Page 201 - Kurany Kerim Meali
P. 201

90.  Çarwalar  (bedewiler)  söweşe  gidip
                                                      bilmeýändiklerine     sebäp    (bahana)
                                                      getirdiler  we  özlerine  rugsat  soradylar.
                                                      Alla  we  Onuň  ilçisine  ýalan  sözlänler
                                                      bolsa  (rugsat  soramazdan)  oturdylar
                                                      (söweşden  galdylar).  Olardan  kapyr
                                                      bolanlar diýseň elhenç bir azaba sezewar
                                                      bolarlar.


                                                      Düşündiriş:  Çarwalar  (bedewiler)  diýlip  çölde
                                                      ýaşaýan‚  göçüp-gonup  ýören  sähraýy  araplar
                                                      göz  öňünde  tutulýar.  Her  bedewi-çarwa  beýle
                                                      bolmasa-da‚  olar  umuman  ýaşaýan  çöl  şertleri
                                                      bilen bagly gödek we gazaply häsiýetli bolýarlar.
                                                      Şeýle bolansoň‚ olaryň küpüri we ikiýüzlüligi-de
                                                      agdyklyk edýändir.

                                                      91.  Eger  (mynapyk  bolman)  Alla  we
                                                      Onuň  ilçisine  ýürekden  iman  getirip,
                                                      nesihat    etseler,   olara   (söweşden
                                                      galandyklary üçin) günä bolmaz. (Çünki
                                                      olar yzda galmak bilen ýurtlaryna haýry
                                                      degjek  kişilerdir).  Ýagşylyk  edenlere
                                                      bolsa  käýinç  ýokdur.  Takyk,  Alla
          87. Şeýdip, söweşden yza galanlar (aýallar   Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
          we çaga-çugalar) bilen birlikde galmaga
          razy boldular. (Olaryň) kalplaryna möhür    92. Özleri üçin müner ýaly bir zat isläp,
          basylandyr,  (olar  söweşiň  hikmetini‚     seniň ýanyňa gelenlerinde: «Size müner
          Allanyň  ilçisine  boýun  egmekdäki         ýaly bir zat tapmaýaryn» diýen wagtyň‚
          bagtyýarlygy) duýmazlar.                    (zerurlyklaryny  üpjün  etmäge  ýagdaý
                                                      bolmansoň)  gynanjyna  gözýaşlaryny
          88.  Ýöne  pygamber  we  onuň  bilen        döke-döke yza gaýdanlary-da ýazgarmak
          bilelikde  ýanyndaky  möminler  mal-        dogry däldir.
          mülkleri hem-de jan-tenleri bilen söweş
          etdiler. Haýryň ähli görnüşi olaryňkydyr.   93.  Aýyplamak  gerek  bolsa‚  baý  we
          Salamata  ýetenler  (halas  bolanlar)  hem   gurpludyklaryna  garamazdan‚  söweşe
          şolardyr!                                   goşulmazlyk üçin (senden rugsat soranlar)
                                                      bahana  tapanlar  aýyplanmalydyr.  Ine‚
          89. Alla olara aşagyndan derýalar akýan     olar  (aýallardyr  çagalar  bilen)  yzda
          jennetler  taýýarlady.  Olar  şol  ýerde    galmaga  razy  boldular.  Alla-da  olaryň
          hemişelik  galarlar.  Ine‚  bu  (iň)  uly   kalplaryna  möhür  urdy.  Indi  olar
          üstünlikdir!                                hakykaty bilmezler.


                                                                                        202
   196   197   198   199   200   201   202   203   204   205   206