(Ebu Dawud, Ibni Maje)

"... Fiträni kim baýram namazyndan öň berse, bu makbul bir zekat, kim soň berse ýöne sadaka bolar..."

Ylmyhal>>Fytyr sadakasy

Fytyr sadakasy

«Fytr» sözüniň manysy «orazany açmak» diýmekdir. Fytyr sadakasy bolsa, Allahyň ynsana remezan aýynyň bereketinden peýdalanmak mümkinçiligini berenligi üçin, muňa şükranalyk hökmünde berlen sadaka diýmekdir. «Fiträniň» arapça asly bolan «fytra» ýaradylyş, fytrat manylaryny berýär. Bu jähtden fitre, fytyr sadakasy Allahyň bizi älemde iň beýik barlyk – ynsan hökmünde ýaradandygy üçin şüküriň we minnetdarlygyň bir görnüşidir. Bu gysga düşündirişimizden görnüşi ýaly, fitre bilen fytyr sadakasy manydaşdyr.

Fiträniň istilah manysy remezan aýynyň soňunda nisap mukdary mala eýe bolan musulmanlara bermäge mükellef edilen wajyp bir sadakadyr.
Fitre Pygamberimiziň Medinä hijretinden iki ýyl soň, oraza bile wajyp edilen ybadatdyr.
Fitre barada Pygamberimizden ençeme hadys rowaýat edilipdir. Olardan käbiri:
Ebu Said el-Hudri şeýle gürrüň berýär:
«Biz fitre zekatyny Resulullah aramyzdaka azyk önümlerinden (bugdaý) bir sa’, ýa-da hurmadan, ýa-da arpadan, ýa-da kişmişden bir sa’, ýa-da keşkden (ýagy alnan süýt bilen garylyp, guradylan un) bir sa’ bererdik. Men ömrüm ötünçä fiträmi berjekdirin», (Ahmet b. Hanbel).

Abdullah b. Salebe şeýle gürrüň berýär: «Resulullah (s.a.w.) remezan baýramyndan bir ýa-da iki gün öň eden wagzynda şeýle aýtdy: «Bugdaýdan, arpadan ýa-da hurmadan bir ölçeg (sa’) azat, gul, uly-kiçi – her kes sadaka bersin», (Ahmet b. Hanbel).

Ibni Abbas: «Resulullah: «Fytyr zekatyny (fiträni) orazalyny peýdasyz sözlerden we amallardan, erbet we biderek gepleriň hapasyndan tämizleýji, pakyrlara-da azyk hökmünde farz kyldy. Fiträni kim baýram namazyndan öň berse, bu makbul bir zekat, kim soň berse ýöne sadaka bolar» diýip gürrüň beripdir, (Ebu Dawud, Ibni Maje).

Fiträniň hikmetleri

Fitre hakynda Ibni Abbasyň gürrüň beren hadysyndan ugur alyp, fiträniň hikmetlerini şahsyýet we ijtimagy taýdan şeýle düşündirmek bolýar:

a) Şahsyýet taýyndan:
Oraza tutýan kişi beşer bolandygy üçin orazaly halyna ynsana mahsus säwlikleri edip biler. Bular oraza ybadatyna egsiklik getirmekdir. Bu egsikligiň düzedilmegi ybadatyň kämil bolmagy üçin hökmandyr. Bu nukdaýnazardan fitre orazany kämillige ýetirýän ybadatdyr. Şol sebäpli, käbir alymlar fiträni namazdaky sehiw seždesine meňzedipdir.
Oraza temasyna degişli bölümde nygtap geçilişi ýaly, oraza diňe belli bir wagtyň aralygynda iýmek-içmekden, jynsy gatnaşykdan saklanmakdan ybarat däldir. Ynsan bulardan başga göz, gulak, el, aýak, hatda ähli duýgularyna oraza tutdurmalydyr. Ol ybadatyny pygamberlere, salyhlara, syddyklara mynasyp derejede amal edip, seýrek ynsanlaryň ýeten belentliklerine ýetmäge mümkinçilik gazanmalydyr.

