Page 204 - Kurany Kerim Meali
P. 204
107. Olar (mynapyklar) möminlere
zyýan bermek‚ küpüri ýaýratmak‚
möminleriň arasynda agzalalygy
ornaşdyrmak hem-de öň Alla we Onuň
ilçisine garşy çykan adamlary getirmek
üçin bir metjit gurdular. Soň olar: «Bu
metjidi diňe ýagşylyk üçin gurduk»
diýip kasam ederler. Bularyň baryp ýatan
ýalançydygyna Alla şaýatdyr.
Düşündiriş: Bu garşy çykan kişi Medinedäki
araplaryň hazraj tiresinden Ebu Amyrdyr.
Hezreti pygamberiň Medinä barmazyndan öň
ol bir nasrany ruhanysydy. Pygamberimizi
özüne bäsdeş hasaplap, oňa duşman boldy.
Yslamyň garşysyna hereket etdi. Ol yslamyň
güýçlenmeginiň öňüni alyp bilmänsoň‚ ahyry,
çäre hökmünde, Wizantiýa imperatorlygyny
herekete getirmäge çalyşdy. Tebuk ýörişine
sebäp bolan Wizantiýanyň söweş taýýarlygy
bolupdy. Medineli mynapyklar Ebu Amyr bilen
bile hereket edýärdiler. Olar Ebu Amyr bilen,
bir merkez hökmünde ulanmak üçin, bir metjit
gurmak barada ylalaşdylar. Aslynda, Medinede
metjide zerurlyk ýokdy. Zerurlyk bar diýlip
gurlan metjitde ilkinji namazy okap bermegini
hezreti pygamberden haýyş etdiler. Tebuk
ýörişine taýýarlanýandyklary sebäpli‚ hezreti
pygamber wagtynyň ýokdugyny aýdypdyr. Olar
metjidi erbet işler üçin ulanmaga başladylar.
Tebukdan dönenden soň‚ pygamberimiz ol
metjidi ýykdyrypdyr.
110. Guran binalary (dünýäden agýdyp),
108. Ol metjitde hiç wagt namaz okama! tä kalplary bölünýänçä ýüreklerine
Başda düýbi takwalyk esasynda gurlan elmydama bir gümana (sebäp) bolar.
(Kuba) metjidinde namaza durmagyň has Alla ähli zady bilýändir, hikmet eýesidir.
ýerlikli bolar. Ol ýerde (maddy we ruhy)
hapaçylyklardan päklenmegi söýýän 111. Möminler Allanyň ýolunda söweşip,
kişiler bardyr. Alla päk bolanlary söýer. jan alarlar we jan bererler. Alla olaryň
bu amalyna derek olaryň janlaryny we
109. Eýsem‚ Alla garşy çykmakdan gazananlaryny jenneti berip satyn aldy.
çekinmek (takwalyk) we Onuň Munuň şeýle boljakdygy Töwratda-da‚
razyçylygyny almak üçin binasynyň Injilde-de‚ Kuranda-da hak (we hikmet)
düýbi tutulan (metjit) haýyrlymy ýa-da bilen anyk wada berlendir. Beren sözüne
jaýyny ýykyljak bolup duran kert gaýa Alladan has wepaly kim bolup biler? Siz
daşynyň gyrasynda gurup‚ onuň bilen eden bu söwdaňyzdan bagtyýar boluň!
birlikde dowzaha togalananmy? Alla Eý‚ möminler! Buşluk! Ine, bu (iň) uly
zalymlar toparyna dogry ýoly salgy üstünlikdir!
bermez (arzuwlaryna gowuşdyrmaz).
205