Maide süresi, 3-nji aýat

«Bu gün siziň diniňizi siziň üçin kämillige ýetirdim. Size bolan nygmatymy tamamladym we size din hökmünde yslamy saýladym»

Ylmyhal>>Mükellefiň amallary

Mükellefiň amallary

Mükellef – diýlip Allahyň emrlerini we gadaganlyklaryny, dini ybadatlary ýerine ýetirmäge jogapkär, akyly ýerindäki, bulug (kämillik) ýaşyna ýeten musulman kişilere aýdylýar. Yslam kämillik ýaşyna ýeten her bir ynsanyň erk-eradasy bilen eden her işini, hereketini belli hökümlere baglaýar. Fykyhda muňa «ef’aly mükellefin» diýilýär.

Bulug ýaşy yslam alymlarynyň aglabasynyň aýtmagyna görä, gyzlarda 9-15, oglanlarda 12-15 ýaş aralygy diýip kesgitlenendir. Kişiniň buluga ýetmegi: oglanlarda ihtilam ýagny, düýşüňde iniň hapalanmagy, gyzlarda bolsa haýyzyň, ýagny, aýbaşy halynyň görülmegi bilen başlanýar. Oglan we gyzlaryň käbirlerinde bulug ýaşyna ýetse-de, ihtilam we aýbaşy haly görünmeýär. Bu ýagdaýda bulug ýaşy 15 ýaş diýlip hasaplanýar.

Mükellefiň amaly sekizdir: farz, wajyp, sünnet, mustahap, mubah, haram, mekruh we müfsid. Mükellefden berjaý edilmegi islenen amallara «emr», terk edilmegi islenenlere-de «nehiý» diýilýär.

Farz

Farz – Allah we Onuň Resuly tarapyndan anyk, kesgitli deliller bilen amal edilmegi emr edilen amallardyr. Bäş wagt namaz, oraza, zekat ýaly amallar muňa mysaldyr. Farz amallaryny berjaý etmek hökmandyr, sogaby uludyr. Farzy uzursyz terk eden uly günä gazanar, ahyretde azaba uçrar. Farzy inkär eden bolsa, dinden çykar.

Farzyň iki görnüşi bardyr.

Farzy aýn – her bir musulmanyň ýerine ýetirmegi hökmany bolan borjudyr. Bu borç bir musulmanyň amal etmegi bilen beýleki musulmandan jogapkärçilik aýrylmaýar. Mysal üçin: bäş wagt namaz, oraza, zekat, haj.

Farzy kifaýe – käbir musulmanlaryň amal etmegi bilen beýlekilerden jogapkärçilik borjy aýrylýan amallardyr.

Kurany Kerimi ýat tutmak, jynaza namazyny okamak bulara mysaldyr. Farzy kifaýäniň sogaby diňe ony berjaý edene degişli bolýar. Eger-de, farzy kifaýe hiç kim tarapyndan ýerine ýetirilmese, tutuş halk günäkär bolýar. Käbir ýagdaýlarda, mysal üçin, tutuş obada ýeke ymam bar bolsa, jynaza okatmak oňa farzy aýn bolýar. Eger obada ýeke lukman bar bolsa, hassa seretmek oňa farzy aýndyr.

Wajyp

Farz derejesinde anyk bolmasa-da, kesgitli deliller bilen emr edilen amallardyr. Gurban kesmek, witir we baýram namazyny okamak ýaly amallar muňa mysaldyr. Meselem Kurany Kerimde «Rabbiň üçin namaz oka, gurban kes» (Kewser, 2) diýlip buýrulýar. Bu ýerde «baýram namazyny oka we gurban kes» diýlip Pygamberimize ýüzlenilýär, ýagny, bular Resulullah üçin farz hökmündedir. Emma beýleki musulmanlar üçin anyk däldir.

