Mümin süresi, 78-nji aýat

«Kasam bolsun, senden öň hem pygamberler iberdik. Olaryň arasynda saňa kyssalaryny habar berenlerimiz hem bar, bermediklerimiz hem bar»

Ylmyhal>>Pygamberlere iman

Pygamberlere iman

Pygamberleriň iberilmeginiň maksady Pygamberleriň sany Pygamberleriň derejeleri Pygamberleriň sypatlary Wahý Mugjyza Hezreti Muhammediň (s.a.w.) aýratynlyklary

«Pygamber» sözi pars sözi bolup, «habar äkidýän» we «ilçi» diýen manylary berýär. Dinde aňladýan manysy emr we gadaganlyklary ynsana teblig etmek we hidaýet ýoluny görkezmek üçin Allahyň gullarynyň arasyndan saýlan ilçilerine pygamber diýilýär. Kurany Kerimde Allahyň wezipe beren pygamberleri «resul», «mürsel» we «nebi» sözleri bilen düşündirilýär. Özüne täze bir kitap we şerigat berlen pygamberlere «Resul», öňki geçen pygamberiň kitap we şerigatyny ymmatyna ýetirmek üçin iberilen pygamberlere bolsa «Nebi» diýilýär. «Risalet» we «nübüwwet» sözleri pygamberlik manysyny berýär.

Allah Tagala aralarynda tapawut goýmazdan pygamberleriň ählisine ynanmagy her bir musulmana farz edipdir.

«Ol kişilerden käbiri ne Allahy tanar, ne-de Onuň resullaryny. Käbirleri bolsa, Allahy tanandyklaryny öňe sürüp, resullaryny tanamazlar. Allah bilen resullaryny biri-birinden aýryp şeýle diýerler: «Resullaryň käbirine iman ederis, käbirini ret ederis. Şeýlelikde iman bilen küfür arasyndan bir ýol tutarlar. Olar hakyky käfirdir. Biz käfirler üçin agyr azap häzirledik», (Nisa, 150-151).

Pygamberlik Allahyň lutuf we yhsanydyr. Tagat-ybadat, yhlas we gaýrat bilen şol mertebä ýetip bolmaýar. Allah Tagala pygamberlik ýüküni göterip biljegi we oňa laýyk ynsany bilip, islänini saýlaýandyr. «Bu Allahyň lutfudyr, ony islänine berer», (Juma, 4) aýaty munuň tassyklamasydyr. Bu meselede mal-mülk, şan-şöhrat we wezipäniň täsiri ýokdur.
Kurany Kerimiň habar bermegine görä, pygamberlik hezreti Muhammet (s.a.w.) bilen gutarýar.

«Muhammet siziň erkekleriňiziň hiç birisiniň kakasy däldir. Ýöne Ol Allahyň resuly we pygamberleriň iň soňkusydyr», (Ahzab, 40) aýaty Hatemül Enbiýa bolan Muhammet pygamberden (s.a.w.) soňra pygamberiň gelmejekdigini aýdyň görkezýär.

Pygamberleriň iberilmeginiň maksady

Ynsanyň ýaradylyp, bu dünýä iberilmeginiň maksady we hikmeti älemiň Ýaradyjysyny tanamak, Oňa iman getirip ybadat etmekdir. Akyl ynsanyň bu ýaradylyş maksadyna özbaşdak düşünmekden ejizdir. Ynsan özüniň we älemiň bir Ýaradyjysynyň bardygyna akyl ýetirip biler, ýöne näme üçin ýaradylandygyny, nämeler etmelidigini bilmez. Käbir kelam alymlary ynsan akyly bilen Allah Tagalanyň bardygyny we birdigini bilse-de, Oňa nähili ybadat etmelidigini, ryzasyny nädip gazanmalydygyny bilmez. Şonuň üçin pygamberlere zerurlyk bardyr.

Kurany Kerimde Allah Tagalanyň her bir millete, ymmata, taýpa olary ilahi azapdan gorkuzýan bir pygamberi iberendigini aýdýar.

«Biz seni Allahyň rahmeti bilen buşlaýjy we azaby bilen gorkuzyjy hökmünde hak din bilen iberdik. Her bir ymmat üçin hem olaryň arasyndan hökman bir oýaryjy pygamber iberendiris» (Fatyr, 24). Başga bir aýatda: «Allaha kasam bolsun, Biz senden öňki ymmatlara hem pygamber iberendiris», (Nahl, 63; Ýunus 47) diýilýär.

