitmegi onuň dini meselelere, durmuşy problemalara anyk praktiki çözgütler getirmegine ýardam edýär. Ymamy Mälik onuň mantyk güýjüni şeýle taryplaýar: «Ebu Hanifäniň mantygy şeýle güýçlüdi welin, eger-de ol şu sütün altyndandyr diýse, şony subut edip bilerdi».

Halypasy Hammad dünýeden ötenden soň, Ebu Hanife 40 ýaşlarynda onuň kürsüsine çykyp ders bermäge başlaýar. Ol ilki bilen «el-Fykhul Ekber» we «el-Alim wel-Muteallim» atly eserlerini ýazýar. Onuň bu eserleri şol döwürde yslam dinine ornaşyp biljek batyl pikirleriň öňüni almakda uly rol oýnaýar. Iman esaslarynyň sars•maz berkligine ägirt goşant goşýar. Onuň derslerini Ymam Muhammet ýazga geçirýär. Soň bu ýazgylar «Zahyrur-Riwaýe» ady bilen neşir edilýär. Bu kitap Hanefi mezhebiniň ilkinji esasy çeşmeleriniň biri bolýar. Kitapda Ebu Hanifäniň, Ymam Muhammediň we Ymam Ebu Ýusufyň pikirleri jemlenendir. Bu jemi alty kitapdan ybaratdyr. Olar: «el-Asl» (ýa-da el-Mebsut), «el-Jamius-Sagiýr», «el-Jamiul-Kebiýr», «es-Siýerus-Sagiýr», «es-Siýerul-Kebiýr» we «ez-Zyýadatdyr».

«Zahyrur-Riwaýe» kitaplary Ebul Fazl Muhammet el-Merwezi tarapyndan gysgaldylyp, «el-Kafi»
ady bilen neşir edilýär. Bu eser has soň Şemsul-Eimme (Ymamlaryň Güneşi) Serahsy tarapyndan şerh edilýär. «El-Mebsut» atly bu eser otuz tomdan ybaratdyr.
Ymamy Agzam birgiden şägirt ýetişdiripdir. Olaryň içinde müjtehid derejesine ýetenleri hem bardyr. Iň meşhurlary bolsa, Ymam Ebu Ýusuf, Ymam Muhammet, Ymam Züfer, Ymam Hasan b. Zyýatdyr. Ymam Ebu Ýusuf bilen Ymam Muhammet «Ymameýn» ady bilen meşhurdyr. Ymamy Agzamdan beýleki üç ymama bolsa, «Ymamy Selase» diýilýär.

Ymam Ebu Ýusuf
Ymam Agzamyň iň uly, iň meşhur şägirtlerinden biri Ymam Ebu Ýusufdyr. Onuň çyn ady Ýakup, kakasynyň ady Ibrahim el-Kufidir. Şejeresi ensardan Sad b. Ubadä direýär. Ol hijriniň 113-nji ýylynda Kufede dünýä inýär. Hijri ýylynyň 183-nji ýylynda Bagdatda dünýäden ötýär. Ol ýiti zehinli, ýatkeş, hem takwa bir ynsan bolupdyr. Hanefi mezhebiniň mezhebe öwrülmeginde iň uly rol Ymam Ebu Ýusufa degişlidir. Ol 17 ýyl çemesi Abbasy döwletiniň Baş Kazylyk wezipesini ýöredýär. Onuň iň meşhur eseri «Kitabul Harajdyr». Bu kitapda esasan mal, bergi, salgyt düzgünleri beýan edilipdir.

Ymam Muhammet
Kakasynyň ady Hasan Şeýbanydyr. Hijri ýylynyň 132-nji ýylynda Wasyt şäherinde dünýä inip, Kufede ösüp ulalýar. Ol ilkinji sapagy Ymamy Agzamdan alýar. Soň Ebu Ýusufyň elinde okaýar. Ymam Muhammet Hanefileriň iň esasy çeşmesi bolan «Zahyrur-Riwaýe» kitaplaryny ýazga geçirýär. Onuň dini ylymlara degişli togsana ýakyn kitap ýazandygy barada maglumatlar bar. Ol Reý şäherinde Hakyň rahmetine gowuşýar.