b) Ijtimagy taýyndan:
Fitre baýram günlerinde garyp kişiniň hem saçagynyň dürli nygmatdan doly bolmagyna hem-de has gowy egin-eşik almagyna mümkinçilik döredýär. Şeýlelik bilen jemgyýetde baý-garyp biri-birine has ýakynlaşýar. Aradaky husytlyk, bahyllyk duýgulary azalyp, ýürekler ýumşaýar, başgalara kömek etmek, mähribanlyk duýgusy artýar. Belki-de şol sebäpden fiträniň berilmeli mukdary az goýlup ýeňilleşdirilendir. Şeýlelikde, has köp kişiniň başgalara kömek etmek lezzetini datmagyna mümkinçilik döredýär.
Ilki göräýmäge sähelçe, ýeňil hem gymmatsyz ýaly görünýän fitre emri umumy ölçegde seredilende hem maddy, hem-de san taýyndan ägirt uly mukdara ýetýär. Meselem, yslam älemindäki bir milliard çemesi adamyň ýarysynyň fitre berýändigini göz öňüne getirseň, jemgyýetiň gatlaklarynyň arasynda rehim-şepagat we mähir duýgularynyň näderejede mäkämleşýändigi köre hasadyr. Şeýle guramaçylyk talap edýän işiň bütin dünýä derejesinde ähli musulmanlaryň arasynda berjaý edilmegini gurnamak ynsanyň özüne gaty agyr düşerdi. Ýöne bu emriň uly diwandan – Allah tarapyn, bolmagy gaty kyn görünýän, şeýle çylşyrymly we ählumumy işi gaty aňsatlaşdyrýar.

Fiträniň hökümi

Ibni Omar şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz azat, gul, erkek-aýal – her bir musulmana arpadan ýa-da hurmadan bir ölçeg (sa’) fytyr sadakasyny bermegi farz kyldy», (Buhary, Müslim). Bu rowaýata we başga rowaýatlardaky «emr etdi» sözüne daýanyp, Ymam Şafygy, Ymam Mälik we Ahmet b. Hanbel fiträniň farzdygyny aýdypdyrlar. Hanefi mezhebine görä bolsa, fitre wajypdyr. Ýöne hanefilere görä, farz we wajyp arasynda amal taýyndan hiç hili tapawut ýokdur. Diňe ygtykat taýyndan tapawut bardyr. Ol bolsa wajybyň zanny delil bilen subut edilýändigi üçin, muny inkär eden käfir bolmaz, emma farzy inkär eden käfir bolýar we dinden çykýar.

Jemläp aýtsak, fitre musulmana amal etmegi buýrulan maly ybadatdyr. Ony ýerine ýetirmedikden ahyretde hasap soraljagy ikuçsyzdyr.

Fitre bermegi wajyp kişiler

Fitre barada aýdylanlary göz öňünde tutup, hanefilerden beýleki üç mezhep ymamy kişiniň fitre bermegi üçin zekatda bolşy ýaly, nisap mukdary mala eýe bolmalydygyny şert goşmandyrlar. Muňa görä, öý, öý goşlary we asly zerurlykdan başga bir günlük azygyndan artyk zady bolan kişiler, hem özi, hem içerisi üçin fitre bermelidir.

Hanefi mezhebine görä, fitrede-de edil zekatda bolşy ýaly, nisap bardyr. Ýöne mundaky nisap zekatdan tapawutlydyr. Fitrede malyň girdeji getirýän söwda harydy bolmagy hökman bolmaýşy ýaly, üstünden bir ýylyň geçmegi hem gerek däldir. Muňa görä, asly zerurlykdan başga 200 dirhem (595-640 gr.) kümşe, ýa-da munuň hümmetindäki pula ýa-da, başga bir baýlyga eýe bolan her musulman fitre bermelidir.

Başgaça aýdanymyzda, hanefi mezhebine görä, şeýle ýagdaýdaky bir musulmanyň zekat almagynyň haram bolşy ýaly, fitre bermegi we gurban kesmegi wajypdyr. Şeýle hem, bu ýagdaýdaky kişiler, gyzu-oglan çagalarynyň maly bar bolsa, olaryň mallaryndan, ýok bolsa, öz malyndan fitrelerini bermelidir. Hanefi mezhebine görä, aýallar öz fitrelerini özi töleýär. Beýleki üç mezhebe görä bolsa, fitre nafaka dahylly bolany üçin, ärleri aýallarynyň fitresini tölemelidir.

Däli çaganyň fitresini kakasy tölemeli. Eger çagalaryň kakasy ýogalan bolsa, olaryň fitresini bermek atasyna wajypdyr.

