Bakara süresi, 276-njy aýat

«Allah riba – süýthorlyga berlen maly nogsanlaşdyrar, zekaty berlen maly bolsa bereketlendirer»

Ylmyhal>>Zekatyň şertleri

Zekatyň farz bolmagynyň şertleri

Zekat berýän kişi: musulman, azat, akyly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr.

Zekatyň – dini salgyt manysynyň hem barlygy üçin, ol musulman däl kişä degişli däldir.

Hanefi mezhebine görä, çaganyň we däliniň duran baýlygyndan zekat alynmaýar. Ýöne diňe ekerançylykdan alan hasylyndan we mallaryndan alynýar.

Beýleki üç mezhebe görä, agzalanlaryň hossarlary olaryň malyndan zekatyny bermelidir.

Zekat beriljek mallarda bolmaly şertler

1. Doly eýeçilik
Zekat maly: kişiniň öz zähmeti, şertnamalary, peşgeş, miras we ş.m. ýollar bilen gazanylan bolmalydyr. Kişiniň öz ygtyýarynda bolup, isleýşi ýaly harçlap bilýän we peýdasy özüne degişli bolan maly onuň doly eýeçiligindäki maldyr. Doly eýeçiliginde bolmadyk wakyf, ýa-da girewine alnan mallardan zekat berilmeýär. Ýöne algynyň hökümi başgadyr. Algynyň iki görnüşi bardyr.
a) Alynjagy anyk algy,
b) Alynjagy gümana algy.

Alynjagy anyk algy wada edilen gününde alnar diýlip hasaplanýan, kepillik bilen berkidilen algydyr. Munuň zekaty gijikdirilmän berilmelidir.
Alynjagy gümana algynyň zekaty bolsa, alynýança berilmeýär. Hanefi mezhebine görä, algynyň berilmedik ýyllarynda zekatynyň berilmeýşi ýaly, alnan ýyly hem zekaty berilmeýär. Çünki ol täze gazanylan mal ýalydyr. Ýöne algy alnanda geçen ýyllaryň zekatyny bermek ätiýaçlylyk jähtinden has gowudyr. Şeýlelik bilen, hem Allahyň emri berjaý edilýär we garyplaryň haky iýilmeýär.

2. Nema
Nema – malyň köpelýän, girdeji getirýän bölegidir. Nemanyň iki görnüşi bardyr:
Hakyky nema – dogmak, önmek, söwda we ş.m. ýollar arkaly malyň köpelmegi. Haýwanlar, altyn-kümüş we söwda harytlary bu topara girýär.

Takdyry nema – mal eýesiniň ýa-da wekiliniň elinde köpelmek mümkinçiligi bolan mal. Bu mallar köpelmese hem zekatlary berilmelidir. Ýöne şol mallar ogurlansa, ýa-da talansa, ýa-da mal eýesi ony ulanyp bilmejek ýagdaýda bolsa, onda zekaty berilmeýär.

3. Nisap
Nisap – zekaty zerur edýän baýlygyň mukdarydyr. Asly zerurlygyndan we bergisinden başga nisap mukdary ýa-da has artyk mala eýe bolan kişiniň zekat bermegi farzdyr. Ýogsa ijtimagy ýardam, goldaw bolan zekatda şeýle ölçeg bolmasa, her kes eýe bolan zadyndan zekat bermeli edilse dogry bolmazdy.

Nisap mukdarlary her mal üçin Pygamberimiz tarapyndan aýry-aýry kesgitlenendir. Altynyň nisaby 20 mysgal (85-96 gr.), kümşüň nisaby 200 dirhem (595-640 gr.), goýun bilen geçiniň nisaby 40, sygryň nisaby 30, düýäniň nisaby bolsa 5-dir. Söwda mallarynyň nisaby altyn we kümşe görä ölçenýär. Oba hojalyk önümlerinden: üşür bermek üçin Hanefi mezhebinde nisap esas edinilmändir. Nisap şerti gizlenmän hasylyň möçberine garamazdan, zekat berilmelidir. Ýagmyr we derýa suwy bilen suwarylýan ekinden – ondan biri, zähmet (ýap, kran, skwažina) arkaly suwarylýan ekinden – ýigrimiden bir bölegi zekat berilýär.

Magdan we suw önümlerinden hanefi mezhebinden başgasynda nisap şerti ýokdur.

4. Malyň asly zerurlykdan (hawaiji asliýe) artyk bolmagy
Asly zerurlyklar ijtimagy, ykdysady we medeni şertlere görä, her ynsan üçin üýtgäp bilýär. Ýöne her bir adam üçin gerek bolan asly zerurlyklar hanefi alymlary tarapyndan şeýle kesgitlenipdir:
Maşgalanyň iýjek-içjegi, egin-eşigi, ýaşaýyş jaýy, öý goşlary, bergisini üzjek mal baýlygy, hünärine degişli iş stanoklary, ulag, iş guraly hökmünde ulanylýan haýwanlar (häzirki döwürde awtomobil, ýük maşyny, traktor), ylym öwrenmek niýeti bilen alnan kitaplar, şeýle hem zekat berjegiň eklemäge jogapkär bolan maşgala agzalarynyň zerurlyklary asly zerurlyklara degişlidir.

