Page 162 - Kurany Kerim Meali
P. 162

88. Onuň kowumyndan bolan tekepbirler:
                «Eý‚  Şugaýyp! Ant  içip  aýdýarys:  «Ýa
                dinimize  gaýdyp  gelersiňiz‚  ýa-da  seni
                we  saňa  iman  getirenleri  ülkämizden
                kowup  çykararys!»  diýdiler.  Şugaýyp
                olara: «Ýagşy‚ islemesek hem, zor salyp
                şeýle edersiňizmi?


                89. Alla bizi siziň ol ýalňyş diniňizden
                halas  edeninden  soň,  gaýdyp  ýene-de
                şol  dine  dolanmakçy  bolsak‚  Allanyň
                öňünde  uly  günä  etdigimiz  bolar.
                Meger‚  Alla  islese,  siziň  ynanjyňyza
                dolanmagymyz  düýbünden  mümkin
                däldır!  Perwerdigärimiziň  ylmy  ähli
                zady gurşap alýandyr. Biz diňe Alla bil
                baglaýarys.  Eý‚  biziň  Perwerdigärimiz!
                Biziň bilen şu halkymyzyň arasynda Sen
                adyl  hökümiňi  ber  (hakly-haksyz  aýan
                bolsun)! Takyk, Sen iň haýyrly Höküm
                ýöredijisiň» diýdi.

                90.  Onuň  kowumyndan  (haky)  inkär         ýetiripdim‚  size  öwütler  beripdim!
                eden  kethudalar:  «Eger  Şugaýba  tabyn     Ýogsa-da  beýle  kapyr  kowum  sebäpli,
                bolsaňyz‚  zyýana  galarsyňyz»  diýip        näme üçin gynanyp‚ gamgyn bolaýyn?»
                haýbat atdylar.                              diýdi.

                91.  (Bu  sözler  aýdylan  bada  aýylganç)   94. Biz haýsy ýurda pygamber ugradan
                ýertitremesi  olary  gurşap  aldy  we  olar   bolsak‚  (ol  ýeriň  halky  hem  ony
                öz  öýlerinde  heläk  boldular  (hereketsiz   inkär  etseler)  ilki  bilen  Alla  ýüzlenip
                jesetlere öwrüldiler).                       ýalbarsynlar  diýip‚  olary  gytçylyga  we
                                                             bela-beterlere duçar etdik.
                92.   Şugaýby     ýalançy   hasaplanlar
                göýä  ýurtlarynda  şady-horram  bolup        95.  Soň  bu  erbet  ýagdaýlary  üýtgedip,
                oturmadyk ýaly boldy. Şugaýby ýalançy        ýagşylyk  ýaýratdyk.  Wagtyň  geçmegi
                hasaplanlar uly zyýana galdylar!             bilen  ilat  köpelensoň:  «Wagtynda  ata-
                                                             babalarymyza-da  bagt  we  betbagtlyk

                93.  Şugaýyp  (gynanç  bilen)  ýüzüni        gelipdir»  diýerler  (ýöne  wakalardan
                başga  tarapa  öwrüp:  «Eň,  kowumym!        ders alyp, şükür etmezler). Ol nadanlary
                Men size Perwerdigärimiň buýruklaryny        duýdansyz heläk etdik.

                                                                                                 163
   157   158   159   160   161   162   163   164   165   166   167