Baýlaryň eklenjindäki maşgala agzalary hem baý saýylýar we olara zekat düşmeýär.

Ylmyhal>>Zekat almagy jaýyz däller

Zekat almagy jaýyz däller

Zekat şahs we jemgyýet durmuşynda ençeme maksatlary amal etmek üçin farz edilendir. Şol sebäpli, bu maksatlara hyzmat etmejek ýerlere ýa-da şahslara zekat berilmeýär. Bular:

1. Baýlar.
Baýlaryň eklenjindäki maşgala agzalary hem baý saýylýar we olara zekat düşmeýär.

2. Güýç-kuwwatyny ýitirmedik, işläp gazanyp biljekler.
Bu kişiler zekat alyp bilmez. Ýöne güýç-kuwwaty ýerinde bolup, işlemäge mümkinçilik tapmadyk, nisap mukdary mala-da eýe bolmadyk kişiler zekat alyp bilýärler.

3. Musulman däller.
Allahyň barlygyny, birligini, pygamberleri, ahyreti inkär edenlere, musulmanlara garşy göreşýänlere, yslamy terk eden mürtedlere hiç hili ýagdaýda zekat berilmeýär.
Ýöne nafile sadakalardan musulman dällere-de berip boljakdygy meselesinde alymlar biragyzdan ittifak edýärler.

4. Garyndaşlar.
Bu meseläniň üstünde has giňişleýin durup geçeliň.
a) Usul-furug – kişiniň ene-atasy, ýa-da perzendi we agtyklary diýmekdir. Bu şahslaryň eklenji boýnunda borç bolany üçin, kişi olara zekat berip bilmeýär.
Şafygy mezhebinde diňe borjuny ödemek maksady bilen usul-furug biri-birine zekat berip bilýär.
b) Ýanýoldaş.
Är aýalyna zekat berip bilmeýär. Ýöne baý aýal garyp ärine (Ymam Ebu Ýusuf, Ymam Muhammet we beýleki mezhep ymamlaryna görä) berip bilýär.
c) Beýleki garyndaşlar.
Dogan, aga, daýy, daýza ýaly garyndaşlara hanefi we hanbeli mezhebine görä zekat bermek jaýyzdyr. Şeýle hem ynsan bu garyndaşlaryna zekat bermek bilen diňe farzyny ödemän, olara ýagşylyk etmek sogabyny hem gazanýar.
Giýew, gaýyn ata, gaýyn ene biri-birine zekat berip bilýär.

5. Pygamberimiziň ýakynlary.
Pygamberimize we Onuň maşgala agzalaryna, garyndaşlaryna zekat we sadaka düşmeýär. Hanefi we hanbeli mezheplerine görä, özlerine sadaka we zekat almak jaýyz bolmadyk Haşimogullary şulardyr:
Hezreti Aly bilen onuň doganlary Akil we Jaferiň neslinden gelenler, hezreti Abbas bilen Haris b. Abdulmuttalibiň nesilleri.
Ymamy Agzam, Mäliki we Şafygy mezhebiniň käbir alymlaryna görä, döwlet býujetinden özlerine aýrylan paýdan mahrum edilen wagty Haşimogullaryna zekat almak jaýyzdyr. Munuň sebäbi, olary kyn, mätäç ýagdaýa salmazlyk üçindir. Käbir alymlara görä bolsa, Haşimogullaryna nafile sadakalar halaldyr.