Engam süresi, 141-nji aýat

«Her hasyl ýetişende iýiň, ýygnalanda zekatyny hem beriň. Isrip etmäň. Çünki Allah isrip edenleri söýmez»

Ylmyhal>>Zekata degişli mallar we olaryň mukdary

Zekata degişli mallar we olaryň mukdary

Zekata degişli mallar bäş görnüşdedir.

1. Haýwanlaryň zekaty

Zekat berilýän haýwanlar: goýun, geçi, sygyr, düýe we atdyr. Yslam dini zekat taýyndan haýwanlary «saime» we «alufe» diýip iki görnüşe bölüpdir.

Saime – ýylyň ýarysyndan köpüsini meýdanda otarylyp, eklenç üçin peýdalanmak, köpeltmek niýeti bilen bakylýan mallardyr. Bulardan zekat bermek üçin şu şertler gerekdir:
Bu haýwanlaryň sany diniň bellän nisap mukdaryna ýetmelidir. Şeýle hem olar eýesiniň elinde bir ýyl saklanmalydyr. Çünki ýyl aýlanmasa, bu mallar köpelmeýär.

Şonuň üçin ýylyň dowamynda haýwan satylyp, ýa-da bagyşlanyp, ýerine täzeden başga mal alynsa, ýa-da görnüşleri çalşylsa, nisabyň üstüni ýetirmek üçin soňky alnan haýwanlaryň üstünden bir ýyl geçmelidir. Bu meselede olaryň satyn alnan wagty göz öňünde tutulýar.

Alufe – ýylyň köp böleginde agylda iýmlenip saklanýan mallardyr. Bu mallaryň hökmi söwda harytlarynyňky ýalydyr. Bu mallar söwda maksady bilen däl-de, diňe eklenç üçin saklanýan bolsa, bulardan zekat berilmeýär. Ýöne bularyň süýdüni, süýt önümlerini, ýüňüni, etini we özüni satyp gazanylan puluny beýleki zekat mallaryna goşup, pul ýa-da söwda harydy hökmünde zekaty berilmelidir. Eger söwda maksady bilen saklanýan bolsa, olaryň girdejisinden zekat berilýär.

Yslamda maldarçylygy ösdürmek niýeti bilen alufe mallardan saime ýaly zekat alynmandyr.

Saime mallaryň zekaty
Sygryň zekaty
Saime bolan sygyryň nisaby otuzdyr. Otuzdan az bolsa, zekaty ýokdur.
Sygryň sany 30-dan 39-a çenli aralykda bolsa, iki ýaşyna ýeten öküz ýa-da tüwe zekat berilýär.
40-59 çenli – üç ýaşyndaky sygyr ýa-da öküz;
60-dan köp bolan sygryň zekaty her 30-dan ýa-da her 40-dan hasap ýöredilýär. Ýagny her 30 sygyr üçin iki ýaşyna ýeten, her 40 sygyr üçin bolsa, üç ýaşyna ýeten sygyr ýa-da öküz berilýär.

Goýun-geçiniň zekaty
Goýnuň we geçiniň zekaty meňzeşdir. Nisaby jemlemek üçin biri beýlekisiniň üstüne goşulyp bilinýär. Nisaby kyrkdyr. Kyrkdan az bolsa zekat düşmez. Goýun we geçiden haýsysy köp bolsa zekat şondan, sany deň bolsa, isläniňden berilýär.
40-120 çenli, bir goýun;
121-200 çenli, iki goýun;
201-399 çenli, üç goýun;
400-499 çenli, 4 goýun;
Mundan soň, zekat her ýüz goýundan bir goýun artdyrylýar. Goýun-geçiniň sany nisap mukdaryndan az bolsa, guzy we owlak hasaba alynmaýar. Eger nisap mukdaryna ýeten bolsa, olar hem hasaba alnyp, zekaty berilmelidir.

