Page 176 - Kurany Kerim Meali
P. 176
196. Çünki meniň hossarym kitaby inderen
Alladyr we Ol bütin salyh bendeleriniň
goragçysydyr.
197. Alladan başga (ýardam üçin) çagyrýan
hudaýlaryňyz bolsa siziň dadyňyza
ýetişmezler‚ hatda özlerine-de peýdalary
degmez.
198. Siz olary (butlary) dogry ýola
çagyrsaňyz eşitmezler. Olaryň saňa seredip
durandyklaryny görersiň‚ emma‚ olar
görýän däldirler. (Sebäbi olar diri däl).
199. Sen geçirimliligiň ýoluna eýer‚
ýagşylygy ündäp‚ nadanlardan ýüz öwür!
200. Şeýtan saňa was-wasy saljak bolsa‚
şolbada Alla sygyn! Çünki Ol dileg-
dogalary eşidip, kabul edýändir we ähli
zady bilýändir.
201. Eger Alla garşy çykmakdan
saklananlara şeýtandan was-wasy gelse‚
şolbada (Allany) ýatlap‚ (hakykaty)
görerler.
202. Olaryň (şeýtanlaryň) dostlary (kapyrlar
we şärik goşanlar) bolsa (adamlary) ýoldan
çykarmakda olara (şeýtanlara) ýardam
edýärler we (bu işlerinden) saklanmazlar.
ýalbaryp‚ (oýa batyp) özüň eşidip biljek
203. Olaryň isleýişleri ýaly, bir aýat ýa-da derejede ýuwaşja ses bilen (Allany) zikir
mugjyza getirmedik wagtyň: «Hiç bolmanda et‚ gapyllardan bolma!
bir zatlar oýlap tapyşdyr!» diýerler. Sen
olara: «Men diňe Perwerdigärimden gelýän 206. Perwerdigäriňe ýakyn perişdeler
habara (wahyý) tabyn bolýaryn. Kuranyň Oňa gulluk we ybadat etmekden hiç haçan
aýatlary Perwerdigärimizden gelen gedemlik etmezler‚ mydama Ony tesbih
pähimlerdir. Olar köňül gözlerini açýan‚ edip‚ diňe Oňa sežde ederler.
hakykaty görkezýän nurlardyr. (Kuran)
iman getirjek kişiler üçin dogry ýoluň Düşündiriş: Kurany Kerimiň aşakda görkezilen
14 aýatynyň okalan ýa-da diňlenen wagty sežde
çeşmesidir we rahmet gapysydyr» diýip etmek wajypdyr. Muňa «Tilawet seždesi»
aýt. («Okalan wagty edilýän sežde») diýilýär. Bu
seždäni berjaý etmek wajypdyr. Kuranda sežde
204. Şeýle bolsa‚ Kuran okalanda, şolbada aýatlary şulardyr: «Agraf» 206; «Ragd» 15‚
oňa gulak asyň‚ dym-dyrs bolup diňläň «Nahl» 49; «Isra» 107; «Merýem» 58; «Haj» 18;
hem merhemetden paýyňyzy alyň! «Furkan» 60; «Neml» 25; «Sežde» 15; «Sagd» 24;
«Fussilet» 37; «Nejm» 62; «Inşikak» 21; «Alak»
19.
205. Säher-agşam Perwerdigäriňe ýürekden
177