Pygamberleriň iberilmeginiň maksadyny şeýle beýan etmek bolar:

1. Gul bolmak
Pygambereriň iberilmeginiň sebäbi, ynsanyň ýaradylyş sebäbi bilen bir nokatda birleşýär. Ol hem Allaha gul bolmakdyr.
«Menden başga ilah ýokdur. Şonuň üçin maňa gulluk ediň» diýip, wahý edip, hökman bir pygamber gönderendiris», (Enbiýa, 25) aýaty muňa yşarat edýär.

2. Teblig etmek
Pygamberleriň asyl wezipelerinden biri hem Allahyň dinini we buýruklaryny ynsanlara teblig etmekdir. Eger olar gelmedik bolsa, biz ybadata degişli meseleleri buýrulan emri we gadagan edilen zatlary bilmezdik. Borjumyza amal etmezdik. Namaz, oraza, zekat, haj näme? Içgi, humar, zyna, haram mala kowalaşmak, süýthoryk ýaly dinimizde halal däl zatlaryň ýagdaýy nähili? Bu zatlara asla düşünmezdik. Şu we şuňa meňzeş birgiden meseleler pygamberleriň üsti bilen öwrenilipdir. Pygamberlere degişli bu esasy maksat we borç Kuranda şeýle beýan edilýär:

«Olar (pygamberler) Allahyň hökümlerini millete aýan ederler, Allahdan gorkarlar we Ondan başga hiç kimden gorkmazlar. Hasap soraýjy hökmünde Allah ýeterlikdir», (Ahzab, 39). Başga bir aýatda:

«Eý, Resul! Rabbiňden saňa inen buýruklary teblig et. Eger muny etmeseň, Onuň ilçiligini ýerine ýetirmedigiň bolar. Allah seni ynsanlaryň şerinden gorar. Dogrusy, Allah käfirler toparyny hidaýete ýetirmez», (Maide, 67).

3. Nusga bolmak
Pygamberleriň iberilmeginiň maksadynyň ýene biri, olaryň öz ymmatyna nusga bolmalydygydyr. Kurany Kerim:
«Kim Allahy we ahyret gününi arzuwlaýan bolsa, Allahy köp zikr etsin, kasam bolsun, siziň üçin Allahyň Resuly ajaýyp bir nusgadyr», (Ahzab, 21) diýýär.

4. Dünýä we ahyret deňligini saklamak
Pygamberler dünýä we ahyret deňligini saklamak üçin iberilendir. Pygamberleriň getiren ölçegi bilen ynsan ogly öte geçmekden (ifratdan) we pese gaçmakdan (tefritden) gutulýar, dogry ýoly tapýar. Poplar ýa-da monahlar ýaly terkidünýälik edip monastyrda ýaşaman, ýa-da, dünýä işine baglanyp, oňa doly ýesir bolman, hemişe orta ýoly saklap ýaşamak makuldyr. Bu bolsa diňe wahýyň aýdyňlyk dünýäsine mahsus bir häsiýetdir. Ýogsa, akyl we wyždan arasynda şunuň ýaly deňlik gurlup bilinmez. Ynsan diňe ylym bilen bu derejä çykyp bilmez.

Kurany Kerim bu deňagramlylygy şeýle aňladýar:
«Allahyň saňa berenleri bilen ahyret ýurduňy abadanla. Bu dünýäden-de nesibäňi unutma. Allahyň saňa ýagşylyk edişi ýaly, sen hem ýagşylykda ýaşa. Ýýer ýüzünde bozuklyk ugrunda selpeme. Şübhesiz Allah bozuklary söýmez», (Kasas, 77).

5. Garşy çykmaklygyň öňüni almak
Pygamberler ahyretde: «Biz bilmedik, bize habar berilmedi» diýip, ynsanyň Allah Tagala garşy çykmazlygy üçin iberilendir. Bir aýat muny şeýle beýan edýär:
«Biz buşlukçy we gorkuzyjy hökmünde pygamberleri iberdik. Şeýlelik bilen, ynsanlaryň pygamberler iberilenden soňra, Allaha garşy hiç bahanalary bolmasyn. Allah azizdir, hakimdir», (Nisa, 165).

Her pygamber ynsany diňe ynandyrmak üçin, ynanmaýanlara-da bahana galmaz ýaly mugjyza bilen gelendir. Her ymmat öz pygamberinden nije mugjyzalary gözi bilen görendir hem eşidendir. Biz hem hezreti Muhammede (s.a.w.) degişli müňlerçe mugjyzalary eşitdik we Kuran ýaly ebedi mugjyzany elmydam görýäris. Mundan soň, hiç kimiň garşy gitmäge haky ýokdur. Allah ynanmagymyzy isleýän hakykatlaryny, hemişe goldaw berýän pygamberleriniň üsti bilen aç-açan we äşgär görkezipdir. Bu olaryň iberiliş maksatlarynyň biridir. Iň ähmiýetli tarapy hem Allah Tagala: «Biz pygamber ibermedik ýagdaýymyzda azap bermeris», (Isra, 15) diýýär. Diýmek, pygamberler iberilendigi üçin, mizan we tereziler guruljakdyr. Hiç kimiň bahanasyna bakman, her kesden hasap soraljakdyr.