Düýäniň zekaty
Düýäniň zekat nisaby bäşdir. Düýäniň sany bäşden az bolsa, zekat berilmeýär. Düýäniň sany:
5-9 çenli, bir goýun;
10-14 çenli, iki goýun;
15-19 çenli, üç goýun;
20-24 çenli, dört goýun;
25-35 çenli, iki ýaşyna ýeten bir bugurçy ýa-da ogşuk;
36-45 çenli, üç ýaşyna ýeten bir düýe;
46-60 çenli, dört ýaşyna ýeten bir düýe;
61-75 çenli, bäş ýaşyna ýeten bir düýe;
76-90 çenli, üç ýaşyna ýeten iki düýe;
91-120 çenli, dört ýaşyna ýeten iki düýe zekat berilmelidir.
120-144 çenli, her bäş düýe artanda, dört ýaşyndaky iki düýäniň üstüne bir goýun goşulmalydyr.
145-149 çenli, dört ýaşyna ýeten iki düýe, iki ýaşly bir bugurçy ýa-da ogşuk berilmeli.
150-ä ýetende dört ýaşly üç düýe;
150-174 aralygy her bäş düýe artanda, dört ýaşly üç düýäniň üstüne bir goýun goşulýar;
175-185 çenli, dört ýaşyna ýeten üç düýe we iki ýaşly bir bugurçy ýa-da ogşuk;
186-195 çenli, dört ýaşyna ýeten üç düýe we üç ýaşly bir düýe;
196-200 çenli, dört ýaşyna ýeten dört düýe zekat berilýär.
Mundan soň 150 düýeden 200 çenli aralykdaky usul 200-den soň her 50 düýe artanda ulanylýar.

Atlaryň zekaty
Eger kişiniň aty we baýtaly bar bolsa, saime atlaryň zekatyny bermelidir. Atlaryň eýesi islese, her bir at üçin bir dinar altyn, islese, bahasynyň kyrkdan birini zekat bermelidir.
Kişiniň diňe aty ýa-da diňe baýtaly bar bolsa zekat bermeýär.
Söwda üçin saklanmaýan gatyryň we eşegiň zekaty ýokdur. Eger söwdasy edilýän bolsa, girdejisinden söwda harydy ýaly zekat berilmelidir.
Söwda üçin saklanýan it-guş we ş.m. haýwanlar hem söwda harydy ýalydyr. Bahasyndan zekat berilmelidir. Munuň nisaby kyrkdan birdir, ýagny 2,5%-dir.
Bal – zekata degişli önümdir. Hanefi mezhebine görä 1/10 mukdarynda zekaty berilmelidir.

2.Ekerançylyk we miwe önümleriniň zekaty

Ekerançylyk we miwe önümleriniň zekaty bilen baglanyşykly Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Her hasyl ýetişende iýiň, ýygnalanda zekatyny hem beriň. Isrip etmäň. Çünki Allah isrip edenleri söýmez», (En’am, 141). Bu aýat ähli ekerançylyk we miwe önümlerinden üşür berilýändigine Ymamy Agzamyň delilidir.

Ekerançylyk we miwe önümleriniň zekaty suwaryş şertine görä bellenilýär. Bularyň zekatyna «üşür» diýilýär.

Ýer zähmet we çykdajy edilmän ýagyş, derýa, köl suwy bilen suwarylýan bolsa hasylyň ondan biri;

Ýörite suw maşynlary, skwažina ýa-da töleg töläp suwarylýan bolsa, hasylyň ýigrimiden biri üşür berilýär.

Ekerançylyk we miwe önümleriniň üşüri hasyl ýyglandan soň berilýär. Bir ýyl garaşmak şerti ýokdur. Şeýle hem bulardan üşür bermek üçin akylyň ýerindeligi we kämillik ýaşyna ýetmek şerti hasaba alynmaýar. Çaganyň ýa-da däliniň ýerinden ýygnalan hasylyndan üşüri hossary bermelidir. Bir ýylyň dowamynda şol bir ýerden birnäçe gezek ekin ekilip, hasyl ýygnalan bolsa, her gezeginde onuň üşri berilmelidir.

