Towa süresi, 103-nji aýat

«Baý mü’minleriň malyndan zekat al. Şeýdip olaryň özleri tämizlenip, mallary bereketlensin»

Ylmyhal>>Zekatyň hikmetleri

Zekatyň hikmetleri

Zekatyň ençeme hikmeti bar. Bular hemme kişä düşnükli görnüşde aýandyr. Allah Tagala ynsany dürli ukypda ýaradany üçin, olaryň biri baý beýlekisi garypdyr. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:
«Allah Tagala ryzk meselesinde käbiriňizi beýlekiňizden üstün ýaradandyr», (Nahl, 71). Şol sebäpli, baýlara zekat bermek farz edilipdir. Çünki, şunuň ýaly hökmanylyk bolmasa, baýyň ýoksula zat bermegini gazanmak kyndyr.

A) Zekatyň şahsyýete berýän peýdasy

1. Zekat şahsyýeti harsy dünýälikden goraýar.
Hebes iş etmekden münezzeh bolan Allah Tagala zekaty emr etmek bilen, diňe alan üçin däl, beren üçin hem ençeme hikmeti ýaradypdyr. Ynsan bolsa bu dünýä synag üçin iberilendir. Kuranyň beýanyna görä, ol mala hyrsly ýaradylandyr. Muňa garamazdan, ynsan dünýä we onuň ajaýyp gözelliklerine, mala bolan hyrsyndan, arzuwyndan özüni saklamalydyr. Ol şeýdip synagdan geçip, çäkli dünýä durmuşynda zekat ýaly amallary ýerine ýetirmek bilen ebedi ýurduny abat edýär. Zekat – ynsany maddanyň guly bolmakdan, onuň eýesi bolmak mertebesine çykarýan amaldyr. Hawa, zekat bilen ynsan hem maddy hem-de ruhy taýdan tämizlige we belentlige ýetýär. Şu aýat hem muny nygtaýar: «Baý mü’minleriň malyndan zekat al. Şeýdip olaryň özleri tämizlenip, mallary bereketlensin», (Tewbe, 103).

2. Zekat ynsany gysgançlykdan goraýar.
Hadyslaryň beýanyna görä, gysgançlyk ynsany Allahdan daşlaşdyryp, jähenneme ýakynlaşdyrýar. Gysgançlyk bizden öňki ymmatlary heläk eden iň esasy sebäplerden biridir. Aýatda beýan edilişine görä bolsa, ynsanyň ebedi sagadata gowuşmagy üçin nebsinden, gysgançlygyndan daşlaşmagy şertdir. Bu nukdaýnazardan höwes bilen berlen zekat bereni gysgançlykdan goraýar. Gysgançlykdan halas bolan ynsanyň kalby begenç we söýünçden dolýar. Emma islegsiz berlen zekat ynsany kyýamat güni soragdan halas etse-de, şu dünýede gysgançlyk derdinden arassalap bilmez.

3. Zekat maly bereketlendirýär, köpeldýär.
Kurany Kerimde: «Allah riba – süýthorlyga berlen maly nogsanlaşdyrar, zekaty berlen maly bolsa bereketlendirer», (Bakara, 276) diýýär. Bu meselä şu iki jähtden garamak mümkin:
a) Allah zekaty berlen mala bereket bagş eder. Bu Kurany Kerimde şeýle suratlandyrylýar:
«Olara aýt, Rabbim gullaryndan isläniniň ryzkyny artdyrar, isläniniňkini bolsa gysar. Allah üçin beren her bir zadyňyzyň öwezini hökman berer. Çünki ol ryzk berenleriň iň haýyrlysydyr», (Sebe, 39). Munuň şeýledigini tassyklaýan ençeme mysal getirmek bolar.

b) Garyba berlen zekat garybyň elinde hemişelik galmaz. Gündelik hajatlarynyň aladasyndaky garyp ony harçlar. Şeýlelikde, söwdada dolanyşyk emele geler. Netijede, ýene mundan zekat berenler peýda görer. Maýa goýumlarynyň azalmagyndan, bazarda söwdanyň peselmeginden, talap ýetmezçiliginden zyýan çekýän garyplar däl-de, esasan, maýa eýeleridir. Bu nukdaýnazardan zekat şol bir wagtda maýa goýumydyr. Muňa döwlet derejesinde bir mysal getirmek bolar: Käbir baý ýurtlar özleri bilen söwda gatnaşygyny edýän garyp ýurtlara, Allahyň razylygyny ýatlaryna salmasalar-da kömek edýärler. Munda olaryň maksady: kömek berýän ýurtlarynyň satyn alyş güýjüni artdyryp, öz önümlerini olara satmak, netijede-de goýberen pullarynyň birnäçe essesini gazanmakdyr.