Pygamberleriň sany

Ilkinji pygamber hezreti Adam atadyr (a.s.). Iň soňky pygamber bolsa, hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.). Bu ikisiniň aralygynda ençeme pygamberler gelip geçipdir. Olaryň sany barada Kurany Kerimde anyk maglumat berilmeýär. Ýöne bir aýatda:

«Kasam bolsun, senden öň hem pygamberler iberdik. Olaryň arasynda saňa kyssalaryny habar berenlerimiz hem bar, bermediklerimiz hem bar», (Mü’min, 78) diýilýär. Pygamberimiziň hadyslarynda bolsa, bir rowaýata görä: 124 müň, başga birine görä 224 müň pygamberiň gelip-geçendigi, 313 sanysynyň hem resuldygy barada aýdylýar, (Ahmet b. Hanbel, «Müsned»). Bu rowaýatlardaky sanlar biri-birinden ýüz müň töweregi tapawut edýär. Bularyň islendigini kabul etsek, ýüz müň kişini pygamber saýyp, ýa-da pygamber bolany pygamber däl diýmegimiz mümkin. Şeýle hem pygamberdigi anyk belli bolmadyklar barada «pygamberdi, pygamber däldi» diýip jedel etmek hem ýalňyşdyr. Bu meselede iň dogrusy «Allahyň iberen pygamberleriniň ählisine ynandym» diýmekdir.

Kurany Kerimde mü’minleriň ajaýyp waspy şeýle düşündirilýär: «Biz Allahyň pygamberlerinden hiç birini beýlekisinden tapawutlandyrmarys», (Bakara, 285). Bu aýatda Allah Tagalanyň pygamberdir diýenine guluň ýok diýmäge hakynyň ýokdugy nygtalýar. Kurany Kerimde ady tutulan pygamberler şulardyr.

1. Hezreti Adem (a.s.),
2. Hezreti Idris (a.s.),
3. Hezreti Nuh (a.s.),
4. Hezreti Hud (a.s.),
5. Hezreti Salyh (a.s.),
6. Hezreti Ibrahim (a.s.),
7. Hezreti Lut (a.s.),
8. Hezreti Ismail (a.s.),
9. Hezreti Ishak (a.s.),
10. Hezreti Ýakup (a.s.),
11. Hezreti Ýusuf (a.s.),
12. Hezreti Şu”’aýb (a.s.),
13. Hezreti Eýýup (a.s.),
14. Hezreti Musa (a.s.),
15. Hezreti Harun (a.s.),
16. Hezreti Dawut (a.s.),
17. Hezreti Süleýman (a.s.),
18. Hezreti Ýunus (a.s.),
19. Hezreti Ylýas (a.s.),
20. Hezreti Elýase (a.s.),
21. Hezreti Zülkifil (a.s.),
22. Hezreti Ýahýa (a.s.),
23. Hezreti Zekeriýa (a.s.),
24. Hezreti Isa (a.s.),
25. Hezreti Muhammet Mustafa (s.a.w.).

Kurany Kerimde atlary tutulan Uzeýriň, Lukmanyň we Zülkarneýniň pygamberdigi ýa-da däldigi hakynda anyk höküm ýok. Olaryň salyh ynsan bolandygy belli bolsa-da, pygamberdigi barada anyk aýdylmaýar.
Kuranda ady tutulmasa-da, pygamberdigi giňden aýdylanlar şulardyr: Şit, Ýuşa, Jerjis, Danýal.

Pygamberleriň derejeleri

Yslama göpä, ähli pygamberler pygamber bolmak taýyndan deňdir. Allah Tagala pygamberleriň arasynda tapawut goýman, ählisine ynanmagy her bir musulmana farz edipdir. Ýöne, pygamberleriň derejeleriniň tapawutlydygy aýdylýar:

«Ynha, bu pygamberlerden käbirini beýlekilerden üstün kyldyk. Allah olaryň käbiri bilen gürleşipdir, käbirini bolsa derejeler bilen beýgeldipdir», (Bakara, 253). Kurany Kerimde derejesi ýokary bolan pygamberlere «Ulül Azm pygamberler» diýilýär. Ulül Azm pygamberler bäş sanydyr. Olaryň iň beýigi älemlere rahmet edilip iberilen we Hatemül enbiýa bolan hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.). Beýlekiler dünýä gelmek nobatyna görä, hezreti Nuh (a.s.), hezreti Ibrahim (a.s.), hezreti Musa (a.s.) we hezreti Isadyr (a.s.).