Elinde fitre bermägä ýeterlik maly bolan kişiniň bergisi bar bolsa we onuň möhleti ýakyn bolsa, fitresini bermän bergisini üzmelidir. Eger-de bergisiniň möhleti daş bolsa, onda fitresini bermelidir.

Bir uzur sebäpli oraza tutmadyklar hem fitre bermelidir.

Fiträniň mukdary

Ygtybarly hadys kitaplarynda fiträniň haýsy zatlardan näçe mukdarda berilmelidigi baradaky rowaýatlaryň dürli-dürlüdigine garamazdan, bir bütewilik hem bardyr. Muňa görä, asry sagadatda arpadan, hurmadan, kişmişden, undan bir ölçeg (sa’) fitre berlipdir. Ýöne Ibni Omaryň bellemegine görä, bir sa’ arpa, ýa-da hurma bilen ýarym sa’ bugdaýy deň hasaplapdyrlar. Bularyň bahalarynyň deň bolandygy üçin, ýarym sa’ bugdaýy hem fitre hökmünde beripdirler. Ymam Agzam hezretleri Ibni Omaryň bu rowaýatyna daýanyp bugdaýdan ýarym sa’, beýlekilerden bir sa’ mukdarynda fitre bermelidigini belläpdir. Beýleki mezhep ymamlary bolsa bugdaýdan hem bir sa’ bermelidigini öňe sürüp, şol döwürde bugdaýyň Medinede gyt we gymmat bolandygyny belläpdirler.

Bir sa’ arpanyň, bugdaýyň we kişmişiň fitre bahasyny şeýle hasaplapdyrlar:
1 sa’ Kardawynyň takyklamagyna görä, 2,176 gramdyr.
Yraky bir sa’ 1040 şer’i dirhem, bu bolsa 910 örfi dirheme deňdir. 1040 şer’i dirhem 2917 grama deňdir. 1040 örfi dirhem bolsa, 3,333 grama deňdir.
Alymlar zekat nisabynda şer’i ölçegiň, fiträniň nisabynda bolsa örfi ölçegiň esas alynmagyny has makul görüpdirler.
Fitre ýokardaky önümlerdenem, olaryň hümmetine deň pul görnüşinde hem berlip bilinýär.
Yraky örfi ölçege görä hasap edilende:
bugdaý 1,667 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary,
arpa 3,333 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary,
kişmiş 3,333 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary.
Kardawynyň takyklamagyna görä, bu önümleriň hemmesinden bir sa’ fitre bermelidir.
bugdaý 2,176 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary,
arpa 2,176 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary,
kişmiş 2,176 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary.

Häzirki döwürde fitre

Pygamberimiziň döwründe fitre hökmünde şol döwrüň azyk önümleri berlipdir. «Fitre hökman arpa, bugdaý, kişmiş, un, hurma we ş.m.lerden berilmelimi? Bu meselede fykhy mezhepleriň arasynda üç sany aýry garaýyş bar.

a) Hanefi we hanbelilere görä, Pygamberimiz tarapyndan bellenilen bu azyk önümleri bar bolsa – şolardan, ýok bolsa beýleki önümlerden bermelidir.

b) Şafygylara görä, her kim öz aşhanasynda ulanýan önümlerini esas edinip, şoňa görä bermelidir.

ç) Mälikilere görä, her ýurtda, esasan, iýilýän azyk önümlerinden berilmelidir.

Beýleki tarapdan fitre mukdary belli dini guramalar tarapyndan kesgitlenip halka ýetirilýär. Käbir kişiler maddy ýagdaýlaryny hasaba alman, arpa, bugdaý ýaly bahasy iň arzan önümlerden fitre berýär. Bu garybyň zyýanynadyr, şeýle hem fiträniň wajyp edilmeginiň sebäp we hikmetine ters gelýän hereketdir. Adamlaryň köpüsi fitre meselesinde haýsy mukdary ölçeg edinmelidigini anyk kesgitläp bilmeýär. Aslynda, orta gatlakdaky kişileriň iýýän önümleri esas edinilip, bir garyp bir gün doýrulsa, fitre maksadyna ýeter. Arpa we bugdaýyň fitre mukdary pul görnüşine öwrülende juda az bolýar. Bu pul bilen garybyň doýmajagy bellidir.