Ýer eýesi ýerini mugtuna birine beren bolsa, üşürini ýeri ekýän berýär. Ýer kärendesine berlende üşürini kärendeçi bermeli. Ýer eýesi bolsa, kärendeden girýän girdejisinden üşür bermelidir. Eger ýerden alynýan hasyl 1/2, 1/3, 1/4 ölçegde paý edilmek şerti bilen berlen bolsa, taraplar paýyna görä, üşür berýär.

3. Altyn-kümşüň we pullaryň zekaty

Altynyň we kümşüň zekaty
Altyndan nisap mukdary ýigrimi mysgal ýagny, 96 gramdyr. Kümüşde bolsa iki ýüz dirhem, ýagny 640 gramdyr. Bu örfi ölçege görädir. Şer’i ölçegde altynda nisap mukdary 85 gr. kümüşde 595 gramdyr. Yslam alymlary zekatyň we fiträniň her ýurduň örfi dirhemleriniň hasabyndan bermekligi höküm edipdirler. Bir musulmanyň zekat berende şer’i ölçegi esas edinmegi, fitre berende bolsa örfi ölçegi esas edinmegi has takwalykdyr. Iň azyndan şu mukdarda altyn-kümşe eýe bolan biri 2,5% zekat bermeli. Haýwanlaryň zekatyndaky ýaly mukdar köpeldigiçe, zekat bermeli mukdar üýtgemeýär. Ýagny altyn-kümşüň 1 kg. bolsa-da, onuň 2,5 % zekaty berilmelidir.

Altyn we kümüş aýry-aýrylykda zekat nisabyny doldurmaýan ýagdaýynda biriniň beýlekisiniň öwezine goşulyp-goşulmazlygy meselesinde mezhepler arasynda ihtilaf edilipdir. Hanefi mezhebinde nisaby doldurmak üçin altyn-kümüş biri-beýlekisiniň üstüne goşulýar. Bu meselede hümmetiň esas edilmegi häzirki döwür şertlerine has laýykdyr, (Mahmud b. Mewsili «El-Ihtiýar», tom 1).

Magdan we kagyz puluň zekaty
Altyn we kümşe zekatyň zerurlygy, olaryň zaty hümmeti sebäpli däl-de, semeniýet (baha, töleg) ölçegi bolmagy sebäplidir. Yslamyň ilkinji döwürlerinde altyn we kümüş söwdada pul görnüşinde ulanylypdyr. Häzirki döwürde bularyň deregine şaýy we kagyz pul, çek, kepillik haty ýaly gymmat bahaly kagyzlar dolanyşyga girdi. Altyn we kümşüň nisabyna ýeterlik mukdarda pul ýa-da gymmat bahaly kagyzlara eýe bolan kişi 2,5 % zekatyny bermelidir.

Zynat şaý-sepleriniň zekaty
Hanefi mezhebine görä, altyn-kümüşden ýasalan bilezik, gülýaka, ýüzük, gerdanlyk ýaly şaý-sepler nisap mukdaryna ýetse, zekaty berilmelidir. Ýöne aýalyň zynat üçin ulanýan almaz, zümerret, ýakut, hünji ýaly gymmat bahaly zatlaryndan zekat berilmeýär.

Dinimizde ulanylmagy jaýyz görülmeýän altyn-kümüşden ýasalan gap-gaçlar ýaly öý goşlary ýa-da bezegde ulanylýan altyn-kümüş nisap mukdaryna ýetýän bolsa zekaty berilmelidir.

4. Söwda harytlarynyň zekaty


Söwdasy edilýän gural, enjam, maşyn, azyk, egin-eşik, haýwan, şaý-sep, mellek, öý... her hili görnüşdäki mal – söwda harydydyr we zekaty berilmelidir. Ýöne bir malyň söwda harydy saýylmagy üçin niýet we amalyň bilelikde bolmagy zerurdyr. Ýagny, şol malyň peýda gazanmak niýeti bilen bazara çykarylmagy şertdir. Şol sebäpli, bir kişä miras, peşgeş, wesýet arkaly mal düşse, ol hem bu mal bilen söwda etmegi niýet etse, Ymam Ebu Ýusufa görä, söwda harydy bolýar. Onuň zekatynyň hasaby ýöredilmelidir. Ulag, öý, mellek we şuňa meňzeş mallaryň kärende girdejileri hem söwda harydy saýylýar.