Ymam Züfer
Kakasy Basra häkimlerinden biri Huzeýldir. Ymam Züfer hijriniň 110-njy ýylynda Ysfahanda dünýä inýär. 158-nji ýylda Basrada dünýeden ötýär. Ol fykyh bilen birlikde, hadys alymy hem bolupdyr. Kyýasy başarjaňlyk bilen ulanypdyr. Ol ilki Ebu Hanifäniň, soňra Ebu Ýusufyň we Ymam Muhammediň elinde şägirt bolýar. Hanefi mezhebinde yhtylafly meselelerde ilki Ymamy Agzamyň, soň Ymam Ebu Ýusufyň, soň Ymam Muhammediň ondan soň bolsa Ymam Züferiň ijtihad we görüşleri bilen amal edilýär. Bu umumy bir kada bolsa-da, käbir halatlarda şeýle yzygiderlilik göz öňünde tutulmaýar.

Ymam Mälik
Hijriniň 93-nji ýylynda Medinede dünýä inýär, 179-njy ýylynda bolsa, şol ýerde dünýeden ötüpdir. Onuň atasynyň adyna Enes diýer ekenler. Ymam Mälik ähli musulmanlaryň buýsanjy bolan dört beýik mujtehid, dört mezhep ymamynyň ikinjisi bolup, Mäliki mezhebini esaslandyryjydyr. Ol Medinede önüp-öseni üçin «Hijret ýurdunyň ymamy» ady bilen hem meşhurdyr.

Ymam Mälik ýokary derejede takwa ynsan bolupdyr. Ol Resulullaha bolan söýgüsinden we hormatyndan ýaňa, tä ölünçä, Medinede hiç ulaga münmändir. «Ahyretde pygamber neslinden gelen bir adam bilen dawagär bolmak islemeýärin» diýip, özüne nähak ýere azar beren Pygamber neslinden bolan Medinäniň häkimi Jafer b. Süleýmandaky hakyny oňa halal edip, razylaşypdyr.
Ol ylym merkezi Medineýi Münewwerede Abdullah b. Omaryň elinde terbiýelenen Ymam Zühriden, Ymam Nafi we beýleki tabiiniň beýik alymlaryndan hadys öwrenýär. Abdurrahman b. Hürmüzden uzak ýyllar sapak alýar. Fykyhda onuň ussady Rebiga b. Abdurrahmandyr. Ymamy Mälik hadysda, tefsirde we fykyhda döwrüniň iň uly alymy diýen mertebä ýetipdir. Onuň iň meşhur eseri «el-Muwattadyr». Hadys hem-de fykyh kitaby bolan bu eser «Kütübi Sitte» ýaly sahyh kabul edilýär. Ymamy Mälik öz döwründe Ymamy Agzam we Ymam Ebu Ýusuf bilen hem duşuşyp, söhbet edipdir.

Onuň meşhur şägirtleri şulardyr:
Abdurrahman b. Kasym – 20 ýyl fykyh sapagyny alýar;
Leýs b. Sad – Mäliki mezhebiniň meşhur «el-Müdewwene» atly eserini ýazga geçirip, neşir edipdir;
Ýahýa b. Ýahýa – Mäliki mezhebini Endülüsde (Ispaniýa) ýaýradan fykyhçydyr.
Mäliki mezhebi ilki hijaz halkynyň arasynda, soň Demirgazyk Afrikada we Endülüsde ýaýraýar. Häzirki döwürde bu mezhep Sudan, Fas, Tunus, Jezaýyr (Alžir) ýaly Afrika ýurtlarynda we Ýýemende meşhurdyr.

Ymam Şafygy
Ymam Şafygy hijriniň 150-nji ýylynda Palestinanyň Gazze şäherinde dünýä inýär, 204-nji ýylda bolsa, Müsürde Hakyň rahmetine gowuşýar. Onuň çyn ady Muhammetdir. Kakasy Idris el-Kureýşi el-Haşimidir. Şejeresi Pygamberimiziň dördünji arka atasy Abdimenafa barýar. Ymam Şafygynyň garry atasy Şafygy ýaş wagty Pygamberimiz bilen görüşmek şerepine ýetipdir. Onuň kakasy Sabit bolsa, Bedir söweşinde yslama giripdir.