Şonuň üçin häzirki döwrüň alymlary şeýle netijä gelýärler:
a) Hadyslarda aýdylýan azyk önümleriniň 2176 gr. ýa-da 3333 gr. hümmetiniň jeminiň ortaça bahasy;
b) Çörek we ortaça görnüşdäki nahar bilen bir garybyň bir gün doýup biljek mukdary;
ç) Her bir maşgala öz saçagynda iýýän azygyny hasaba alyp, ertirlik we agşamlyk nahar mukdary;
d) Ymam Mäligiň belleýşi ýaly, her bir ýurtda köp iýilýän azyk önümleri hasaba alnyp, fitre şoňa görä kesgitlenmelidir.
Ýöne fiträniň mukdary hadyslarda bellenilen arpa, kişmiş we ş.m.leriň bahasyndan pes bolmaly däldir. Ýogsa nasslara garşy gidildigi bolýar.
Jemläp aýtsak, garybyň bähbidi göz öňünde tutulmaly, beriljek fitre mukdary öz gündelik nahar çykdajylarymyzyň derejesinden pese düşmeli däldir.

Fiträniň tölenmeli wajyp wagty

Hanefi mezhebine görä, fitre baýram güni daň agarmagy bilen şertleri bolan kişä wajypdyr. Beýleki üç mezhebe görä remezanyň soňky güni agşam Gün ýaşandan soň farz bolýar.
Remezanyň soňky güni, Gün ýaşandan soň aradan çykan kişiniň üç mezhebe görä fitre bermek borjy bardyr. Mirasdarlary onuň terekesinden bu borjy hökman tölemelidir. Ymamy Agzama görä bolsa, bu ýagdaýda hiç zat gerek däldir. Munuň sebäbi fitre oňa heniz wajyp dälkä, onuň aradan çykmagydyr.
Ibni Omaryň rowaýat eden hadysynda Pygamberimiziň fiträni baýram namazyndan öň berilmelidigini aýdandygy bellenýär. Bu hadysa daýanyp, fykyh alymlary fiträniň baýram namazyndan soňa goýulmagyny mekruh saýypdyr. Muňa garamazdan, hanefi mezhebi baýram namazyndan öň berilmedik fiträniň soňky günlerde berilse-de dürsdügini ündeýär.
Aslynda Pygamberimiziň emri, sahabeýi kiramyň durmuşdaky amaly, fiträniň wajyp edilmegindäki sebäp we hikmetler onuň baýramdan soňa goýulmazlygynyň gerekdigini görkezýär. Allahyň we Onuň Resulynyň emrlerine laýyk borjuny berjaý edýän musulmanlar, fiträni öz wagtynda bermäge uly ähmiýet bermelidir.
Fitre wagtyndan öň hem berlip bilner. Bu meselede on bäş gün, bir aý diýip çäklendirenleriň bolşy ýaly, Ymamy Agzama görä, bir ýyl öňünden hem berlip bilner.

Fiträniň berilmeli ýerleri

Fitre – Tewbe suresiniň 60-njy aýatynda beýan edilýän zekat berilýän ähli gatlaklara berlip bilinýär. Fitre nisap mukdaryndaky mala eýe bolan kişilere berilmeýär. Eneňe, ataňa, ejeňe, kakaňa çagalaryňa, aýalyňa... garaz, eklemek borjuň bolan adamlara zekat we fitre bermek jaýyz däldir.
Mükellef fiträni ýaşaýan ýerindäki ýakyn we daş garyndaşlaryna we goňşularyndan başlap mätäçlere paýlap bilýär. Eger ýaşaýan ýerinde mätäç kişi ýok bolsa, başga ýurtlardaky salyh mü’minlere iberip bilýär.
Fitre berlende girdejisi çykdajysyna ýetmeýän, ýöne ýagşy ahlakly, edep-ekramly kişiler ýa-da yslama bolan yşk we şöwkden doly okuwçydyr talyplar saýlanmalydyr.
Fitreler birnäçe adama paý edilse-de bolýar, ýöne hanefi mezhebiniň salgy berşi ýaly, kişi fitresini bermäge borçly adamlarynyň ählisiniň fitresini jemläp, bir kişä berse has göwnejaý bolar. Şeýle edilse, berlen zat mätäjiň islegini gowy kanagatlandyrar.
Fitre berlen wagty hökman niýet etmelidir. Fitre mukdaryndaky mal ýa-da puly bölüp goýmak hem niýet hökmünde ýeterlikdir. Fitre berlen adama, fitredigini aýtmak hökman däldir.