Söwda harytlarynyň nisaby altyn we kümşüň nisabydyr, ýagny, altynda 85-96 gr. kümüşde 595-640 gr. Söwda harydynyň üstünden bir ýyl geçmelidir. Bu bir ýyl meselesi kişiniň ilkinji gezek nisap mukdaryndaky mala eýe bolandan soň başlanýar. Ondan soňky ýyllarda bir ýyl garaşmaly däldir. Söwda harydynyň nisaby ýylyň dowamynda nisap mukdaryndan aşak düşse-de, zekat bermegi üçin ýylyň başynda we soňunda nisap mukdarynda bolmagy şertdir. Zekaty beriljek harytlar ýylyň soňunda lomaý söwda bahasyna görä hasaplanýar. Ýylyň dowamynda bahalaryň arzanlamagy ýa-da gymmatlamagy hasaba alynmaýar. Hasapda ýylyň ahyryndaky baha esaslanylýar.

Söwda harytlary bir ýylyň dowamynda öz görnüşleri ýa-da başga görnüşdäki mal bilen çalşylsa, çalşylan malyň üstünden bir ýylyň geçmegi hökman däldir. Mysal üçin, bir söwdagär ýylyň başynda gurluşyk materiallaryny satyp, haly alsa, soň ony satyp, kerpiç söwdasyny edip başlasa, ýylyň soňunda bu mal nisap mukdaryna ýetse zekatyny bermelidir.

Söwda üçin saklanýan haýwanlar söwda harydy hökmündedir. Olaryň zekaty 2,5 % berilýär.

Söwda harytlarynyň zekatynyň 2,5 % mukdarynda mal-haryt görnüşinde berip bolşy ýaly, lomaý söwda bahasyndan pul görnüşinde-de berlip bilner.

Bu maglumatlara görä, bir söwdegär ýylyň ahyrynda elindäki harytlaryny lomaý söwda bahasyna görä pul görnüşinde hasaplap, munuň üstüne beýleki pullaryny, karz beren pullaryny, gymmatly kagyzlaryny goşup, bu mukdardan bergisini aýryp, galanyndan 2,5% zekat bermelidir.

Algynyň we berginiň zekaty

Bir kişiniň nisapdan geçýän ýa-da nisabyny peseldýän mukdarda bergisi bar bolsa, onuň malyna zekat düşmeýär. Bu ýagdaýdaky adam zekat bermäge däl-de, almaga laýykdyr. Çünki malyna doly eýe däldir. Algynyň bolsa iki görnüşi bardyr. (Bu mesele babatda «Doly eýeçilik» diýen bölüme serediň.)

Enjam, zawod-fabrika ýaly senagat baýlygynyň zekaty

Zekat beriljek mal üçin hökmany şertlerden biri ol nami, ýagny, köpelip, önüp, girdeji getirmelidir, şeýle hem asly zerurlyklardan bolmaly däldir. Häzirki döwüpde sosial we tehniki ösüşler sebäpli zawod-fabrika, gural, enjam, stanok, kärende jaýy, myhmanhana, hususy uçar, awtobus, ýük maşyny, ýeňil awtomaşynlar ýaly ş.m. mallar döredi. Bu mallar girdeji getirip, asly zerurlyklaryndan bolmasa, olaryň zekaty hökman berilmelidir. Bu meselede alymlaryň arasynda hiç hili jedel ýokdur.

Senagatda ulanylýan stanoklar, gurallar, enjamlar girdeji getirýändigi üçin nami mal saýylýar. Bular agaç ussasynyň ýa-da demirçi ussanyň ulanýan gurallary bilen deň görülmeýär. Çünki agaç ussasy we demirçi öz gurallarynyň üsti bilen önüm öndürýär. Şonuň üçin müžtehid ymamlar senetçileriň gurallaryny asly zerurlyklardan saýyp, zekatdan boşadypdyr.