Pygamberleriň sypatlary

Pygamberleriň jaýyz we wajyp bolan sypatlary bardyr.

a) Jaýyz bolan sypatlary
Her pygamber ynsandyr. Olar hem ynsan ýaly, dogulýar, ösüp ulalýar, öýlenýär, çagalary bolýar, keselleýär we ölýär.
«Biz olary iýmeýän-içmeýän beden kylmadyk. Olar ölümsiz hem däldir», (Enbiýa, 8; Äli Imran, 144).

Ynsanyň synagynyň doly, adalatly bolmagy üçin, özlerinden pygamber saýlanmagy has makuldyr. Çünki, pygamber Allahdan getirilen emr we gadaganlyklar boýunça görelde görkezip, nusga bolup ýaşamalydyr.

Pygamberler erkek kişilerdir. Kurany Kerimde:
«Biz senden öň özlerine wahý iberenlerimizi hem diňe erkeklerden iberdik», (Nahl, 43; Enbiýa, 7).

Aýallar ýaradylyş taýyndan aýbaşy görýändikleri üçin erkekler ýaly hemişe ybadat bilen bagly bolmaýar, şeýle hem, olaryň enelik wezipesi pygamberlik ýaly agyr ýüki göterip bilmäge mümkinçilik bermeýär.

Pygamberleriň dili öz halkynyň dilidir. Allahdan gelen ilahi wahýyň ynsana doly düşündirilmegi üçin, elbetde, bu şertdir. Kurany Kerimde: «Milletine doly düşündirsin diýip, her pygamberi öz milletiniň dili bilen iberdik», (Ibrahim, 4) diýilýär.

Pygamberimiziň ene diliniň araby bolanlygy üçin, Kurany Kerim hem arap dilinde inipdir. Emma Pygamberimiz ähli adamzadyň we jynlaryň pygamberidir. «Eý, Muhammet aýt: – Eý, ynsanlar! Dogrusy, men Allahyň hemmäňize iberen pygamberidirin», (A’raf, 158) aýaty muny aç-açan tassyklaýar.
Arapdan başga halklar diniň esaslaryny aslyndan öwrenmek üçin diniň dili bolan arapçany öwrenmäge we ýeterlik kadrlary ýetişdirmäge borçludyr.

b) Pygamberleriň wajyp sypatlary

Sydk
Sydk – «dogrulyk» diýmekdir. Dogrulyk – pygamberlik sypatlaryny öz daşynda aýlaýan merkezi okdur. Pygamberlik diňe dogrulyk ýörelgesinden ýöreýär. Pygamberiň agzyndan çykan her söz tassyklydyr. Çünki, olar hakykatdan başga hiç bir söz aýtmaýar. Kurany Kerim käbir pygamberiň beýikligini aňlatmak bilen, bize olaryň bu sypatyny şeýle beýan edýär: «Kitapda Ibrahimi-de ýatla. Ol syddyk (dos-dogry) bir nebidi», (Merýem 41).

Emanet
Emanet – «ynamdar» diýmekdir. Bu söz iman sözi bilen bir kökden dörändir. Mü’min – ynanan we ynamdar ynsan diýmekdir. Pygamberler mü’minlikde iň ýokary derejedäki ynsan boluşlary ýaly, eminlik we ynamdarlykda-da iň ýokary derejededir. Kurany Kerim olaryň bu sypatlaryna ençeme aýatlarda yşarat edýär.

«Nuh kowmy hem pygamberlerini ýalançy saýdy. Doganlary bolan Nuh olara şeýle ýüzlendi: Allaha garşy gitmekden gorkmaýarmysyňyz. Biliň, men size iberilen emin (ynamdar) bir ilçidirin. Indi Allaha garşy gitmekden gorkuň we maňa itagat ediň», (Şuara, 105-108).

Ysmat
Ysmat – günä etmezlik, günäden goralan, hemaýat edilen diýmekdir. Pygamberler kiçi-uly ähli günälerden Allah tarapyn goralyp saklanypdyr. Ýagny, Allah Tagala pygamber edip iberjek guluna asla günä iş etdirmeýär.

Ähli pygamberler masumdyr. Olar saýlama we mukaddes ýaradylan müstesna (deňi-taýsyz) ynsandyr. Diňe haýyrly däl, haýyrlylaryň arasynda hem iň saýlamalaryň saýlamasydyr. Pygamberler adamzady Allaha we Allahyň ryzasyna äkidýän ýolbelet bolandygy üçin, ýörite goragdadyr. Çünki, hiç bir günäde, hat-da iň kiçisinde hem Allahyň razylygy we hoşallygy ýokdur. Özi Allahyň ryzalygyndan mahrum kişi nädip başgalary Onuň ryzalygyna ýetirsin? Bu asla mümkin däldir. Diýmek, pygamberler günä işden daşdyr.

