... Zekaty berýän adamyň hut özüniň gowşurmagy hökman däldir. Ol birini wekil edinip bilýär...

Ylmyhal>>Zekatyň berilmeli wagty we usuly

Zekatyň berilmeli wagty we usuly

Zekaty zekat beriljek toparlara deň mukdarda paýlamak şert däldir. Bulardan diňe birine bermek hem ýeterlikdir. Zekaty berýän, berjek adamyny gowy tanap, oňa zekatyň düşýändigini anyklamalydyr.

Zekaty berýän adamyň hut özüniň gowşurmagy hökman däldir. Ol birini wekil edinip bilýär.

Zekat berlende niýet şertdir. Çünki bu bir ybadatdyr. Ýöne berlen şahsa malyň zekatdygyny aýtmak hökman däldir. Zekat farz ybadat bolany üçin, ony gizlemän bermek has fazyletlidir. Çünki şeýle etmek başgalara nusga bolup, olary hem höweslendirýär. Zekat farz amal bolany üçin başgalara görkezilmeginde ryýa ýokdur. Nafile hökmünde berlen sadakanyň gizlin berilmegi has fazyletlidir.

Farz bolan zekat – hem Allaha tagatyň bir nyşany, hem haçan geljegi gizlin ajal sebäpli, ahyrete borçsuz gitmek üçin, gijikdirilmän berjaý edilmegi zerur ybadatdyr. Şeýle hem zekat almaga hakly kişiniň haky saklanmaýar. Bu ätiýaçlylyk we sogap taýyndan has laýygydyr. Umuman, mezhepleriň ählisiniň ündeýşine görä, zekat wagtyňdan iki aý gijikdirilip bilner.

Hatda hanefilere görä, zekatyny sebäpsiz bermedikleriň şaýatlygy kabul edilmeýär we beýle kişi günäkär saýylýar.

Beriljek malyň özüni hem, bahasyny hem, zekat hökmünde bermek bolýar.

Üstünden bir ýyl geçmek şerti bolan pul we söwda harytlarynyň zekatyny wagtyndan öň hem bermek bolýar. Bu meselede hiç hili çäklendirmek ýokdur. Ýöne gök önümler, miweler, magdanlar ýaly bir ýyl geçmek şerti bolmadyk mallaryň zekaty öňüňden berlip bilinmez.

Zekat bermekde esasy usul, ony ýaşaýan ýeriňde paýlamakdyr. Başga ýerlere iberilmegi mekruhdyr. Ýöne kişi mätäçlik çekýän ýakynlaryna, has mätäçlikde ýaşaýan musulmanlara, has bähbitli ýere, musulman däl ülkeden yslam diýaryna, ylym adamlaryna we okuwçydyr talyplara iberip bilýär.

Zekatda mürury zaman, ýagny könelmek diýlen zat ýokdur. Zekat borjy ýyllaryň geçmegi bilen kişiniň boýnundan aýrylýan däldir. Zekat borjy bolan kişi muny ömrüniň dowamynda islendik wagt töläp bilýär.

Diňe kişi ölen ýagdaýynda zekat borjy boýnundan aýrylýar. Zekatyny bermän ölse, şol wagt günäkär bolýar. Şonuň üçin zekaty gijikdirmän bermek has gowusydyr.

Zekat borjy bolan kişi bu borjy ölmeziniň öň ýany üzmegi wesýet eden bolsa, terekäniň 1/3-inden tölenýär. Terekäniň bu mukdary zekat borjuny tölemäge ýetmeýän bolsa, mirasdarlardan alnyp berilmeýär. Ýöne mirasdarlar öleniň zekat borjuny, wesýet etse-etmese, öz paýlaryndan teberru (bagyşlamak) görnüşinde berseler has gowudyr.

Zekat zimmete, ýagny mal eýesine däl-de, malyň göni özüne degişlidir. Şonuň üçin bir mal zekaty wajyp bolandan soň, öz-özünden zaýa bolsa, onuň zekaty eýesiniň egninden aýrylýar. Ýöne mal eýesi bilgeşleýin maly harçlasa, meselem, birine bagyşlasa ýa bir zat alyp berse.., malyň zekatyny bermeli bolýar.

Bir kişiniň zekaty, meselem: müň manat bolup, ýalňyşlyk bilen iki müň manat berse, onuň bu artyk bereni indiki ýylky zekaty saýylyp bilinýär.

Bir kişi malynyň zekatyndan bir garybyň borjuny onuň rugsady bilen tölese, zekatyny beren hasaplanýar. Ýöne garypdan rugsat alman tölese, zekat berildigi hasap edilmeýär.

Bir kişä berip bolýan zekatyň iň ahyrky mukdary Ymam Agzama görä, nisap mukdaryndan az, Ymam Ebu Ýusufa görä, nisap mukdarydyr. Ymam Mälik we Ahmet b. Hanbele görä bolsa, döwrüň şertleri we garybyň ýagdaýy göz öňünde tutulmalydyr. Ymam Şafyga görä bolsa, sekiz topardan iň azyndan üçüsine bermelidir.

Bu meselede döwrüň şertleri göz öňünde tutulyp, zekat alan kişini kyn ýagdaýdan halas edip, ony zekat berip biljek derejä ýetirmek has laýygydyr.