Senagat ulgamyndaky maýa goýumlaryň nähili usul we ölçege görä zekatynyň berilmelidigi meselesinde, esasan iki garaýyş öňe sürülýär:
Käbir alymlar bulary ekin meýdanyna meňzedip, fabrika önümleriniň satuw nyrhy, girdejisi belli bolsa 10%, näbelli bolsa 5% zekat berilmelidir diýýärler. Bu praktikada ulanmaga ýeňildir.

Ebu Zehra, Hallaf, Kardawi ýaly alymlar durmuşda ýeňil bolmagy üçin ekin meýdanynyň özünden däl-de, hasylyndan zekat alynýandygyny esas edinip, ähli çykdajylary, ýyllyk amortizasiýa tölegi aýrylandan soň arassa peýdanyň 10%-ini, umumy girdejiniň 5%-ini zekat bermeli diýen netijä gelýärler.

Käbir alymlar bolsa fabrikanyň amortizasiýa tölegi aýrylandan soň, senagat önümleriniň şol günki bahasyndan 2,5% zekat berilmelidir diýip hasaplaýarlar. Bu garaýyşdaky alymlaryň esaslanýan tutarygy şulardyr:
1. Senagat ulgamyndaky ulanylýan stanoklar ekin meýdanlaryna deňeşdirilip bilinmez. Çünki, stanoklar toprakdan tapawutlylykda işledigiçe könelýär. Belli wagtdan soň käbir detallary hökman çalşyrylýar. Häzirki döwrüň çalt ösýän tehnologiýasy bu stanoklaryň tutuşlygyna täzelenmegini hem mejbur edýär. Bu stanoklaryň täze görnüşleri az çykdajy we az zähmet bilen has köp önüm öndürýändikleri sebäpli, bazaryň talaplaryndan yza galmazlyk üçin, olary täzeläp durmak zerur bolýar. Şonuň üçin amortizasiýa tölegi, enjamyň könelmek paýy, bulardan başga-da ýangyn, bozulmak ýaly garaşylmadyk ýagdaýlar olaryň ekin meýdanlary bilen deňeşdirilip bilinmejekdigini görkezýär. Şonuň üçin senagat maýa goýumlary zekatdan boşadylmaly. Şeýle hem ikinji gezek gaýtadan enjam satyn almak üçin ätiýaçlyk paýy aýrylmalydyr.

2. Ekin meýdanlary zekat taýyndan beýleki peýda we girdejilere meňzemeýär. Ekin meýdanynyň hasylynyň zekaty hasyl ýygnalanda bir gezek berilýär. Söwdada harydyň öwrülmese, näçe ýyllap ambarda saklansa-da zekaty berilmeýär. Senagat ulgamynda bolsa, ýylda on-on bäş gezek önüm öndürýän fabrik-zawodlar bar. Eger olar ekin meýdany bilen deň tutuljak bolsa, her önüm öndürilende zekaty berilmeli bolar.

3. Yslam taryhynda öýüň, kerwensaraýyň, hammamyň kireýine berlip, girdejisinden zekat berilýändiginiň mysaly köpdür. Ahmet b. Hanbeliň hut öz jaýyny kireýine berip, girdejisiniň zekatyny berendigi barada ýazylýar. Mälim bolşy ýaly, olar altyn we kümüş bilen deňeşdirilip 2,5 % zekaty berlipdir.

4. Häzirki döwürde senagat ulgamyny söwda ulgamy bilen deňeşdirmek has makuldyr. Çünki senagat ulgamy söwda bilen has içgin gatnaşykdadyr. Öndürilen önümleriň iň gowy şertlerde ýerlenmegi üçin reklama, gaplamak ýaly işlere girdejiden uly paý aýrylýar. Bularyň her biri göni söwda bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin senagat ulgamyny ekin meýdanyna meňzetmek dogry däldir.