4. Zekat kişiniň şahsyýetini ösdürýär.
Jemgyýetde hiç kim bilen gatnaşyk etmeýän garasöýmez adam halanýan däldir. Belki, ol ýaradylyş kanunlaryna ters hereket edýändigi üçin ýek görülýändir. Sylanýan bolsa, jemgyýetiň derdine çäre gözleýän, munuň üçin maddy we ruhy taýdan pidakärlige döz gelýän kişidir. Şol sebäpden zekat berýän kişi pakyr-pukaranyň üstüne şefkat we hemaýat ganatlaryny ýaýýandygy üçin, «Ynsan yhsanyň, ýagşylygyň guludyr» kadasyna laýyklykda, il-günden söýgi we hormat görýär. Şeýlelikde, ol kalby we ruhy tämizligiň syryna ýeten kişi bolup, jemgyýetde ygtybarly kişileriň hataryna göterilýär. Şeýle mertebä ýeten kişi özüne bu nazar bilen seredenleri ýalňyşdyrmazlyk we şol mertebeden pese gaçmazlyk üçin hem ahlak taýyndan hem-de söwda işinde seresap ýaşaýar.

5. Bu meseläni gysgaça şeýle jemläp bileris:
Zekat kişini harsydünýälikden gorap, kalbynyň gatamagynyň, nebsiniň möwç almagynyň öňüni alýar. Zekat maly ebedileşdirýär. Ruh bilen bedeniň arasynda sazlaşyk döredýär. Zekat – Allaha şüküriň iň ýokary görnüşidir. Çünki, malyň şüküri diňe zekat we sadaka bilen bolup bilýär. Zekat baýyň abraýyny artdyryp, şahsyýetini kämilleşdirýär, ony haýra tarap ugrukdyrýar. Zekat maly köpeldýär, musulmany mal pitnesinden goraýar.
Zekat – alan kişini mätäçlikden halas edip, el sermekden saklaýar. Garyby görüplikden goraýar. Ony işlemäge ugrukdyrýar. Hadyslarda «Beren el alan elden üstündir», «Kuwwatly (baý, bilimli, güýçli...) mü’min, ejiz (garyp, sowatsyz...) mü’minden haýyrlydyr» diýilýär. Ýene bir hadysda: «Hiç kim öz gara zähmetinden has haýyrly ryzk iýmändir» diýilýär. Bularyň hemmesi ynsany işlemäge höweslendirýär. Zekat malyň goragy, jemgyýetiň tertip-düzgüni üçin kepilidir.

B) Zekatyň jemgyýete berýän peýdasy

1. Zekat – sosial ätiýaçlyk we arkalaşmak diýmekdir.
Adamzadyň hemişe arzuwyny edip, henize çenli oňa doly ýetip bilmedik zady bolan sosial kepillik we arkalaşmak zekatyň üsti bilen doly amala aşýar. Häzirki döwürde Ýewropanyň we Amerikanyň käbir ýurtlarynda ornaşdyrylmaga çalşylýan bu sistema, yslamyň kada-kanunlarynyň doly berjaý edilen döwürlerinde dogry ýöredilipdir. Taryhyň berýän maglumatlaryna görä, Omar bin Abdulaziz döwründe zekat berere garyp adam tapylmandyr. Şu günki ätiýaçlandyrma sistemasynda göz öňünde tutulýan agzalyk, iş stažy, her aýda tutulyp alynýan tölegler, belli bir ýaşa ýetmek... ýaly şertler talap edilmändir. Şeýle derejedäki sosial ätiýaçlyk sistemasynyň döredilmeginde zekatyň uly peýdasy bardyr.

2. Zekat – bazary herekete getirýär.
Yslamda zekat maýanyň girdejisinden däl-de, aslyndan alynýar. Bu bolsa maýanyň işledilmän saklanmagynyň öňüni alýar. Eger maýa işledilmese, 2,5% zekat berilmelidigi üçin ýylba-ýyl azalýar. Netijede, baý adamlar maýalaryny işletmäge mejbur bolýar. Bu bolsa, maýa goýum, önüm öndürmek, eksport taýdan jemgyýete ösüş getirýär. Häzirki döwürde ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň ýagdaýyna ser salanymyzda, bu hakykatyň durmuşda ulanylýandygyny görüp bileris.

