(Buhari, Muslim)

«Janly-jandarlardan her bir barlyga edilen ýagşylygyň sogaby bardyr»

Ylmyhal>>Nafile sadaka

Nafile sadaka

Allahyň razylygy üçin garyp mätäçlere berilýän mal, pul, ylym ýaly ynsanyň mätäç bolan zadyna sadaka diýilýär. Sadaka farz, nafile ýaly, ähli ýardamlary öz içine alýandygy üçin, zekata-da sadaka diýilýär. Ýöne sadaka diýlende ilki ýadyňa düşýän nafile sadakadyr.

Farz bolan zekat we wajyp bolan fytyr sadakasyndan başga islendik wagtda Allah üçin berlen her bir zat sadakadyr. Bu sadakada nisap mukdary, baý we garyplyk, wagt şerti ýokdur. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:

«Kimde-kim Allaha ýagşy karz berse, Allah onuň berenini köp esse artykmajy bilen gaýtarar», (Bakara, 245). Pygamberimiz bolsa, bir hadysy şerifinde şeýle buýurýar: «Kimde-kim bir ajy doýursa, Allah oňa jennetiň miwelerini iýdirer. Kimde-kim suwsuz bir mü’mine suw berse, Allah Tagala kyýamat gününde arassa içgi içirer. Kimde-kim bir egni ýalaňaç birini geýindirse, Allah oňa jennetiň ýaşyl eşiklerinden geýindirer», (Ebu Dawud Tirmizi). Başga bir hadysy şerifinde bolsa, Pygamberimiz: «Gul halal gazanjyndan sadaka berse, Allah şol kişiniň sadakasyny kabul eder. Ol sag eli bilen alyp, Siziň biriňiziň taýjagazy ösdürip ulaldyşyňyz ýaly ulaldar. Bir kişi bir lukmany sadaka hökmünde berse, ol Allahyň öňünde ulalyp dag ýaly bolar. Onda sadaka beriň!», (Buhary, Müslim, Tirmizi).

Sadaka bermek käwagt haram, käwagt wajypdyr. Meselem: sadaka berlen kişiniň muny erbet tarapa harçlajakdygy bilinse, oňa sadaka bermek haramdyr. Kyn ýagdaýdaky biriniň mätäçligini kanagatlandyrmak bolsa wajypdyr.

Nafile sadakasynyň gizlin berilmegi has fazyletlidir. Çünki Allah Tagala bir aýaty kerimede şeýle buýurýar:

«Allah razylygy üçin eden maddy kömekleriňizi açyk berseňiz ne gözel. Ýöne bu haýyrlaryňyzy mätäçlere gizlinlikde ýetirseňiz, bu siziň üçin has haýyrlydyr. Allah şol sebäpli siziň günäleriňiziň käbirini bagyşlar», (Bakara, 271). Buhary we Müslimde Ebu Hureýräniň gürrüň beren bir hadysynda: «Allahyň saýasyndan başga saýanyň bolmajak kyýamat gününde arşyň kölegesinde saýalajak ýedi topar adamdan biri-de sag eliniň beren sadakasyny sol eli duýmadyk kişidir». Taberani bolsa «Sagyr» atly kitabynda şeýle hadysy rowaýat edipdir: «Gizlin berlen sadaka Rabbiň gazabyny öçürer».

Sadakanyň remezanda berilmegi has fazyletlidir. Enesiň (r.a.) gürrüň beren bir hadysyna görä: «Pygamberimizden haýsy sadakanyň has fazyletlidigi soralýar. Ol: «Remezanda berlen sadaka» diýip jogap beripdir», (Tirmizi).

Sadaka berlende zerur wagty we mätäçlik çekilýän zatlardan sadaka bermek has laýygydyr. Sadakanyň iň fazyletlisi garyba gizlin berleni, şeýle hem malyň az hem bolsa, özüňe dözüp beren sadakaňdyr. Ýöne kişiniň malynyň hemmesini sadaka berip, özüni we maşgalasyny kyn güne goýmagy dogry däldir. Şonuň üçin Pygamberimiz: «Sadakanyň iň haýyrlysy ýagdaýyň bolanda berlenidir. Onda sadaka bermäge ilki maşgalaňdan başla», (Buhary: Müslim). Başga bir hadysynda bolsa: «Kişiniň eklenjindäkilere seretmezligi, oňa günä hökmünde ýeterlikdir» diýipdir, (Ebu Dawud Nesaýy). Diýmek, kişiniň gereginden artygyny sadaka hökmünde bermegi mustahapdyr.