Käbir pygamberlere ýöňkelen hatalar barada aýtsak, birinjiden, ol işler günä däldir. Ikinjiden, olaryň hatasy pygamber bolmazyndan öňki durmuşynda bolup geçendir. Zelle diýilýän bu hatalar olaryň mertebe we ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Ýagny, bu zelleler ýönekeý adam üçin hata-da däldir. Olar Allaha her kesden has ýakyn bolan mukarrebin üçin hata saýylypdyr.

Bu meselede hezreti Adam atanyň zellesini mysal alalyň:
Kurany Kerim bir ýerde hezreti Adam atanyň ýagdaýyny şeýle düşündirýär. «Adem Rabbine garşy gidip, ýolundan azaşdy. Soňra bolsa Rabbi ony saýlap, tobasyny kabul etdi. Oňa dogry ýoly görkezdi», (Taha, 121-122). Aýatda «ijtiba» sözi ulanylýar. Ijtiba – girdaba dolaşyp gark bolmakdan, köpürjik deýin sowrulyp gitmekden halas etmek diýmekdir. Allah Tagala hezreti Adam atany şeýle ýagdaýa düşmekden halas edendigini bildirýär. Terjimedäki «garşy gitmek» diýilýän, biziň düşünýän garşy gitmämiz däldir.

Hezreti Adam ýalňyşan badyna, heläkçilikden halas eden Rabbine ýönelip şeýle diýýär:
«Rabbim, ikimiz hem (Adam ata we How ene) nebsimize zulum etdik. Eger Sen bizi magfiret etmän rahmetiň bilen garşylamasaň, biz zyýanda galanlardan bolarys», (A’raf, 23). Bu bir zelledir. Ýöne Allah ony bu zelleden soň dogry ýola salyp hidaýet edipdir. Bu aýatlardan şu netije çykýar: Hezreti Adam atanyň zellesi ijtibadan owal bolupdyr. Ýagny, hezreti Adam zelle eden wagty pygamber däldi. Şeýle hem hezreti Adam ata Allahyň sargydyny unudyp zelle edýär. Allah Tagala hezreti Adam atanyň bu ýagdaýyny Kuranda şeýle habar berýär:

«Kasam bolsun, Adem bilen has öň äht baglaşypdyk. Ýöne ol muny unutdy. Emma ony hatasyna azmly (meýilli) görmedik», (Taha 115). Başga bir aýatda:
«Adem bilen sözleşdik. Men oňa: «Hemme zatdan bol-elin iýip-içiň, ýöne şu agaja ýakynlaşmaň, ýogsa, zalymlardan, hetden aşanlardan, nygmatlardan mahrum galanlardan bolarsyňyz» diýipdim», (Bakara, 35; A’raf, 19). Unutmak ynsanyň ýaradylyşynda bardyr. Şonuň üçin, Allah Tagala unudyp we ýalňyşyp edilen işleri bagyşlaýandyr. Pygamberimiz bolsa bu meselede şeýle diýýär:
«Şu üç zatdan hasap soralmaz: unutmak, ýalňyşmak we zor salynmak», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje).

Pygamberimiz hezreti Adam atanyň zellesini başga bir hadysynda şeýle düşündirýär:
«Asmanda hezreti Adam ata bilen hezreti Musa ýüzbe-ýüz gabat geldi. Hezreti Musa:
– Sen adamzadyň atasysyň. Bizi jennetden alyp Ýýere gönderdiň – diýdi. Hezreti Adam ata bolsa şeýle jogap berdi:
– Sen Allahyň hut özi bilen gürleşen «Kelimisiň». Töwratda şu sözi görmediňmi?! Adam şol miwäni iýmezinden kyrk ýyl owal şeýle etjekligi takdyrynda ýazylypdy.
Pygamberimiz berzah älemine degişli bu duşuşygy aýdandan soň, üç gezek Adam ata Musany geplemez ýaly etdi», (Buhary, Tirmizi).

Beýleki pygamberlerden hezreti Nuhuň gämä münmek islemedik oglunyň halas edilmegi üçin eden dogasy, hezreti Ibrahimiň (a.s.) ýyldyza, Aýa we Güne: «Bu meniň Rabbim» diýmegi, Allahdan ölüleri dirildişiniň mysalyny görkezmegini islemegi, kakasynyň magfiret edilmegi üçin doga etmegi, hezreti Ýusuf we hezreti Musanyň zelleleri hem şunuň ýalydyr. Eger bular bilen baglanyşykly aýatlar doly derňelse, pygamberleriň zelleleri biziň ýaly adaty adamlar üçin günä hem saýylmaz.