Ymam Şafygy heniz sallançakdaka kakasy aradan çykýar. Ol garyp maşgalada ulalýar. Iki ýaşyndaka Mekgä äkidilýär. Kiçi ýaşlarynda Kurany ýat tutýar. Mekgäniň, Medinäniň we Yragyň meşhur alymlaryndan sapak alýar. 20 ýaşyna ýetende, oňa fetwa bermek barada ijazat berilýär. Ymam Şafygy Ymamy Agzamyň şägirtlerinden Ymam Muhammetden hem sapak alýar. Ahmet b. Hanbel bilen hem görüşýär, Ymam Mäligiň bolsa «el-Muwatta» diýen eserini okaýar. Ol bu eseri okan badyna ýat tutýar. Sufýan b. Uýeýneden hadys rowaýat edýär. Ol tefsirde, fykyhda we hadysda iň ýokary mertebelere ýetýär. Şeýle hem, edebiýatda, lugatda we medisinada onuň ýokary derejede ylmy bolupdyr. Ymam Şafygy yslamy ýaşamakda örän takwa bolup, durmuşda müminlere nusga bolan şahsyýetdir.

Ymam Şafygynyň hadysda «es-Sünen» we «el-Müsned» atly iki eseri bar. Fykyhda-da «er-Risale» we «el-Umm» atly iki eseri döredipdir. Bu eserleri fykyh usuly barada ýazylan ilkinji eserlerdir.

Onuň meşhur şägirtleri şulardyr:
Ýusuf b. Ýahýa el-Büweýti, Hasan b. Muhammet ez-Zaferany, Ibrahim b. Ýahýa el-Müzeni.
Ymam Şafygy ömrüniň köpüsini Müsürde geçirýär. Mezhebi bolsa ilki Müsürde soň, Siriýa, Ýýemen, Yrak, Horasan taraplarynda ýaýraýar. Häzirki döwrümizde bu mezhep Yrakda, Siriýada we Türkiýäniň günorta-gündogarynda meşhurdyr.

Ahmet b. Hanbel eş-Şeýbany
Hijriniň 164-nji ýylynda Bagdatda dünýä inýär, 241-nji ýylda şol ýerde dünýäden ötýär. Kakasy merwli bolup, olar soň Bagdada göçüp gelipdirler. Ahmet b. Hanbeliň Merwde dünýä inendigi hakynda hem rowaýatlar bar. Onuň babasy Serahsda uzak ýyllap häkimlik edipdir. Şejeresi Nizarda Pygamberimiziň nesline barýar. Hanbel onuň kakasynyň däl-de, atasynyň adydyr. Onuň kakasy Muhammet yslam goşunynda serkerdelik edipdir.

Ymam Ahmet b. Hanbeliň hadys we fykyhda ilkinji ussady Ymam Ebu Ýusufdyr. Ol hadys ylmynda bir uly derýa mysaly bolupdyr. Onuň bir million hadysy şerifi ýatdan bilendigi aýdylýar. Ymam Hanbeliň «Müsned» atly hadys kitabynda kyrk müň hadys bardyr. Ol hadys ylmyny öwrenmek üçin Kufe, Basra, Mekge, Medine, Şam, Ýýemen şäherlerini aýlanypdyr. Ol Ymam Şafygydan uzak wagtlap sapak alýar.

Buhary, Müslim we şolar bilen döwürdeş bolan hadys alymlary ondan hadys rowaýat edýärler. Onuň iň uly ogly Salyh kakasynyň fykyh we hadys ylmyny bir ýere jemleýär. Ymam Hanbeliň käbir şägirtleri şulardyr:
Ebu Bekir el-Ersen, Ahmet b. Muhammet b. el-Hajjaj, Ibrahim b. Ishak b. el-Harbi.
Ahmet b. Hanbeliň mezhebi ilki Yrakda we Şamda ýaýraýar. Häzirki döwrümizde bolsa iň köp ýaýran ýeri Nejit ýurdudyr. Dünýäniň köp ýurtlarynda bu mezhepdäki musulmanlara duş gelinýär.

Ygtykady mezhepler

Ygtykad – ynanç diýmekdir. Bir zada ynanmaklyga, bir kişini ýa-da bir habary tassyk edip oňa baglanmaklyga «akyda» diýilýär. Munuň köplügi «akaýyddyr». «Ygtykat» we «iman» sözi manydaşdyr. «Iman» sözüniň istilah manysy Allah Tagalanyň dinini kalp bilen kabul etmek diýmekdir. Ýagny, Resulullahyň (s.a.w.) bildiren zatlaryny anyk şekilde kalp bilen tassyk etmekdir. Durmuşda musulmandygyňy belli etmek üçin imanyňy äşgär etmelidir.