Sadakanyň ulusy-kiçisi ýokdur. Çünki Allahyň dergähinde haýryň azy hem köp hökmünde kabul edilýär. Allah kabul eden bolsa, ol sadaka az däldir. Kurany Kerimde: «Zerreçe haýyr eden onuň gaýtargysyny görer», (Zilzal, 7). Sadakalar günälere keffaret, dowzah oduna garşy penadyr. Pygamberimiz bir hadysynda «Ýarym hurma-da bolsa sadaka berip, jähennem odundan goranyň. Ony-da tapmasaňyz süýji söz aýdyň» diýipdir. (Buhary, Müslim). Serwerimiz ýene bir hadysynda şeýle diýýär: «Eý, musulman aýallar, bir aýal goňşy aýala goýnuň kellebaşaýagy bolsa-da, hödür-kerem etmegi kiçilik bilmesin», (Buhary, Müslim). Nesaýyda şeýle bir waka gürrüň berilýär:

Pygamberimiz: «Bir dirhem ýüz dirhemden hem gymmatlydyr» diýende, ýanyndaky biri: «O nähili beýle bolýar?» diýip sorapdyr. Pygamberimiz:

– Maly köp biri baýlygynyň ujundan ýüz dirhemi sadaka berýär, başga biri barja iki dirheminden birini sadaka berýär – diýip düşündiripdir.

Sadaka kimlere berilmeli

Sadaka berlende mätäçleriň arasyndan salyh kişileri saýlamak mustehapdyr. Ynsan dilegçini-de boş gaýtarmaly däldir. Elinden geldigiçe ony razy etjek bolmalydyr. Pygamberimiz: «Dilegçi sadyk bolup, hakykatdan mätäç bolsa, ony yzyna gaýtaran pena tapmaz» diýipdir. Hezreti Isa bolsa: «Dilegçini eli boş gaýtaran öýe bir hepdeläp melekler gelmez» diýipdir.

Sadaka berlende iň fazyletlisi iň ýakyn garyndaşlara, soňra goňşulara bermekdir. Kurany Kerimde: «Garyndaşyň bolan ýetime ber», (Beled, 15) diýlip bellenýär. Pygamberimiz Abdullah b. Mesudyň aýaly Zeýnebe şeýle diýipdir: «Adamyň we çagalaryň sadakaňa has laýyk kişilerdir», (Buhary, Müslim). Başga bir hadysda: «Ýoksula beren sadakaň bir sadaka sogaby bardyr, garyndaşlaryňdan bolan ýoksula beren sadakaň iki sadaka sogaby bardyr. Olaryň biri sadaka, beýlekisi garyndaşyňa ýagşylyk sogabydyr»,
(Ibni Maje, Tirmizi, Ahmet b. Hanbel) diýilýär.

Buharyda hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda bolsa şeýle diýilýär: Pygamberimiziň huzuryna biri gelip: «Meniň iki goňşym bar. Bulardan haýsysyna sowgat bereýin?» diýip soraýar. Pygamberimiz: «Haýsysynyň gapysy saňa has ýakyn bolsa, şoňa ber» diýip jogap beripdir. Alymlar zekatyň, keffaretiň, neziriň, wesýetiň we sadakanyň paýlanylmagynda bu hadysy esas edinipdirler. Şonuň üçin garyndaşyňy öňde goýmak mustahapdyr. Hatda kişiniň sadakasyny özüne has duşmançylykly garaýan garyndaşyna bermegi mustahapdyr diýlipdir. Munuň sebäbi onuň ýüreginden kinesini gidermekdir.

Sadaka berlende has mätäç kişini saýlamak mustahapdyr. Sadaka gaýry dindäki adama hem berlip bilinýär. Pygamberimiziň bir hadysynda: «Janly-jandarlardan her bir barlyga edilen ýagşylygyň sogaby bardyr» (Buhary, Müslim) diýilýär.

Aradan çykan garyndaşyň adyna hem sadaka berilýär. Jynaza bölüminde düşündirişimiz ýaly, merhum üçin nahar iýdirmek, suw içirmek, geýindirmek, pul paýlamak ýaly sadaka bermegiň ölä peýdasy degýändir. Şeýle hem doga-dileg etmegiň hem peýdasy ummasyzdyr. Doga edilende: «Allahym, oňa rahmet et! Allahym ony bagyşla!» diýmek fazyletlidir.

