Page 174 - Kurany Kerim Meali
P. 174

179.  Biz  jynlardan  we  ynsanlardan
                dowzah üçin köp kişileri ýaratdyk. Olaryň
                kalplary  bardyr‚  emma  duýmazlar‚
                gözleri   bardyr‚    ýöne    görmezler‚
                gulaklary  bardyr‚  ýöne  eşitmezler‚
                netijede,  olar  haýwanlar  ýaly‚  hatda
                olardan hem beterdirler. Ine‚ asyl gapyl
                bolanlar  şolar  bolup‚  (olar)  dowzaha
                mynasyp kişilerdir.


                180. Iň gözel atlar Allanyňkydyr‚ şeýle
                bolsa, bu atlar bilen Oňa dileg-doga ediň
                (ýalbaryň)!  Onuň  ady  babatda  hakdan
                azaşanlary  terk  ediň!  Olar  edenleriniň
                jezasyny çekerler.

                Düşündiriş:  Hezreti  pygamber  aleýhissalam
                şeýle  diýipdir:  «Allanyň  99  gözel  ady  bardyr.
                Kim bulary ýatda saklasa we olar bilen Allany
                zikir etse we Alladan olar bilen islegini dilese, ol
                kişi jennete girer».

                181.      Ýaradanlarymyzyň        içinde
                elmydama haka gidýän ýoly görkezýän
                we onuň bilen adalaty amala aşyrýan bir
                topar hem bardyr.


                182.  Aýatlarymyzy  ýalan  hasaplanlary
                bilinmejek  ýagdaýda  (ilki  bolelinlik
                we  rahatlyk  berip)  ýuwaş-ýuwaşdan
                heläkçilige golaýlaşdyrarys.


                183.  Men  olara  möhlet  berdim‚  ýöne
                wagty gelende, Meniň jezalandyrmagym         ýola  getirjek  ýokdur.  Alla  olary  öz
                örän anyk hem-de elhenç bolar.               azgynlyklary    bilen   azaşyp    ýören
                                                             ýagdaýlarynda özbaşyna goýar. (Gözleri

                184.  Eýsem,  olar  özlerine  wagyz          kör ýaly togalanar ýörerler).
                edýän     dostlarynda   (Muhammetde)
                dälilikden   nyşan    ýokdugy    barada      187.    Senden     kyýamatyň      haçan
                pikirlenmedilermi?  Ol  diňe  geljekde       gopjakdygyny  soraýarlar.  Sen  aýt:
                duşjak howpdan halas edip, duýdurmak         «Onuň  haçan  geljegini  bilmek  diňe
                üçin iberilipdi.                             Perwerdigärime  mahsusdyr.  Wagtyny
                                                             Ondan başgasy aýdyp bilmez. Kyýamat

                185.  Asmanlara,  ýer  älemine  hem-         şeýle  bir  agyr  hadysadyr‚  ne  asmanda‚
                de  Allanyň  ýaradan  zatlaryna  nazar       ne-de  ýerde  oňa  çydap  biljek  hiç  kim
                aýlamaýarlarmy?       (Iň    bolmanda)       ýokdur! Kyýamat size duýdansyz geler.
                ajallarynyň  özlerine  ýakyndygy  barada     Olar,  göýä  sen  kyýamatyň  wagtyny
                (oýlanmaýarlarmy)?      Olar    (Kurana      bilýänsiň öýdüp, senden soraýarlar». Sen
                ynanmasalar) başga nämä ynanjaklarka?        aýt: «Ony bilmek Allanyň ylmyndadyr,
                                                             emma      ynsanlaryň    köpüsi    muny
                186.  Alla  kimi  azaşdyrsa‚  ony  dogry     bilmezler».

                                                                                                 175
   169   170   171   172   173   174   175   176   177   178   179