Akaýyd imanyň esasy bolan yslamyň kada we hökümleriniň, ybadata we amala degişlisinden başga, ählisini öz içine alýar. Yslamyň ynanç sistemasy «ämentü» jümlesinde jemlenendir. Bu bolsa Allahyň barlygyna, birligine, meleklere, kitaplara, pygamberlere, ahyret gününe, ölümden soň dirilmegiň hakdygyna, kaza-kadere (takdyra), haýryň we şeriň Allahdan gelýändigine iman etmekden ybaratdyr.

Yslamyň ilkinji döwürleri bolan Asry-sagadatda, Resulullah dirikä beýleki yslamy ylymlar ýaly akaýyd ylmy hem ýazylyp, bir ýere jemlenmändir. Heniz wahý gelmesi kesilmändigi üçin ynançda, ybadatda we beşeri gatnaşyklarda müşgili bolan kişiler Allahyň Resulyna ýüz tutup, müşgillerini çözüpdirler. Ashaby Kiram her bir meselede bolşy ýaly, akyda bilen baglanyşykly meselelerde-de Kurany Kerime we Resulullaha çyn ýürekden doly ynanypdyrlar. Olar Resulullahyň getiren ynanç esaslaryny jedelsiz kabul edipdirler. Pygamberimiziň magraç mugjyzasyna Mekgäniň müşrikleri ynanmazçylyk edenlerinde, olara hezreti Ebu Bekiriň: «Eger magraja çykandygyny Muhammediň özi aýdýan bolsa dogrudyr. Men muňa-da, Allah Tagaladan getiren her bir zadyna-da ynanýaryn» diýip, kesgitli jogap bereni hemmelere mälimdir. Allahyň Resuly ýazgyt barada jedelleşýän sahabalary görende, olary bu pişeden el çekdiripdir. Çünki ynanç bilen baglanyşykly käbir meselelere akyl ýetirmek mümkin däldir. Oňa diňe aýdylyşy ýaly ynanmak gerekdir.

Hezreti Pygamberiň ahyrete irtihalyndan (bakyýete göçmeginden) soň hem sahabalar özlerindäki päk we dury yslamy ynançlary gorap saklapdyrlar. Munuň bilen birlikde ilat sanynyň köpelmegi, dürli medeniýetdäki adamlaryň yslama girmegi bilen täze müşgil meseleler ýüze çykyp başlaýar. Halyflaryň saýlanyş usuly, hezreti Aly döwründäki Hakem wakasy, uly günä edeniň dinden çykyp-çykmaýandygy ýaly meseleler bu müşgillerdendir.

Sahabalary we tabiinleri öz içine alýan ilkinji nesiller akyda bilen baglanyşykly aýat we hadyslara ýorgut getirmezden ynanýardylar. Bulara «Selefiýe», «Selefi Salyhyn» ady berlipdir. Meselem olar: «Rahman arşyň üstünde karar tapdy» (Taha, 5; Araf, 54; Tewbe, 129; Ýunus, 3) aýatyny Allahyň tagty bardyr, emma biz munuň nähilidigine doly akyl ýetirip bilmeris diýen görnüşde; «Allahyň eli olaryň elleriniň üstündedir» (Fetih, 10; Äli Imran, 73; Maide, 64; Hadid, 29) aýatyny bolsa, «Allahyň eli bardyr, emma biz onuň nähilidigine akyl ýetirip bilmeris» diýen görnüşde düşündiripdirler. Olardan soň ýetişen kelam alymlary bolsa şeýle aýatlarda mejazy manynyň göz öňünde tutulandygyny, «Allahyň tagty bardyr» diýilmeginiň Onuň äleme häkim bolmak mutlak gudratyň eýesidigi manysyny göterýändigini; «Allahyň eli» diýmek bilen hem Onuň güýç we gudratynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdyrlar. Olar bu meselede «Allahyň deňi-taýynyň, meňzeşiniň ýokdugyny» habar berýän aýatlara daýanypdyrlar.

Akyda bilen baglanyşykly aýat we hadyslara düşündiriş berýän mezhepler iki görnüşe bölünýär:
1. Ähli Sünnet we jemagat mezhebi
2. Ähli Bida mezhebi

Ähli Sünnet mezhebi
Ähli Sünnet – hezreti Pygamberiň ýolundan gidenler, şol ýoldan hiç azaşmadyklar diýmekdir. Bulara Fyrkaýy Najiýe – salamata gowşanlar ady hem berilýär. Ähli Sünnetiň daýanýan esasy çeşmesi Kitap we Sünnetdir. Ähli Sünnetde Maturudiýýe we Eşariýýe diýen iki akym bardyr.

