Sebe süresi, 29-njy aýatdan

"Olara aýt, Rabbim gullaryndan isläniniň ryzkyny artdyrar, isläniniňkini bolsa gysar..."

Ylmyhal>>Zekatyň berilmeli ýerleri

Zekatyň berilmeli ýerleri

Zekatyň nirelere berilmelidigi barasynda Tewbe suresiniň 60-njy aýatynda şeýle buýrulýar:
«Sadakalar (zekat) Allahdan gelen farz hökmünde pakyr-pukaralara, misginlere, zekat ýygnaýjylara, köňüllerini yslama ysnyşdyrmak islenilenlere berler. Gullar, bergidarlar, Allahyň ýolunda jihad edenler we sapara çykyp, ýolda galanlar üçin sarp ediler. Allah alim we hakimdir».

Bu aýaty kerimede geçýän sekiz toparyň üstünde gysgaça durup geçeliň:
Pakyr-pukaralar we misginler
Pakyr-pukaranyň we misginiň şol bir adamdygyny aýdýanlaryň bolşy ýaly, bularyň biri-birinden tapawutlydygyny belleýänler hem bolupdyr. Alymlaryň käbiri pakyr-pukara has ýoksuldyr diýse, käbiri misgin has ýoksuldyr diýýär. Ýöne dürli garaýyşdaky alymlaryň pikirdeş ýerleri şulardyr:

a) Maly we gazanjy bolmadyk,
b) Maly we gazanjy bolsa-da, maşgalasyny ekläp bilmeýän,
c) Gazanjy eklenjiniň ýarysyna ýetýän kişiler.

Zekat – pakyr-pukaralaryň we misginleriň eklenji, saglygyny bejertmek, öýlenmek we bilim-terbiýe çykdajylary üçin harçlanyp bilner.

Zekat ýygnaýjylar
Bu zekatyň ýygnalmagy we paýlanylmagy döwlet tarapyndan amal edilýän döwürde ýörgünlidir. Şol wagt zekat ýygnaýjylara belli mukdarda zekat malyndan aýlyk haky berilýär.

Müellefeýi kulub – kalplary yslama ysnyşdyrmak islenilenler diýmekdir.
Müellefeýi kulub Pygamberimiziň amal edişine görä, şu görnüşlere bölünip biler:
a) Özüniň ýa-da tire-taýpasynyň beriljek zatlar arkaly musulman bolmagy umyt edilýänler,
b) Yslama we musulmanlara getirip biljek zyýanlarynyň öňüni alyp bolar diýlip tama edilenler,
c) Yslama täze girip, imany ýüreginde doly ornaşmadyk we munuň bilen olary yslama pugta baglap bolar öýdülenler,
d) Heniz musulman bolmadyk, ýöne onuň musulman bolmagy bilen özi ýalylary yzyna düşürip musulman edip biljek ýolbaşçy derejesindäki ygtybarly kişiler.

Käbir fykhy mezheplere görä, Pygamberimiziň dünýeden ötmeginden soň, müellefeýi kuluba zekat berilmeýär. Çünki mundan beýläk yslam azizdir, ýagny kuwwatlydyr. Şeýle edilmegine zerurlyk ýokdur. Käbir alymlara görä bolsa, bu hökümi aradan aýyrjak bir delil bolmasa, dürli döwür we ýerlerde muňa zerurlyk bolup biler. Ýusuf Kardawi bu mesele barada şeýle aýdýar: «Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynda, musulmanlaryň bähbidi üçin, musulman däl ýurtlarda yslamy ýaýratmak maksady bilen iş alyp barýan şahslardyr we guramalara, yslamy goramaklary üçin käbir güýçli žurnalistdir ýazyjylara, yslama garşy ýöredilýän akymlara garşy göreşmekleri hem özlerini goramaklary üçin, aýratyn hem täze musulman bolan şahslara we jemgyýetlere zekatdan harçlamak bolar». Ýusuf Kardawi ýaly birnäçe döwürdeş alymlaryň pikirlerine görä, missionerlik etmek bilen gaýry dini guramalaryň uly harajatlar çykaryp, öz dinlerini ýaýratmaga, şeýle hem musulmanlaryň arasynda wagyz edip, kä zor salyp, kämahal bolsa maddy kömekler arkaly musulmanlary yslamdan uzaklaşdyrmaga çalşylýan şu döwürde zekat fondunyň döredilip işledilmegi zekatyň şu zeýilli işler üçin farz edilmegi has laýykdyr.