Bergili we güzeranyny zordan aýlaýan kişiniň sadaka bermegi dürs däldir. Onuň üçin öz içersiniň ryzkyny gazanmak nafile sadaka hökmündedir.

Nafile sadaka bereniňde, sogabyny ähli musulmanlara bagyşlamak iň ýagşy görülýänidir. Çünki sadakanyň sogabyndan olara-da ýeter, öz sogabyňdan hem hiç zat kemelmez.

Sadakanyň edepleri

Sadakanyň göwnüňden joşup berilmegi mustahapdyr. Çünki, munda sogabyň köpelmegi we biriniň göwnüni götermek düşünjesi bardyr. Sadaka bereniňde besmele aýtmak sünnetdir. Alymlar: «Sadakanyň sogabynyň kem bolmazlygy üçin, sadaka beren kişi, sadaka berlen kişiden hatda doga-dileg hem tamakin bolmaly däldir. Eger sadaka berlen kişi sadaka berene doga etse, munuň zeleli ýokdur. Sadaka bereniň hem oňa doga bilen jogap bermegi mustahapdyr» diýipdir.

Şübheli malyň sadaka berilmegi mekruhdyr. Kişiniň haram we şübheden uzak malyny saýlamagy mustahapdyr. Pygamberimiz bir hadysynda: «Halal gazançdan her kim bir hurma dänesini sadaka berse, Allah onuň halalyndan başgasyny kabul etmez. Allah ony sag eli bilen alyp, siziň biriňiziň taýjagazy ösdürip ulaldyşyňyz ýaly ulaldar, dag ýaly eder», (Buhary, Müslim).

Bir kişiniň haramdygy anyk maly sadaka bermegi, haýyr-hasenat etmegi dürs däldir. Muny halal saýyp, sogabyna garaşmagy bolsa, kişini küfüre elter. Çünki haram zady halal saýmak küfürdir, haramda sogap hem ýokdur.

Bilip, bilgeşleýin ýaramaz maldan sadaka bermek mekruhdyr. Kişiniň iň halaýan zadyny sadaka bermegi mustahapdyr. Berlen sadakany diliňe çolamak onuň sogabyny ýitirer. Mätäç däl biriniň sadaka islemegi bolsa haramdyr. Sadaka diňe Allahyň razylygy üçin berilýär.

Sadakany alan adam ony çem gelen ýere harçlamaly däldir. Ýöne sadakany tanaman laýyk däl kişä bermek onuň sogabyny kemeltmez. Çünki, esasy möhüm zat – bereniň ýagşy niýeti, yhlasy we çyn ýürekden berýänligidir. Bu mesele bilen baglanyşykly şeýle rowaýat aýdylýar:

Gadym döwürde Israil ogullaryndan bir kişi: «Şu gije Allahyň razylygy üçin sadaka berjek» diýip öýünden çykýar. Sadakany bilmän bir ogra berýär. Ertesi halk: «Bu gije bir ogra sadaka berlipdir» diýip gürrüň edýär. Şonuň üçin sadaka berýän kişi: «Allahym ogra sadaka berenim üçin Saňa hamd edýärin. Hökman makbul bir sadaka berjek» diýip, ýene öýünden çykýar-da bir bozuk aýala sadakasyny berýär. Bu gezek halk: «Öten agşam bir bozuk aýala sadaka berlipdir» diýip gürrüň edýär. Ýalňyşan kişi «Allahym zyna edýän aýala sadaka berenim üçin Saňa hamd edýärin. Hökman makbul bir sadaka berjek» diýip, ýene öýünden çykýar. Bu gezek ol sadakasyny bir baýa berýär. Bu gezek halk: «Öten agşam bir baýa sadaka berlipdir, heý, beýle-de zat bolarmy?» diýip gürrüň edýär. Sadaka beren kişi «Allahym, ogra, zyna edýäne, baýa sadaka berenim üçin Saňa hamd edýärin» diýýär. Bu kişä düýşünde şeýle buşluk habary aýdylýar:
– Seniň ol beren sadakalaryň belki-de, ogryny ogurlykdan, bozuk aýaly zynadan ýüz öwürdip, ýagşy we namysjaň ynsan bolmaklaryna sebäp bolar. Baý bolsa senden görelde alyp, malyny Allahyň razyçylygy üçin harçlar diýip, umyt edeli.