Maturidi mezhebi
Bu mezhebiň esaslandyryjysy Ebu Mansur Muhammet Samarkandyň Maturid obasynda hijriniň 280-nji ýylynda dünýä inýär. Ol hijri 333, Milady 944-nji ýylda Samarkantda dünýäden ötýär.
Şol döwürlerde dürli medeniýetdäki halklaryň yslama girmegi, hindi we grek filosoflarynyň eserleriniň arap diline terjime edilmegi ynanç we akyda bilen baglanyşykly birgiden jedelli meseleleri döredýär. Musulman alymlarynyň mantyk kadalaryndan peýdalanyp, bu müşgillere Kuran we hadyslar esasynda jogap berilmegi gerekdi. Ebu Mansur Muhammet Maturidi şol döwrüň beýik mütekellimidir (teologydyr). Ol yslam akaýydyny Kitap we Sünnete laýyklykda düşündirip, Ähli Sünneti bidatçylaryň täsirinden gorap saklapdyr. Ol Mawerannehrde Hanefileriň ygtykady ymamy bolupdyr.
Maturidi akaýydynyň esasyny Ebu Hanifäniň düşünjeleri şeýle hem, onuň «el-Fykhul Ekber» atly eseri düzýär. Ymam Maturididen soň Hanefilere Maturidiler hem diýlip başlanypdyr. Ähli Hanefiler, umuman türki halklar ygtykatda Maturidi mezhebindendirler. Ymam Maturidiniň iň esasy eserleri şulardyr:

1. Kitaby Towhyd
Maturidi bu eserinde bidat görüşleri belläp, olaryň täsirinden yslam ynanjyny gorapdyr. Esasan hem ol mugtezile akymynyň görüşlerini puja çykarypdyr. Şeýle hem karmatilere we rafizilere (Hz.Ebu Bekiriň we hz.Omaryň halyflygyny kabul etmedikler) garşy göreşipdir. Bu eser Müsürli alym Fethullah Huleýf tarapyndan Beýrutda neşir edilipdir.

2. Tilawetül Kuran
Ymam Maturidiniň akly we nakli (Kitap we Sünnet) delillere daýanyp, Ähli Sünnet ygtykadyny esaslandyran Kuran tefsiridir. Bu kitapda zerurlygyna görä, beýleki mezhep we fyrkalaryň görüşlerine hem ýer berlipdir.

Eşari mezhebi
Ähli Sünnetiň ygtykatdaky beýleki bir ymamy Ebul Hasan el-Eşari hijri ýyly boýunça 260, miladyda 873-nji ýylda Basrada dünýä inýär. Ol hijri 330, milady 941-nji ýylda Bagdatda dünýeden ötýär. Onuň çyn ady Aly, kakasynyň ady bolsa Ismaildir. Garry atasy Ashaby Kiramdan Ebu Musa el-Eşaridir.
Ymamy Eşari ilki mugtezile mezhebine baglanýar. 40 ýaşyna çenli bu mezhebiň görüşlerine ynanýar. Soňra ýalňyş ýoldadygyna düşünýär. Halypasy Ebu Aly ej-Jupbaýydan arasyny açýar. Mundan beýläk Ähli Sünnet mezhebiniň görüşlerini ýaýradyp başlaýar. Aralarynda sähel tapawuda duş gelinse-de, esasan Ymamy Maturidi bilen pikirdeş bolýar. Mysal üçin: Maturudi kalpdaky imanyň bir bütewidigini, mizemezdigini aýdýar. Eşari bolsa imanyň artyp-egsilip biljekdigini öňe sürýär.

Mäliki we Şafygylar ygtykatda Eşari mezhebindendirler. Ymam Eşari bolsa amalda Şafygy mezhebine baglydyr. Ymam Eşariniň esasy eserleri şulardyr:

1. «Makalatul Yslamiýýin». Bu eser mezhepler baradadyr.
2. «El-Ibane an-Usulid-Diýäne». Bu eserde Allahy görmek, kelamullah, istiwa, Allahyň sypatlary, ajal, ryzk, hidaýet we zalalet (azaşmak) ýaly meseleler gozgalýar.
3. «Er-Risale fi Istihsanil-Hawz». Eşari bu eserinde özüne bidatçy diýenlere aýat we hadyslar bilen jogap berip, dinde akyl ýöretmegiň mübahdygyny öňe sürýär.
4. «El-Luma». Eşariniň kelam bilen baglanyşykly görüşlerini ýazan möhüm eseridir.

