Page 206 - Kurany Kerim Meali
P. 206
barada höküm bermeklik gijä goýlan)
ol üç kişiniň tobalaryny Alla kabul etdi.
Çünki olar şeýle agyr ýagdaýa düşüp‚
giň dünýä olara dar göründi. Wyždanlary
hem özlerine azap berdi. Netijede,
Allanyň jezasyndan halas bolmak üçin
Allanyň gapysyndan başga baryljak
ýeriň ýoklugyna düşündiler‚ diňe şondan
soň, öňki ýagşy ýagdaýlaryna gaýdyp
barsynlar diýip‚ Alla olaryň tobalaryny
kabul etdi. Takyk, Alla tobalary kabul
edýändir‚ Rehim-şepagatlydyr.
Düşündiriş: Ol üç kişi hakyky musulmanlar
bolan Kagb ibn Mälik‚ Hilal ibn Umeýýe we
Murara ibn Rabyg atly sahabalardy. Hakyky
musulman bolan bu üç kişini hezreti pygamber
kabul etmedi‚ musulmanlara bolsa olar bilen
gepleşmegi gadagan etdi. Olar elli gün dowam
eden‚ özlerine bolsa elli müň ýyl ýaly bolan ägirt
uly synagy başdan geçirdiler. Wepadarlygyny
tassyklanlaryndan soň‚ Alla-da olaryň tobalaryny
kabul etdi.
119. Eý‚ iman getirenler! Allanyň
emirlerine garşy gelmekden gorkuň
we dürs (dogry) ynsanlar bilen birlikde
boluň!
120. Ne Medine halkynyň‚ ne-de
töweregindäki çarwalaryň Allanyň
ilçisinden yza (söweşden) galmaklary
we oňa sarpa goýmagyň deregine,
öz janlaryny halas etmegiň derdinde 122. Şeýle hem möminleriň hemmesiniň
bolmaklary kabul edilerlik zat däldir. söweşe (ýörişe) çykmaklary şert däldir.
Olaryň Alla ýolunda duş geljek teşneligi‚ Sebäbi ilatyň uly bölegi söweşe çykan
wagty, onuň bir bölegi-de dini ylymlary‚
ýadawlygy‚ açlygy‚ kapyrlary gama
batyrjak şekilde bir ýerini basyp almagy‚ hökümleri düýpli öwrenmek üçin
duşmana garşy ýeňiş gazanmaklary‚ çalyşsynlar. (Söweşe çykanlar) gaýdyp
elbetde‚ olara salyh amal bolup gaýdyp gelenlerinde, olar (ylym öwrenenler
geler hem-de sogap gazandyrar. Çünki söweşden dolanyp gelenlere öwrenen dini
ylymlaryny öwretsinler) erbetliklerden
Alla ýagşy işleri edenleriň sylagyny boş
goýmaz. saklap duýduryş bermek bilen meşgul
bolsunlar.
121. Olaryň Allanyň ýolunda, uly bolsun‚ Düşündiriş: Bu aýatda dini ýagşy öwrenmegiň
kiçi bolsun, eden her bir çykdajylary näderejede zerurdygy ýüze çykarylýar. Çünki
hem-de geçen her bir jülgeleri hökman bu dünýäniň we ahyretiň bagtyýarlygy, Allanyň
olaryň peýdasyna sogap hökmünde dogry ýolunyň‚ halas ediş ýörelgeleriniň we
ýazylar. Alla olary iň gözel hem ajaýyp ölçegleriniň özeni yslamyň dogry bilinmegi bilen
görnüşde sylaglar. baglydyr.
123. Eý‚ iman getirenler! Siz (özüňize)
207