Mundan öňki agzan dört synpymyz zekatdan berlen mallary isleýişleri ýaly harçlap biler. Ýöne mundan soňky dört synp bolsa, zekat almaga hukuk alan wagtyndan başlap ony harç edip başlamaga mümkinçilik gazanýarlar. Bu meseläni aýaty terjime edenimizde nygtapdyk.

Gullar
Yslamyň gulçulygy aradan aýyrmak üçin peýdalanan ýollaryndan biri hem zekat mallaryndan gullary azat etmek üçin bir paý aýyrmagydyr.

Bergidarlar
Hanefi mezhebine görä, bergidar – bergisi bolan we bergisinden başga nisap mukdary mala eýe bolmadyk kişidir. Beýleki üç mezhebe görä bolsa, bergidaryň iki görnüşi bardyr.

1. Öz zerurlygy üçin bergä batan: azyk, egin-eşik, saglygyny bejertmek, öýlenmek, öýlendirmek, öý goşy we ş.m. sebäplerden, ýa-da sil, ýangyn, ýer titremesi ýaly tebigy apatlara uçrap bergä batan kişidir. Bulara zekatdan kömek berilýär. Ýöne bergidaryň bergisi içgi, humar, zyna we ş.m. haram keýpler sebäpli bolmaly däldir.

2. Başga biri ýa-da döwlet we halk bähbidi üçin bergä batan. Mal ýa-da gan dawasy sebäpli araçy bolup, ýa-da mekdep, mesjit, keselhana ýaly il bähbitli jaýlary gurmak üçin bergä batan kişidir.

Fi sebilillah – Allahyň ýolundakylar
«Fi sebilillah» sözünden mezhep ymamlary hem-de häzirki döwrüň din alymlary iki many çykarypdyr:
Birinji manysy – Allaha ýakynlaşmak maksady bilen her bir haýyr işde işleýän.

Ikinji manysy – yslamy ýaýratmak üçin göreş alyp barýan. Gadymy döwürde bu göreş esasan söweş görnüşinde bolupdyr. Şonuň üçin söweşen esgerleriň, meýletin gazylaryň at, ýarag ýaly ähli zerurlyklary zekatyň hasabyna üpjün edilipdir.

Öňki döwre garanda, häzirki döwrüň şertleri başgadyr. Şonuň üçin häzirki döwür yslam alymlary «fi sebilillah» sözüne musulmanlaryň peýdasyna bolan her dürli işleri we hereketleri degişli edip, oňa giň many berýärler. Şunlukda, yslamyň ýaýramagy üçin işleýänlere, onuň garşysyna edilýän hüjümlere galkan bolup döş gerýän ýa-da döş germäge taýyn şahslara, okuwçydyr talyplara azyk, egin-eşik, şahsy çykdajylary üçin berilýän kömekler zekatdan üpjün edilip bilner. Çünki şu döwrüň üýtgeýän şertlerine laýyklykda, yslamy ýaýratmak we howpsuzlyk üçin edilýän her dürli hyzmatlar öňki döwrüň jihadyna deňdir.

Ibnüssebil – ýolagçylar
Ýolagçy – ryzk, ylym, jihad ýaly, yslamyň höweslendirýän meşrug sebäpleri bilen sapara çykyp, öz iline dolanyp gidip bilmejek derejede mätäçlige uçran kişidir. Bu kişi ilinde gaty baý hem bolsa, oňa zekat düşýär. Ýöne onuň üçin ýoluň zerurlygyna ýeterlik karz almagy, zekat alandan has gowudyr. Şeýle ýolagça iline baryp ýetýänçä zerur boljak ähli çykdajylaryna ýeterlik mukdarda zekat berlip bilner.