Ähli Bida mezhepler
Ähli Bida hezreti Pygamberiň getiren hökümlerini we Kuranyň emrlerini öz arzuwlaryna görä şerh eden Sünnet ýolundan az-u-köp daşlaşanlardyr.
Bidat hezreti Pygamberiň we sahabalaryň döwründe bolman, soň ýüze çykan we diniň esaslaryna ters gelýän her dürli söz, düşünje we amaldyr.
Ähli Bidanyň dörejekdigini Pygamberimiz öňünden aňyp, erbet ýazgarypdyr. «Sözleriň iň haýyrlysy Allahyň Kitabydyr, ýollaryň iň haýyrlysy bolsa Muhammediň ýoludyr. Amallaryň iň erbedi soňundan döredilenlerdir. Soňundan düzülen her bir zat zalalatdyr – azaşmakdyr» (Buhari, Müslim).

Ynanç bilen baglanyşykly bidatlar ygtykady bidatlardyr. Bular ygtykady meselelerde Pygamberimizden gaýdýan sagdyn esaslara ters gelýän ynançlardyr. Mugtezile, jebriýe ýaly käbir fyrkalaryň ynançlary bulara degişlidir.
Ybadat we amal bilen baglanyşykly bidatlara amaly bidat diýilýär. Şygalaryň käbiriniň taharet kylanlarynda aýaklaryny ýuwmagyň ýerine mesh etmekleri muňa mysaldyr. Sünnet bolan mesh bolsa, mesiniň üstünden mesh etmekdir.
Dini ygtykat we amaly esaslar bilen gönüden-göni baglanyşygy bolmadyk ýa-da bu esaslara ters gelmeýän täzelikler, soň döreýän däpler bidat saýylmaýar. Ymamy Rabbany ýaly alymlar bidaty iki topara bölüpdir.

1. Bidaty Hasane – asly dinde bolup, emma şekillendirilmedik ýagşy we gözel däp diýmekdir. Bir amal sünneti sahyhada ýok bolsa, derrew inkär edilmeli däl, onuň sünnetde daýanýan deliline seredilmelidir. Mysal üçin, Kuran: «Eý, iman edenler, Allahy köp zikr ediň» diýýär. Bu aýatdaky «köp» sözüne nähili düşünmeli? Käbir alymlar gaýtalanmagy sünnet we sogap bolan «Subhanallahi we bihamdihi», «Subhanallahil-Azym» sözlerine daýanyp günde müň gezek «Lä ilähe illallah» aýdylmagynyň gowudygyny belläpdirler. Namazyň soňunda tesbihden peýdalanmak hem şonuň ýalydyr.

2. Bidaty Seýýi-e – erbet we yslama ters gelýän bidat – däp diýmekdir. Mysal üçin öwlüýäde mazarlaryň başynda şem ýakyp goýmak, mazarda ýatanlardan medet soramak we ş.m. Häzirki döwürde öliniň belli günlerini bellemegi bidat hasaplaýanlar hem bar. Eger: «Öliniň belli günlerini hökman etmelidir» görnüşinde dini bir zerurlyk, ýa-da, ybadat manysy berlip edilse, bu amal bidatdyr. Ýöne hökman edilmeli wajyp ýa-da mendup hasaplaman, däp ýa-da, sadaka görnüşinde edilse, hiç hili zeleli ýokdur. Muny bidat saýmak hem dogry däldir.

Ygtykady mezhep hökmünde Ähli bidanyň hem öz arasynda birnäçe akymlary bardyr. Bularyň esasylary şulardyr:

Mugtezile
Mugtezile – aýrylanlar, daş düşenler, gyra çekilenler diýen manyny berýär. Hasan Basrynyň sapagyny terk eden Wasyl b. Ata bilen onuň yzyna eýerenleriň döreden akymydyr. Olar uly günä eden kişiniň küfür bilen imanyň aralygynda bolup, ne käfir ne-de mümindigini aýdýarlar. Olar akyla uly orun berýärler. Şol sebäpli hem mantyk kadalaryna sygmaýan aýat we hadyslara özleriçe başga manylar berýärler. Häzirki döwürde bu akym ýitip giden hem bolsa, olaryň käbir garaýyşlaryna şygalykda duş gelinýär.