Hezreti Ibrahimiň (a.s.) üç ýerde ýalan sözländigi barada aýdylýar. Emma bular hem ýalan däl-de «ta’rizdir». Ta’riz – ilki eşdilende ýalana meňzeýändir, emma, sähel üns berseň, dogrudygy aýandyr. Çünki, pygamberiň degişmede-de ýalan sözlemegi mümkin däldir. Sebäbi, ýalan uly günädir.

Pygamberimiziň ysmaty barada aýdylsa, Onuň pygamber bolmazyndan öňki durmuşy bilen baglanyşykly, hat-da duşmanlarynyň hem ýüzüne basyp biljek ýalňyşy ýokdur. Ol jahyliýet döwrüniň erbet däpleriniň hiç birini etmändir. Allahyň ony pygamberlikden öň hem gorandygyny sahyh çeşmeler habar berýär.
Biz meseläni giňişleýin ýazmakdan saklanyp, bu barada ýazylan ýörite kitaplara seretmegiňizi maslahat berýäris.

Fetanet
Fetanet – akyl bilen akyl belentliginden aşmak diýmekdir. Muňa pygamber mantygy hem diýilýär. Bu mantyk ruhuňy, kalbyňy, bedeniň syzmasyny, duýgularyňy, zehiniňi bir ýere jemläp giňişleýin, çuňňur akyl ýetirip bilmekligi aňladýar.
Allah Tagaladan gelen ilahi wahýlar ilki «fetaneti agzam» bolan bu mantygyň üsti bilen düşündirilmegi zerurlykdyr. Bu zerurlyk ynsanyň mätäçliginden döreýär. Şeýlelikde, ilahi wahý ilki ony amal eden pygamberiň fetanetiniň üsti bilen beşeriň düşünip biljek derejesine getirilýär. Şeýle hem pygamberler fetanetleri bilen ähli müşgilleri juda ýeňillik bilen çözüp bilipdir. Şonuň üçin fetanetiň her bir pygamberde bolmagy zerur sypatdyr.

Teblig
Teblig – pygamberleriň Allahdan gelen wahýyny ymmatyna kemsiz ýetirmegi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: «Emri bil magruf nehýi anil münker», ýagny, ýagşylygy emr etmek, erbetlikden daş saklamak diýmekdir. Kurany Kerimde:
«Eý, pygamber! Rabbiňden saňa inderilen buýruklary teblig et. Eger etmeseň, Allahyň öňündäki ilçilik wezipäňi ýerine ýetirmedigiňdir», (Maide, 67).

Teblig her pygamberiň ömür maksadydyr. Teblig bolmadyk bolsa, pygamberleriň iberilmeginiň manysy bolmazdy. Allah ynsana bolan lutuf we keremini pygamberler arkaly ýaýypdyr. Pygamberler tebligi şu üç esasda amala aşyrypdyr:

1. Bütewilik.
Pygamberler Allahdan alan habarlary, pygamberlige degişli meseleleri bilen bir bütewilikde ýaşaýarlar. Şonuň üçin olar teblig edýärkä ynsanyň akylyny, logikasyny, ýüregini, köňlüni, duýgularyny hiç haçan ünsden düşürmeýärler. Häzirki döwrümizde dini teblig edýänler pygamberler ýaly duýgur we parasatly däldigi üçin dini ýaýratmakda şol derejede üstünlik gazanyp bilmeýärler.

2. Tamakin bolmazlyk.
Pygamber teblig işi üçin tamakin däldir. Ol tebligi diňe öz borjy we wezipesi bolandygy üçin berjaý edýär. Kurany Kerimde ähli pygamberler: «Meniň işimiň hakyny bermek, diňe we diňe Allaha degişlidir», (Hud,29; Şuara 109) diýýärler.

3. Netijäni Allaha tabşyrmak.
Pygamber eden tebliginiň netijesini we ynsan tarapyndan kabul edilişini Allaha tabşyrýar we hiç wagt netijä garyşmaýar. Çünki, ol wezipesiniň diňe tebligdigini bilýär. Netije bolsa tutuşlygyna Allah Tagala degişlidir.