Netijede, senagat ulgamyndaky işler söwda ulgamy bilen deňeşdirilip, zekatdaky esasy kadalara üns berlip, bergiler, ätiýaçlyk şaýlar, zähmet haky, önüm öndürmek, ýerlemek, dolandyryş, maliýe we şuňa meňzeş çykdajylaryň hasaby edilip aýrylandan soň, dolanyşykda bolan zatlardan 2,5 % zekat berilmelidir.

Jaý, ulag serişdeleriniň zekaty

Asly zerurlykdan başga girdeji getirýän jaýlar, uly binalar, dükanlar, gara, howa we deňiz ulag serişdeleriniň zekaty hökman berilmelidir. Ýöne bulardan nähili zekat alynjakdygy meselesinde üç dürli garaýyş bardyr:
1. Bu girdeji çeşmeleriniň öz gymmatlyklaryndan däl-de, getirýän girdejileri pul nisabyndan hasaplanyp zekaty berilýär.

2. Ekerançylyk we miwe önümleriniňki ýaly, arassa peýdanyň 10%-i, umumy girdejiniň 5%-i zekat berilmelidir.

3. Bu girdeji çeşmeleriniň öz gymmatlary bilen getirýän peýdasy jemlenip, onuň 2,5%-i zekat berilýär.

Hanefi mezhebiniň alymlary bu üç garaýşyň birinjisini kabul edip, bu girdeji çeşmeleriniň öz gymmatlyklaryndan däl-de, peýdasyndan zekat berilmeli hasaplapdyrlar.

Ýöne häzirki döwrüň alymlary bu girdeji çeşmeleriniň ekin meýdanlarynyň girdejisine meňzedilmegini has laýyk görüp, ýyllyk amortizasiýa, salgyt we çykdajylar girdejiden aýrylyp, arassa peýdanyň 10%-i, umumy girdejiniň 5%-i zekat berilmeli pikirini kabul edipdirler. Muny zekatyň farz edilmegindäki sebäp we hikmetlere has muwafyk görüpdirler.

Aýlyk hakynyň, öz erkine işleýän işgäriň, telekeçiniň gazanjynyň zekaty

Aýlyk, hepdelik möwsümleýin işläp, aýlyk hakyny alýan işçi, gullukçy we öz erkine işleýän lukman, aklawjy, inžener, tikinçi, dellek ýaly hünär eýeleriniň gazançlaryna zekatyň düşüp-düşmeýändigi meselesine iki garaýyş bardyr.

a) Bu girdejiler miras, peşgeş, sylag-serpaý ýaly, maly müsdefat (täze mal) görnüşindedir. Şonuň üçin ýyl geçirmek şert edilmän, bu girdejiler işçiniň, gullukçynyň ýa-da telekeçiniň asly zerurlyklaryny üpjün edenden soň artýan bolsa, artan mukdaryň ýyllyk jemi nisap mukdaryna ýetýän bolsa, ýylyň ahyryna garaşman her aý zekaty berilmelidir.

b) Şeýle kişileriň girdejileri ýylyň ahyrynda asly zerurlyklaryny üpjün edenden soň, galany nisap mukdaryna ýetýän bolsa, bir ýyl garaşylýar we şondan soň 2,5 % zekaty berilýär. Görşümiz ýaly, bu gazançlar nisaba ýeten wagty iki garaýyşa görä-de, (1 ýyl garaşmakdan başga) zekaty berilýär.

Aksiýanyň we tahwiliň (konwersiýanyň) zekaty

Aksiýa peýdada we zyýanda şerekete şäriklik edýän dokumentdir. Başgaça aýdylanda, aksiýa – bir söwda şereketiniň (erleşen ýeri, binalary, fabrikasy, enjamlary, inwentarlary, puly, algy-bergileri we beýleki şereketlerdäki şäriklik paýlary, patentleri) tutuş maddy we maddy däl barlygynyň belli bir bölegini görkezýän mülkiýet aktydyr. Bular şereketiň söwdadaky gazanjyna ýa-da zyýanyna görä artýar ýa-da kemelýär. Şeýle hem, bu dokumentler nominal gymmatlygyndan başga aksiýa birjasyndaky emele gelen nyrhlaryndan alnyp satylýar.