Jebriýe
Jebriýe – Jähm b. Safwan tarapyndan esaslandyrylan akymdyr. Bu akym mugteziläniň gapma-garşylygydyr. Olar ynsanda erk-iradäniň bardygyny inkär edip, ynsany şemalyň öňündäki ýapraga meňzedýärler, eden işlerini hem mejbury edýändigini öňe sürýärler. Häzirki günümizde hem irade, kader, ýazgyt meselelerine doly düşünmeýän käbir kişiler bilip ýa-da bilmän bu akymyň garaýyşyny kabul edýärler. Ýýewropada bu akyma fatalizm diýilýär. Bular jennetiň we jähennemiň dünýä ýaly geçegçidigine, ahyretde Allahyň görünmejekdigine ynanýarlar.

Harijilik
Bu akym hezreti Aly bilen Muawiýäniň arasynda bolup geçen Syffyn söweşi tamamlanyp, iki tarapyň saýlan eminleriniň halyflyk meselesini çözmeginden soň döreýär. Bu waka taryhda «Hakem hadysasy» diýilýär. Hezreti Alynyň goşunyndaky käbir kişiler oňa garşy gidip gozgalaň turuzýarlar. Şol sebäpli olara garşy giden manysynda harijiýe diýlipdir. Harijiler has-da öte geçip, Hakem hadysasy sebäpli uly günä iş edilendigini, uly günä iş edeniň bolsa, dinden çykandygyny öňe sürüp hezreti Alynyň garşysyna göreşip başlaýarlar we ony şehit edýärler.
Harijilere görä, halyf saýlamak hökman däldir. Olaryň düşünjesine görä, döwlet ýolbaşçysyz hem dolandyrylyp bilner. Olaryň garaýyşlary yslamda agzalalygyň ilkinji başlangyjydyr. Şeýle hem harijilere görä, amal imanyň bir bölegidir. Amaly terk eden ýa-da uly günä eden kişi mümin däl-de käfirdir. Şol sebäpli hezreti Osman, hezreti Aly, hezreti Muawiýe bilen birlikde Jemel we Syffyn söweşine gatnaşanlary käfir saýýarlar. Bu akym häzirki günümize çenli dürli atlar bilen dowam edip gelýär.

Mürji-e
Bu akym harijilik we mugteziläniň uly günä meselesindäki garaýyşlaryna garşy döredilen bir akymdyr. Olar uly günä iş edenleriň höküminiň Allaha degişlidigini, höküminiň ahyrete galýandygyny aýdyp umyt döredýänlerdendirler. Mürji-e görä ynsan doly ynanandan soň onuň eden günäsi imanyna zelel bermez.

Şygalyk
Şyga sözi topar, tarapdar, kömekçi manylaryny berýär. Şygalyk dördünji çaryýar bolan hezreti Alynyň tarapdary bolup, onuň ähli beýleki sahabalardan üstündigini kabul edenleriň döreden akymydyr. Bu akym harijilik ýaly ylmy däl-de, syýasy bir akymdyr. Bu hem halyflyk bilen baglanyşykly jedel sebäpli döräpdir. Şygalara görä, hezreti Aly Resulullahdan soň ähli ynsanyň içinde iň fazyletlisi bolandygy üçin ilkinji halyf bolmaga iň laýyk kişidir. Şol sebäpli olaryň düşünjesine görä, ilkinji üç halyf bolan Ebu Bekir, Omar, Osman zalymdyr, bulara tabyn bolunmaly däldir. Şygalaryň pikiriçe, uly günä edenler toba etmezden ölseler, ebedi dowzahda galarlar.

Şygalyk öz arasynda ýigrimä golaý böleklere bölünýär. Olaryň iň esasylary keýsaniýe, zeýdiýe, jaferiýe (ymamyýe), galiýe we batyniýedir. Häzirki döwürde şygalyk Ýýemende, Eýranda we Azerbaýjanda ýaýrandyr. Hindistanda, Päkistanda, Siriýada, Liwanda, Müsürde, Türkiýede hem olaryň tarapdarlary bardyr.