Wahý

Wahý» sözi yşarat etmek, pyşyrdamak, gizlin gürleşmek, emr etmek, ýazmak, ylham we howlukmak diýen manylary berýär. Kurany Kerimde wahý sözi dürli manylarda ulanylýar:

«Zekeriýa mihrapda kowmunyň öňüne çykyp, olara ertir-agşam Allaha tesbih etmeklerini wahý etdi», (Merýem, 11), aýatynda yşarat;
«Hany hawarilere: «Maňa we Resulyma iman ediň» diýip wahý edipdik...», (Maide, 111)
«Rabbiň bal arysyna: «daglarda, agaçlarda taýýarlanan öýjüklerde öý tutun» diýip wahý etdi», (Nahl, 68)
«Musanyň ejesine: «Ony emdir...» diýip wahý etdik», (Kasas, 7) aýatlarynda ylham;
«Her bir pygamber üçin ynsan we jyn şeýtanlaryndan duşman ýaratdyk. Bular birini aldamak üçin bezegli sözler wahý ederler...», (En’am, 112), aýatynda pyşyrdama; was-was salmak, gizlin aýtmak;
«Soňra Allah ýedi asmany iki günde ýaratdy. Her bir asmana özlerine degişli aýratynlyklar wahý etdi», (Fussilet, 12),
«Şol gün Ýýer Rabbiniň oňa wahý etmegi bilen habarlaryny aňlatjakdyr», (Zilzal, 4-5) aýatlarynda emr etmek manylarynda ulanylýar.
Şeýle hem wahý – Allahyň pygamberlerine ençeme zatlary bildirmegi diýen manyny hem berýär. Bu dürli görnüşde bolup geçipdir.
«Allah hiç bir ynsan bilen ýüzbe-ýüz gürleşmeýär. Diňe wahý bilen ýa-da perdäniň aňyrsyndan gürleşýär, ýa-da bir ilçi iberip islänini oňa wahý edýär», (Şura, 51).

Bu aýatlara görä, wahý diňe pygamberlere mahsus däldir. Ýöne wahýyň pygamberlere mahsus görnüşi hem bardyr. Allah pygamberler bilen üç usul arkaly gürleşendigini mälim edýär. Olaryň biri wahý ýoludyr. Bu kalba atylan ylham ýa-da düýş arkaly bolup geçýär. Mysal üçin Allah hezreti Musanyň ejesine we ogluny gurban etmegi üçin hezreti Ibrahime şu görnüşde wahý edipdir. Beýlekisi: Allahyň haýsy-da bolsa bir ilçini araçy etmän, gönüden-göni pygambere habar bermegidir. Pygamberimize magrajda, hezreti Musa Sina dagynda şeýle usul bilen wahý edilipdir. Allahyň wahý etmeginiň üçünji görnüşi bolsa, pygamberlere meleklerden bir ilçi ibermek arkaly wahýyň ýetirilmegidir.

Kurany Kerimiň berýän maglumatlaryna görä, wahý hem hususy, hem-de umumy ulanylypdyr. Allahyň pygamberlere wahý etmegi hususy, ähli barlyklara şekil we wezipe bermegi olaryň ýerlikli hereket etmegi üçin käbir ýollar görkezmegi bolsa, umumy manydaky wahýdyr.

Halk arasynda wahý diýlende, hususy manydaky wahý akyla gelýär. Hususy wahý – Allah Tagalanyň gullaryna bildirmek islän hidaýet we emrlerini olaryň arasyndan saýlan pygamberlerine adaty bolmadyk çaltlykda hem gizlinlikde bildirmegidir.
Wahý pygamberleriň pygamberdigini görkezýän delilleriň hem biridir. Allah Tagala her pygamberine wahý edipdir.
«Şübhesiz, Biz Nuha, ondan soňky pygamberlere wahý edişimiz ýaly, saňa-da wahý etdik. Ibrahime, Ismaile, Ishaka, Ýakuba, onuň perzentlerine, Isa, Eýýuba, Ýunusa, Haruna, Süleýmana-da wahý etdik. Dawuda-da Zebury berdik. Has öň käbirlerini habar beren, käbirlerini habar bermedik pygamberlerimize-de wahý etdik. Allah Musa bilen hem gürleşdi», (Nisa, 163-164) aýaty muňa mysaldyr.

Wahýyň nähilidigine ynsanyň doly düşünmegi, oňa akyl ýetirmegi mümkin däldir. Ony diňe başyndan geçiren pygamber biler. Ol Allah bilen pygamberiň arasyndaky syrdyr. Käbir ynsanyň wahýy suratlandyrmagy körüň reňkleri suratlandyrjak bolşuna meňzär. Ýöne wahý inen wagty, şol ýerdäkiler pygamberde bolup geçýän alamatlary görüp biler. Meselem, sahabalar Pygamberimize wahý gelende, göwresiniň titreýändigini, ýüzüniň reňkiniň üýtgeýändigini, sowukda hem derleýändigini, käbir sesleriň eşidilendigini, agramynyň agralandygyny we şuňa meňzeş zatlary görendiklerini aýdypdyrlar, (Buhary, Müslim, Tirmizi).