Wajybyň hökmi hem farz bilen deňdir. Amal edilse – sogap, edilmese – ahyret azaby bardyr. Emma ygtykat taýyndan wajyp farz ýaly däldir. Wajyby inkär eden dinden çykmaz, diňe uly günä gazanýar.

Sünnet

Pygamberimiziň farz we wajypdan başga hut özüniň berjaý edip, beýleki musulmanlara-da amal etmegi emr eden sözi, hereketi we hallarydyr. Sünnetiň müekked, gaýry müekked we zewaid diýen üç görnüşi bardyr.

1. Müekked sünnet
Pygamberimiziň hemişe amal edip, seýrek terk eden amallarydyr. Bu sünneti ýerine ýetiren sogap gazanar. Terk eden ýazgarylmaga mynasypdyr. Ertir, öýle we agşam namazlarynyň sünnetleri müekked sünnetlerdendir. Sünnetiň bu görnüşine «Sünnetül-hüda» diýilýär.

2. Gaýry müekked sünnet
Pygamberimiziň köplenç eda edip, käwagt terk eden sünnetleridir. Ikindi we ýassy namazlarynyň sünnetleri muňa mysaldyr. Gaýry müekked sünnetlere «mustahap» we «mendup» hem diýilýär. Bu sünneti amal eden sogap gazanar, terk eden bolsa ýazgarylmaýar.

3. Zewaid sünnet
Hezreti Muhammediň (s.a.w.) ynsan hökmünde berjaý edip, dini teblig maksady bolmadyk beşeri amallarydyr. Onuň iýip-içişi, geýinişi, sakgalyny hynalamagy bu amallara degişlidir.
Bir mümin Pygamberimize söýgüsi, hormaty sebäpli Onuň ýaly iýip-içse, geýinse sogap gazanar, emma beýle etmände-de erbet iş eden hasaplanmaýar.

Mustahap

Pygamberimiziň käwagt amal edip, käwagt terk eden, ýöne selefi salyhynyň (sahaba we tabiiniň) höwes bilen berjaý eden amallaryna mustahap diýilýär. Ertir namazyny daň agaranda okamak, tomusda öýle namazyny salkyn düşýänçä gijikdirmek, agşam namazyny bolsa azanyň yzysüre okamak mustahap amallara mysaldyr.

Mustahap amallaryň ýerine ýetirilmegi uly sogapdyr. Terk etmekde hiç hili günä ýokdur. Mustahaba – «nafile», «tatawwu» we «edep» adyny beren alymlar hem bolupdyr. Fykyh kitaplarynda mustahap bolan amallar «adap» diýlip görkezilýär. «Adap» – «edep» sözüniň köplük sanda aýdylyşydyr.

Mubah

Dini taýdan hiç hili zyýany bolmadyk, amal edilmegi ýa-da terki mükellefiň öz erkinde bolan, oturmak, iýip-içmek, uklamak ýaly işlerdir. Mubah bolan işleriň amal edilmeginde-de, terk edilmeginde-de hiç hili günä-sogap ýokdur. «Mubah» sözi – «halal», «jaýyz», «mutlak» sözleri bilen manydaşdyr.

Eşýanyň – ýaradylan zatlaryň aslynda mubahlyk bardyr. Özi hakynda hiç hili höküm bolmadyk zatlar halaldyr. Halal – dini taýdan hiç hili zyýany bolmadyk, iýilmeginde, içilmeginde, ýa-da ulanylmagynda aýat we hadyslar arkaly gadagan edilmedik, amal edilmegi jaýyz görlen zatlardyr.

Haram

Amal edilmegi, ulanylmagy, iýlip-içilmegi dinimiz tarapyndan anyk görnüşde gadagan edilen zatlar haramdyr. Serhoş ediji içgi içmek, humar oýnamak, adam öldürmek, zyna, gybat, töhmet ýaly zatlar harama mysaldyr.