Tahwiller bolsa, gozgalýan emläk gymmatlyklary biržasynda alnyp-satylýan, bank, şereket ýa-da döwlet tarapyndan prosent bilen karzyna pul tapmak üçin çykarylan nominal gymmatlyklary deň bolan borç kagyzlarydyr. Bularyň, esasan, pul we kuponlar diýlen iki görnüşi bardyr. Kuponlar, umuman, ýyllyk bolup, tölenjek prosent mukdaryny görkezýär. Tahwiller prosentli amal bolandygy üçin haramdyr. Ýöne bularyň haramdygy zekata degişli däldigini aňlatmaýar. Bu erkekleriň altyny zynat hökmünde ulanmagy haram bolsa-da, nisap mukdaryna ýetýän bolsa, zekatyny bermäge borçly boluşlary ýalydyr.

Bularyň zekaty meselesinde häzirki döwrüň alymlary iki garaýşy öňe sürýär:
1. Eger aksiýalar we tahwiller bilen biržada alyp-satmak arkaly söwda harydy ýaly gazanç edilýän bolsa, söwda harydy ýaly zekaty bardyr. Ýöne aksiýalar we tahwiller diňe gazanç etmek üçin maýa goýum niýeti bilen saklanýan bolsa, ekerançylyk we miwe önümlerine deňeşdirilip, fabrikalaryň we binalaryň zekaty ýaly arassa peýdanyň 10% mukdarynda zekat berilýär.

2. Aksiýalar we tahwiller isle söwda, isle eklenç maksady bilen alynsyn, nisap mukdaryna ýetýän bolsa, 2,5% zekaty berilmeli. Çünki bular ekin meýdanynyň hasylyna däl-de, kagyz pullara meňzeşdir.

Ýusuf Kardawi aksiýalary iki görnüşe bölýär: eger şereket eksport-import firmasy ýaly, diňe söwda maksatly bolsa, onuň aksiýalary bazar nyrhynyň we girdejileriniň jeminden 2,5% zekaty berilýär. Ýöne şereket nebit, nah mata, metallurgiýa ýaly hem söwda, hem-de senagat firmasy bolsa, onda aksiýalaryň arassa peýdasyndan 10% zekat berilmelidir.

5. Magdan, hazyna we deňiz önümleriniň zekaty

Pygamberimiziň hadyslarynda we sahabalaryň durmuşynda ýer astyndaky hazyna we magdanlaryň zekatynyň berlendigi barada dürli rowaýat we maglumatlar bar.
Fykyh ylmynda «rikaz» sözi: magdanlary, beýleki ýerasty baýlyklary we ýeriň aşagynda gömlen hazynlary öz içine alýar.

Magdanlaryň zekaty
Otda eredilip, galypa guýulýan altyn, kümüş, mis, demir, gurşun, galaýy ýaly magdanlaryň zekaty nisap mukdaryna ýetende bäşden birine deňdir.
Otda eremeýän, şekil almaýan hek, almaz, ýakut, pöwrize, duz ýaly jisimlerden şeýle hem suwuk görnüşdäki nebit, gaz, suw ýaly magdanlardan hanefi mezhebinde zekat berilmesiz hasaplanýar. Ýöne beýleki mezheplerde bularyň hem zekaty berilmelidir. Häzirki özgerýän şertlerde – bu magdanlaryň çykarylyp, işlenilip, satylýan döwründe, magdan işletmek söwda ulgamyna öwrülipdir. Onda-da ençeme işçi, inžener işledilýär, stanoklar ulanylýan göwrümine görä peýda getirýän ulgamdyr. Şol sebäpli, häzirki zaman alymlarynyň pikiriçe, magdanyň gaýtadan işlenilmeginde harçlanýan zähmet we harajatlar hasaba alnyp, eger köp zähmet we çykdajy edilip öndürilýän bolsa, söwda harydy ýaly 2,5%, az zähmet we harajat talap edýän bolsa, 20% zekat berilmelidir.
Magdanlardan zekat bermek üçin nisap we bir ýyl geçmek şerti ýokdur.