3. Zekat – jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny güýçlendirýär.
Ol halky aýak üstünde saklaýan, olary gelejege alyp barýan ruhy gymmatlykdyr. Kuranyň bellemegine görä:
«Sadakalar (zekat) Allahdan farz hökmünde, garyplara, misginlere, zekat ýygnaýjylara, köňüllerini yslama ysnyşdyrmak islenenlere, gullara, bergidarlara, Allahyň ýolunda jihad edenlere we sapara çykyp, ýolda galanlara berilýär. Allah alim we hakimdir», (Tewbe, 60). Bu aýata görä zekat paýlamak üç görnüşe bölünipdir.

a) Jemgyýetdäki ähli adamlary doly erkinlige ýetirmek.
Aýaty kerimede gullara zekat bermek emr edilýär. Yslam ilkinji bolup, gullary doly azatlyga ýetirmek üçin baýlara mallaryndan belli mukdary bermegi emr edipdir.

b) Ynsanyň duýgularyny ýagşylygyň ýaýramagy üçin ugrukdyrmak.
Ynsanda haýyr-sahawat duýgusy bardyr. Bu jemgyýetiň ösmegi üçin ulanylyp bilinişi ýaly, ýok edilmegi üçin hem ulanylyp bilner. Şonuň üçin bu duýgynyň tertibe salynmagy, hatda käbir kişiler üçin çäklendirilmegi zerurdyr. Zekat – mal bilen berjaý edilýän ybadat hökmünde ynananlary şol tarapa ugrukdyrypdyr. «Garyplara, borçlulara, ýolda galanlara, kalplary yslama ysnyşdyrmak islenenlere...» diýlende şeýle bir hikmetiň göz öňünde tutulandygy aýdyň görünýär.

ç) Ma’bud-gul gatanaşygyny tertipleşdirmek
Ynanýan her bir ynsan Rabbi bilen gatnaşygyny berkitmäge, ony mizemez esaslara baglamaga çalyşýar. Zekaty berýän gurply adam muny maddy taýdan hem amal edýär. Aýaty kerimede «Allah ýolunda jihad edenler» diýlen ýeri bu duýgyny hyjuwlandyrýar. Diýmek, Allah ýolunda jihad diňe uruş-söweş däl, ynançlaryň goralmagynyň ýolunda edilýän göreşdir. Bu göreşde harçlanan her bir zat, Allah ýolunda harçlanan diýmekdir.

4. Zekat–baýyň garyba mal bermegi–jemgyýetde orta gatlagy döredýär.
Bu baýlygyň hemmesiniň baýlaryň elinde aýlanyp durmagynyň öňüni alýar. Baý has baý, garyp bolsa has-da garyp düşmeýär.
Zekatyň girdejilerinden bir böleginiň döwlet tarapyndan mätäçlere karzy hasen (prosentsiz karz, kredit) usuly bilen berilmegi süýthorlygyň, tefejiligiň (ýaşyryn pul oýnatmagyň) öňüni alýar. Şeýlelik bilen, haram-halaly seljermeýän ençeme maýadarlaryň mätäçleri ezmeginiň öňi alynýar.

Zekat – şahsy we ijtimagy tarapdan garyplygy, gedaýçylygy ýok edýär. Synplar arasyndaky sosial çaknyşyklara böwet bolýar. Zekat üçin berlen mal, edil halkyň maly ýaly bolup ogurlyk ýitýär. Harasatda maddy heläkçilige uçranlaryň çeken zyýanlarynyň öwezi gysga wagtda yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen, döwlete hem agram salman zekatdan berilýär. Zekat arkaly öňi alnyp bilinjek bu meselelerde iman, yslamy ýaşamak arzuwy, dünýä-ahyret deňagramlylygy ýaly yslamy düşünjeleriň her şahsyň ýüreginde we jemgyýetde ösdürilmegi şertdir. Bu düşünjede bolmadyk birine näçe yhsan etseňiz hem onuň ogurlyk etmeginiň, ýa-da dilegçiliginiň öňüni alyp bolmaz. Şeýle kişileriň köpelýän jemgyýetiniň ýagdaýyna düşünmek kyn däl bolsa gerek.