5. Zekat beriljek malyň üstünden bir ýylyň geçmegi
Zekat beriljek mal mükellefiň eýeçiligine degişli bolandan soň, üstünden bir kamary ýylynyň geçmegi gerekdir. Ýöne bu: haýwan, pul, söwda harytlary üçin şertdir. Oba hojalyk önümleri, miwe, bal, magdan, tapylan hazyna we şuňa meňzeş zatlarda bir ýyl geçmek şerti ýokdur. Eger her ýyl zekat berýän biri, şol ýylyň dowamynda täze mal eýeçiligine goşulsa, olar üçin bir ýyl garaşmak şert däldir. Bu nemalary asyl maýanyň üstüne goşup zekaty berilmelidir. Söwda harytlary we mallaryň guzlap köpelmegi meselesinde-de hökümiň üýtgemeýändigi jedelsizdir. Diňe haýwanlaryň görnüşleriniň üýtgän ýagdaýynda ihtilaf bardyr. Meselem, nisap mukdary düýesi bolup zekat berýän biri 30 sygyr we 40 goýun edinse, bu täze görnüşdäki mallary üçin bir ýyl garaşyp soň zekat bermelidir. Ýöne kişi bulary alyp satmak söwdasyny edýän bolsa, täze edinen mallarynyň bahasyna görä zekatyny bermelidir. Meselem, Ebu Hanifä görä, 40 goýunly adam ýene 100 goýun edinse, bir ýyl garaşman 140 goýnuň zekatyny bermelidir.

Zekatyň syhhatynyň şertleri

Berlen zekatyň dürs bolmagy üçin zekat niýeti we temlik şertdir.

1. Niýet
Zekat ýoksula berlende ýa-da zekat üçin bir mal aýrylyp goýlanda, munuň zekatdygyna kalp bilen niýet etmelidir. Dil bilen aýtmak şert däldir. Hatda bir maly ýoksula zekat niýeti bilen bereniňde, muny hamala sowgat, peşgeş hökmünde berýän diýmegiň hem zekata zeleli ýokdur.

Bir mal pakyra niýet edilmän berilse: eger şol mal heniz pakyrda mahaly, zekata niýet etmek ýeterlikdir. Ýöne harçlan bolsa, soňky niýetden peýda ýokdur.

Zekat berlende wekiliň niýeti däl-de, eýesiniň niýeti geçýändir. Şol sebäpli bir kişi zekat bermek üçin bir adamy wekil edinse, zekat hökmünde berjek malyny tabşyran wagty ýa-da şol maly wekiliň garyba berjek wagty zekata niýet etmelidir. Wekiliň niýeti ýeterlik däldir.

Zekat bermek niýeti bolan biri munuň üçin mal aýyrman, wagtal-wagtal garyplara zat berýän bolsa, zekata niýet etmek ýadyna düşmese, bu berenleri zekatyň ýerine geçmeýär. Ýöne garyp maly näme üçin berýändigini soranda, şobada «Zekat hökmünde berýän» diýse, bu niýet ýeterlik bolýar.

Bir kişi garyplara sadaka berenden soň: «Şol günki beren sadakalarym zekatymdan bolsun» diýip niýet etse, ýeterlik däldir. Bir kişi elindäki bar malyny zekata niýet etmän, hemmesini sadaka hökmünde berse, munuň zekaty aýrylýar. Ýöne berlen bu mal bir nezir ýa-da wajyp üçin niýet edilen bolsa, bu malyň şol niýete görä berildigi bolýar. Berlen bu malyň zekatyny aýratyn bermelidir.

Hanefilerden beýleki mezheblere görä, bir kişi ähli malyny nafile sadaka hökmünde berende zekata niýet etmedik bolsa, zekat borjy egninden düşmeýär. Çünki munda sebäp farza niýet etmändigidir. Bu: ýüz rekagat nafile namazy okap, farza niýet etmedik kişiniň ýagdaýyna meňzär.

Bir kişi zekat düşýän malynyň bir bölegini bir garyba bagyşlasa, munuň zekaty boýnundan aýrylýar. Mysal üçin, bir baý bir garypdan million manat algysyny geçse, diňe şol million manadyň zekatyny beren hökmünde bolýar. Bu taýda zekat üçin niýet edip-etmezlik ýagdaýy üýtgetmeýär. Şeýle hem bu puly beýleki mallarynyň hem zekaty hasaplap bolmaýar.

Ýöne pakyr däl birinden algyňy geçseň, munuň üçin ne şol malyň, ne-de beýleki mallaryň zekaty berildigi hasaplanmaýar. Sahyh görşe görä, bu bagyşlanan malyň zekaty aýratyn hasaplanyp berilmelidir. Bir kişiniň zekat üçin aýryp goýan maly ýitse, ogurlansa ýa-da zaýa bolsa, zekat borjy boýnundan aýrylmaýar.

2. Temlik
Beriljek zekatyň dürs bolmagy üçin temlik şertdir. Temlik – zekat hökmünde beriljek malyň ýa-da nagt puluň eýeçiligini zekaty alýan kişä geçirmekdir. Şonuň üçin bir kişi adamlary üýşürip nahar berse, zekat ýerine geçmeýär. Bu nafile sadaka bolýar.

Zekat dälä, kämillik ýaşyna ýetmedik çaga berilmeýär. Ýöne olaryň hasabyna ene-atasyna ýa-da hossaryna bermek bolýar.

Zekatda temlik şerti «zekaty beriň» manysyndaky aýatlara daýanýandyr. Bu aýatlardaky «bermek» sözi malyň eýeçiligini beýleki tarapa geçirmek diýmekdir. Şeýle hem «sadaka (zekat) diňe garybyň, misginiň... hakydyr» Tewbe suresiniň 60-njy aýatynda sanalyp geçilen sekiz toparyň başyndaky «lam» harfy jeri temlik manysyny berýär. Ýagny, zekatyň eýeçiligini bu sekiz topara ýa-da olardan haýsy-da bolsa birine geçirmeli diýmekdir.