Deňiz önümleriniň zekaty
Merjen ýaly deňizden çykarylýan gymmat bahaly daşlardan Ymam Ebu Ýusufa görä 20% zekat berilýär. Ýöne dört mezhep ymamy bu önümlere zekatyň düşmeýändigi meselesinde ittifak edipdirler. Emma häzirki döwürde deňizden çykarylýan balyk, hünji, merjen ýaly gymmatlyklaryň söwdasy edilýär. Magdanlar babatda belleýşimiz ýaly, häzirki döwürde deňizden öndürilýän bu önümler peýda getirýän ulgama öwrülipdir. Şonuň üçin deňiz önümlerinden mezhep ymamlarymyzyň ittifak edişleri ýaly 20% mukdarda zekat alynmasa-da, bular söwda harytlarynyň zekatynda bolşy ýaly nisap we bir ýyl geçmek şerti göz öňünde tutulyp, 2,5% zekaty berilmelidir.

Hazynalaryň zekaty
Hazynalaryň üç görnüşi bardyr.
1. Yslam nyşany bolan hazynalar. Bulary tapan garyp bolsa, özüne alyp, baý bolsa döwlete bermeli ýa-da garyplara paýlamalydyr.
2. Musulman däl kişileriň gömen hazynalary. Bular tapylanda bäşde biri döwlete tabşyrylýar. Galany ýeriň eýesiniňki, eýesi ýok bolsa, tapanyňkydyr.
3. Şübheli hazynalar. Bular çen bilen yslam nyşany bolan hazyna, ýa-da musulman dällere degişli hazyna ýaly hasap edilýär.

Zekaty berilmeýän mallar

1. «Hawaýiji aslyýe» diýlip atlandyrylýan asly zerurlyk bolan mallardan zekat berilmeýär. Olar: maşgalanyň iýjek-içjegi, egin-eşigi, ýaşaýyş jaýy, öý goşlary, bergisini üzjek mal baýlygy, hünärine degişli iş stanoklary, münülýän we goşulýan haýwanlar (häzirki döwürde awtomobil, ýük maşyny, traktor), ylym öwrenmek niýeti bilen alnan kitaplar, şeýle hem zekat berjegiň seretmäge jogapkär bolan maşgala agzalarynyň zerurlyklarydyr.

Söwda niýet edilmedik, zerurlykdan artyk öý goşlaryndan, azykdan, egin-eşiklerden hem zekat berilmeýär. Altyn we kümüşden başga platina, brilliant we ş.m. zynat üçin ulanylýan gymmat baha zatlardan hem zekat berilmeýär.

Ýöne şeýle mallar asly zerurlykdan artyk bolup, olaryň gymmaty nisap mukdaryna ýetýän bolsa eýesi baý hasaplanýar. Ol bulardan zekat bermese-de, oňa fitre bermek we gurban kesmek wajyp bolýar. Şeýle hem onuň zekat we sadaka almagy jaýyz däldir.

2. Bergini üzmek üçin saklanýan puldan we maldan zekat berilmeýär. Bergidar bergisini üzenden soň, yzynda galýan maly nisap mukdaryna ýetmeýän bolsa, zekat bermeli däldir.

3. Diňe kireýine berýän jaýyňdan, dükanyňdan we ş.m. girdeji getirýän guraldyr enjamlardan we ulag serişdelerinden zekat berilmeýär. Ýöne bularyň girdejisi asly zerurlyklara harçlanandan soň, galany nisap mukdaryna ýetýän bolsa zekaty berilmelidir.

4. Talaňçylyk, ogurlyk, humar ýaly haram ýollar bilen gazanylan baýlykdan zekat berilmeýär. Eger haram malyň hak eýesi bar bolsa, yzyna gaýtarylmalydyr, ýok bolsa garyplara paýlanmalydyr. Ýöne haram mal halal mala gatyşyp, haýsynyň haram ýa-da halaldygy saýgarylmasa, onda ähli maldan zekat berilmelidir.