Haramyň görnüşleri
Haram edilen zat ýa-da amal özünde bolan bir zyýany, erbetligi sebäpli haram edilen bolsa, muňa li’aýnihi haram diýilýär. Bular umuman jany, maly, akyly, dini we nesli goramak maksady bilen haram edilipdir. Meselem: zyna – nesliň arassalygyny, şerap – akylyň durulygyny saklamak üçin haram edilendir.

Aslyýetinde halal bolup, wagtlaýyn bir sebäp bilen haram görlen zatlara bolsa ligaýrihi haram diýilýär. Ogurlyk üsti bilen gazanylan mal-mülk muňa mysaldyr.

Zerurlyk sebäpli haramlar mubah bolup biler. Mysal üçin, açlyk döwri diňe ölmezlik derejesinde doňuz etini iýmek, aýal hekim ýok wagty, aýalyň özüni erkek hekime seretdirmegi.
Haram magsyýet we günä sözleri bilen manydaşdyr. Haramy inkär eden dinden çykar.

Mekruh

Mekruh – amal edilmegi erbet görlen işler we hereketler manysyny berýär. Mysal üçin: taharet kylnanda ýa-da gusul alnanda suwy isrip etmek mekruhdyr.

Mekruhyň iki görnüşi bardyr:

1. Tahrimen mekruh.
Harama ýakyn bolan mekruh diýmekdir. Tahrimen mekruh haberi wahyd ýaly zanny delile daýanýandyr. Mysal uçin: «Kişi musulman doganyndan rugsat alman, onuň eden söwdasynyň üstüne söwdalaşmasyn we gudaçylygynyň üstüne gudaçylyk etmesin», (Buhari, Müslim). Bu hadys haberi wahyd bolany üçin söwdanyň üstüne söwdalaşmak we gudaçylygyň üstüne guda bolmak kesgitli görnüşde haram edilmän, tahrimen mekruh saýylypdyr.

Hanefilerden başga beýleki mezhepleriň ymamlary hanefileriň tahrimen mekruh hasaplaýan amallaryny haram diýip kabul edýärler.
Tahrimen mekruh ahyret azabyna sebäp bolsa-da, ony inkär eden dinden çykmaz.

2. Tenzihen mekruh:
halala ýakyn bolan mekruhdyr. Mesjide gitjek kişiniň sogan ýa-da sarymsak iýmegi muňa mysaldyr. Pygamberimiz «Sogan we sarymsak iýýän kişi mesjidimize gelmesin, öýünde otursyn» (Buhary, Ebu Dawud) diýen hadysy bilen töweregiň birahat edilmezligine ünsi çekýär. Der ysy, jorap ysy hem bu hadysyň hökümine girýär.
Tenzihen mekruh amaly eden kişi ahyret azabyny çekmeýşi ýaly, şu dünýäde-de ýazgarylmaýar. Emma, şeýle etmek edeplilige gelişmez.

Müfsit

Başlanan bir ybadaty bozýan, hökümi ýatyrýan herekete we amala müfsit diýilýär. Müfsidiň uzursyz, bilkastlaýyn edilmegi günädir. Hata ýa-da säwlik bilen edilse, hiç hili günäsi ýokdur. Namaz okap duran adamyň saklanyp bilmän gülmegi muňa mysaldyr. Müfsit bilen baglanyşykly şu sözler hem bilinmelidir: sahyh, batyl, fasit, mugteber.

Sahyh

Ähli şertlerine we rükünlerine laýyklykda berjaý edilen bir ybadata sahyh (dürs) ybadat diýilýär. Mugteber we jaýyz sözleri hem sahyh sözüne manydaşdyr.

Batyl we fasit

Bu iki söz manydaş bolup, ybadatyň şertleriniň we rükünleriniň biriniň egsik edilmegidir. Mysal üçin sejdesiz kylnan namazda rükün; taharetsiz okalan namazda şert egsik bolany üçin namaz fasit bolar, ýagny bozulýar.