Mugjyza

«Mugjyza» sözi – ejiz halda goýýan, adatdan daşary, täsin zat diýen manylary berýär. Dini taýdan bolsa, pygamberdigini aýdýanlaryň ony subut etmek üçin görkezýän, haýra, sagadata wesile boljak, täsin hadysalaryna diýilýär.

Mugjyza sözi Kuranda «aýet», «beýýine», «burhan» sözleri bilen düşündirilýär. Ilkinji döwür hadys alymlary mugjyza sözüniň ýerine «delail» we «alamat» sözlerini ulanypdyrlar.

Allahyň iberen her pygamberi töweregindäki ynsanlar tarapyndan dürli-dürli garşylanypdyr. Ynsanlar olardan pygamberligini tassyklaýan, göze görünýän, adatdan daşary, hiç kimiň başarmajak käbir alamatlary görkezmegini talap edipdirler. Pygamberler hem pygamberdigini subut edýän deliller hökmünde mugjyza görkezipdir. Mugjyzanyň delil bolmagy üçin, adaty ynsanyň ony görkezmekden ejiz bolmagy şertdir. Çünki, Allaha garşy ýalan sözläniň mugjyza görkezmegi mümkin däldir. Mugjyza adatdan daşary täsin bir hadysa bolup, sebäp we netije baglanyşygyny aradan aýyrýar. Ol gönüden-göni Allah tarapyn pygaberiň pygamberliginiň dogrudygyny subut edýän ilahi bir amaldyr.

Mugjyzada şu iki aýratynlyk bardyr:
1. Ol beşer kanunlaryna sygmaýar. Muny diňe ähli kanunlary ýaradyjy Hak Tagala edip biler.
2. Hak Tagalanyň gudratyny iň aýdyň şekilde görkezmek üçin, her pygamberiň mugjyzasy öz kowmunyň ösen ugry bilen baglanyşyklydyr. Meselem: hezreti Musa döwründe sihir (jadygöýlik, gözbagçylyk) gaty ösüpdir. Şol sebäpden, Hak Tagala Musa (a.s.) hasa berip, jadygöýleriň jadysyny ýok edipdir, olary ejiz hala düşüripdir. Hezreti Isa döwründe medisina ylmy has ösüpdir. Şonuň üçin Hak Tagala Isa (a.s.) doga körleriň gözüni açmak, kesellileri bejermek, ölüleri diriltmek, palçykdan guş ýasap uçurmak ýaly mugjyzalar beripdir.

Hezreti Muhammediň (s.a.w.) aýratynlyklary

Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle diýýär:
«Maňa menden owalky pygamberleriň hiç birine berilmedik bäş zat berlendir:
Bir aýlyk menzil uzaklykdan duşmanyň ýüregine gorky salmak. Ýer ýüzi maňa mesjit we arassa kylyndy. Şonuň üçin, ymmatymdan her kim namaz wagty nirede bolsa, şol ýerde namazyny okasyn. Olja menden owalkylara halal däldi, emma maňa halal kylyndy. Maňa şefagat etmek haky berildi. Menden owal her pygamber diňe öz kowmuna iberilipdir. Men bolsa tutuş adamzada ilçi edilip iberildim», (Buhary, Müslim,Tirmizi).

Allah Tagala umumy manyda her kese, hususy manyda bolsa her ymmata we pygambere aýratyn lutuf we yhsanlar edipdir. Hezreti Adama safwet (päklik) berlip, her bir zadyň ady öwredilendir. Hezreti Nuha göreş, birkararlylyk, azymet (takwalyk bilen amal etmek) berlipdir. Hezreti Ibrahime ençeme pygamberiň atasy bolmak bagty, towhyd yşky we hillet (aňrybaş dostluk) berlipdir. Hezreti Musa tälim-terbiýe, ijtimagy ylymlar we jemgyýet dolandyrylyşynda ukyplylyk, hezreti Isa adamzat gatnaşyklarynda ýumşaklyk, sabyr we çydamlylyk, geçirimlilik, rehim-şepagatlylyk we muhabbet bagyş edilipdir. Hezreti Muhammede (s.a.w.) we onuň ymmatyna beýleki pygamberlere yhsan edilen aýratynlyklaryň üstüne erk, irade, hikmet, muwazene (ölçeg), tälif-terkib (jemleýjilik) ýaly kämil we ajaýyp aýratynlyklar bagyş edilipdir. «Biz seni älemlere rahmet edip iberdik», (Enbiýa, 107) aýaty bolsa Pygamberimiziň ähli aýratynlyklaryny bir jümlede beýan edýär.