Page 173 - Kurany Kerim Meali
P. 173

mundan  habarymyz  ýokdy!»  ýa-da
                                                      «Näme edeli‚ has öňler ata-babalarymyz
                                                      Alla  şärik  goşdular‚  bizem  olardan  soň
                                                      gelen  nesildik‚  indi  ol  batyly  ilkinji
                                                      gezek  ýola  goýanlar  sebäpli,  bizi  ýok
                                                      etjekmi eýsem?» diýen ýaly bahanalary
                                                      öňe  sürmezligiňiz  üçin  Alla  sizden  bu
                                                      ähti-peýmany aldy.


                                                      Düşündiriş: Alla ilkibaşda Adam atanyň neslinden
                                                      kyýamata çenli geljek ähli ynsanlaryň ruhlaryny
                                                      ýaradyp‚  olara:  «Men  siziň  Perwerdigäriňiz
                                                      dälmi eýsem?» diýip soranda, olar: «Hawa, sen
                                                      biziň  Perwerdirimizsiň!»  diýipdirler.  Ruhlar
                                                      äleminde  alnan  bu  ähti-peýmanyň  esasyna
                                                      laýyklykda,  her  bir  ynsan  şol  günden  bäri
                                                      musulman hasaplanylýar.

                                                      174.  Ine‚  Biz  (pikirlensinler  we  ýalňyş
                                                      ýoldan) dolansynlar diýip aýatlary şeýle
                                                      beýan edýäris.

                                                      175,  176.  Olara  aýatlarymyz  hakda
                                                      ylym  beren  kişimiziň  kyssasyny  hem
                                                      aýdyp  ber.  Hawa‚  ol  adam,  bu  ylmyna
                                                      garamazdan,  aýatlarymyzyň  çäginden
                                                      çykdy‚ şeýtan hem ony öz yzyna düşürdi‚
                                                      şeýdip,  ol  azgynlardan  biri  boldy.  Eger
                                                      islesedik‚ ony ol aýatlar saýasynda beýik
                                                      mertebä  ýetirerdik‚  ýöne  ol  bu  dünýä
          171.  Biz  dagy  ysraýyl  ogullarynyň       aldanyp, ham-hyýallarynyň ýesiri boldy.
          üstlerine  saýawan  ýaly  galdyrypdyk       Onuň ýagdaýy (hyýalynda süňk görýän
          hem-de  olar  dag  üstlerine  gaýdar        we  elmydama  onuň  yzynda  ylgaýan)
          öýdüpdiler. Ol wagt olara: «Size berlen     itiň ýagdaýy ýalydyr. Ýanyna barsaň-da,
          bu  kitaba  çynyňyz  bilen  eýe  çykyň  we   dilini çykaryp durar‚ ýanyndan aýrylsaň-
          içindäki hakykatlar barada oýlanyň hem-     da şeýledir. Ine‚ bu aýatlarymyzy ýalan
          de  olary  hiç  ýadyňyzdan  çykarmaň!       hasaplaýanlaryň    mysalydyr.    Olaryň
          Ine‚  şonda Alladan  gorkup  (azabyndan     pikirlenip,  akyl  ýetirmekleri  üçin,  Sen
          salamat galardyňyz)» diýipdik.              olara (ýagdaýy) düşündir.


          172,    173.   Perwerdigäriň     Adam       177. Aýatlarymyzy ýalan hasaplap‚ diňe
          ogullary  bilen  (eden)  ähti-peýmanyny     öz-özlerine  zulum  edýänleriň  ýagdaýy
          ýatlaň!  Perwerdigäriň  olardan  önjek      nähili erbetdir.
          zürýatlaryny  alyp‚  olaryň  özleri  hakda
          şaýat  bolmaklaryny  isläp:  «Men  siziň    178. Alla kimi dogry ýola gönükdirse, ol
          Perwerdigäriňiz  dälmi?»  diýen  wagty‚     dogry ýoly tapan kişidir‚ kimi azaşdyrsa
          olar: «Elbetde (Perwerdigärimiz)!» diýip    welin‚  ine‚  olar  zyýana  galanlaryň  hut
          ykrar  edipdiler.  Kyýamat  güni:  «Biziň   özleridir.


                                                                                        174
   168   169   170   171   172   173   174   175   176   177   178